Dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp, ýiti ýokanç keselleriň Türkmenistanyň çägine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin alnyp barylýan işleri güýçlendirmek maksady bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän adamlar üçin karantin möhletini 14 günden 21 güne çenli artdyrmak kararyna gelindi. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanda “COVID-19” wakasy hasaba alynmady. Şol bir wagtyň özünde, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin ýurtda agyz-burun örtügini dakynmak hem-de beýleki çäklendirmeler girizildi.
Türkmenistanyň Hökümet dünýäde we sebitde emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny tapgyrma-tapgyr ýurdumyza getirdi we bu işler dowam edýär.
Türkmenistanyň raýatlary Türkiýede, Russiýadan, Hindistandan, Belarusdan, goňşy ýurtlar – Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan geçirildi. Käbir ýurtlarda uçar arkaly getirilen bolsa, käbir ýurtlarda parom arkaly, golaý goňşy ýurtlardan döwletimiziň serhetlerindäki gözegçilik-geçiriş nokatlaryndan geçmegine mümkinçilik döredildi.
Daşary ýurtlardan getirilýän raýatlarymyz ozal 14 günlük karantin çärelerine tabyn tutuldylar.
Okap bilersiňiz!
Söwda we jemgyýetçilik iýmit merkezleriniň çäklendirme möhleti
Halkara uçar gatnawlary boýunça täze möhlet
Türkmenistan otly we şäherara awtobus gatnawynda täze möhlet
Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi
Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!
Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa
Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda
Gyzykly bolup biler!
“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar
Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.