SÖHBETDEŞLIK

Sungata ykbalyny baglan : Döwletgeldi Berdiýew

   «Teatr — durmuşyň aýnasy» diýilýär. Şol aýnada dürli häsiýetdäki keşpler tomaşaçylara ýetirilýär. Spektaklda çykyş edýän artisleriň hemmesi bir maşgalanyň agzalary ýaly tomaşaçynyň göz öňünde galýar. Bir spektaklda çykyş edýän artistiň başga bir spektaklda-da oýnamagyna garaşmagymyzyň sebäbi, belki, şoldur. Bu köplenç biziň pikir edişimizçe-de bolýar. Käte bolsa şol artist garşyňda düýbünden başga häsiýetdäki keşpde peýda bolýar.  Hakyky artist halypalaryň aýdyşy ýaly dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrmagy başarmaly. Indi birnäçe ýyldan bäri Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyryp gelýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew hem şeýle ussatlaryň biri. Biz onuň bilen teatr sungaty dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk.

  — Ykbalyňyzy sungata baglamagyňyzda maşgalaňyzyň orny uly bolsa gerek.   

— Çagalykdan teatryň howasyndan dem alyp ulalamsoňmy, ýa-da  sahnalarda görkezilýän eserleriň ilkinji tomaşaçylarynyň biri bolanymdanmy, garaz, teatr meniň ikinji öýüm, durmuşymyň özeni diýsem ýalňyşmaryn. Ejemkakam teatra işe gaýdanynda, köplenç, ýanlary bilen menem alyp gaýdardylar. Olaryň sahnada ýerine ýetirýän her bir hereketini ýakyndan synlamak, onda-da spektaklyň ilkinji tomaşaçylarynyň biri bolmak meni buýsandyrýardy. Ýöne şol döwürlerde sungatyň ykbalyma öwrülip, öz döredijiligimi halka ýetirerin diýip pikir etmeýärdim. Şonuň üçin men hemişe teatr bilen öwrenişdiren çagalyk döwrüme minnetdar. Sebäbi ilkinji keşbimi hem çagalykda ýerine ýetiripdim. Okuwymdan daşgary mekdebimiziň çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaýardym. Garaz, kiçiligimden sungata söýgimiň uludygyny duýan maşgalamyz çagakam öýde maý tapdygym gylyç, galkan ýasanyp, öz ýanymdan teatryň sahnasynda keşp janlandyrýan ýaly eden hereketlerimi, käte bolsa ejem-kakamyň ýanyndan teatra höwes edip gidişimi henizem ýatlaýarlar.

Maşgalamyň teatr sungatyny saýlamagymy goldamagy, durmuşymda täze sahypany açdy. Orta mekdebi tamamlanymdan soňra, şol wagtky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki-drama teatrynda zähmet ýoluma başladym. Bu kär meniň teatr sungatynda taplanmagyma ep-esli derejede ýardam etdi. Sahnada görkezilýän spektakllary höwes bilen synlaýşymy görüp, sungata bolan söýgimi duýan halypalar Kakajan Aşyrow, Goçmyrat Bekiýew, Aýnazar Batyrow meni kiçiräk sahna oýunlaryna, köpçülikleýin sahnalara gatnaşdyryp başladylar. Teatr sungatyna bolan höwesim meni 1999-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna getirdi. Bu ýerde teatr we kino aktýory hünärinden ýokary bilim almak miýesser etdi. Talyp döwrümizde halypa reŽissýorlaryň teatrlaryň sahnalarynda goýan spektakllarynda  çykyş edýärdik hem tomaşaçy bolup gatnaşýardyk. Maňa spektakllarda öz ukybymy görkezmäge ýardam beren halypalar institutda hem teatr sungatynyň inçe syrlaryny öwretdiler. Talyplyk ýyllarymyzda halypa režissýorlaryň sahnalaşdyran spektakllarynyň ençemesinde halypa artistler bilen bir sahnada çykyş etmegimiz sungatyň bize öň mälim bolmadyk sahypalaryny gözümiziň alnynda açyp berdi.

Okuwymdan daşgary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda işe başladym. Teatryň sahnasynda goýlan spektakllarda ululy-kiçili dürli keşpleri ýerine ýetirýärdim. Bu teatrda ilkinji janlandyran keşbim «Talyp söýgüsi» spektaklynda Myrat Uzyn atly talyp ýigidiň keşbi boldy. Özüm hem şol wagt talyp bolamsoň, bu keşbi ýerine ýetirmek maňa o diýen kyn düşmedi. Soňra Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewiň sahnalaşdyran «Etme, oglan, sen oýun!» spektaklynda Ata daýynyň, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowyň sahnalaşdyran «Hüýrlukga-Hemra» spektaklynda kazynyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran «Harmandäli» spektaklynda aşyk ýigidiň, çagalar üçin niýetlenen «Akpamyk» atly sahna oýnunda Mürrük döwüň keşbini janlandyrdym. Ýaşdygyma garamazdan, halypa reŽissýorlaryň maňa spektakllarda dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrmagy ynanmagy sungat ýolunda taplanmagyma ýardam berdi.

Talyplyk ýyllaryňyzda teatr sahnasynda keşp janlandyrmakdan başga nirede ukybyňyzy synap gördüňiz?

— KinoreŽissýorlar Orazmyrat Gummanowyň surata düşüren «Bäşinji hazyna» atly kinofilminde Hally öýkelegiň oglunyň, Muhammet Söýünhanowyň surata düşüren «Ajaýyp» kinofilminde oba oglanynyň, Halmämmet Kakabaýewiň surata düşüren «Tapagan» kinofilminiň ikinji  bölüminde esgeriň, Batyr Bekmyradowyň surata düşüren «Lukman Hekim» kinofilminde seljuk ýigidiniň, Myrat Orazowyň surata düşüren «Watan ogly» kinofilminiň birinji bölüminde bolsa harby serkerdäniň keşbini ýerine ýetirmek miýesser etdi.

    — Bu teatrda şu günki güne çenli zähmet çekip gelýärsiňiz. Diýmek, döredijiligiňiziň agramly bölegini şu teatr tutýandyr.

   — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredijilik topary bilen öwrenişmek maňa kyn düşmedi. Sebäbi bu ýerde zähmet çekýän artistleriň köpüsi bize institutda sungatyň inçe syrlaryny öwreden halypa mugallymlar. Olar belent adamkärçilikli häsiýetleri bilen hem bize her ädimde görelde bolýarlar.

Bu teatryň sahnasynda dürli ýyllarda sahnalaşdyrylan spektakllarda keşp janlandyrdym. «Sen kalbymyň soltany» spektaklynda aşyk bilbiliň, «Päk söýginiň güýjünde» Durdynyň, «Hakydada» Arslanyň, «Hazynada» Iblisiň, «Ykbal öwrümlerinde» Jeýhunyň, «Leýli-Mejnun» dessany esasynda sahnalaşdyrylan «Söýgi hem hasratda» Kaýysyň, «Bir ojakda iki dünýäde»  Şamyradyň, «Tumar şada» Gebriniň, «Amul — Hazar arasy» atly sahna oýnunda Şazadanyň, şu ýylda sahnalaşdyrylan «Binýat» atly spektaklda Togrul begiň keşbini janlandyrdym. Bulardan başga-da, çagalar üçin niýetlenen spektakllardan «Ahmediň gaýduwsyz horazynda» altynsöw horazyň, «Yhlas pälwanda» aýynyň keşbini janlandyrdym. «Bu keşpler biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde-de, döreden keşplerimiň köpüsi şöhratly taryhymyzyň mert, edermen, gaýduwsyz gahrymanlarynyň keşbi. Olaryň kalbynda birsözlülik, watansöýüjilik ruhy, ruhubelentlik, duşmana garşy göreşmek hyjuwy, maksadaokgunlylyk ýaly ajaýyp häsiýetler jemlenen.

Taryhy şahsyýetleriň keşbini janlandyrmak uly jogapkärçiligi talap edýändir!

— Elbetde. Aslynda, sahna çykanyňda, özüňde jogapkärçilik duýmasaň, tomaşaçynyň göwnünden turup bolmaýar. Taryhy şahsyýetleriň keşbini janlandyrmak tomaşaçy bilen birlikde geçmişe syýahat etmek ýaly ajaýyp duýgyny bagyşlaýar hem-de şol syýahatyň nähili ýagdaýda geçjegi artiste bagly bolup durýar.

