SÖHBETDEŞLIK

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt bilen sen misli zeminiň Şagyzyna öwrülýärsiň. Bu Şalyk bolsa, arzuwyňdaky menzillere tarap ýola düşeňde amala aşýar. Şeýle duýgulara ýolbelet bolan ýaş estarada aýdymçy, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Gülälek Gulmyradowa bilen söhbetdeş bolduk we bu gürrüňleri «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  üsti bilen okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Gülälek ilki bilen sungat älemine gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz.

Meniň sungat adamsy bolmagym çagalykdan döredi. Has-da ejem meniň aýdymçy bolmagymy isledi. Çünki ejemiň aýdyp bermegine görä heniz   3-4 ýaşlarymda wagtym telewizorda aýdym aýtsalar şolara goşulyp hiňlenýän ekenim, özem tondan çykmany aýdymçynyň yzyndan gaýtalap bilipdirin. Ejem muny kän gezekler synap, öz ýanyndan meni aýdymçy edip ýetişdirmegi ýüregine düwüpdir. Çagalar bagyna gatnaýarkamam ol ýerde geçirilýän baýramçylyklarda öz ýaşyma niýetlenen aýdymlar bilen çykyş edýärdim. Şol döwürde bolsa ejem meni çagalar baglarynyň arasynda geçirilýän «Bilgirje» atly bäsleşige taýýarlady we ol bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji boldum. Şol wagt men 6 ýaşymda ekenim. Bu bolsa meniň sahna durmuşyna ilkinji ädimlerim  boldy. Şol bäsleşikde men ilkinji aýdymymy ýagny kompozitor Şamyrat Atabaýewiň sazyna we sözüne döredilen «Men bir guş» atly aýdym bilen çykyş etdim.

Gülälek siziň aýdym –saz äleminde şowly çykan aýdymyňyz we ýaş bolmagyňyza garamazdan birnäçe baýraklaryň eýesi bolupsyňyz, ýatda galan pursatlaryňyz barada ildeşlerimizede gürrüň beräýseňiz.

Üstünlik getiren aýdymym Rejep Agaýewiň sazyna, Amangeldi Nurgeldiýewiň sözlerine «Söý meni» aýdymym. Özüme ýakyn görýän aýdymym bolsa «Sada duýgy». Şu ýerde bir wakany ýatlap geçesim gelýär: 2012-nji ýylda men Daşoguz welaýatynyň adyndan her ýyl geçirilýän  «Ýaňlan Diýarym» bäsleşigine gatnaşdym. Şol bäsleşikde men ýeňiş gazanyp bilmedim, ýöne men ruhdan düşmedim, gaýta bu ahwal meni has-da maksadaokgunlylygymy artdyrdy, hiç wagt aýdym-sazdan daşlaşmadym, aýdymlarym meň durmuşymyň manysydy. Bu pikir meni geljek ýollarymdaky üstünliklerime badalga boldy. Şondan soň maňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ykbal öwrümleri meni aýdym älemindäki jadyly ojaga gadam basdyrdy.

«Merjen däneleri» bäsleşiginiň, «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragynyň, «Garpamyk 2010», «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşikleriniň ýeňijisi boldum.

 

Sungatda nämeden ylham alýarsyňyz we kimler bilen işleşýärsiňiz?

Sungatda esasan söýgi temasyna üns berýärin we bu duýgy esasynda-da ylham alyp, täze eserlerimi döredýärin. Esasan manyly goşgyny okasam şol esasynda kompazitorlar bilen maslahatlaşýaryn. Mundan başga-da men milli aýdymlarymyz bolan halk aýdymlary aýtmagy hem gowy görýärin. «Zöhre – Tahyr» dessanyndan «Gideýin» diýen halk aýdymy teleýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirdim. Geljekde hem şu aýdymy «Türkmen owazy»  teleýaýlymynyň üsti bilen şekile geçirmegi meýilleşdirýäris.

Men Begenç Hojaýew, Babamyrat Babaýew, Rejep Agaýew ýaly kompazitorlar, Oguljahan Orazgylyjowa, Kerim Hallyýew, Amangeldi Nurgeldiýew, Annameret Gurbanow ýaly şahyrlar bilen yzygider işleşýärin.

Durmuşda nämeden lezzet alýarsyňyz, hobbiňiz näme?

Durmuşda men jigilerim bilen gezelenç etmegi halaýan. Köplenç Berkarar söwda merkezine, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkezine, mylaýym howada bolsa tebigata gezelenç etmekden lezzet alýaryn. Hobbim köplenç milli äheňdäki döwrebap aýdymlary diňlemegi, daşary ýurt dillerini öwrenmegi, surat çekmegi, döwrebap egin-eşiklere syn etmegi, filmleri görmegi, dünýä täzelikleri bilen tanyşmagy gowy görýärin. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgam geçmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar, bu bolsa eýýäm biz ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimimizi almaga, hünärimiz boýunça kämilleşmegimize uly mümkinçilik berýär. Şol mynasybetli-de, ähli ugurlarda dünýäde bolup geçýän wakalardan, täze önümlerden habarly bolup, islendik harytlar bilen gyzyklanmagymyza mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da öý haýwanlaryny gowy görýän, Sirius atly pişigim bar oňa seredýän, surata düşmegi we kompýuter bezeglerini etmegi gowy görýärin.

Gülälek siz diňe bir aýdymçy däl, eýsem birnäçe türkmen filmlerinde hem keşpleri ýerine ýetirdiňiz. Mümkin bolsa okyjylaryň ünsüni şular dogrusyndaky gürrüňlerde çekäýeli.

Elbetde medeniýet sunagat adamsy bolmak örän gyzykly durmuş. Çünki sen hiç bir ýerde duraňok. Täzeçillik biziň işimiziň  özeni. Çünki  täze eserler döremese halk şol adamdan ýadaýar. Medeniýet sungat adamsynyň beýgelmegem, peselmegem tomaşaçynyň ygtyýarynda. Sebäbi her bir aýdymçy bolsun, isle artist, sazanda tapawudy ýok, adamlaryň lezzet almagyny gazanyp bilseň, eden işiň ýa-da döreden eseriň, keşbiň halkyň göwnünden tursa zähmetiň ýerine düşdigi bolýar. Maňa hem kinoda keşp ýetirmegi ynanlarynda ilki bada ýaýdandym. Sebäbi aýdymçy durmuşymdan aktrisa durmuşyna geçmeli. Ilkiler oýlanyşdym, maňa ynanylan wezipäni ýerine ýetirip bilerinmi, halkyň söýgüsini gazanyp bilerinmi diýen sorag meni erkime goýmady. Ýöne sagbolsunlar düşüriljek kinonyň guramaçy işgärleri maňa ýakyndan ýardam etdiler. Esasanam kino sungatynda maňa režissior Rustam Mammedow keşbi janlandyrmakda, onuň inçe syrlaryna aralaşmakda ýakyndan ýardam etdi.

2013-2014-nji ýyllarda «Seniň yşgyňda», 2014-nji ýylyň mart aýynda «Seň bilen», 2019-2020-nji ýyllarda «Mähribanlar» kinosynda keşpleri ýerine ýetirdim. Kinolaryň ählisinde Gülälek, ýagny öz adym bilen çykyş etdim.

Kino sungaty gaty gyzykly, her bolup geçýän waka ýatdan çykmajak ýatlamalara baý pursatlar bilen aňyňda galýar. Aýdym aýdanyňda ýeke özüň aýdym aýdyp, 3-4 minudyň dowamynda sahnadan çykyp bolýar, ýöne kino sungaty örän gyzykly dostlukly meýdança eken. Bu ýerde ýerine ýetirýän keşbiň bilen bile töwrekdäkiler bilen gatnaşygyň hem dostlukly bolmaly bolýar eken. Ilki filmde oýnamak maňa kyn düşdi, dogrusy keşbe girmek, ony janlandyrmak, ses bermek onuň hersi bir sungat. Ýöne wagtyň geçmegi bilen kämilleşýän ekeniň.

Gülälek mümkin bolsa kino sungatyndaky pursatlaryňyzdan ýatlap geçsek.

Kino başlamagyň özi dürli gyzykly pursatlara baý boldy. Her ýazgy günüm bir üýtgeşik waka bilen öýe gaýdýardym. Şu ýerde bir wakany gürrüň bereýin. Birinji film ýagny «Seniň yşgyňda» atly kino düşenimde aglamaly ýerinde hiç aglap bilemok. Diňe gülesim gelýär, hemmelerem maňa seredýän ýaly. Kino goýujylar meni aglatmak üçin ýanymda soganam dogradylar, olam täsir etmedi. Şonda düşündim aktrisa bolmagyň kyndygyny, ýöne adam onda-da sunagat adamsy işiň kynçylygyny boýun almaly däl. Kynçylyk bilen geçilen ýol, barylan menzil dürs we arassa bolýar. Ynsan yzygider hereketleriň gaýtalanmagy netijesinde  kämilleşýär, belent netije görkezýär. Egerde menden aýdymçylyk kynmy ýa-da aktrisa bolmak kynmy diýseler aktrisa diýip jogap bererdim.

Gülälek ýaş aýdymçy, gyz kalbyň bilen durmuşda söýgi meselesine garaýşyňyz. Deň-duşlaryňa şu temada berjek maslahatlaryňyz.

Söýgi bu Hak tarapyndan ynsana peşgeş edilen iň gymmatly we arassa duýgy.Ýokarda belleýşim ýaly meniň şowly çykan aýdymlarymyň biri «Sada söýgi» aýdymy. Şu aýdymymda aýdyşym ýaly, söýgi sada we hakyky bolanda ol ynsana gözellik bagş edip bilýär. Haçanda ynsan çyn kalbyndan söýgi duýgusyny başdan geçirse ol garşylyga garaşmaýar. Ol duýgy onuň kalbynda mydama baky ýaşaýar we geljek üçin ynsana ruhy güýç berýär, ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýar. Şonuň üçin deň-duşlaryma maslahatym islendik zada söýgi bilen garanyňyzda garşylygyna garaşmazdan şol duýgyny özüňizde ýaşadyň, ana şonda ol duýgy sadalygyna we hakykylygyna galýar.

Gülälek size soňky sorag, söhbetdeşligimiziň netijesini alanymyzda siziň durmuşyňyzda aýdymçylyk ýoluňyzda mähriban Käbäňiziň orny örän uly bolupdyr. Şeýleräk sowal, ejeňize sowgat saýlanyňyzda ilki bilen nämelere  üns bererdiňiz, nähilli sowgat alardyňyz?

Mähriban Käbä deňelýän ejelerimiz hemmämiz üçin mukaddes Ynsan. Dogrusy meň durmuşymdaky özgerişliklere, ýeten sepgitlerime, sungatdaky ajaýyp günlerimiň ählisiniň başlangyjy ejemjandan gaýtdy. Men aslynda bu zähmetlerden soň Käbäme näme bersemem az. Ýöne men ejeme ullakan çemen gül bererdim. Ejemiň ady Mähri bolansoň mähirlije güllerden ýasalan çemen berip begendirerdim.

Gülälek sagboluň ajaýyp we täsirli söhbetdeşlik  üçin. Bizem size «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň döredijilik toparynyň adyndan ullakan minnetdarlygymyzy bildirýäris. Geljek ýyllarda-da aýdym-saz äleminde, durmuş ýoluňyzda batly gadamlar we mizemez bagt arzuw edýäris.

 Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

Gülälek Gulmyradowa.

Şahsy maglumatlary:

Gülälek Gulmyradowa Myradowna.

1995-nji ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabat şäherinde dogulan.

Kakasy ― Myrat, Ejesi ― Mähri. Iki jigisi bar,  Kümüş we Nurgeldi.

2012-2017-nji ýyllarada Türkmen döwlet medeniýet institutynda okan.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy bolup işleýär.

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

Gyzykly bolup biler!

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda