(hekaýa)
«Üns beriň! Üns beriň! Aşgabat─Türkmenabat aralygynda gatnaýan ýolagçy otlusynyň ýene sanlyja minutdan Aşgabat menzilinden ugraýandygyny duýdurýarys. Hormatly ýolagçylar, ýerli-ýerleriňize geçmegiňizi haýyş edýäris!»
Myrat otlynyň içindedi. Ýerini tapmak üçin elindäki petege dümtünip barşyna, garşysyndaky bilen kaklyşanyny-da duýman galdy. Ötünç soramak üçin başyny galdyranda… Gözlerine ynanmady!
─ Aýnur!
Myradyň dilinden biygtyýar çykan sözlere ýolagçy gyz tisginip gitdi. Ses tanyşdy.
─ Myrat! Sen?
─ Hawa, men… gurgunmysyňyz?
─ Duşuşan ýerimize seret-le!
Az salym dymyşlykdan soň, Myrat dillendi.
─ Sen näçenji küpede?
─ Üçünji.
─ Dogry gelşini…
Bäş ýyl ozal biri-birinden aýrylyşyp, köňül üzen ynsanlar tötänleýin duşuşyga begenýärdiler. Tolgunýardylar.
─ Aýnur, öý-içerileriň gowumy? Jan-saglygyň?
─ Hudaýa şükür, gowy. Özüňiziňkilerem ýagşymy?
─ Hawa, hemmejesi oňat.
Dymyşlyk. Bir wagtlar Leýli-Mežnuna dönüp, sagatlap gürleşerdiler, wagtyň nädip geçenini duýmazdylar. Olaryň göwnüne wagt, süýji söhbetler asla gutarmajak ýalydy. Indi?! Bary-ýogy iki agyz hal-ahwal.
Öz ornuna ýerleşen Aýnuryň gözleri elindäki kitapda bolsa-da, bir nokatdaky gözleriň hiç zat okamaýanlygy mese-mälimdi. Myradyň hem eýýäm oýlanmalar ummanynda ýüzüp ýörendigini duýmak kyn däldi.
* * *
Aýnur! Bu at ýigidiň ähli oý-pikirini, bütin durkuny eýeläpdi. Şonsuz durmuşyny asyl-ha göz öňüne getirip bilenokdy. Ol Aýnur bilen duşuşmak, söýmek we söýülmek, bütin ömrüni şonuň bilen döwran sürmek üçin gelen ýaly duýýardy.
Uniwersitetiň giriş synaglary döwründe iki juwanyň söýgi taryhynyň ilkinji sahypasy açylypdy. Tanyşlyk, ýakymly söhbetler, seýilbaglar, söýgi wadalary… Olar öňlerinde durmuşyň ýowuz synaglarynyň ýatandygyny bilenokdylar. Pursatlaryň diňe armanly ýatlamalar bolup galjakdygy Myradyň ýatsa-tursa hyýalyna gelenokdy. Emma… Wah, şu emmalar bolmasady!
Günler geçýärdi. Gutardyş synaglaryndan üstünlikli geçip, eline tapawutlanan diplom alan ýigidiň öňünde iki ýol bardy: ýa şäher ýa-da oba. Şäherde galmaga mümkinçiligi bar adamyň ikinji ýoly saýlamajagy belli.
Myrat maşgalada ýalňyz ogul. Onsoň, haýsy ene-atanyň jigerbendini özünden uzaklaşdyrasy geler?! Eger söýgi diýen apata duçar bolmadyk bolsady, hiç ikirjeňlenmezden, diplomyny goltugyna gysdyryp, oba ýelk ýasardy. Iň bolmanda oba mekdebinde ugry boýunça mugallym bolup işlejekdigine Myradyň gözi ýetýärdi. Ýöne Aýnur?! Olaryň söýgüsi näme? Ata-enesi gyzynyň çet obalaryň birine durmuşa çykyp, gelin bolup gitmegine razy bolarmy? Barybir şäher bilen obanyň, şäherli bilen obalynyň tapawudy hemişe bilinip gelýär ahbetin. Näme üçin bu hakynda Myrat bilen Aýnur biraz öňräk, teatryň zalynda, okuwdan soň boşap galýan okuw otaglarynda sagatlap oturýan wagtlary oýlamadylar?! Jygba-jyga gelende näme ederini, haýsy ugra giderini bilmän galdylar.
Myrat ata-enesiniň raýyna bäş barmagy ýaly belet, söýgüsine garşy boljaklaryny bilýär. Henize çenli hossarlarynyň diýeninden çykmadyk, ýüregini obanyň darajyk çygryndan çykaryp bilmedik oba ýigidi söýgüsi üçin ene-atadan geçip biljek däldi. Olaryň ýüzüne gelip, islegine ýok diýmegi hem özüne uly uslyp hasaplaýardy. Onuň ähli arzuwy ýüreginiň melhemi bolan Aýnur bilen obasynda işläp, bileje döwran sürmekdi. Muňa Aýnuram razydy…
Öýündäkiler bilen çynlakaý gürleşeninden soň, gyzyň Myrada aýdany şu boldy:
─ Seni kakam görmek isleýär.
«Atahanow Aman Ussaýewiç» diýen ýazgyly uly gapyny çekine-çekine kakan ýigidi Aýnuryň kakasy güler ýüz bilen garşy aldy. Tanyşlykdan soň esasy meselä geçildi:
─ Bilýänsiň, biziň Aýnurdan başga perzendimiz-ä ýok. Muňa-da müň şükür! Ol bize hemme zatdan ileri. Adyny tutan zadyny gaşynda gögertdik, hiç kimden kem etmedik. Ähli dünýe malym şonuňky. Aýnur bagtly bolsa, bize başga zat gerek däl.
