SÖHBETDEŞLIK

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýän ynsanlar özboluşly aýratynlygy bilen il içinde tapawutlanyp durýar. Özüniň zehinini zähmetine siňdirýän sungat işgärleriniň döreden eserleri bolsa tomaşaça ruhy lezzet paýlap, medeniýetli dynç almagyny üpjün edýär. Teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň gyzyky we tomaşaça täsirli bolmagynda esasy orun şol gepleşigi alyp barýan alypbaryja düşýär.  Döredijilik, ugurtapyjylyk, çeper sözlülik, degişme äheňindäki ulanylýan sözler onuň esasy guraly bolup çykyş edýär. Özüniň ýaş hünärmen bolanyna garamazdan gepleşikleri alyp barmak, onuň gyzykly we özüne tomaşaçyny çekip bilmek mümkinçiligini gazanan «Türkmen owazy» teleýaýlymynda zähmet çekýän Guwanç Meläýew bu gün saýtymyzda myhmançylykda. Onuň beren gürrüňleri we zähmet ýolundaky ulanýan usullary hemmämize gyzykly bolsa gerek. Eger-de şeýle bolsa, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyzyň sahypalaryny yzarlap bilersiňiz.

Guwanç, ilki bilen saýtymyzyň çakylygyny kabul edip geleniňiz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys.

Guwanç, mümkin bolsa gürrüňdeşligimiziň başyny döredijilik ýolundaky ilkinji gadamlaryňyz dogrusynda başlaýsak.

Medeniýet sungat — bu meniň durmuşymyň bir parçasy. Çagalygymdan sungat ugurlaryna ýykgyn ederdim. Ilki bilen men orta mekdebi tamamlap, A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynda gysga möhletleýin okuw okadym. Ol ýerde teatr sungatynyň inçe syrlaryna, teatr sahnasynyň jadyly dünýäsine gadam basdym. Ol ýer meni üýtgeşik bir dünýäniň içine oklap, tebigy zehinimizi açmaklyga mümkinçilik berdi. Bu ýerde meniň ýaly birnäçe ýaşlar, deň-duşlarymyz okap bilim alýardylar. Olar bilen biz mugallymlaryň tabşyran işlerini biri-birimizden ökdelikde ýerine ýetirmek üçin sahna eserlerini bäsleşikli alyp barardyk. Soňra men ilkinji zähmet ýolumy Türkmenistanyň gurjak teatrynda başladym. Ol ýerde zähmet çekmek bolsa meni has-da kämilleşdirdi, ol ýerdäki halypalar bilen sahna eserlerini ýerine ýetirmek bolsa meniň üçin uly mekdepdi. Sungatdaky ýolum meni 2011-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak bagtyna miýesser etdi. Mähriban Arkadagymyzyň türkmenistanly ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi üçin döredip berýän ýene bir mümkinçiliginden peýdalanmak bagtyna eýe boldum. Ol ýerde men ýokary okuw mekdebiniň drama režissiory hünärinden ýokary bilim alyp, 2016-njy ýylda ýokary okuw jaýyny tamamladym. Okan döwrümde-de ýurdumyzdaky teatr sahnalarynda ýerine ýetirilen spektakllarda dürli keşpleri janlandyrdym.

Sungat näme?

Sungat — bu serhetsiz dünýä. Sungat ýokdan bar etmek. Şoň üçin bu giň manyly sözüň aňyrsynda zehin we başarnyk, irginsiz zähmet bar. Sungatyň şygary täzeçillikdir. Sungat adamsy bolmak üçin ynsan mydama gözlegde bolmaly. Şygyrýet dünýäsinde jadyly eserleri bilen tanalan, türkmen edebiýatynda mynasyp orun alan G.Ezizow şeýle diýýär:

Sungat diýmek näme?

Bilýärmisiňiz?

Bu sowala sada jogap bermeli.

Biz herimiz — özümiziň zergärmiz,

Mydam özümizi ýonup ýörmeli.

Bu setirler her birimiziň durmuş we döredijilik şygarymyz bolmaga mynasypdyr. Her bir ugurda, aýratynda medeniýet we sungat ugrunda zähmet çekýän ynsanlar kämillik ýolunda bolmalydyrlar. Bu ýol olary üstünlikli we abraýly menzillere elter.

Döredijilik ýolundaky halypalaryňyz.

Men medeniýet we sungat maşgalasyndan. Kakam Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew ýurdumyzdaky we daşary ýurtlara iş saparlary bilen gidip, birnäçe spektakllarda dürli keşpleri janlandyrdy we dünýä teatrlarynyň sahnalarynda bir aktýorlyk teatr sahnalary (mono spektakl) ýerine ýetirdi. Olardan: William Şekspiriň «Karol Lir», «Gamlet» atly dünýä belli drama eserlerini, «Mollanepes yşk mülküniň şasy» atly türkmen eserini aýtmak bolar. Ol häzir Türkmen döwlet medeniýet institutynda zähmet çekýär. Ýokarda belleýşim ýaly, orta mekdebi tamamlap, A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynda gysga möhletleýin okuwda okanymda ol ýerde teatr sahnasyna çykyp, keşp janlandyrmagy we sahna hereketleriniň inçeligini halypam Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedow öwretdi. Ýaşlygymdan sahna ussadynyň halypalyk etmegi bilen men teatr sungatyna has-da içkin aralaşdym. Onuň halypalyk eden döwründäki öwrenen zatlarym maňa häli-häzirlerem ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär.

Teatr sungaty we teleýaýlymlarda alypbaryjy bolmagyň aratapawudy.

Teatr sungaty örän gyzykly we köp zähmeti talap edýän ugur. Teatrda tomaşaçy bilen göni aragatnaşykda bolup, sahna görmäge gelen adamlaryň medeniýetli we lezzetli dynç almagyny gazanmak biz artistlere bagly. Haçanda sahna eseriň mazmun taýdan baý bolsa, ony ýerine ýetirýän artistler hem göwnejaý, duýgy bilen keşbine girip ýerine ýetirse, soňra bolsa tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp bolsa medeniýet we sungat işgärleri üçin şondan başga uly bagt ýok bolsa gerek.

Men zähmet ýolumy gurjak teatryndan başlanymy ýokarda hem belläp geçdim. Gurjak teatry bütinleý başga durmuş. Ol ýerde esasan çagalar bilen işlenilýär. Çagany ynandyrmak şol ýerdäki gurjaklaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Ol ýerde hereket we ses sazlaşykly ýerine ýetirilmeli. Gurjaklara görä sesli bolup, çagalaryň durmuşyna degişli esasanam ertikere salgylanyp oýunlar sahnalaşdyrylýar.

Teleýaýlymlarda alyp baryjy bolmak bu sungat dünýäsiniň içindäki başga bir gapy. Bu gapyny kakýanam özüň açýanam özüň soň ýapýanam özüň. Şol aralyklardaky wakalaryň gyzykly we täsirli bolmagyny gazanmak alyp baryjynyň paýyna düşýär. Teleýaýlymda alyp baryjy bolup ýörenime ýyllar bolsada, her gezek gepleşige başlanymda täze hyjuw, täze güýç bilen başlaýaryn.

Şowly çykan gepleşigiňiz.

«Bäsdeşler» atly gepleşik häzirki wagtda halk köpçüliginiň göwnünden turdy diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi şu gepleşik üçin birnäçe adamlar sagbolsun aýtdylar. Men bu gepleşigi 2018-nji ýylyň mart aýynda ýazgy edip başladym, ilkinji myhmanlarym aýdymçy Söhbet Kasymow we Ahmet Atajanow. Aýdymçylaryň arasynda bolýan bäsdeşlik çekeleşikli bolýar we gyzykly geçýär. Her gezekki gepleşikleriň idealaryny üýtgetmeklige we täzeçillik girizmäge çalyşýaryn. Bu gepleşigi men birnäçe ýyllar bäri gepleşigiň režissory, kebşirleýjisi bolan Orazmyrat Atamyradow bilen maslahatlaşyp bilelikde işleýärin. Gepleşigi ýazgy edip başlalym bäri Orazmyrat ähli ýardamlaryny menden aýaman kömek edýär we gepleşigiň şowly çykmagynyna uly goşant goşýar.

Döredijilikde kimler bilen işleşýärsiňiz?

«Ýekäniň çaňy çykmaz» diýilişi ýaly, döredijilikde maňa hemra bolýan birnäçe kärdeşlerim bar. Ýazgy etjek her bir gepleşigi olar bilen maslahatlaşyp, pikir alyşyp soň başlaýarys. Men olar bilen döredijilik ýolumda dostana gatnaşykda bolýaryn we sözümiň şu ýerinde olara köp sagbolsun aýdýaryn. Olardan maslahatlaşýan kärdeşlerim hökmünde Orazmyrat Atamyradowy, Öwez Öwezdurdyýewi, Röwşen Metdiýewi, ýaşlygyna garamazdan, zehinli gyzymyz Mähri Küläýewany we başgalary aýtmak bolar.

Ynsan döredijilikli zähmet çekmek üçin oňa wajyp zatlaryň biri-de maşgala agzybirligi, maşgala goldawy. Mümkin bolsa maşgalaňyz barada-da aýdaýsaňyz.

Maşgalam Dilşat Meläýewa, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda aktrisa bolup işleýär, gyzym Aýşat Meläýewa 6 ýaşynda, okuwçy. Maşgalam — durmuşdaky ähli barlygym, baýlygym. Käwagty işe wagt köpräk aýyryp, öýe gijiräk, ýadaw halda gelenimde gyzym Aýşadyň ýylgyryp öňümden çykanyny görenimde dünýä täzeden gelen ýaly bolýaryn. Onuň «kaka» diýip ýüzlenişi maňa dünýäni bagyş edýär.

Durmuşdaky ýakynlaryňyz.

Maşgalam.

Özüňizde üýtgedesiňiz gelýän häsiýet.

Käwagty ýaltalyk edýän häsiýetim bar, şony üýtgetmek isleýärin. «Bu günki işiňi ertä goýma» diýilýär, şu nakyly ýanhemram edinmäge çalyşýaryn.

Bagt näme?

Bagt — bu bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk. Esasy zat bolsa şonuň Sende barlygyny duýup we düşünip bilmeklik gerek. Janyň saglygy, Watana, ata-enä mynasyp perzent bolmak, maşgalaň abatlygy, mynasyp we lezzetli kärde zähmet çekmek, il-halkyň hyzmatynda durmak — bularyň ählisi zemin ýüzündäki iň gymmatly bagt.

Kino eserlerindäki keşpleriňiz.

Ilkinji kino eserini Türkmen döwlet medeniýet institutynda okaýarkam ýerine ýetirdim. Ol «Şadyýan Japbaklar» kinofilmi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň režissýorlygynda döredilen «Şadyýan Japbaklar» kinofilminde keşp janlandyrmak meniň kino älemine ilkinji ädimim boldy. Ol kinofilmi ýazgy etmek üçin biz birnäçe günläp Magtymguly etrabynyň dag eteginde bolduk, gyzykly we örän täsirli geçdi.

Mundan başgada Oguzhan adyndaky türkmen film birleşiginiň, «Aşgabat» teleýaýlymynyň, «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň döreden kinolarynda keşp janlandyrmak miýesser etdi. Sungatyň her ugry meniň durmuşymda bu ugurlardan kämilleşmegime we täsirli wakalaryň bolmagyna mümkinçilik berdi.

Men kinoda keşp janlandyrmakdan başga-da birnäçe filmleriň baş gahrymanlaryna ses hem berýärin. Aslynda kino düşürilýän döwürler şol filme gatnaşýanlaryň ählisi üçin gyzykly we täsirli wakalara baý bolýan döwürdir.

Döredijilikde syýahat eden ýurtlaryňyz.

Medeniýet we sungata bolan ädimlerim meni dünýä syýahat etmägede ýardam berdi. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň dünýä ýüzünde türkmen medeniýetini ýaýmaga we öz milli däp-dessurlarymyz bilen dünýä halklarynyň arasynda çykyş etmegine uly mümkinçilikler döredilýär. Maňa hem şeýle bagt miýesser edip, 2013-nji ýylda  Fransiýa ondan soňra bolsa Mongoliýa, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan, Özbekistan, Türkiýe, Hytaý, Hindistan ýaly döwletlerde  dürli baýramçylyklarymyz mynasybetli şol ýurtlarda bolduk we türkmen medeniýetini dünýä görkezdik. Her ýurda baranymyzda bizi ýerli halk örän gowy garşy aldylar we olaryň hem milli däp-dessurlary bilen tanyşmaklygymyza mümkinçilik boldy we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine itergi berdi.

Halaýan reňkleriňiz.

Aslynda men reňk saýlamok. Sebäbi her bir reňkiň öz ulanmaly ýeri, gelşigi bar. Köplenç ýöne goňur reňklere üns berýärin.

Sizi buýsandyrýan zat.

Asuda we parahat ýurduň raýatydyma, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biz ýaşlara döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, arzuwymdaky kärde zähmet çekýändigime, özboluşly dünýäni döredýän maşgalamyň maşgalabaşysydygyma buýsanýaryn.

Üstünligiň syry nämede?

Mekdepde kiçi synplarda okaýarkam okuw sapagynda mugallymymyz bize  çöregiň bala öwrülişi diýen tymsaly okap manysyny düşündirip beripdi. Biz ol wagtlar kiçi bolansoň göni manyda kabul ederdik. Halkymyzyň şeýlebir ajaýyp, maňzyny durmuş parçaňa öwrürip, ýol-ýörelge edip ulanmaga mynasyp jümleleri bar. Ýadyňyzda bolsa çöregiň bala öwrülişi diýen tymsalda ogly kakasyna: «Kaka biz çöregiň ýany bilen bal almany ýatdan çykarypdyrys» diýeninde, kakasy — çörek bala öwrülýänçä işläber oglum — diýip jogap berýär. Oglanjyk işläp ýadaw halda çöregi iýende bolsa ol asla baly küýsetmändir. Bu tymsalda diýiljek bolýan zat islendik işiň zähmet bilen utgaşykly bolmagy, Seni üstünlige sary alyp gidýär. Alyn deriň bilen gazanan üstünligiň bolsa, gadyr gymmaty bam-başga bolýar, onuň lezzeti we miwesi datly bolýar. Şeýle ädimler bilen ýeten üstünligiň bolsa hakyky üstünlik bolýar.

Üstünlik — bu saýlan ýoluňda ýalňyşmazlygyň, eger-de şeýle bolaýanda-da oňa akylly-başly çözgüt tapmagyň gerek. Döredijilikli her bir işde zähmet çekýän, okaýan adamyň ömür ýoly dürli synaglardan doly bolýar. Mekdep partasynda otyrkak mugallym ilki öwredenden soň synag alynýar. Durmuşda bolsa ilki synalyp, şol synaglaryň netijesinde bolsa ýaşamagy öwrenýär.

Durmuşdaky we döredijilikdäki üstünligi gazanmak o diýen kyn bolman biler, ýöne ony abraý bilen ýyllara çenli uzaltmak bolsa ony gazananyň öz elinde.

Üstünligiň syryny netijeli ulanan ynsan nähilli bolmaly? 

Öz ugrumyz bolan medeniýet we sungat ugurlaryny özlerine ömürlik hemra edinen ynsanlar özlerinde pespällik, adamkärçilik, kiçigöwünlilik, bilesigelijilik ýaly häsiýetleri özlerinde jemlemeli. Olaryň halk arasynda abraýy şol häsiýetler arkaly belende galýar. Men çagalygymdan mamam Maral Agaýewanyň ýanynda köp bolardym, ol hem medeniýet işgäri bolansoň maňa bu ugurda köp zatlary öwrederdi. Ol — medeniýet sungat işgärleri köpüň adamsy, şonuň üçin bu ugry saýlajakmy ilki bilen adamkärçilikli we pespäl bolmalydyr. Bu häsiýetler ähli ynsanda-da  bolmaly has-da sungat adamlaryna mahsusdyr — diýip nygtardy.

Awtordan: Bu häsiýetler barada aýdanymda Guwanç Meläýewe bu jümlelerden netije çykaran ynsan hökmünde garaýaryn. Çünki ol bilen ilkinji gezek saýtymyz üçin söhbetdeş bolmagyny soranymda telefon jaňymy alan badyna  ozaldan tanyş ýaly, pespällik bilen salamlaşyp, saglyk amanlyk soraşyp, begençli jogap berdi. Hakykatdan-da ynsanda bu häsiýetleriň kemala gelmegi, onuň edep-terbiýesiniň beýikliginden habar berýär we ol ynsanyň şu derejä ýetmeginde goşandy bolan ynsanlara sagbolsun aýdasyň gelýär.

Döredijilik ýolundaky maksatlaryňyz.

Maksatsyz ýol garaňkydyr, ýagty bolmagyny gazanmak üçin bolsa her bir ynsan öňünde maksat goýup şoňa sary ymtylmagy we ol ýollardaky aňsat we kyn ýollary akylly-başly çözmegi başarmalydyr. Ýagty geljek her birimiziň maksadaokgunlylygymyzdan emele gelýär.

Geljekdäki maksadym, öz saýlan hünär ugrumdan has-da kämilleşmek we teleýaýlymlarda halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrjak gepleşikleri taýýarlap, ýaýlyma göýbermekden ybarat.

Guwanç, saýtymyza gelip, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň, eziz halkymyzyň  ynamyny ödäp, mynasyp nesil bolmagyňyzy, döredijilikli ýoluňyzda üstünlikleriň we maşgalaňyza mydama bagtyň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Sagboluň.

Söhbetdeş bolan: Şaperi Otuzowa

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Okap bilersiňiz  Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda