ATAWATAN ESERLERİ

Bagyşla meni

“Käşgä hemişe çaga bolup ýaşasadyk. Durmuşyň gerdenimize ýükleýän agyr ýükünden azat bolsak. Duýgularymyzy sözler bilen beýan etmekden gorkman, kynçylyklara garşy durup dilimize geleni aýdyp bilsek. Göräýmäge aňsat görünýän zatlar ýaşajyk, ejizje arkamyza ýüklenen pursady, çykgynsyzlyk bilen daş-töweregimize seredip hemaýat edip biljek adam gözleýäris. Käbirleriniň bagtyna şeýle adamlar çykýaram, emma maňlaýy beýle güýçli däller bolsa arkasyndaky ýük bilen nirä gitjegini bilmän, ýalňyşdygyna dogrydygyna garamazdan bir ýol saýlamaga mejbur bolýarlar. Millionlarça gezek aýdan sözlerimiz bu gün gözlerimizde ýaş, kalbymyzda agyrynyň döremegine sebäp bolýar. Näme üçin? Näme üçin durmuş bize beýle agyr ýük ýükleýär.  Wah!  Hemme zat dildäki ýaly aňsat bolsady!

Seni görmedigime nijeme ýyllar boldy. Emma henizem seniň mähirli, gül keşbiň kalbymdan pozulmady. Göz ýaşlarym ýagmyr bolup ýagsa-da seniň güler ýüzüňi ýüregimden ýok etmegi başarmady. Bütin durkym bilen seni unutmak isledim, ýöne ýüregimden ejiz düşdim. Seni kalbymdan sowrup atyp bilmedim. Gözlerim başga biriniň gözlerine bakyp dursa-da şol göreçlerden seni gözledim. Ellerim başgasynyň ellerini tutsa-da aklym hemişe sen hakynda oýlanmagyny dowam etdirdi. Ýüregimde ýakan yşk oduňy ne söndürip bildim, ne-de köşeşdirip.  Sen gitdiň. Maňa bolsa söýgimizden nyşan hökmünde soňlanmajak gam-gussa, ýüregimiň göterip bilmejek yşgyny goýdyň.

Ýadyňa düşýämi çaga wagtymyz bile oýun oýnaýarkak saňa aňsatlyk bilen duýgularymy beýan edip bilýärdim. Ähli deň-duşlarymyz saňa bolan söýgümiň üstünden gülýärdiler. “Arslan Mährini söýýär” diýip gyýgyryşýardylar. Wagt geçip ýetginjeklik çagyna ýetenimizde sen ähli zady unutdyňda öz ýoluňy dowam etdirdiň. Men bolsa çagalykdaky duýgularym bilen ýaşadym. Daşyňdan guwanyp, uzakdan söýdim. Hemişe golaýymdadyň şol wagtyň özünde-de asmandaky ýyldyzlar kimin uzakdyň. Şol ýyldyzlara ýetmek üçin jan edip böksem-de bir-iki ädimden artyk ýokarlanyp bilmändim. Seni iň soňky gezek görmezimden öň hemme zady meýilleşdiripdim. Maksadym ýürekdäki duýgylarymy dile getirmekdi. Emma geljek hakyndaky uly-uly arzuwlaryň, maksatlaryň bardy. Eger-de men saňa duýgylarym barada söz açsadym belkide sen arzuwlaryňdan el üzüp meň bilen bilelikde ýörärdiňem, emma geljekde arzuwlaryňy durmuşa geçirip bilmedigiň üçin gynanyp, bagtsyz bolarsyň diýip hiç zat aýtmazlyga karar berdim. Şeýdip bagt guşym uçup gitdi. On ýyldan soň ykbal bizi ýene-de şu ýerde seniň giden, meniň hem galan ýerimizde duşurdy. Sen bir öýüň bikesi, enesi bolup meniň garşymda dursyň, men bolsa bir öýiň daýanjy, atasy bolup. Duýdansyz duşuşygymyzda maňa aýdan sözleriň ýüregimi para-para edip taşlady.

  • Arslan meniň iň uly arzuwym seň bilen bagtly bolmakdy. Seň gözleriňe seredip gojalmagyň hyýalyny edipdim. Iň soňky gezek seni görenimde gözleriň içine seredip maňa “gitme” diýen sözüňe garaşdym. Hany diýilýära gyz söýgüsini gözleri bilen aýdarmyş ýigit bolsa şol gözlere seredip duýgylary dile getirermiş. Gyz bolup saňa bolan duýgylarymy aýtmakdan utandym, sen bolsa maňa hiç zat diýmän diňe üstünlik dilediň. Men pikir etdim sen meni diňe gyz jigiň ýaly hormatlaýansyň. Emma bu gün ýoluň ahyrynda bolsa …

Seniň agzyndan çykan sözler meni bir otdan alyp beýlekisine taşlady. Gerdenimdäki ýükler öňküden artypdy. Emma meniň garaşan otlym bir eýýäm gidipdi. Men bolsa başga otla münüp syýahata çykypdym…»

Tötänlik bilen eline alan kitabynyň içinden beýle hatyň çykmasyna garaşmaýan Aýna oturan ýerinde doňňara daşa döndi. Adamsynyň ýazan haty bolsa elleriniň arasyndan gaýyp ýere düşdi. Arslan bile bir ýassyga baş goýup ýaşaşyp ýörenine sekiz ýyl bolan bu zenanyň göz öňünde bütin durmuşy, ýanýoldaşy bilen geçiren ajaýyp günleri janlandy. “Ähli zat ýalandymy? Şunça wagtlap başga biriniň keşbini göz öňünde janlandyryp ony söýüp ýaşapdyrmy?”. Şol pursat daşardan Arslanyň sesi eşidildi. Tiz wagtdan ol Aýnanyň otyran otagynyň golaýyna gelip gapyny açdy. Aýalynyň ýüzüni görüp ör-gökden gelen Arslan bolmasyz işiň bolandygyny duýan ýaly daş-töweregine garanjaklady we birden ýerde ýatan hata gözi düşdi. Beýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolaryn diýen pikir onyň aklynyň ujyndan hem geçmändi. Ýuwaşlyk bilen iki dyzyna çöküp, başyny ýere salyp oturdy. Aýalynyň agzyndan çykjak birje söze garaşýan ýaly hiç zat gürlemedi. Otagda ümsümlik dowam etdi. Iki tarapdan hem ses çykmady. Bir-iki sagatdan soň Aýna ýuwaşlyk bilen söze başlady.

  • Toýdan öň saňa bir sorag beripdim ýadyňa düşýämi? Ýüregiň eýesi barmy? Eger bar bolsa aýt, eýeli ýürekde hiç kim ýer tapyp bilmez, diýipdim sen bolsaň maňa “ýok” diýdiň. Näme üçin ýalan sözlediň? Gönüden gelip dogryňy aýdan bolsaň bu gün ikimizem bu ýagdaýda bolmazdyk. Aýt indi men näme etmeli? Meni söýmeýän birinden söýgi diläýinmi? Kalbynda başga birini ýaşadyp ýören adamyň nädip gözleriniň içine seredip elini tutaýyn? Meni hiç haçan söýmejek adam bilen galan ömrümi nädip geçireýin?  Ýa bolmasa bir çetde oturyp haçan meni söýerkä diýen umyt bilen garaşaýynmy? Bolýa men muňada razy. Ýöne öňünde soňunda bir gün men ýürekden söýüp biljekmiň? Men bolanym üçin elimden tutyp, gözlerimiň içine söýgi bilen garap biljekmi? Belli bir wagt içinde diýemok, soňky demimde bolsada bir gün muny edip biljekmiň? Ýok, başarmarsyň. Çünki adam diňe bir gezek ýürekden söýýär, bir gezek aşyk bolýar.

Aýalynyň aýdan sözleri Arslanyň ýüregini dilim-dilim etdi. Başyndan-aýagyna çenli onuň aýdan sözlerini makullady. Emma näme etse-de, näme diýse-de döwlen ýüregi bejerip bolmajagyna düşündi. Ýöne bu agyr ýüki aýalynyň gerdenine ýükläp bir çetde sesini çykarman oturmak onuň üçin wyždansyzlykdy.

  • Aýdan ähli sözleriň dogry. Başdan saňa ähli zady bolşy ýaly gürrüň bermelidim. Ýöne muny aýtmaga meň bognym ysmady. Hemme zady ýatdan çykaryp seň bilen täze durmuşa başladym. Gynansakda pikir edişim ýaly aňsat bolmady. Unutmak, ýüregiňden sowrup taşlamak ýeňil däl ekeni. Seň söýgiňe mynasyp biri bolup bilmedi. Bu dogry, ýöne welin seni bagtly etmek üçin elimden geleňini gaýgyrmadym. Sen maňa iki sany perzent berdiň. Garaňky dünýämi aýdyňlatdyň, ruhuma melhem bolduň. Ýykylan göwnümi alçaklygyň, gülkiň, ýuka ýürekligiň, dogryçyllygyň bilen ruhlandyrdyň. Günämi ýuwmak üçin agzymdan çykan sözler ýetmez bilýän ýöne bagyşla meni, ýalbarýan bagyşla meni. Aýnam senden ýeke haýyşym men bu ýolda ýalňyz goýma, menden uzak bolsaňda ýakynamdadygyny bileýin.

 

Laçyn RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri