Hekaýa
Sen geldiňde garyp göwnüm baý etdiň,
Ýöne näme üçindir ynjalygym ýok.
Sen maňa bagt berdiň örän ullakan,
Ony nädip gorajagym bilemok.
Bu setirler indi bütin ömrüme gulagymda şol ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur. Sebäbi, şahyryň bu goşgy setirlerini ýaşlyk döwrümiň ýüregimde ymykly ýer tutup galypdy. Göwün söýen arzuwlarym başa barmadygam bolsa, bu şahyrana setirler ýadymdan çykyp gidibermedi. Az wagtlygam bolsa, kalbymda süýji ýatlama bolup galan bagtly pursatlarymy ýatlamagam maňa azda-kände kalbyma ýylylyk çaýýardy.
******
Bir gün ikindinara gapymyz kakyldy. Bir gyzjagaz düýe çaldan doly eliňdäki şakäsäni şeýle bir näziklik bilen göterip, gyz utanjaňlygy edip emaý bilen salam berip öýe girdi. Ol gyz:
– Şu düýe çaly Gülnar mamam size ugratdy – diýmegi meni özüme getirdi. Bu gyzy dogrudanam birinji gezek görýärdim. Birinji gezek görsem-de, onuň gözleri maňa örän tanyşdy. Men içimden:”Be bu gyzyň gözleriniň tanyşdygyny”. Süňňüm gowşap gitdi. Birdenem, özüme geldim-de, ol gyzjagaza buýsanç hem bilesigelijilik bilen bakdym:
-A-a, şeýlemi, sag boluň, jigim! A siz Gülnar ejelere myhmançylyga geldiňizmi? Gyz uýaljyrap:
-Hawa- diýdi-de, elindäki şakäsäni maňa uzatdy. Menem hoşamaýlyk bilen şakäsäni elime alyp, goňşymyz Gülnar ejä hemem myhman gyzjagaza alkyş okadym. Men hemişeler içmäge howlugyp, düýe çala eňegimi basardym. Bu gezek weli çally käsäni elimde saklap, gözümi bir nokada dikip oturşyma, sähel salymda gaşymda bolup geçen ýatdan çykmajak pursaty göz öňümde janlandyryp aňkaryp oturypdyryn. Meniň serim-sal bolup oturşym uzaga çeken bolsa gerek. Oýa batanymy özümem duýmadym. Oýa batdygymça meniň kalbymda täze bir syryň uşlyby çözülýän ýaly boldy: “Ol gözleri men ozal nirede gördümkäm. Ýalňyşmasam, ol gyz ömürboýy ogul didaryny küýsäp arzuw agajyna daňylyp galan Gülnar ejäniň durmuşa çykyp giden gyzlarynyň biriniň gyzy bolmaly. Dur, dur edil özi… Aýbölege meňzäp dur” diýdim-de, oturan ýerimden badabat galanymy bilmedim. Soňam kalbymda täze bir howsala döreden oý-pikirimi daşyna çykaryp bilmän ýene oýa batdym: ”Hemme zat düşnükli boldy öýdýän. Ol aldajy gözler meniň kalbymy oda ýakan Aýbölegiň gözleri bolmaly. Ah, Aýbölek, Aýbölek…”.
Men Aýbölek bilen bir synpda okaýardym. Biz olar bilen goňşy ýaşaýardyk. Köplenç bolsa okuwdan bile gaýdýardyk. Aýbölegiň daş keşbinde maňa bir meňzeşlik bar bolmaly. Sebäbi, mekdebimiz uly bolansoň, bu ýerde iki obanyň oglan-gyzlary bile okaýardylar. Goňşy obadan gelip okaýan deň-duşlarymyz Aýbölekler bilen goňşy bolup ýaşaýandygymyzy bilenokdylar. Köplenç Aýbölek bilen okuwdan bileje gaýdýanymyzy görensoňlar, bizi dogandyr öýdýärdiler. Olar Aýbölek ikimize görüp ekiz dogandyr öýdüpdirler. Bir gezeg-ä, mekdepden çykyp barýarkak, jorasy bilen gelýän goňşy obaly bir gyz bize barmagyny uzadyp:”Jora jan, hol-ha, hol günki ekizler diýip aýdanym şular-da” diýeni şu günki ýaly ýadymda. Biz muňa kän bir pitiwa edemzokdyk. Ýöne, ýokary synplara geçdigimizçe haýsydyr bir güýç Aýbölek ikimizi biri-birimize has-da ysnyşdyrýardy. Şeýle-de bolsa, biz ulaldygymyzça ile gürrüň bolmazlyk üçin, okuwdan bile gaýtmak hakyndaky endigimizi taşlamaly bolupdy. Aýbölek öňräkden ýörärdi, men bolsa yzrakdan ýöräp, syr bermezlige çalyşýardym. Soňabaka deň-duş oglanlaryň biri Aýbölege haýsydyr bir sebäbe görä, söz gatsalar gabanyp başladym. Käwagt oturyp özümde dörän gabanjaňlygymyň sebäbi biljek bolup oýa batardym. Asyl görüp otursam, ýüregimde Aýbölege bolan dostlukly garaýyşlarymyň söýgä öwrülip başlandygyna göz ýetirdim. Dogrusy, Aýbölegiň meniň durmuşymyň esasy sahypasyna öwrülendigine indi magat göz ýetirdim. Her gün penjiräniň öňüne gelip, olaryň bize bakyp duran gapylaryna syn edip, onuň öý işlerine gümra bolup ýörşüne syn ederdim. Aýbölek meniň penjireden synlaýandygymy biläýse, öýkeläýmegi mümkin diýen pikirem kelläme gelmän duranokdy. Okuwda assyrynlyk bilen Aýbölegiň ähli edýän hereketlerini synlap lezzet alýan bolsamam, öýe gelemde-de, meniň ýaşlyk kalbymy oda salan goňşy gyzy synlamakdan doýmaýardym. Meniň köplenç penjiräniň öňünde duranymy öýdäkiler duýaýmasyn diýip, elime kitap alan bolup oturýardym. Haçan-da, Aýbölek bir alada bilen daşary çykanda, meniň ýüregim gürsüldäp başlaýardy. Onuň daşarda köpräk eglenmegini isleýärdim. Ol meniň synlaýanymy aňýan ýaly, bize tarap yzygiderli bakardy. Men görünýän bolaýmaýyn diýibem, käte yza çekilerdim. Ýöne, men soňabaka onuňam maňa bolan garaýşynyňam birhili söýgä ýugrulýandygyny aňyp başladym. Ol köplenç meniň gözüme mähirli bakyp, bir zatlar hakynda sorardy. Şol pursatam meniň kalbym yşk odyna tutaşardy. Menem onuň her gezekki berýän sowallaryna dogry jogap berjek bolanymda, örän jogapkärli çemeleşmäge çalyşýardym. Onuň keşbinde sähel üýtgeşme ýüze çyksa, sebäbini biljek bolup azara galýardym. Aýbölegem edil meniň ýaly, sähelçe keýpim gaçsa, sebäbini bilmän goýmazdy. Ikimiziň aramyzdaky deň-duşlyk gatnaşygymyzyň söýgä öwrülendigine indi ymykly göz ýetirdim. Aýbölek ikimiz söýgi hakynda birje söz agzamasagam, bir-birege bolan söýgümiz özümizi alyp barşymyzda ýiti duýulýardy.
Aýlar geçip, ýyllar aýlandy. Ine-de, bir gün harby wekillikden gulluga gitmek hakynda çagyryş haty gelende, kalbyma gozgalaň aralaşdy. Bu gozgalaň gulluga gidýändigim üçin däl-de, iki ýyllap Aýbölegi görüp bilmejekdigime, aýralyk dagynyň öňümde keserip durjakdygyna bolan ynjalyksyzlykdy. Meniň şu pursatda dünýämiň nähili daralandygyny bir bilsediňiz. Öýdäki duran ähli zatlary bir demde ýykan-ýumran edip taşlasym gelipdi. Bolsa-da, özüme erk edip bildim. Ep-esli wagtlap kellämi ýassyga berip, dem-düýtsiz ýatanymy bilýän. Agşamara ejemiň meniň ýanyma gelip, göwünlik bermegem peýda etmedi. Ejem garabagyram meniň öýden aýra düşjekdigime gynanýandyr öýden bolmaly. Men ejeme syr bermedim. Şeýdibem, okuwy tamamlan dessime harby gulluga gitdim. Harby gulluga gaýtmankam, Aýbölek agşamara aýyň bir bölegi ýaly bolup, utanjaňlyk bilen bir okara düýe çaly göterip gapymyzdan ätläpdi. Men ony görüp birhili bozuldym. Aýralyk dagynyň öňüsyrasy dünýäde iň gowy görýän adamyň bilen hoşlaşmagyň örän kyndygyna şonda düşünip galdym. Ikimiz ep-esli wagtlap gürläp bilmän durduk. Haçan-da, gapymyz usulluk bilen açylyp jigim gapydan girende, Aýbölek maňa gamgyn halda:”Gulluga sag-aman gidip geliň” diýip, gözlerinden akan gözýaşyny jigimden hemem menden gizlemek isleýän ýaly, gelşi ýalym öýden çykyp gitdi. Maňa onuň yzyndan intizar bolup garap galmakdan başga çäre bolmady.
Harby gulluga baran günümden başlap ýekeje minudam Aýbölegi ýatdan çykaryp bilmedim. Onuň hoşlaşmaga gelen pursady ýadyma düşende ýüregim gyýlyp gidýärdi. Aýralyga çäre barmy? Men gullugyň bir aýy geçensoň, ýüregimi bir baglap Aýbölegiň adyna hat ýazdym. Ol hatda diňe gulluk döwrümiň geçişi barada ýazylan sözlerden başga hiç zat ýazylmandy. Emma, ol hat Aýbölegiň özünden uly erkek doganynyň eline düşäýmezmi. Biz goňşuçylykda örän ysnyşykly, agzybir gatnaşyk saklandygymyz üçin synpdaş hatyrasy saklanyp ýazylan hatda nä günä bardy. Dogany ol haty alyp gabanjaňlyk edip, Aýbölege bermän ýyrtsa nätjek. Gaýtam, onuň adyna hat geläýse, gowlugyň üstünden barylmajagyny Aýbölege duýdurypdyr. Şeýdibem, hat alyşmak baradaky umydymam puja çykdy oturyberdi. Harby gullugyň ýarpylaberemde Aýbölekden gysgaça hat geldi. Ol hatda: “Seýran maňa hiç wagt hat ýazma, asla ýatlamagyn, men özge bir ýigide göwün berdim. Gaty görme. Sag bol”. Meniň bar arzuw-hyýallarym çym-pytrak boldy. Üstüme asman düňderilene döndüm. “Bu nähili beýle bolýar?” diýip, ýüzümi ýassyga berip sessiz agladym. Meniň dünýäm boşap galypdy. Hemme zadyň gyzygy gaçypdy. Mende dörän agyr ahwaly eşiden gullukdaşlarym maňa teselli berjek bolup eden synanyşyklaram peýda etmedi. Men düýbünden başga adama öwrülipdim.
Harby gullugym tamamlanan-da bolsa, meniň oba barmakdan ýüz dönderendigim hiç kime aýan däldi. Gullugy tamamlap şäherde ýerleşýän uniwersitete okuwa synanyşdym. Okuwa girmek bagty miýesser edensoň, maşgalamyza okuwa girendigim barada hat ýazdym. Ejem birazajyk biynjalyk bolup hat ýazypdyr. Ýazan hatynyň içindäki “Oglum, sen näme üçin öýe gelmediň?” diýen sözlem meniň ýüregimi sarsdyrdy. “Wah, eje jan, men oba aýagymy sekip bilemok” diýip, hat ýazsam ejem ynjajak. Men ýazan hatymda okuwa girmek üçin taýýarlyk görmeli boldum diýip jogap berdim. Ejem şundan soň az-kem ynjalypdyr.
Aýbölekden weli hiç hili habar ýokdy. Men eýýäm üçünji ýylyň talyby. Bir günem Aýbölegiň jorasy Gülleden hat geldi. Ol hatynda näme üçin oba dolanmandygymy, Aýbölegiň meniň geler ýoluma köp garaşandygyny, menden hiç hili habar bolmansoň, gelnejesiniň jigisine durmuşa çykandygyny ýazypdyr. Men aňňalak gapyp galdym. Bu nähili beýle bolýar? Mundan dört ýyl ozal maňa:”Hat ýazma, men başga bir ýigide göwün berdim” diýipdiň ahyry. Men bu gezek ýassyga bagrymy berip, ahmyra dönen kalbym bilen sesli agladym. Gülle öz hatynda Aýbölegiň adyndan gelen iň soňky ýazylan haty onuň dogany jigisiniň adyndan özüniň ýazandygyny soň boýnuna alypdyr. Hemme zadyň änigine-şänigine ýetmän, uly hata goýberendigim üçin, uzak gijäni aglap geçirdim. Soňky puşmandan ne peýda.
Okuwymy tamamlap, işe ýerleşdim. Käwagt öýe dolansam-da, obadan öýkeli ýaly, uzak eglenmän paýtagta gaýdardym. Bäş-alty ýyl geçendir, zähmet rugsadyna çykyp oba gezmäge geldim. Öýde öz pikirime gümra bolup otyrkam, Gülnar ejäniň agtygy bir şakäsäni çaldan dolduryp gapydan ätledi. Aýbölegi ýatladyp duran gyzjagazyň owadan gözleri maňa durmuşymyň iň süýji pursatlaryny ýatlatdy.
Humaý MÄMMEDOWA,
“TOPH” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek
boýunça müdirliginiň
Arhiw müdiri.
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!