SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

6-12 Aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek kadalary

Çaganyň 6 aýy dolandan soň, ol has köpräk hereketler edip başlaýar. Oňa witaminler we minerallar öňküsinden köp gerek bolýar. Bu ýaşlarda diňe suwuk iýmit ýeterlikli bolmaýar. Oňa has goýurak iýmitleri — goşmaça naharlary berip başlamaly döwri gelýär. Ony çaganyň bedenine agram salmasyz ýagdaýda alyp barmaklyk wajypdyr. Adatça goşmaça naharlar süytli ýarmalardan ýa-da gök önümlerden taýýarlanan pýurelerden berilip başlanýar diýlip  Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky edarasynyň resmi Instagram hasabynda (@unicef_turkmenistan)  aýdylýar.

Goşmaça naharlar berilende aşakdaky düzgünleri berjaý etmeli:

  • nahary kem-kemden berip başlamaly (çaý çemçeden berip başlamaly we çaganyň ýagdaýyna görä mukdaryny köpeltmeli);
  • nahar goýy bolmaly (taýýar bolan nahara çemçe haýallyk bilen çümer ýaly goýulykda bolmaly (miwe pýuresi görnüşinde));
  • ýeterlik mukdarda bolmaly (10-15 nahar çemçe);
  • ýeterlik ýygylykda berilmeli (şu ýaşdaky çagalar günüň dowamynda 3 gezek goşmaça nahar almaly).

IÝMITLENDIRMEGIŇ IŇ OŇAT DÜZGÜNI: GÖWÜSDEN EMDIRMEGI DOWAM ETDIRIŇ!

Çaga göwüsden emdirilýän bolsa günüň dowamynda 3 gezek goşmaça nahar bermeli, eger-de göwüsden emdirilmeýän bolsa, onda günüň dowamynda 5 gezek goşmaça nahar bermeli.

BERILÝÄN MASLAHATLAR:

  • Öz wagtynda goşmaça naharlar berip başlanmaly!
  • lýmitlendirmegiň ýygylygyny maslahat berilýän sanyna barynça kem-kemden köpeltmeli! Maslahat berilýän mukdaryny alýança, çagany her gezek naharlanda bir çemçe iýmiti goşmaça bermeli.
  • Çaý bermäň! Suwuklyk hökmünde ene süýdüni, adaty suw ýa-da miwe suwuny ýa-da şiresini ulanmaly.

 

Bulary hem okaň!

Ene süýdi :0-6 aýlyk döwürde çagany iýmitlendirmek

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy