JEMGYÝET

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty “Saýlanan Teswirler” ady bilen täze  baýrakly taslamany amala aşyrdy. Täze taslama indi däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginden tapawutly bolup, ol belli bir mowzukda has içgin hem-de täsirli makalalar toplumyny beýan eden döredijilik işgärleriniň, hünärmenleriň, bilermenleriň gatnaşmagynda geçirildi.

Şanly Garaşsyzlyk Baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen Täze taslamamyzyň  ilkinji tapgyrynda  hormatly Prezidentimiziň täze kitaby – “Türkmeniň Döwletlilik Ýörelgesi” eseri esasy mowzuk bolup çykyş etdi. Bu taslama gelen eserler döredijilik toparymyz tarapyndan seredildi we olaryň hatarynda 12 eser saýlandy. Saýlanan 12 awtoryň eserleri 25-nji sentýabrdan başlap, günde 1 sanyny saýtymyza ýerleşdiriler.

Taslama “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň täze applikasiýasy “Atavatan Türkmenistan” applikasiýasynyň hemaýatkärliginde geçirildi. Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys. Bu applikasiýa saýtymyzyň ilkinji we synag görnüşindäki applikasiýasy bolup ýakyn gelejekde has kämilleşen we tiz açylýan applikasymyzy yglan ederis.  Gelejekde IOS ulgamy üçin hem applikasymyz taýýar bolar we giň okyjylar köpçüligine ýetiriler.

Bellemeli zat, häzirki döwürde döredijilik toparymyz tarapyndan yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi hem dowam edýär. Sizi  “Söýgi-durmuşyň özeni” mowzugy bilen yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigine hem gatnaşmaga çagyrýarys. Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri şu ýere basyp okap bilersiňiz!

SAÝLANAN TESWIRLER:

  1. Ýaran Akmämmedow – “Türkmeniň milli ýörelgeleri hakynda dürler hazynasy“: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
  2. Şamyrat Muhammetgurbanow – «Myhman, seniň üçin jaý salyp goýdum»: «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy.
  3. Toýly Jänädow – «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» – milli paýhas göreldesi:           Mary welaýatynyň ýaşaýjysy.
  4. Bagtygül Ernazarowa – “Döwletliligi kemala getirýän gymmatlyklaryň kämil beýany”: Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
  5. Ahmet Geldiýew – “Buýsançdan asmana ýeter başlary”: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
  6. Gunça Orazowa – “Göwün guşumyzy ganatlandyran täze kitap”: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
  7. Şaperi Otuzowa – “Aslymyzdan nusgalykdyr döwrüme”: žurnalist.
  8. Gülşat Ahunowa – “Agzyňyz bir bolsun, ýaşyňyz uzak”: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
  9. Ogultäç Oraztaganowa – “Gymmatyny müň tyllaga bermenem!”: “Galkynyş” gazetiniň žurnalisti.
  10. Altyngözel Amanmämmedowa -“Aslyň kimlerden?”: Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
  11. Aýjemal Gaýlyýewa – “Döwletli dünýäniň diwany”: Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
  12. Bahar Mämmedowa – “Ýiti zehiniň miwesi”: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

Saýlanan 12 eseriň her bir awtoryna 250 manat möçberinde pul baýragy berler. Döredijilik toparymyz şeýle taslama gelejekde hem dowam etmek isleýär we indiki taslamalarda emeli aň (AI) we startup ýaly ugurlar esasy mowzuk bolup çykyş edip biler!

Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy