СОБЫТИЯ

Ata Watan Eserleri Bäsleşigi: Türkmenistanlylar Raýdaşlyk Jemgyýeti

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä ýeňijiler kesgitlendi.

Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edipdi.

Bäsleşik Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde  geçirildi.

Bäsleşikde birinji orny eýelän eseriň awtoryna 2000 Türk lirasy, ikinji orny eýelän esere 1500 Türk lirasy we üçünji orny eýelän eseriň awtoryna bolsa 1000 Türk lirasy pul baýraklary gowşurylar.

Ähli ýeňijileriň özleriniň bank hasaplaryny atavatanltd@gmail.com salgysyna ibermegiňini haýyş edýäris. Pandemi şertlerinde pul baýraklary awtorlaryň gönüden göni öz atlaryna açylan Türkiýäniň çäklerindäki bank hasaplaşyk hasaplaryna Türk lirasynda geçiriler.

Baş Baýrak :

Bäsleşikde birinji orny Bülent Ejewit adyndaky uniwersitetiň talyby  Gurbangeldi Magtymow eýeledi,

Kitap okamak – gymmatly hazyna, Makalanyň  Facebook link, Makalanyň Instagram linki 

Ýeňijä 2000 Türk lirasy pul baýragy berilýär.

Ikinji orun :

Mahym Rahadova, Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak zaman yolculuğu yapmaktır, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň  Instagram  linki

Ýeňijä 1500 Türk lirasy möçberinde baýrak beriler.

Üçünji orun :

Nuray Garabayeva, Ankara Üniversitesi öğrencisi, Kitap içerisinde yeni dünyalar taşır, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň  Instagram  linki

Ýeňijä 1000 Türk lirasy pul baýragy garaşýar

 

Beýleki pul baýraklary

Ýaryşyň şertlerine görä, 4-15 orunlary eýelän eserleriň awtorlarynyň her birine 500 Türk lirasy pul baýragy beriler.

Dördünji orun :

Kerim Annaýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – akyl-paýhasyň gönezligi, Makalanyň Facebook linki,  Makalanyň Instagram linki

Bäşinji orun :

Kerwen Rozyýew,  Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Dünyadaki en büyük satıcı, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki

Altynjy orun :

Amanbibi Sarıyeva, Ankara Hacı Bayram Veli Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın Faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki

Ýedinji orun :

Aydana Abdusalamova, İstanbul Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın FaydalarıFacebook linkiInstagram linki

Sekizinji orun :

Zeýnep Geldimyradowa, Seljuk uniwersitetiniň talyby, Kitap adamyň durmuşyny bezeýän serişde, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki

Dokuzynjy orun :

Dilnäz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki

Onunjy orun :

Magtym Jorayev, Ondokuz Mayıs Üniversitesi öğrencisi, Okumak gelişimin anahtarıdır, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,

On birinji orun :

Geldimyrat Ataýew, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy…,  Makalanyň  Facebook link, Makalanyň Instagram linki

On ikinji orun :

Erkin Apbayev, Kırklareli Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak neden önemli?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,

On üçinji orun :

Jahan Gulamalyýewa, Bahçeşehir Üniversitesi öğrencisi, Kitap ve Sağlık, Makalenin  Facebook Linki, Makalenin İnstagram Linki

On dördünji orun : Gunça Jorayewa

Gunça Jorayewa,  Kafkas uniwersitetiniň talyby, “Kitap – Jemşidiň jamy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň  Instagram  linki

On bäşinji orun :

Gülnaz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – ummansyz hazyna, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki

Bäsleşikde ilkinji 15-lige giren eseriň awtoryna şeýle hem Türkmenistanly sungat işgäri we häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda bilim alýan we sungat kärini dowam etdirýän Çynaranyň kitaby sowgat beriler.   Ýakynda 25 müň tiraž bilen “Bir umyt ýeterlik” atly  özüniň ilkinji kitabyny neşir eden Çynara, döredijilik bäsleşiginde ilkinji 15-lige giren eserleriň awtoryna özüniň täze çykan “Bir umyt ýeterlik” atly kitabyny gol çekip poçtanyň üsti bilen iberjekdigini mälim edipdi. Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolan Çynara  ýakynda “Zarar Ettik”ady bilen täze aýdymyny muşdaklaryna sowgat edipdi.  Ýeňiji bolan eserleriň awtorlary bize öz poçta salgylaryny ýetiren ýagdaýynda biz Çynaranyň kitabyny awtora poçtanyň üsti bilen gowşurarys.

Hemaýätkärimizden talyplara goşmaça sowgat

Döredijilik bäsleşigiň hemaýatkäri Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk şereketi döredijilik bäsleşigine gatnaşýan awtorlaryň talypdygyny hasaba alyp 16-26-nji orny eýelän her bir talyba 100 Türk lirasy möçberinde pul baýragyny

On altynjy orun :

Rejepnazar Ýediýew, Marmara uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşyň gözbaşy, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

On ýedinji orun :

Jemile Galpakowa, 19-njy Maý uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

On sekizji orun :

Mahri Annayeva, Kastamonu Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumanın faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

On dokuzynjy orun :

Şamyrat Şamyradow, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşymyzyň bezegi, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

Ýigriminji orun :

Maýa Saparkulowa, Alanýa Alaaddin Keýkubat uniwersitetiniň talyby, Kitaplar – uly miras, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

Ýigrimi birinji orun :

Gunça Açılova,  Kırşehir Ahı Evran üniversitesi öğrencisi, Kitaplar olmasaydı ne olurdu?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

Ýigrimi ikinji orun :

Gülşat Davıdova,  Karamanoğlu Mehmetbey Üniversitesi Öğrencisi, Kitap bizim dostumuzdur, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

Ýigrimi üçünji orun:

Gülşirin Davıdova,  Celal Bayar Üniversitesi Yüksek Lisans öğrencisi, Çok Okumak Değil, Doğru Okumak Önemidir, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

Ýigrimi dördünji orun :

Döwlet Mälikgulyýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, “Bir Kitap” atly adamyň hekaýasy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň  Instagram  linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

Ýigrimi bäşinji orun  :

Dövletgeldi Myradov,  Erciyes Üniversitesinin öğrencisi, Kitap Okumanın Önemini Ezberi Bozan Anlatım, Makalanyň Facebook  linki, Makalanyň Instagram  linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

Ýigrimi altynjy orun  :

Maysa Annamyradova, Kırşehir Ahi Evran Üniversitesi öğrencisi, Kitap hayatın vazgeçilmez parçası, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki

Awtora 100 Türk lirasy sowgat beriler

 

Stambul şäherinde Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi

Geçen ýylyň  Oktýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi. Bu jemgyýetiň döredilmeginiň maksady Türkiýe Respublikasyndaky türkmenistanlylaryň arasyndaky jebisligi hem-de raýdaşlygy has-da berkitmekden ybaratdyr. Jemgyýetiň Prezidenti hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow, wise prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) Söwda-senagat edarasynyň baş sekretary Adem Kula , baş sekretary wezipesini bolsa Uktam Yslamkulow alyp barýar.

Jemgyýet häzire çenli birnäçe çäre geçirdi. Olaryň ilkinjisi Bahçeşehir uniwersitetinde geçirilen açylyş dabarasydyr.

Açylyş dabarasynyň yzysüre  Türkiýedäki Türkmenistanlylar arasynda futbol bäsleşigi geçirildi. Jemgyýet  şeýle hem Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda makala bäsleşigini gurnady.  Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde duşuşyklar geçirdiler. Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Türkiýäniň diplomatik wezipesini tamamlaýan  Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapujy we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen duşuşyklar geçirdi. Jemgyýetiň Prezidenti bilen TRT Awaz kanalynda söhbetdeşlik gurnaldy we jemgiýetiň maksatlary Türk halk köpçüligine ýetirildi.

Bilim ojagynda Açylyş Dabarasy

Bu jemgyýet özüniň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasyny Stambul şäherindäki Bahçeşehir uniwersitetinde amala aşyryldy.

 

Şol çärede edilen çykyşlarda bu raýdaşlyk jemgyýetiniň Türkiýedäki türkmenistanlylaryň Türkiýäniň kanunçylyk namalaryna laýyklykda ýaşamagy, bilim almagy we işlemegi üçin iş alyp barjakdygy mälim edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy “Bir millet – iki döwlet” şygary esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýär.

 

1991-nji ýylda özbaşdak döwlet bolan Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biri hem-de Türkmenistanda özüniň diplomatik wekilhanasyny, ýagny, ilçihanasyny açan döwlet Türkiýe Respublikasydyr.

 

Häzirki döwürde iki doganlyk ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär.

Her ýyl Türkmenistandan ýaşlaryň köp sanlysy bilim almak üçin Türkiýe Respublikasyna gidýärler.

Her iki ýurduň işewürleriniň arasynda gönüden-göni gatnaşyklar ýola goýuldy.

Okgunly ösüş depginine eýe bolan türkmen türk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi, doganlyk ýurtdaky türkmenistanlylaryň arasyndaky jebisligiň pugtalandyrylmagy, dürli medeni we ynsanperwer ugurlarda çäreler geçirip, özara gatnaşyklaryň berkidilmegi ýaly ýörelgelerden ugur alýan Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti özüniň iş meýilnamalary esasynda ilkinji çärelerini gurnamaga girişdi.

 Jemgyýetiñ Ilkinji Çäresi – Futbol Bäsleşigi

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredilenden soňra geçen gysga wagtdan soňra özüniň ilkinji çäresini gurady. Ol hem “Atawatan Kubogy” ugrunda futbol bäsleşigi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli geçirilen futbol bäsleşigine Türkiýe Respublikasyndaky türkmenistanlylar uly gyzyklanma bildirip, özara 16 toparça döredildi. Şonuň esasynda geçirilen bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly boldy. Bu ýaryşyň netijesinde “Wodnik” topary ýeňiji boldy. Bäsleşikde baýrakly orunlary eýelän toparlara pul sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.

Jemgyýetiñ Ýolbaşçysy Bilen TRT Söhbetdeşligi

Türkiýäniň Telereadio kompaniýasynyň (TRT) “TRT Avaz” teleýaýlymy Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Dr.Döwran Orazgylyjow bilen söhbetdeşlik gurady. Dr. Orazgylyjow söhbetdeşlikde bu jemgyýetiň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ynsanperwer köprüsi boljakdygyny belläp, özüniň talyplyk ýyllarynyň bu doganlyk ýurtda geçendigini, Türkiýäniň keseki bir ýurt däldigini, jemgyýet döretmek bilen türkmenistanlylaryň arasynda ylym-bilim, sport, sungat we beýleki ugurlarda dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge maksat edinýändiklerini belledi.

TÜRKIÝÄNIÑ BEÝIK MILLET MEJLISINDE DUŞUŞYK

 

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde duşuşyklar geçirdiler. Bu ýerde Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir, baş sekretar Ibrahim Aýdyn, agzalary Bedri Ýaşar we Ekrem Çelebi bilen özara pikir alyşmalar boldy. Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir Türkmenistanyň doganlyk ýurtdygyny, özara gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

ILÇI TARAPYNDAN KABUL EDILDI

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Av.Döwran Orazgylyjow Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapujy bilen duşuşdy. Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda jemgyýetiň aly barýan işleri barada gürrüň edildi. Ilçi Mustafa Kapujy jemgyýetiň doganlyk ýurtlar – Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz oňyn täsirlerini ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatik wezipesini tamamlan Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuja jemgyýetiň adyndan türkmen halkynyň milli saz guraly dutar sowgat edildi.

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy türk ilçisi bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda iş alyp barýan jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Dr. Döwran Orazgylyjow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen duşuşdy.

Bu duşuşyk Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Dr. Döwran Orazgylyjow türk diplomatyna jemgyýetiň alyp barýan işleri, döredileninden bäri durmuşa geçiren çäreleri we geljekki maksatlary barada gürrüň berdi. Bu köpçülikleýin çäreleriň dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýandygy bellenilip geçildi.

Ata Watan Eserleri bäsleşigi

 

Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli   “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigini geçirýär.  “Ata Watan Eserleri ” bäsleşiginiň täze tapgyry bu gezek Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen bilelikde geçirilýär we bäsleşigiň şertlerine görä, oňa diňe Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplar gatnaşyp bilýärler.

Türk Dünýäsi Jemgiýetçilik guramalar duşuşygy

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgiýetiniň ýolbaşçylary şeýle hem Stambul şäherinde hereket edýän Türki ýurtlaryň jemgiýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Türk Dünýäsi Jemgiýetçilik guramalar duşuşygyna gatnaşdy. Şol ýerde Stambul şäheriniň häkimi Ekrem Imamogluna Türkmen don we telpek gowşuryldy.

 

 

Beýleki çäreler

 

Jemgiýetiň ýolbaşçylary şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýedäki diplomatik wekilhanalarynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýerlerde geçirýän çärelerine işjeň gatnaşyp gelýärler. Mysal üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa jemgiýetiň baş sekretary Uktam Islamkulow gatnaşdy.

Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky ilçihаnаsy (Аnkаrа ş) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş) tаrаpyndаn Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli  Respublikasynyň Karabük, Uşak we Manisa Jelal Baýar uniwersitetlerinde ylmy maslahat we dabaraly çäreler geçirildi we Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgiýeti bu çärelere işjeň gatnaşdy.

Jemgyýetiñ Döredilmegi Giñ Seslenme Döretdi

Bu jemgyýetiň döredilmegi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döretdi. Jemgyýetiň alyp barýan işleri baradaky habarlar “ www.atavatan-turkmenistan.com   ”, www.turkmenhabar.com we www.turkmenhabargullugy.com   saýtlarynda yzygiderli çap edilýär.

Mundan başga-da jemgyýetiň döredilendigi baradaky habarlar Türkiýäniň Söwda ministrliginiň www.ticaret.gov.tr   resmi internet sahypasynda we Yeni Çağ gazetiniň internet sahypasynda giň orun berildi. Şeýle hem diplomatiýa ugurly makalalary yzygiderli çap edýän  www.diplomatikgozlem.com   internet sahypasy jemgyýetiň ilkinji çäresi bolan futbol bäsleşigini okyjylary ýetirdi. Futbol bäsleşigi bilen baglanyşykly makalalar toplumy Türkiýäniň Telereadio kompaniýasynyň (TRT) resmi sahypalarynda orun berlip, onuň “TRT Avaz” teleýaýlymynda futbol bäsleşigi barada gepleşik berildi.

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri internetdäki jemgyýetçilik torlary arkaly hem köpçülige ýetirilýär. “Facebook”, “İnstagram”, “Twitter”  You Tube ýaly jemgyýetçilik torlarynda jemgyýetiň döredilmegi hem-de onuň futbol bäsleşigi baradaky makalalar toplumyny ýüz müňlerçe adam okap maglumat almak mümkinçiligine eýe boldular.

Jemgyýetiň ýolbaşçylary bilen bir hatarda onuň agzalary hem öz şahsy jemgyýetçilik tory arkaly bu habarlary tarapdarlaryna ýetirýärler. Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki duşuşygy türkiýeli parlament wekilleriniň şahsy jemgyýetçilik tory arkaly köp sanly syýasatçynyň hem-de beýleki gatlagyň wekilleriniň ünsüni çekipdir.

 

 

 

Ýene-de okaň

Туркменские фигуристы завоевали медали на турнире Global Skating Academy Trophy в Ташкенте

Туркменистан примет участие в зимних Азиатских играх

Туркменская делегация приняла участие в форуме Erasmus+ в Ташкенте 

Малайзия заявила о готовности к реализации с Туркменией энергетических проектов

Гурбангулы Бердымухамедов поздравил президента Азербайджана

Спортивный вуз Туркменистана принят в Международную ассоциацию университетов физической культуры и спорта