Aman aga sözüne dyngy berdi-de, öňündäki çaýdan owurtlap, sözüni dowam etdi:
─ Şäherde önüp-ösen gyzyň oba öwrenişmesi kyn bolar, oba şatysyna çydap bilmez. Onuň gözüne söýgüden başga zat görünýänem däldir. Wagty gelse düşüner. Gyzymyz gözümiziň öňünde bolsa gowy. Ynha, isleseňiz, durmuş guruň-da, şu ýerde galyň, iş-pişiňem bir alajy bolar. Oba meselesi welin… Biz muňa razy bolup bilmeris.
Soňky duşuşykda bularyň söýgüsine nokat goýuldy. Ähli zat tiz we sowukganlyk bilen netije tapdy.
─ Kakaň gyzyny oba bermekçi däl. Men bolsa obamy goýup, enem-atamy ahyr ýaşynda taşlap, nädip arkaýyn ýaşaryn?! Ýok!
Bu Myradyň soňky sözüdi.
Aýnuryň ýüzi birden ýagjak buluda meňzedi duruberdi. Janyndan eziz görýän ynsanynden beýle sözlere garaşmadyk bora çemeli. Sähel salymyň içinde garşysyndaky ýigit nätanyş birine öwrüldi.
─ Asyl şeýlemidi? «Hiç wagt ýalňyz goýmaryn, sensiz maňa durmuş ýok, janym-jahanym sensiň…» Bularyň barysy howaýy gürrüň eken-dä?! Diýmek… sen… diýmek…
Myrat şu pursatda Aýnuryň islendik böwetden geçmäge taýýardygyny aýdyp, kükregine başyny goýup, sojap-sojap aglamagyna garaşypdy. Ýok, ol aglamady, ýeke agyz gürlemedi. Gözleriniň ýaşy ýaňagyndan syrygyp durşuna, Aýnur leblerini dişläp, çalt-çalt ädimläp gitdi. Myrat daşlaşyp barýan söýgüsiniň yzyndan ylgap, onuň gül bedenini bagryna basasy, Gök bilen Zemin garpyşsa-da, ata-eneler diş-dyrnak bolup garşy çyksalar-da, ondan asyl-ha dönmejekdigine äht edip, söwer ýaryny yza dolasy geldi. Emma bu isleg ýigidiň kalbynda näçe tiz dörän bolsa, şol tizlikde-de söndi. Düşnüksiz duýgular muňa ýol bermedi.
Çyndanam, söýgi tamamlanan bolsa?! Bularyň päk arzuwlary ak bulut parçalary ýaly alys, säher düşen çyg damjasy mysaly wagtlaýyn bolsa?! Şol duşuşykdan soň, Myrat näçe islese-de, hijran penjesinde örtense-de, ykbal ony Aýnura gaýdyp sataşdyrmady. Diňe aradan bäş ýyl geçip…
* * *
Aýnur entegem kitapdan gözüni aýranokdy. Bir nokada dikilen gözler sahypalarda möhürlenen san-sajaksyz harplardan many çykarmaga ejiz gelýärdi.
«Kaka, kaka!» diýip, bökjekläp gelen gyzjagazyň şadyýana sesine Aýnur tisginip gitdi. Gyzjagaz kakasynyň garşysyndaky nätanyş gyza gözi kaklyşandan sesini tapba kesdi-de, Myradyň gapdalyna geçdi-de oturyberdi.
Aýnur görýän zatlaryna ynanmak islemeýärdi, ýöne bu hakykatdy.
Myradyň ejesidir kakasy oglunyň okuwyny gutararyna hem garaşman obalaryndan bir gyza guda bolan bolsalar nätjek?! Okuwyny tamamlap gelen dessine Myrada şarňyldadyp toý edip berdiler. Şunluk bilenem, ol öýli-işikli bolupdy.
Aýnur hyýalyndaky şazadasynyň dolanaryna garaşyp, gelýän ähli sawçylary birmeňzeş jogap bilen yzyna gaýtardy. Gör, bu gün ol…
─ Ýogsa-da, Aýnur, tanyş bol! Bu meniň Aýnur janym. Dört ýaşynda.
Gyzyň ýüregi jigläp gitdi.
─ Ä?! Tü-tüweleme! Aýnur, gel hany, meniň ýanyma, saňa süýjüjik bereýin.
Aýnur ýantorbasyndan iki sany kemputjyk çykaryp, gyzjagazyň her eline birini gysdyrdy.
Dymyşlyk.
─ Kaka, öýe haçan ýeteris? Enemi göresim geldi.
Gyzjagaza jogap beren bolmady. Çünki biziň gahrymanlarymyzyň ikisi-de hyýallar ummanyna çümüpdiler.
«Muňa durmuş diýerler. Hemme zat öz akymy bilen gidip dur, hemme zadyň orny bar. Ýazgytdan gaçyp gutulma ýok. Bagtly bol! Sen bagtly bolsaň, men seniň bagtlydygyň üçin iki esse bagtlydyryn, Myrat! Maşgalaňa, guwan! Aýnur jana guwan! Başarsak, ähli zatlary bolmady hasap edip, barysyny unudaly!»
Aýnuryň uzaklary nazarlaýan gaýgyly gözleri misli şu sözleri diýýän ýalydy.
Otly bolsa dyngysyz ýöreýärdi, ümzügini öňe tutup, kä ýerde durup, kä ýerde-de biraz säginip, ýoluny dowam edýärdi. Edil durmuş mysaly…
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!