SIZDEN GELENLER

      10-njy dekabr – Adam hukuklarynyň  halkara güni

       Adam hukuklary baradaky mesele halkara hukugynda garalýan iň wajyp meseleleriň biridir. Adam hukuklary bu her bir adamyň jemgyýetde erkin, rahat we abadan ýaşamagy we durmuş gurmagy, jemgyýet we döwlet işlerine işeňňir gatnaşmaklary üçin zerur bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň jemidir.

Halkara giňişliginde her ýylyň 10-njy dekabry Adam hukuklarynyň halkara güni hökmünde bellenilip geçilýär. Onuň taryhy 1948-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Adam hukuklary hakyndaky  ählumumy jarnamasynyň  kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary hakyndaky ilkinji resminama 30 maddadan ybarat bolup onda, esasy hukuk çeşmesi hökmünde adam hukuklary, azatlyklary hakynda giňişleýin bellenilip geçilendir. Adam hukuklary hakyndaky  ählumumy jarnamasy bütin dünýäde iň köp 500-den gowrak dilde terjime edilen resminama bolup, ol  dünýä jemgyýetçiligi hem-de her bir adam üçin örän möhüm hukuk resminamasydyr.

Adam hukuklarynyň berjaý edilmegi boýunça  ara alnyp maslahatlaşylýan halkara derejedäki konwensiýalar ýaly birnäçe resmi çäreler BMG-niň wekilleri we şertnama gol çeken ýurtlar tarapyndan gurnalýar. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň şekillendirilen neşiri, Eliks keşbini döreden suratkeş Ýasina Aita Kasiniň we  BMG-niň  Sebit Maglumat Merkezi hem-de BMG-niň   Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissiýasynyň Ýewropa Sebit bölümi tarapyndan bilelikdäki taslamanyň çäginde taýýarlandy we işlenip düzüldi.

Bu halkara güni bilen baglanyşykly,  Russiýa Federasiýasynda dürli resmi we resmi däl çäreleri geçirilýär. 2001-nji ýylda Andreý Saharow adyndaky “Žurnalistika üçin hereket hökmünde” atly baýragy döredilýär. Bu baýrak rus žurnalistlerine 10-njy dekabrda  Adam hukuklarynyň halkara gününde gowşurylýar.

         Şahnoza Eminowa,

                                        Türkmenistanyň Daşary işler   ministrliginiň

                                        Halkara gatnaşyklary   institutynyň Halkara

                                        hukugy fakultetiniň talyby

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi