SÖHBETDEŞLIK

Halypa ýolunyň dowamy: Döwletmämmet Gurbanow

  Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň özeni — türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetiren halypalaryň ýoluny dowam edýän zehinli bagşylaryň joşgunly owazlary, bagtyýarlyk döwrümizde belentden ýaňlanýar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň “Dehistan” folklor-etnografik toparynyň bagşysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmämmet Gurbanow şeýle zehinleriň biri. Ol ýomut-gökleň bagşyçylyk ugrunyň Balkan şahasynyň görnükli halypalarynyň biri, “çopan ýoly” diýen özboluşly ýol-ýörelgäni esaslandyran ussat halypa, Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowyň ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Döwletmämmet Gurbanow Nurberdi halypanyň aýdymlaryny özboluşly heňi bilen, täzeçe öwüşginde halkymyza ýetirýär. Biz onuň bilen bagşyçylyk ýoluna gelşi, milli aýdym-saz sungaty dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk:

  — Döwletmämmet aga, siziň bilen söhbetdeş bolmagy maksat edinip, iş ýeriňize rowana bolanymda, ýerine ýetirýän aýdymyňyzyň ilkinji setirleri serime doldy:

Gün hanjary gökden ýere inende,

Güne garşy dogan aýy gözel sen…

Bu aýdymy, asyl ähli halk aýdymlaryny bagşylaryň hersi, öz heňine mahsus görnüşde ýerine ýetirýär. Siziň halk aýdymlaryny ýerine ýetiriş aýratynlygyňyzda Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowyň bagşyçylyk sungatynda goýan ajaýyp ýolunyň özboluşly dowamyny görýäris. Sungatyňyzy şu ýola baglan  zat näme? 

— Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň üç şahasynyň üstüne dördünji şahany “çopan ýoly” ady bilen miras goýan Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowyň aýdymlaryny çagalykdan uly höwes bilen diňlemegim, kalbymda halypanyň aýdymlaryny ýerine ýetirmek arzuwyny döretdi. Oňa-da, ejemiň Nurberdi aganyň aýdymlaryny gaty gowy görüp diňlemegi sebäp bolan bolmaly. Ejem radioda Nurberdi aga aýdym aýdyp başlasa gürlesek halamazdy. Bar ünsi radioda bolardy. Kakam hem Nurberdi aganyň aýdymlaryny gowy görüp diňlärdi. Çopançylyk edip ýörkä, köplenç diýen ýaly halypanyň aýdymyna hiňlenerdi. Ýadyma düşýär, Nurberdi aga obamyzdaky bir toýa aýdym aýtmaga gelende, men 8-9 ýaşlaryndaky oglanjykdym. Şonda aýdym diňläp ejemiň gujagynda uklap galanymy bilýän.

Halypanyň doglan gününiň 80 ýyllygy döwlet derejesinde bellenildi. Şonda Nurberdi Gulowyň zähmet çekip, ençeme şägirtleri ýetişdiren Etrek etrabynyň Çagalar sungat mekdebine onuň adyny dakyp, heýkelini oturtdylar. Men şol çäräniň açylyş dabarasynda sowgat hökmünde halypanyň “Bir ata aşyk men, bir-de gözele” aýdymyny ýerine ýetirdim. Şonda Nurberdi aganyň ilkinji şägirdi Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyr Gurbanow ýanyma gelip, arkama kakyp: “Berekella oglum! Halypanyň aýdymlaryny ýene bilýän bolsaň, aýtsana!” diýip, aýdymyň göwnünden turandygyny belläp, gürrüňdeş boldy. Häli-häzirlerem şol ýakymly pursady buýsanç bilen ýatlaýaryn.

Umuman, meni bagşyçylyk sungatyna getiren zat Nurberdi aganyň aýdymlary. Ony çagalykdan gaýybana köp diňlemegim meni bagşy etdi. Häzir hem halypanyň bir aýdymyny ýerine ýetirjek bolsam, öňinçä hökman onuň aýdyşyny diňläp görýärin.

  — Maşgalada käte özüňden uly doganyň bir iş bilen meşgullansa senem şondan galman, edenini etjek bolup, tizräk ulalasyň gelýär. Siziň çagalygyňyzda-da şeýle boldumy?

— Biz maşgalada 3 gyz, 4 oglandyk. Men iň körpeleri. Agalarym Hanmämmet, Rejepmämmet, Orazmämmet, Döwletmämmet, aýal doganlarym Täzegül, Gurbangül, Halbibi. Beren sowalyňyzdaky ýagdaý mende-de bolan bolsa, onda men bagşy bolup ýetişmezdim. Başga käri saýlardym. Sebäbi doganlarymyň içinde Gurbanbibiden başgasy sungat bilen gyzyklanmady. Diňe Gurbanbibi aýdym-saz bilen meşgullanmagy gowy görerdi. Gurnaklara gatnap, aýdym aýdardy. Sözümiň başynda hem belleýşim ýaly, ejem-kakamyň Nurberdi Gulowyň aýdymlaryny ürç edip diňlemekleri ünsümi çekdi.

  — Nurberdi aganyň özboluşly heňinden ýaşyl ýaýlalara ýaň salan gelin-gyzlaryň lälesiniň, yhhymmylynyň, hüwdüleriniň, çopanlaryň mal yzynda heňe salyp aýdýan aýdymlarynyň owazy eşidilýän ýaly. Halypanyň ýoluny dowam edýän adama muny duýmak kyn däldir?!

— Nurberdi Gulow özboluşly owazy bilen özbaşyna ýol goýan halypa. Ýaşlygyny gadymy Dehistanyň uç-gyraksyz sähralarynda geçiren Nurberdi aga ses ýazgylarynyň birinde döreden ýolunyň “çopan ýoly” adyny alşyna sähralara owlak-guzy sürüsiniň ýaýrap barşynyň, geçip barýan kerwenleriň jaňlarynyň sesiniň, küştdepdiniň, gelin-gyzlaryň läle kakyşlarynyň täsir edendigini gürrüň berýär. Nurberdi aga çaga wagtlary eline ilen zady kakyp, saz guraly edinip çalar eken. Soňra ondan bagşy çykjagyna ynam bildirip, dutar alyp berýärler. Şol wagtky Krasnowodskide sazçylyk filarmoniýasy açylýar. Nurberdi Gulow, Aşyrmämmet Dawudow ýene-de birnäçe bagşylar filarmoniýa barýarlar. Bu ýere Marydan bir ýaşuly bagşy gelip, olara aýdym aýdyp öwredýär. Soňra şol ýaşuludan pata almak üçin Nurberdi aga Mara gidýär. Ondan pata alyp gaýdýar.

Ussatlyga ýetmek üçin hökman halypa tutunmaly. Ondan tälim almaly ýa-da döreden eserlerini diňläp täsirlenmeli. Nurberdi aga-da halypalyk mekdebini geçen halypa. Onuň bagşyçylyk sungatynda goýan ýoly gaýtalanmajak, beýik ýol. Bu ýola Nurberdi Gulowyň sadalygy, pespälligi siňipdir.

 — Döwlet aga, gürrüňiňiziň şu ýerinde mekdep döwrüne dolansaňyz. Şol döwürlerde aýdym aýdýardyňyzmy. Belki, ilkinji çykyşyňyzyň täsirini ýatlarsyňyz?

— Aýdym-sazy esasy öwrenen ýerim orta mekdebiň aýdym-saz sapagy. Mugallymymyzyň öwredýän aýdymlarynyň hemmesini çykyş edenimizde aýdardyk. O döwürlerde dutar ýokdy. Nurberdi aganyň aýdymlaryny o mahallar aýdamokdym. Oba mekdepleriniň arasynda aýdym-saz festiwaly geçirilende, oňa sazandalarymyz, aýdym-aýdýan oglanlar bolup gatnaşyp, köplenç, birinji orny eýelärdik. Mekdepden daşgary çeper höwesjeňler bolup, oba medeniýet öýüne gatnardyk. Obamyzda käte konsert geçirilende onda-da çykyş ederdik. Obadan-oba baryp hem konsert berip gaýdardyk. Olarda estrada aýdymlaryny ikilikde, üçlükde-de ýerine ýetirýärdik. Sahnada ilkinji çykyşym 6-njy synpda okaýarkam bolupdy. Festiwalda ikilikde Nurmyrat Togsanow bilen çykyş edipdim. Şonda biri-birimize ynanyp sahna çykyşymyz şu günki ýaly ýadymda. Ilki-ilkiler sahna çykanyňda haçan çykyşym tamamlanarka diýýärsiň. Sahnada öwrenşip, özüňi tutup ugraýarsyň welin, her bir sözüň diňleýjileriň ýüregine jüňk bolaryny isleýäň. Bar aladaň aýdymy diňleýjä gowy derejede ýetirmek bolýar. Mekdebi tamamlanymyzdan soňra hem aýdym-sazy goýmadyk. Toý aýdymlaryny öwrenip, toýlara gidip başladyk.

Garaşsyzlygyň 2 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günleridi. Ýazgydan çykmak üçin Burgundan Berekede gelipdim. Soňra Balkanabada gaýdyp işlemekçidim. Öňüm baýramçylyk gününe gabat gelensoň, Isgenderde ýaşaýan ejekemlere bardym. Baran günümiň ertesi Isgenderde baýramçylyga bagyşlanyp at çapyşygynyň guralýandygyny eşidip, oglanlar bolup oňa tomaşa etmäge gitdik. Çapgy başlamazyndan öň Bereket etrap medeniýet öýi tarapyndan konsert guraldy. Onda maňa-da aýdym aýtmak teklip edildi. O mahallar Nurberdi aganyň şägirdi Rejepguly Kerimow il içinde adygyp ugrapdy. Şonuň aýdyşyndan öwrenen aýdymymy bu ýerde ýerine ýetirdim. Toý märekesi-de Rejepguly gelendir öýdüp, aýdymy tamamlaryma mähetdel barysy maňa tarap gaýtdy. Ýerli-ýerden aýdymy ýerine ýetirişimi gowy görendiklerini aýdyp, ýene-de aýtmagymy haýyş etdiler. Şol gezek Nurberdi aganyň aýdymlaryndan 4-5-sini ýerine ýetirdim. Bu ýere Bereket etrap medeniýet öýüniň ýolbaşçysy Täçdurdy Haljanow hem gelen eken. Ol aýdymlarymyň göwnünden turandygyny belläp, geljek hepdede Bereket etrap medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasynyň geçirilýändigini aýdyp, onda çykyş etmäge çagyrdy. Onda-da aýdym aýtdym. Medeniýet öýüniň ýolbaşçysy bu çykyşymdan soňra Bereketde ýaşamaga ýerim bolsa işe almakçydygyny aýtdy. Menem iş üçin ýola çykamsoň, bu teklibi göwünjeňlik bilen kabul etdim. Şeýdip, Bereketde aýdym-saz ugrundan işe başladym.

Işleşen halypalaryňyz, olaryň sungatyňyza täsiri dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

— Bereket etrap medeniýet öýünde birnäçe halypalar bilen egin-egne berip işleşdik, ençeme çäreleri sowduk. Olardan Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Täçdurdy Gulmyradow, Şir Tagandurdyýew, Kakajan Kadyrow, Esen Amanjanow, Gurban Köşekliýew dagy bardy. Täçdurdy halypadan estradada aýtmagyň inçe tärlerini öwrendim. 1997-nji ýylda “Ýaňlan diýarym” bäsleşigine gatnaşyp, welaýat tapgyrynda ýeňiji boldum. Şol ýyl Balkanabat şäher medeniýet merkezine işe geçdim. Bu ýerde Türkmenistanyň halk artisti Rejepguly Kerimow bilen işleşmek miýesser etdi. Ol Nurberdi aganyň şägirdi bolansoň, halypanyň ýoluny geçen halypa hökmünde-de, kärdeşim hökmünde-de köp zatlary maslahat berdi. Nurberdi Gulowyň ýolundan köpräk aýdym aýtmagymy ündärdi. Esasy halk aýdymlaryny aýdamsoň, medeniýet merkezinde işleýärkäm Baýramdurdy Söýünowyň halypalyk etmeginde dutar, gyjak çalmagy öwrendim. Onuň bilen toýlara giderdik. Soň-soňlar aýdymlarymy dutary özüm çalyp ýerine ýetirip ugradym.

Sungat ýolunda bir zada göz ýetirdim. Sungata köňül berensoň haýsy kärde zähmet çekseňem ol seni öz erkiňe goýmaýar eken. Menem başga kärde özümi synap görsem-de, ýene-de sungata geldim.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçiler medeniýet köşgüniň  «Dehistan» folklor-etnografik topary döredilenden soňra bu ýere Nurberdi Gulowyň ýolundan aýdym aýdýan bagşy gerek diýip, meni ýörite işe çagyrdylar. Şondan bäri-de şu ýerde zähmet çekip gelýärin.

 — “Dehistan” folklor-etnografik  toparynda zähmet çekmegiňiz bagşyçylyk sungatyňyza özboluşlylyk getirýändir.

— Hawa, hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda döredilen bu tans topara işe gelenimden soňra Nurberdi Gulowyň ýolundan birnäçe halk aýdymlaryny täzeçe öwüşginde işledik. Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Gözel sen” atly aýdymy öň diňe ahal ýolundan aýdylýan bolsa, ony Nurberdi aganyň ýoluna salyp ýerine ýetirdim. Halypanyň ýene-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Il biläni», «Dag saýar», «Soňudagy», «Görogly» şadessanyndan «Sen ýetir», «Kaýdan bolar sen», «Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin», «Zöhre-Tahyr» dessanyndan «Köşgünde», «Galmanam senden»,  Zeliliden «Janymyň jananasy», Kemineden «Ýar seni», «Aşyk Çaňly» dessanyndaky goşgularyň birnäçesine, şeýle-de şahyr Çary Gurbangylyjowyň sözlerine «Kempir bilen çaý içemde», Baýram şahyryň goşgusyna «Şaglap iner bürgütleri», şeýle-de “Bibi”, “Ogulbeg”, başga-da dutar bilen gyjagyň näzik owazyna goşup ýerine ýetiren ençeme halk aýdymlarynyň özboluşly heňiniň şirin labzyny ýoýmazdan estrada geçirip, täzeçe öwüşginde halkymyza ýetirdik.

Aýdymlarymyň köpüsine toparyň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saryýa Karahanowa milli öwüşginde tanslary goýýar. “Dehistan” toparymyzyň esasy aýratynlygy her bir aýdymyň sözlerine, heňine, ruhuna laýyk gelýän tanslary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegidir. Bu elbetde, toparymyzyň ýolbaşçysynyň, galyberse-de, bu toparda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän oglan-gyzlaryň kärine bolan çäksiz söýgüsiniň netijesidir. Folklor-etnografik toparymyz aýdymlaryň sözlerini tomaşaça hereketleriň üsti bilen ýetirýär. Aýdymy ýekelikde ýerine ýetireniňden, tans topary bilen bilelikde çykyş etmegiň täsiriniň başgaçadygy öz-özünden düşnüklidir. Sebäbi saz bilen sözüň milli äheňleriniň ajaýyp hereketlerde öz beýanyny tapmagy aýdymly dünýäme joşgun eçilýär. Toparymyz bilen diňe bir aýdymy däl, käte üç aýdymy birlikde ýerine ýetirýän kompozision görnüşindäki çykyşlarymyz hem bar. Şeýle çykyşlary ýerine ýetirmegiň-de, oňa tomaşa etmegiň-de täsiri üýtgeşik bolýar. Türkmen halk dessanlarynyň gahrymanlarynyň ruhuna kybap gelýän milli eşiklerde aýdymlary ýerine ýetirenimizde, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryna bolan buýsanjymyz goşalanýar. Şol bir wagtyň özünde, gahrymanlaryň ruhuny dünýäsini açyp görkezmäge ýardam edýär. Aslynda, türkmen halk aýdymlarynyň özeninde milliligiň köki bar. Nurberdi aganyň döreden “çopan ýoly” hem halkymyzyň milliligi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Türkmenistanyň halk artistleri Sahy Jepbarow, Pürli Saryýew, şeýle-de meşhur sazanda Mylly Täçmyradow ýaly türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirtleriniň belent ynamyna mynasyp bolup, halkyň kalbynda ajaýyp sungaty bilen baky orun alan Nurberdi halypanyň özboluşly ýoluny dowam etmek, sungatymyza millilik ruhuny çaýýar.

2015-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakmagy döredijiligime berlen ýokary baha boldy. Halypalaryň milli ýoluny mynasyp dowam etmäge ylhamymy artdyrdy.

 — Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň özeninde milli küştdepdimizde ýerine ýetirilýän gazallaryň özboluşly heňi bar. Siziň hem zähmet çekýän «Dehistan» folklor-etnografik toparyňyz toýlarymyzyň bezegine öwrülen küştdepdini sazlaşykly hereketler bilen ýerine ýetirip, diňe bir halkymyzyň söýgüsini gazanman, eýsem, dünýä ýurtlarynyň ençemesinde döredijilik saparlarynda bolup, milli sungatymyzy jahana ýaýmakda mynasyp goşant goşup gelýär.

— ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen küştdepdi aýdym we tans sungaty dünýä medeniýetiniň ajaýyp nusgasyna öwrülip, belentden ýaňlanýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary döwletlerde geçirilýän ýurdumyzyň medeniýet günlerine gatnaşanymyzda hem ýakyndan göz ýetirýäris. Belarus, Özbegistan respublikalarynda, Hytaýda, Italiýada, Şweýsariýada, Türkiýede döredijilik saparlarynda bolanymyzda, ýerine ýetirilen millilige ýugrulan küşdepdilerimiziň her bir hereketiniň dykkat bilen synlanyp, çykyşlarymyza tomaşa etmäge gelenleriň ruhunyň belende göterilmeginde milli sungatymyzda ähli halkyň kalbyna ornaýan üýtgeşik gudratyň bardygynyň şaýady bolduk. Hat-da olaryň küştdepdimize goşulyp bilelikde ýerine ýetirýän hereketlerini synlanymyzda, milli sungatymyza bolan buýsanjymyz goşalanýar. Türkiýe döwletinde geçirlen “Altyn Garagöz” atly 32-nji halkara halk tanslary bäsleşigine gatnaşyp 28 döwletiň arasynda öňdäki orny eýeledik. Bu bäsleşikde-de milli küştdepdimiz, gazallarymyz bilen çykyş etdik.

Halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň özboluşly owazy jemlenen, bagtyýarlyk döwrümiziň joşgunyna ýugrulup belentden ýaňlanýan küştdepdiniň gazallaryny toparymyzyň gazalçylary Türkmenistanyň at gazanan artisti Hanguly Kütiýew, Aky Ýagşygeldiýewa, Aýsoltan Allagulyýewa dagylar bilen bilelikde ýerine ýetirýäris.

 — Gazallary ýerine ýetirmegiň bagşyçylyk sungatyna täsiri nähili?

— Aýdym-saz sungatymyzyň bu ugurlarynyň hersi ýerine ýetiriliş özboluşlylygy bilen tapawutlanýanam bolsa, olaryň kökünde milliligiň belent heňli owazy bar.  Şol owaz bolsa ýüregimizde ýaşaýar. Şonuň üçinem maňa gazallary ýerine ýetirmek kyn düşenok. Aslynda, gazal diýlende Balkan welaýaty göz öňüňe gelýär. Sebäbi bu ýerde tutulýan toýlaryň hiç biri gazalsyz geçenok. Şeýle bolansoň, bu ýerde diňe bir gazalçylaryň däl, islendik adamyň ýüreginde gazallaryň ajaýyp heňi  ýaňlanýar. Başga işe gümra wagtymyz hem gazala hiňlenenimizi hem duýman galýarys. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan belent üstünlikleri, şan-şöhraty äleme dolan Watanymyzy joşguna ýugrulan bagtyýarlyk gazallarynda wasp edýäris.

— (Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde Döwletmämmet aga gazallardan birnäçesini ýerine ýetirip berdi:)

Dehistan başy minara,

Gözüm düşdi kenara,

Çar ýandan myhman gelýär,

Gözel Türkmenistana.

 

Bereketli topragym,

Egsilmez nebit-gazy,

Arkadagy wasp eder,

Gazallarmyň owazy.

 

Bagtyýar eýlediňiz,

Türkmenleriň ülkesin.

Adalatly Arkadag,

Alla sizi ýalkasyn!

Ýurdumyzda toýlanylýan tutumly toýlarda bäş welaýatyň birleşen folklor-etnografik tans toparlary bilen bilelikde ýerine ýetirilýän çykyşlarda gazallarymyz küştdepdiniň ajaýyp öwüşginli hereketleri bilen sazlaşýar. Gazallarymyzyň sazynyň milli saz gurallarymyzyň owazlary bilen utgaşmagy, halk döredijiligimiziň aýdym žanrlarynyň dürli görnüşleri bilen ýerine ýetirilmegi küştdepdiniň ruhuna millilik, döwrebaplyk berýär.

 — Estrada aýdymlaryňyzy haýsy şahyrlaryň goşgularyna işleýärsiňiz?

— Köplenç şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň, şeýle-de Seýidaly Babaýewiň, Çerkez Esenowyň mukaddes Watanymyzy, bagtyýarlyk döwrümizi, päk söýgini wasp edýän goşgularyna aýdymlary ýerine ýetirýärin.

 — Halypa-şägirtlik ýolunda ýaşlara berjek maslahatlaryňyz.

— Esasy aýdymyň özenini, halypalaryň ýerine ýetirişini diňlemeli, özüňçe aýdybermeli däl. Sebäbi halypalar ussatlyga ýetensoň, olaryň ýerine ýetirişini diňledigiňçe gaty köp zatlary öwrenýäň. Sungat adamsy hemişe gözlegde bolmaly. halypalary diňlemeli, olaryň gymmatly maslahatlaryndan netije çykarjak bolmaly. Hakyky halypa şägirdine ýalňyş zat maslahat bermeýär.

 — Döwlet aga, maşgalaňyzyň sungata söýgüsi nähili?

— Maşgalamyň aýdym-saza hormaty uly. Ýanýoldaşym Bahar, ogullarym Amanmämmet bilen Ýagşymämmet aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi. Uly oglum Amanmämmet mekdep döwründen bäri şygryýet bilen meşgullanýar. Goşgulary bilen häli-şindi metbugatda, teleýaýlymlarda çykyş edýär. Ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän şygryýet bäsleşiklerine gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeledi. Häzirki wagtda-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty hünärinde okaýar. Kiçi oglum Ýagşymämmet çagalykdan aýdym-saza höwesli boldy. Ol Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde bagşyçylyk ugrundan okaýar. Ýagşymämmet hem welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän konsertlerde sungat mekdebiň bagşylar toparynda çykyş edýär. Ol Türkmenistanyň halk artisti Mäne Garaýewiň ýolundan aýdýar. Umuman, maşgalamyz sungat maşgalasy bolansoň, öýde täze aýdymlaryň üstünde işleýän pursatlarymyz az bolanok.

 — Nurberdi halypanyň ýoluny dowam edýän bagşyçylyk sungatyňyzda özboluşly heňiňiz, joşgunly kalbyňyzdan çykýan hoş owazyňyza ýugrup ýerine ýetirýän bagtyýarlyk gazallaryňyz  aýdym-saz sungatynyň ýüreginde ebedilik orun alsyn.

— Sag boluň! Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli sungatynyň ebedilik mirasyna çäksiz sarpa goýýan, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň dünýäde dabaralanmagyna uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Nesip bolsa, geljekde-de milli aýdym-saz sungatymyzyň ösüşlerine aýdym-sazlarymyz bilen goşandymyzy goşarys. Gahryman Arkadagymyzy, bagtyýar halkymyzy ýetip gelýän baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Toýlar-toýlara ulaşsyn!

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Beýleki Söhbetdeşliklerimiz:

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda