СОБЫТИЯ

Ösümliklerde “stress” ýagdaýy

Ösümlikler özboluşly täsin janly organizmler. Olaryň köp sanly üýtgeşik häsýetleri bilen beýleki organizmlerden tapawutlanýar. Şol täsin hadysanyň biri hem ösümlikleriň zarbykma  häsiýetidir. Zarbykma  diýmek daşky şertleriň täsirinde janly bedenlerde bolup geçýän  ýöriteleşen hadysasydyr. Ýagny ylmy edebiýatlarda “stress” häsiýeti diýilýär. Bu alamaty ilkinji bolup Kanadaly alym G.Selýe 1930-njy ýylda medisina ylmyna zarbykma  (ýa-da “stress”) düşünjesini girizýär.

Adam we haýwan organizmlerinde zarbykmanyň ýüze çykmagy madda çalşygyny işjeňleşdirýär. Muňa mysal edip haýsydyr bir şertiň täsirinde  ganyň düzminde adrenaliniň köpelmegi bilen  ýüregiň urşy çaltlanýar we gan basyşy ýokarlanýar .

Diýmek bu hadysa diňe bir adamlarda we haýwanlarda bolup geçmän, eýsem ösümliklerde  hem  ýüze çykýar. Ýöne bu hadysanyň geçmegi ösümliklerde mümkin däl ýaly görünýär. Sebäbi  ösümliklerde  nerw ulgamy, gan aýlanyş ulgamlary ýokdyr. Zarbykmanyň ösümliklerde geçişini 1973-nji ýylda R.W. Hiron, S.T.S.Wright gözegçilik edýärler. Olar  ýaşajyk nohut nahallaryna 38 gradus bolan gyzgyn howany täsir etdirýärler. 12-30 minutdan soň nohudyň ýapraklary solýar (2-nji surat). Bu ýagdaý zarbykmanyň  ilkinji alamatynyň ýüze çykandygyna tejribesinde gözegçilik edýärler. Tejribäniň dowamynda ösümlige 90 minutlap üznüksiz ýyly howa täsir etdirilmegi  netijesinde nohudyň  ýapraklary ýene-de öňki ter  ýagdaýyny dikeldýär (3-nji surat). Ýagny ösümlikde uýgunlaşma (adaptasiýa) häsiýeti  ýüze çykypdyr.

 

1-nji surat                                     2-nji surat                              3-nji surat

Adamlardan we  haýwanlardan tapawutlykda ösümliklerde amatsyz  ýaşaýyş şertleri ýüze çyksa olar  işjeňligini peseldýärler. Sebäbi  ösümlik alyş – çalşygyny peseldýän absis kislotasynyň mukdary artýar. Munuň  aýdyň  mysaly  güýz aýlarynda  ösümlikleriň ýapraklaryň dökülmegi,  ýa-da howanyň gyzmagy bilen çöl ösümlikleriniň ýer üsti böleginiň guramagyny aýtmak bolýar.

Ösümliklerde zarbykma hadysasyny ýüze çykarýan şertlere yzgaryň artykmaçlygy ýa-da ýetmezçiligi, ýagtylyk, ýylylyk, radiaktiw şöhlelenme, mehaniki täsirler, duzlar, gazlar, gerbisidler, inseksidler, fungisidler, önümçilik galyndylary, kesel dörediji organizmler, zyýankeşler we şuňa meňzeşler degişlidir.

Ösümlikleriň  zarbykma  durnuklylygy organizmiň hususy ýaşaýyş döwri bilen baglanyşyklydyr. Zarbykma  has durnukly döwri organizmiň dynçlyk döwri  ýagny  tohum, soganlyk, kornewişe döwürleri  hasaplanýar.  Daşky  şertlere has durnuksyz döwri,  ösümligiň ýaňy gögerip başlan  döwridir. Bu döwürde  ösümligiň öser ýapraklaryna ýarmaz şertler has köp täsir edýär. Ýöne  ösümligiň ösmegi bilen  onuň ýaramaz   şertlere  durnuklylygy ýüze çykaryp başlaýar. Daşky gurşawyň ýaramaz şertlerine garşy durmaklyk bolsa, tohum emele gelmek  bilen has hem durnuklaşýar. Emma tohum emele gelýänçä ösümlik üçin howplydyr. Sebäbi şol döwürde organizmde madda çalşygy peselýär.

Şeýlelik-de ösümlikler tebigatyň täsirine garşy durmaga ukyplydyr. Sebäbi olaryň goranyş  ukyplarynyň dürli görnüşlerini uzak ýyllaryň dowamynda   ýüze çykarypdyrlar. Olara ýapragyň üst ýüzüni örtüji maddasy, tikenler,  tüýjagazlar, suwy köp ýitirilmezlik üçin agyzjyklaryň ýapylmagy, gorag beloklary,  fitonsidleri, ýaprak tüýjagazlary, mumlary mysal getirmek bolýar.

Ösümlikleriň şunuň ýaly häsiýetleriniň bolmagy,olaryň gurluşunyň kämilleşmegine, ýaramaz şertlere bolan durnukly görnüşleriniň  köpdürlüliginiň ýüze çykmagyna we häzirki döwre çenli ýetip gelmegine getirdi.

 

Maýa HAJYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň  mugallymy.

    

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Туркменские фигуристы завоевали медали на турнире Global Skating Academy Trophy в Ташкенте

Туркменистан примет участие в зимних Азиатских играх

Туркменская делегация приняла участие в форуме Erasmus+ в Ташкенте 

Малайзия заявила о готовности к реализации с Туркменией энергетических проектов

Гурбангулы Бердымухамедов поздравил президента Азербайджана

Спортивный вуз Туркменистана принят в Международную ассоциацию университетов физической культуры и спорта