SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Halkara uçar gatnawlary 31-nji awgusta çenli ýatyrylýar

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlarynda COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykmagy bilen halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatdy. Bu halkara gatnawlaryň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap etdi. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli uzaldyldy.

Aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar ýatyryldy:

Aşgabat – Stambul – Aşgabat

Aşgabat – Moskwa – Aşgabat

Aşgabat-Sankt-Peterburg-Aşgabat

Aşgabat-Kazan-Aşgabat

Aşgabat-Minsk-Aşgabat

Aşgabat-Almaty-Aşgabat

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat

Aşgabat-Birmingem-Aşgabat

Aşgabat-Amritsar-Aşgabat

Aşgabat-Deli-Aşgabat

Aşgabat-Dubaý-Aşgabat

Aşgabat-Abu Dabi-Aşgabat

Aşgabat-Pekin-Aşgabat

Aşgabat-Bangkok-Aşgabat

Şeýle hem habarnamada, ýatyrylan uçuşlar sebäpli ýolagçylar pulunyň yzyna gaýtaryp berilmegi üçin ýüz tutup biljekdigi ýa-da uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşyp biljekdigi we indiki amatly uçuşlar üçin biletleri öňünde sargyt edip biljekdigi bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa