Salam, eje. Seýrek jaňlarym üçin meni bagyşla, käbäm. Okuwdan boşan wagtymam saňa jaň edäýmeli welin, edemok-da…
Ýadyňdamy, geçen gezekki jaň eden wagtym: “Sesiň üýtgäpdir-le, oglum, keselläp dagy edeňokmy?” diýeniňde: “Ýok-la, eje jan, sesimem häsiýetim ýaly, üýtgäp dur” diýip gülen bolupdym. Aslynda şonda şeýle bir agym tutdy, seni bagryma basyp aglasym geldi. Saňa şu günler köp keselleýänimi – ýaramaýandygymy aýdasym geldi. Seniň aladaňy küýsedim, eje. Emma ýüregiň ynjajakdygyny pikir edip aýtmadym. Dözmedim…
Ýadyňdadyr, gyşky dynç alyş möwsüminde öýde wagtym saňa bir gyz hakda oýunlyga salyp köpräk gürrüň beripdim. Şonda men saňa hemme zady gürrüň bermändim. Aslynda şol gyz bireýýäm meniň ýüregimi alypdy. Ýöne… ol meni söýenokdy. Seni gyýmajak bolup, ýene aýtmadym seniň gynanjagyňy bilip.
Eje, şu günler şeýle bir ýüregim gysýar. Hiç kime derdimi aýdyp bilemok, ejiz görünesim gelenok. Saňa bolsa aýtmaga dilim baranok. Arada ýaramaýandygymy eşidipsiňmi, nämemi, ýa bir zatlar duýduňmy – bilemok, “geljek” diýdiň. Şonda: “Men nä çagamy, eje?! Gelme azara galyp! Şonsuzam aladaň ýetig-ä!” diýdim. Ýene “geljek” diýdiň. Menem gaharlysyrap: “Gelme diýdim-ä! Gerek däl! Men gowy” diýdim. Yzýany gözümden biygtyýar ýaş syrygyp gitdi. Men saňa sesimi gataltdym. Bagyşla!.. Eje jan, men seniň gelmegiňi şeýle bir isleýärdim. Emma şol günler ýarawsyzrak bolup, öňküden-de beter horlandym. Şonuň üçinem meniň ýagdaýymy göreniňde gyýylarsyň öýdüp, gelme diýdim. Wah, ýöne sen bilýäň-ä, käbäm, seni janymdanam beter söýýänimi…
Men şol gyz üçin şeýle bir horluk gördüm, ejizledim. Onuň duýgularym bilen oýun etmegi meni ejizletdi. Şol günlerde seniň göwünlik beriji sözleriňi, mähriňi küýsedim. Seniň her sözüň maňa nähili gymmatly bolanyny bir bilsediň…
Ol gitdi, eje… A men bolsa häzirem garaşýan oňa. Maňa onuň söýgülisi hakda aýtdylaram-la welin, ynanasym gelenok. Bor-da…
Men hemişe-de seniň derde şypa sözleriňi küýseýärdim. Ýöne şu aýralyk günlerinde hasam beter küýsedim, eje. Seni bagryma basyp: “Ol gitdi, söýgümiň ýüzüne urdy. Men söýülmez ýaly adammydym?!” diýip, edil çagalygymdaky ýaly özelenesim geldi. Bilýänsiň, eje, näçe kynçylyk başyma düşse-de, saňa aýdamokdym. Muny özüňem köp gaýtalaýardyň. Ýöne şu gezekki derdim meni eredip barýar. Biri bilen paýlaşasym gelýär. Göwünlik isleýän, aýratynam, senden. Eje jan, keýpsizligim üçin, ruhdan düşenimi saňa aňdyrmajak bolup az gürleşenim üçin bagyşla. Seniň aýap saklan janyňy bir gadyrbilmez sebäpli horlaýanym üçinem bagyşla. Senden gaty görmäge, närazy bolmaga hiç hili sebäp ýok, hakymam ýok. “Kofe – zyýanly, köp içme” diýipdiň. A meniň bolsa, diňe bir kofe içmek däl, başga-da zyýanly endikleri endik edinip başlanym üçinem bagyşla. Hemmesi üçin bagyşla!..
Sapa Hommadow,
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!