«Hazyna» spektaklynda Iblisiň, «Hüýrlukga-Hemrada» Kaýysyň keşbini janlandyrmak aňsat düşmedi. Muňa garamazdan, halypalaryň goldamagy bilen janlandyran keşplerim ýerine düşdi.

  — Biz bilýäris, surata düşen kinofilmleriňizde ýerine ýetiren keşpleriňiz teletomaşaçylaryň göwnünden turdy. Bu, elbetde, zähmet bilen zehiniň sazlaşygynyň miwesidir.

— Halypam Türkmenistanyň halk artisti Çary Işangulyýew hemişe: «Artist bolmak üçin togsan dokuz göterim zähmetiň, bir göterim zehiniň bolmagy ýeterlik» diýerdi. Men durmuşda şol pikire, şol ýörelgä ynanyp ýaşaýan. Artist sahna çykanda, başbitin döredýän keşbine girýär. Janlandyrýan keşbiňe ilki bilen özüň ynanmasaň, tomaşaçyny ynandyryp bolmaýar. Keşbiňe ynanmak üçin bolsa, elbetde, irginsiz gözlegde bolmak, ýeterlik derejede zähmet çekmek zerur. Bu kinofilmde surata düşmek babatda-da şeýle. Teleýaýlymda tomaşaçy bilen ýüzbe-ýüz bolmasaň-da, kinoda bolup geçýän wakalar, ondaky gahrymanlaryň her bir hereketi tomaşaçynyň gözünden sypanok.

    — Surata düşen kinofimleriňiz dogrusynda-da aýdaýsaňyz!

«Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan surata düşürilen telefimlerden «Söýgi sährasynda» Annagulynyň, «Bagta çenli bäş ädimde» sazanda ýigidiň,  «Ülkerde» Gündogdynyň keşbini janlandyrdym. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Mertebe» atly kinofilmde Merdan Mergenowyň, «Ýaşlygymyň aýdymynda» gurluşykçy ýigidiň, «Nejmeddin Kubra» atly çeper-publisistik filmde Nejmeddin Kubranyň, «Magtymgulyda» Izzeddin sopynyň, «Ahmyrda» Döwletiň, «Muşdaklarda» Pälwanyň, «Mollanepesde» Döwletbegiň, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoluna bagyşlanyp surata düşürilen «Ynsan ömri» atly kinofilmde Berdimuhamet aganyň, «At — myrat» atly kinofilmde Aba Annaýewiň keşbini janlandyrdym. Bulardan başga-da türkmen we daşary ýurt kinofilmleriniň birnäçesine ses bermäge gatnaşdym.

  — Görşümiz ýaly, kinofilmlerde hem janlandyran keşpleriňiz görnükli taryhy şahsyýetleriň keşbi. Bu siziň tejribäňiziň artmagyna, döredijiligiňiziň täze gözlegler bilen baýlaşmagyna ýardam berýändir.

    — Hawa, her bir keşbi janlandyrmak üçin şol keşbiň dünýäsinde ýaşamaly, onuň ruhuna düşünmeli. Munuň üçin bolsa artist hemişe gözlegde bolmaly. Okan, gören-eşiden zatlaryň bilen çäklenmän, geljekde janlandyrmagy maksat edinýän keşbiň üstünde gije-gündiz işlemeli. Şonda döreden keşbiň öz göwnüňe-de jaý bolýar, halkyň kalbynda-da ömürlik ýaşaýar. Kämahal ýolda-yzda tomaşaçylaryň maňa «Söýgi sährasy» atly kinofilmiň baş gahrymany — Annaguly diýip ýüzlenýändiklerine gabat gelýärin. Men şonda ýerine ýetiren keşbimiň tomaşaçylaryň ýadyndan çykmandygyna begenýärin.

    – Halypalaryňyzyň teatr sungaty dogrusynda aýdanlaryndan ýatlaýsaňyz!

— Halypam, Çary Işangulyýewiň beren maslahatlary, teatr sungaty dogrusynda aýdan sözleri hakydama ömürlik ýazyldy. Ol, köplenç şägirtlerine: «…Siz hakyky artist boljak bolsaňyz, hemme zady başarmaly. Sebäbi artist dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrmaly…» diýýärdi.

 — Işiňizden daşgary näme bilen meşgullanýarsyňyz?

— Kitap okamagy halaýaryn. Şeýle-de, ýörite wagt tapyp, azyndan aýda bir sapar at münmäge gidýärin. Atyň adam saglygyna täsirini oňa münmeseň düşündirip bolmaýar. Sebäbi at — adamyň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy. «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýýän halkymyzda bedewlere goýulýan belent sarpa bu günki günde dünýäni haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň birnäçesi hem Ahalteke bedewlerimiziň waspyna bagyşlanan. Şol kitaplary okanymyzda, bedewlerimize bolan buýsanjymyz artýar.

    — Meşhur bolmak nähili duýgy?

— Gaty jogapkärçilikli duýgy.

  — Sahna çykmazyňyzdan öň, özüňizi nähili taýýarlaýarsyňyz?

— Hökman sözlerimi gaýtalaýan.

   — Iň bagtly pursadyňyz haçan boldy?

— Bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni, her pursady bize ýatdan çykmajak wakalary peşgeş berýär. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolanymda, 2013-nji ýylda «Leýli-Mejnun» spektaklynda janlandyran keşbim üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylanda, şeýle-de, şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglanamda başdan geçiren  tolgunmam, ýürek joşgunym şu günki ýaly ýadymda. Şol bagtly pursatlarda begenjimiň çägi bolmandy.

   — Aýdym aýdyp, saz çalmagy halaýarsyňyzmy?

— Elbetde, aýdym-sazy halamaýan ynsan ýok bolsa gerek. Ylaýta-da sungat adamy bolup, aýdym-saza biperwaý garamak mümkin däl. Biziň zähmet çekýän teatrymyz hem adyndan belli bolşy ýaly, aýdym-saz bilen aýrylmaz baglanyşykly. Şeýle bolansoň, menem, spektaklyň aýdym aýtmaly ýeri gabat gelende aýdym aýdýaryn.

   — Daşary döwletlere bolan döredijilik saparlaryňyz dogrusynda-da aý-daýsaňyz!

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen medeniýeti, sungaty dünýä çykýar. Teatrymyzyň döredijilik toparyna Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Täjigistan, Eýran, Özbegistan ýaly döwletlerde döredijilik saparlarynda bolmak miýesser etdi.

   — Bilşimiz ýaly, maşgalaňyz — sungat maşgalasy. Şoňa görä olar bilen bir kärde, hatda bir teatrda zähmet çekmegiňiz jogapkärçiligiňizi has-da artdyrýandyr. Şol bir wagtyň özünde-de sungat ýolunda baý tejribe toplap, özüňize bolan ynamyň berkemegine ýardam edýändir.

— Elbetde. Maşgala bolup bir kärde zähmet çekmek ýakymly, şol bir wagtyň özünde-de, gaty jogapkärçilikli. Ýakymly diýýänim, maslahat aljak halypaň hemişe ýanyňda. Kakam — Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew kiçiligimden maňa çeýe, çalasyn bolmagy ündedi. Bu häsiýetler maňa zähmet ýolumda köp goltgy boldy. Hasam meşhur taryhy şahsyýetleriň keşbini janlandyranymda. Ejem, Türkmenistanyň at gazanan artisti Narjan Berdiýewa bilen bir teatrda zähmet çekýärin. Teatrda sahnalaşdyrylan «Hüýrlukga-Hemra», «Etme, oglan, sen oýun!» spektakllarynda bile çykyş etdik.

   — «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz» diýlişi ýaly, öňüňizde goýýan  maksadyňyz dogrusynda aýdaýsaňyz!

— Nesip bolsa geljekde-de taryhy eserleriň esasynda, şeýle-de bagtyýarlyk döwrümizi wasp edip sahnalaşdyrylýan spektakllarda hem-de surata düşürilýän  kinofilmlerde keşp janlandyrmagy maksat edinýärin. Kinofilmlere reŽissýorlyk etmek arzuwym hem bar.

Ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny dünýäde dabaralandyrýan, türkmen teatr sungatynyň belent sepgitleri nazarlamagyna ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok.

Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Spektakllarda döredýän keşpleriňiziň tomaşaçylaryň hemişe göwnünden turmagyny, mundan beýläk-de sungat ýolunda üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

 — Sag boluň!

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym