MEDENIÝET

Çynara: Bu aýdym türkmen we türk halkyna sowgadymyz

Türkmenistanly sungat işgäri Çynara bilen Türkiýäniň kabak kemaneniň ussady Jafer Nazlybaş aýratyn ähmiýete eýe bolan eseri döretdiler. “Iki döwlet, bir millet” şygary esasynda bir ýere jemlenen iki sungat işgäri “Ýar” (söýgüli) atly aýdymy döredip, halk köpçüligine ýetirdiler.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna beýanat beren Çynara bu aýdymy türkmen hem-de türk halklaryna sowgat hökmünde taýýarlandyklaryny we bu eseri sanly ulgamda köpçülige ýaýradandyklaryny mälim etdi.

Sungat äleminiň iki ussady türkmen we türk halklarynyň doganlyk gatnaşyklaryna goşant goşmak maksady bilen aýratyn ähmiýetli eseri döretdiler. Ussat kabak kemaneçi hem-de TRT-niň (Türkiýe radio-telewideniýe guramasy) sungat işgäri Jafer Nazlybaş bilen sungat ýoluny Türkiýede alyp barýan türkmenistanly aýdymçy Çynara “Ýar” atly aýdymy ýerine ýetirdiler.

IKI DILDE TAÝÝARLANDY

Türkmen hem-de türk halkyna sowgat hökmünde taýýarlanan bu aýdymyň türkmen dilindäki sözlerini Öwezdurdy Nepewos, türk dilindäki sözlerini Filiz Erogly ýazdy. Röwşen Nepesowyň sazy esasynda döredilen aýdymyň aranžirowkasyny “Gökhan Pars, mix & mastering” toparyndan Gökhan Erken amala aşyrdy.

AÝDYMYŇ WIDEO ÝAZGYLARY MUŞDAKLARYŇ GÖWNÜNDEN TURDY

Jafer Nazlybaşyň kabak kemanesi bilen goşant goşan bu aýdymyň wideo ýazgylary sanly ulgamda sungat söýüjilere ýetirildi. Aýdym-sazyň muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan “Ýar” atly aýdym üçin “Loca” studiýasynda Ozan Beýdagyň režissýorlygynda taýýarlanan wideo ýazgylar aýdym-saz ýaýlymlarynda we Jafer Nazlybaşyň “YouTube” ýaýlymynda köpçülige ýetirildi. Türkmen hem-de türk sungat söýüjiler bu aýdym üçin özleriniň öwgüli teswirlerini sungat işgärlerine ýetirdiler.

Türkmenistanly sungat işgäri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen söhbetdeşlik gurnapdy we şol söhbetdeşlik hem uly gyzyklanma döredipdi. Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetýiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolan Çynara bir-iki aý mundan ozal “Zyýana galdyk” (“Zarar Ettik”) atly albomyny aýdym-saz muşdaklaryna ýetiripdi. Şeýle hem meşhur aýdymçy “Bir Umut Ýeter” atly kitabyny hem çap edip, muşdaklaryny söýgüsini gazandy. Çynara Türkiýede bilim alýan türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilen “Kitap okamagyň peýdalary” atly “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginde ilkinji 15 orny eýelän talyplara “Bir Umut Ýeter” atly kitabyny sowgat berer.

Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetýiniň bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli makala bäsleşigi yglan edilipdi. Bu bäsleşik Stambul şäherinde hereket edýän türkmen, türk, rus hem-de iňlis dillerinde terjime hyzmatlaryny berýän hem-de Türkiýede okamaga isleg bildirýän türkmenistanly talyplara maslahat bermek hyzmatyny amala aşyrýan “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Türizm ve Bilişim Ltd” kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirildi.

ÇYNARA TÜRK METBUGATYNDA

Çynaranyň täze aýdymy baradaky makalalar toplumy Türkiýäniň esasy metbugat neşirlerinde çap edildi. Türk metbugatynda bu baradaky makalalar “Iki ýurdy birleşdiren aýdym” atly sözbaşy bilen okyjylar köpçüligine ýetirildi.

 

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary