SÖHBETDEŞLIK

Gözel Öwezowa :Aýdymlary ady ýaly Gözeldir

Türkmen halky şahandaz halk. Ülkämizde ykbalyny sungata baglan adamlara uly hormat goýulýar. Halkymyzda şirinden-şirin belent sesli aýdymçylaryň bolmagy biziň ählimizi buýsandyrýar. Diňleýjilerini özüniň ajaýyp owazy bilen göwünlerini galkyndyryp bilýän ussat aýdymçylarymyzyň biri-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowadyr. Biz hem ýakynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen döredijilik söhbetinde bolduk. Biz  ussat aýdymçynyň beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Gözel, söhbetdeşligimiziň başynda siziň sungata gelşiňiz, aýdymçy bolmak höwesiniň oýanan döwürleri barada kelam agyz gürrüň bilen başlaýsak?!

— Her bir medeniýet işgäriniň sungata ömrüniň örüklenişi juda täsin bolýar. Bu meniň durmuşymda-da şeýle boldy. Çagalyk döwrümdi. Enem elmydama her bir işiniň başynda aýdyma hiňlenerdi. «Çaga diýeniňi etmez, edeniňi eder» — diýip halkymyzda meşhur pähim bar. Men hem şol aýdymlary özümçe heň bilen aýdym edip hiňlenerdim. Soňra mekdebiň aýdym-saz gurnagyna gatnamagym, ol ýerde geçirilýän birnäçe bäsleşiklerde ýeňiji bolmagym, meni aýdym-saza bolan höwesimi has-da artdyrdy. Wagt suw ýaly akyp dur. Mekdebi tamamlanandan soňra ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, ençeme zehinler üçin sungata ak ýol açýan «Ýaňlan Diýarym» telebäsleşigine gatnaşyp ýeňiji bolmagym, ykbalymy aýdym-saz sungatyna ömürlik baglamagyma getirdi.

            Diýmek, eneňiz aýdymçy bolupdyr-da onda?!

— Dogrusy, aýdymçy boldy diýsem-ä ýalňyşaryn. Enem aýdymçy bolmagy arzuw edipdir. Heniz çagalykdan enemiň şu başa barmadyk arzuwyny eşidenimde dessine men aýdymçy bolmak isläpdim. Ýöne şu ýerde bir zady belläp geçmek isleýärin, enem biz üçin iň ökde aýdymçydy. Çünki onuň aýdýan hüwdileri düýbünden üýtgeşikdi. Belent ritmde, ussatlyk bilen aýdýardy. Men hem enemiň arzuwyny hasyl etmek maksady bilen sungaty saýladym.

Belki-de ýaşlykda başga hünäre hem höwes edensiňiz?!

— Ýaşlykda lukmançylyk kärini ele almak isläpdim. Emma, aýdymçy bolmaga höwesim ondan üstün çykdy diýsem ýalňyşmaryn. Ýöne şu ýerde bir zady aýratyn belläsim gelýär. Aýdym-saz ynsany maýyl edýär. Bu ajaýyp jadyly sungat adamlara, şatlyk, şowhun, lezzet paýlaýar. Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy hasaplanýar. Şonuň üçinem aýdymy haçan-da ynsan ýadaw pursatynda diňläp, dynç alýar, şadyýan wagty diňläp, has-da göwnüni galkyndyrýar. Käteler ýüzüň ugruna hem aýdyma hiňlenip gidiberýän pursatymyz hem bolýar. Hiç bir ynsan aýdym-sazsyz ýaşap bilmez diýip bellesek ýalňyşmarys. Şonuň üçin hem aýdym adamlara ruhy taýdan lezzet paýlaýjy ýakymly owaz diýip belläp geçsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Emma şu ýerde ýene-de bir belläp geçesim gelýän zatlaryň biri, geljekde gyzlarym lukman bolup ejesiniň arzuwyny amala aşyrar diýip umyt edýärin.

Ol Maýa Kulyýewanyň ýeke-täk şägirdi

Halkyň kalbynda ornajak aýdym-sazy döretmek üçin irginsiz zähmet bilen birlikde, ussat halypa talap edýär. Söhbetimizi halypalaryňyz hakynda hem dowam edäýsek?!

— Maňa aýdym aýtmagy öwreden, sungat ýoluna ugrukdyran ilkinji halypam Çary Kasymow. Orta mekdebi tamamlap, Lebap welaýat sazçylyk mekdebine (uçilişe) okuwa girdim. Ol ýerde meniň sesimiň üstünde düýpli işlän, ýagny sesimiň düýbüni tutan halypam Täzegül Joraýewa. Soňra aýdym aýtmaga bolan höwesim meni Türkmen milli konserwatoriýasyna getirdi. Okuwyň ilkinji gününde ussat halypam Medeniýet Şahberdiýewanyň okadýanyny eşidenimde gözlerimden begenç gözýaşlarynyň akany ýadyma düşýär. Medeniýet Şahberdiýewa maňa aýdymy ussatlarça ýerine ýetirmegi, sahna bilen aýdymyň nähili utgaşýandygyny öwreden zenan. Halypa meniň üstümde kän işläp, has-da kämilleşdiren adamlaryň biridir. Türkmen milli konserwatoriýany üstünlikli tamamlap, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda işe başladym. Teatrda maňa Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa halypalyk etdi. Maýa Kulyýewa maňa operanyň inçe tilsimlerini, aýdymyň sözlerini ýoýman aýtmak usulyny içgin öwretdi. Iň buýsandyrýan zatlaryň biri hem men Maýa Kulyýewanyň ýeke-täk şägirdi bolmagymdadyr. Halypalardan öwrenen zatlarymyň ählisi maňa durmuşymda  tapylgysyz gymmatlyklar bolup durýar.

 

Siziň özboluşly aýdym aýdyş usulyňyz bar. Döreden aýdymlaryňyza säheriň saba şemaly ýaly mylaýymlylyk, baharyň daň çygyna ýüzüni ýuwan bägülleriň mahmal ýapragy ýaly ýumşaklyk, ýürege ýakyn heň mahsus. Söhbetimizi döreden aýdymlaryňyz dogrusynda hem durup geçäýsek?!

— Men esasan durmuşa ýakyn aýdymlary aýtmagy gowy görýärin. Aýdymda esasan, sese, sözüň aýdylyş äheňine şeýle hem duýgy berşiňe bagly bolýar. Duýga ýugrulan aýdymlar ýürege ýakyn bolup, ony halk köpçüligi gyzgyn garşylaýar. Lezzet beriji aýdymlary döretmek aňsat iş däl. Ol ýadawsyz zähmeti, ussatlygy talap edýär. Men her bir döredýän aýdymlarymy diňleýjilerimiň gowy garşylap, kalplarynda orun tapmagy üçin irginsiz zähmet çekmäge çalyşýaryn. «Dolanmaryn», «Ýatlagyn meni», «Söýgi syry»,«Indi maňa söýýän diýme», «Sen nirede» — diýen aýdymlarym ildeşlerimiziň ýüreklerinde orun alan aýdymlar. Häli-häzirlerem şu aýdymlar özüme ýakyn görýärin. Diňleýjilerimiň birnäçesi maňa «Bu aýdymlar biri-birine bagly, utgaşyp gidýär» — diýip teswir aýdanlary hem boldy. Bu aýdymlar durmuş bilen aýrylmaz bagly. Ýene-de şeýle aýdymlary döretmegi meýilleşdirýärin.

Siz kino sungatyna hem saldamly goşant goşup gelýärsiňiz. Kino sungatynda siz üçin haýsy artistler bilen bile keşp janlandyrmak has aňsat.

— Türkmenistanyň halk artistleri Suhan Orazberdiýew, Halbike Dowyýewa bilen keşp janlandyrmak has aňsat. Haçan-da kinoda Halbike ýa-da Suhan bilen bile keşp janlandyran pursatlarymyzda hiç hili kynçylyk döremeýär, öz kemçiliklerimem duýdansyz ýitip gidýär. Çünki olar begençli bolsun, gynançly bolsun tapawudy ýok, janlandyran keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip halkyň söýgüsini gazanmagy başardy.

Söhbetdeşlik üçin sag boluň! Size aýdym-saz äleminde elmydama üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris! Mahmal owazyňyz ajaýyp zamanamyzda has-da belentden ýaňlansyn!

— Sag boluň!

 

AÝDYMÇY HAKYNDA GYSGA MAGLUMATLAR

 

Doglan senesi: 10.10.1979 ýyl.

Doglan ýeri: Lebap welaýatynyň Saýat şäheri.

Maşgala ýagdaýy: Iki gyz perzendi bar.

Işleýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar Köşgüniň aýdymçysy.

Söhbetdeş bolan Çaryguly HANJAÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

Kyrk gyz gowagy: Ajaýyp wideo şekiller Size garaşýar

Gyzykly söhbetdeşlikleri we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Siz şeýle hem Google Plaý-dan “Atavatan Türkmenistan” ýazyp gözleg edip hem ýükläp bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

 

 

 

 

Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva ile reportaj

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen Sanatçısı Çınara ile reportaj

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

Zehinli  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym