СОБЫТИЯ

Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar

Üýşmeleň bolsun, toý bolsun hemişe uly ýaşly adamlaryň berýän gyzykly gürrüňlerini diňlemek has-da ýakymly. Şol gün hem şeýle boldy. Toýa gatnaşýan ak saçly enelerimiz bilen gürrüňlerimiz gyzyşdy. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň maşgala terbiýesi, edep-ekramy barada gürrüň edildi…

Türkmen maşgalasynda gelin-gyz terbiýesine örän uly üns berilýär. Onuň oturup-turşundan başlap, her bir işi ýerine ýetirişine inçelik bilen çemeleşilýär. Hususan hem ene-mamalarymyz gelin-gyzyň öz köýneklerini özüniň tikip bilmelidigini, ýaka tikip başarmalydygyny, haly dokamalydygyny ündäpdirler. Ene-mamalarymyz mamla…Sebäbi bu el işleriniň ählisi diňe bir ajaýyp sungat eseriniň kemala gelmegine ýardam bermän, eýsem gelin-gyzyň terbiýesine, sabyrlylygyna, gözellige bolan garaýşyna täsir edýär. Tikin-çatyndan başy çykýan gelin-gyzyň haty hem köpçülikden tapawutlanýar. Özümde hem synap gördüm…hünji ýaly ýazuw gözelligiň mysaly hökmünde göze ilýär.

Ýöne döwür üýtgeýär, heňňamlar geçýär. Bu günki gün töweregimizdäki ähli zatlar kämilleşýär, döwrebaplaşýar. Bu öňegidişlikler adamyň wagtyny tygşytlaýar, işiňi ýeňilleşdirýär. Diýmek adamyň öz-özüni has-da kämilleşdirmegi we özüne wagt aýyrmagy üçin mümkinçilikler peýda bolýar. Gelin-gyzlar babatda hem şeýle… Bu günki gün gözüňi dokundyrýan reňkler bilen bezelen  halylary haly stanoklary dokaýar, köýnekleri tikin maşynlar tikýär, biri-birinden owadan ýakalary kompýuterde gurnadyňmy, hana saňa islegiňe görä ýaka…Muňa garamazdan elde tikilýän ýakalaryň gözelligi bir başgadyr…Onuň gözelligi aýry…Gepiň tümmek ýeri häzirki wagtda gelin-gyzlar milliligini saklap, olara döwrebap öwüşgin çaýdylar. Bu bolsa türkmen gelin-gyzlarynyň ajaýyp aýratynlygydyr.

Häzirki wagtda gelin-gyzlaryň ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynda diýen ýaly okamaga mümkinçilikleri bar. Olar öz hünärini ele alyp, işlerinde uly üstünlikleri gazanýarlar. Öz ykbalyny ylym-bilime baglan ýaşlarymyz az däl. Şu ýerde durmuşda gabat gelip bilaýjek kiçiräk durmuş pursatyny siz bilen paýlaşmak isleýärin…

Biz Hazaryň kenarynda ýaşaýardyk. Ene-atamyň körpeleridim. Öýde meniň bir sözümi ýere gaçyrmazdylar. Şeýdip lälik ösdürdiler. Kitaby söýerdim, dürli öwrediji kurslara gatnardym, şeýlelikde ejem maňa biş-düş etmegi öwretmedi…Hamana hemişe göz alnynda bolaýjak ýaly, menden talabam edilmezdi.

Lälik terbiýäm durmuşda birnäçe kynçylyklary döretdi. Biş-düş edip görmedik halyma, gelen öýümde-de gaýynenemiň ynjyk bolmagy meni birbada aljyratdy. Indi näme etmeli? Boýun alsam-da, almasam-da biş-düş etmek, hamyr ýugrup, çörek bişirmek bu öýde meniň borjum.

Aşhana girip birlaý göz gezdirdim. Gap-gaçlar, gazan-tagan, hojalyga gerek bolan ähli zatlar bardy. Bu zatlara seredip oýa batyp durşuma, gapydan gaýynenem geldi. Görsem-baksam öýe märeke ýygnanjakmyş, gaýynenem hem olara çakylyga gidip geljek eken. «Gelin men häzir gelerin. Gutap bişirmäge başlaý. Et bilen kädini garyp edeli. Hurşunam taýýarlaý» diýdi-de gidiberdi.

Meniň ýaýdanýan zadym – indi nähili hamyr etmeli, nähili gutap bişirmeli? Ine saňa gerek bolsa «biriniň körpe gyzy» diýip, ejem ýaly bu ýerde kim meniň ýüzümi sypajak, şeýle et, beýle et diýip, indi maňa kim öwretjek?

Şeýlelik bilen aljyraňly halyma telefon arkaly ejemden hamyr edilşini, gutap bişirilişini öwrendim. Az wagtym bardy. Aljyrap oturşyma şeýle bir çalasynlylyk we isleg bilen gutaby bişiripdirin welin, göräýmäge gaty kynam däl eken diýip ýere çökdüm. Ýalyklarymam gyşaryp gidendir-dä, gaýynym gapydan girenini eşitdim. «Gelin, gel men saňa kömek edeýin, görýän weli ýadapdyrsyň» —diýdi-de ýylgyrdy. Menem üm bilen gaýyneneme gutaby taýýar edendigimi edeplilik bilen aýtdym. «Haý, tüweleme, gelin jan, juda süýji bişipdir» — diýdi-de elini ýuwup, bir käse çaý bilen iýmäge oturdy. Men hem «Gaýynenem meniň göwnüme degmejek bolup, iýýärmikä ýa-da hakykatdan hem süýji boldumyka, aljyrap oturşyma dadybam görmändirin» diýip içimi gepletdim…Bir görsem okuwdan Atajan gelipdir. Ajygyp gelşine, ol hem gutapdan datdy-da iýmäge oturdy. Diýmek gaýynenem göwnüm üçin däl-de hakykatdan hem işdä bilen iýipdir. Men şu durmuş pursatymdan şeýleräk netije çykardym: Islendik işe söýgi bilen ýapyşsaň, netijesi hem islegiňe görä bolýar…

Ýene-de okaň

Слово Года: Выиграйте 1000 манатов с Makul Sözlük

Начался прием заявок на участие в фестивале teknofest в турецкой республике северного кипра (трск)

Актуальные темы встречи Министра образования Туркменистана с главой представительства ЮНИСЕФ

Откройте для себя анталью, следуя по стопам санта-клауса

Ata Watan Eserleri

ООН Признала деревню ормана в анталье одним из лучших туристических направлений

Ашхабад инициирует создание формата «Центральная Азия + АCEAH»