JEMGYÝET

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk esasynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ertir geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de ýurdumyzyň baş baýramy – 27-nji sentýabrda giňden bellenilip geçiljek Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HALK MASLAHATY TARYHY ÄHMIÝETE EÝE BOLAR

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdiler. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň Esasy Kanuny berkitmek hem-de täzelemek babatda möhüm ähmiýete eýe bolar. Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde ýylyň dowamynda Konstitusion toparyň mejlisleriniň 4-si geçirildi. Ýörite iş topary raýatlardan gelip gowşan köp sanly teklipleri öwrenip, umumylaşdyryp, Konstitusion kanunyň degişli taslamasyny taýýarlady. Bu işler ýurdumyzyň baý taryhy tejribesi ugur alnyp hem-de dünýäniň häzirki ýagdaýy nazara alnyp amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze görnüşi halkara parlamentarizm ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öz içine alýar. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň iň täze taryhynda aýratyn ähmiýetli waka öwrüler.

MASLAHATYŇ GEÇIRILJEK ÝERLERI GORANYŞ SERIŞDELERI BILEN ÜPJÜN EDILDI

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde paýtagtymyz we welaýatlarda Halk Maslahatynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýerlerinde zerur goranyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek üçin lukmançylyk bölümleri guralandygy mälim edildi.

MASLAHAT TELERADIO GEPLEŞIKLERINDE BERLER

Şeýle hem mejlisiň barşynda ulag hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin goşmaça awtobuslaryň bölünip berlendigi aýdyldy. Ýolagçylara hyzmat etmek üçin taksileriň sany artdyryldy.

Halk Maslahatynyň mejlisini milli teleradio gepleşiklerinde bermek babatda degişli zerur çäreler görlendigi mälim edildi.

Şeýle hem mejlisde Halk Maslahaty üçin Türkmen Döwlet Neşirýat gullugy tarapyndan zerur bolan degişli neşir önümler hem taýýar edildi. Bu mejlisi habar beriş serişdeleri arkaly halka ýetirmek babatda hem degişli işler geçirildi.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler