Her käriň özüniň hünär baýramçylygynyň aýratyn bellenilýän güni bolup, adalatlygyň höküm sürmeginde adamlaryň arasynda ýüze çykýan meseleleri kanuny taýdan düzgünleşdirýän hukukçylaryň güni Russiýada 3-nji dekabrda giňden bellenilip geçirilýär.
Bu baýram Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky “Hukukçy gününiň döredilmegi barada” karary bilen döredildi. Ondan öň Russiýada hukukçylar üçin umumy dynç alyş ýokdy. Diňe käbir kategoriýaly hukukçylar üçin dynç alyşlar bardy.
Käbir maglumatlara görä, öň 20-nji noýabr hasaplanýardy soňra 3-nji dekabr baýramçylygyň senesi hökmünde saýlanýar. 1864-nji ýylda Russiýada kazyýet reformalarynyň esasyna öwrülen birnäçe kazyýet düzgünleri we beýleki kanunçylyk kadalary kabul edilýär we 1917-nji ýyla çenli hut şu gün rus hukukçylary hünär baýramçylygy hasapladylar. Bu sene, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky 130-njy belgili “Hukukçy gününiň döredilmegi barada” karary bilen bellendi we Sankt-Peterburgyň 2005-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky 555-78 belgili “Sankt-Peterburgda dynç alyş we ýatdan çykmajak seneler” maddasynda gaýtalandy.
2009-njy ýyldan ilkinji gezek hünär ugrunda üstünlik gazananlara, Hukukçylar güni mynasybetli, Russiýanyň “Ýylyň hukukçysy” diýen iň ýokary hukuk baýragy gowşuryldy.
Han Hojagulyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy