SIZDEN GELENLER

Garaşsyz Diýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze 2021-nji ýylda mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan eziz Diýarymyz günsaýyn ösüşlere beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda zähmetsöýer, agzybir halkymyz Türkmenistanyň asudalygynyň baýramy bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny garşylamaga taýýarlyk görýär.

Garaşsyzlyk mukaddes düşünjedir. Ol häzirki zaman dünýä syýasatyny parahatçylyga, halklaryň dost-doganlykly, ynsanperwer gatnaşygyna alyp barýan ýeke-täk ýol bolup durýandygy bilen tapawutlanýar. Ol özüniň giňişliginde dost-doganlykly, ylalaşdyryjylyk, parahatsöýüjilik mazmuny bilen biziň kalbymyzy şatlyga, buýsanja öwürýän baýramdyr. Bu şanly sene Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň mynasyp ykrarnamasy bolup ör-boýuna galýar.

Erkinlikde aýgytly gadamlar bilen tanalan ýurdumyz dünýä syýasatyna goşulyşmagyň barşynda aýratyn hukuk esaslaryna  eýe boldy. Ol 1991-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň döredilen hem-de ykrar edilen beýik taryhy senesidir. Indi bu sene ýurdumyzda baş baýramlaryň biri hökmünde her ýylda dabaraly bellenilip geçilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurtda, sebitde we dünýäde alyp barýan parahatçylygy we abadançylygy dörediji beýik işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolup, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki işjeňligi we diplomatik wekilçiligi ýylsaýyn giňeýär. Häzirki wagtda döwletimiz 149 sany ýurt bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyna otuz ýyl dolýar. Çärýek asyrlyk döwürde Türkmenistan agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, watansöýüjilik buýsanjyny, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini dabaralandyryp, dünýäniň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, halklaryň deňhukukly hyzmatdaşlygyny ösdürmek has-da ýaýbaňlandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu bolsa halkara derejelerinde geçirilýän syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine gönükdirmek boýunça tutumly işleri durmuşa geçirmekde esasdyr.

Bakydurdy GARAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi