СОБЫТИЯ

Hepdelik täleýnama (2-8 awgust)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Öňümizdäki hepde hamallar üçin wakalara baý bolup, örän gyzgalaňly geçer. Hamallara täze tanyşlyklar garaşýar. Olara şertnamalary içgin öwrenmek maslahat berilýär. Hepdäniň dowamynda okuw-terbiýeçilik, gurluşyk bilen bagly işlerde, ýeňil senagat kärhanalarynda işleýän, döredijilik bilen meşgullanýan hamallara üstünlik garaşýar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Geljek hepde sowurlar çylşyrymly işlerden gaça durmalydyrlar. Halypalar bilen maslahatly işlejek bolmaly. Ýyldyzlar sport we syýahatçylyk ulgamynda işleýän hünärmenler, döredijilik adamlary üçin hepdäniň şowly boljakdygyny, söwdagärlere we zergärlere bolsa baglaşýan şertnamalaryny örän ykjam öwrenmelidiklerini duýdurýarlar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Hepdäniň başy jöwzalar üçin täze tanyşlyklara baý bolar. Olara işinde uly üstünlikler garaşýar. Goşmaça düşewünt üçin amatly iş ýa-da hünärini kämilleşdirmäge mümkinçilik dörär. Jöwzalara maşgalasyna beren wadasynda tapylmaga wagt gelip ýetdi. Muňa olaryň maddy ýagdaýam, boş wagtam ýeterlik bolar. Gezelenje gidiň, ýakynlaryňyzy sowgat berip begendiriň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Hepde seretanlar üçin işjeň geçer. Geçen döwürde bitmedik işlerini tamamlamak üçin seretanlar kän zähmet çekmeli bolarlar. Käbir seretanlara daşary ýurt dillerini öwrenmäge mümkinçilik dörär. Geljek hepde döwlet edaralarynda işleýän seretanlara üstünlik getirer. Olar hatda öň hötdesinden gelmedik işlerini hem birkemsiz dynyp, wezipe basgançagynda, girdejide üstünlik gazanar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Hepdäniň başynda kiçeňräk meseleler ýüze çyksa-da, esetler olary özüne bähbitli çözmegi başararlar. Esetler gep-gybatdan daşda bolup, bar ünsüni işine, maşgalasyna gönükdirmelidirler. Hepdäniň dowamynda eşidilen wajyp habaryň netijesinde esetleriň durmuşynda gowy öwrülişikler bolar. Işsizleriň işe ýerleşmegi mümkin. Öňümizdäki hepde iş saparyna giden esetleriň hem işi şowuna bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Geljek hepde işgär sünbülelere uly üstünlikleri wada berýär. Eýeleýän wezipesinde ösmek, hünärini kämilleşdirmek üçin ýörite okuw okamagy, daşary ýurt dillerini öwrenmäge mümkinçiligiň döremegi ýaly ýagdaýlar sünbüleleriň has ykjamlanmagyny talap edýär. Hepdäniň dowamynda tötänden dörän duşuşyklaryň netijesinde işewür gatnaşyklar, bähbitli teklipler bolar

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Öňümizdäki hepdede mizanlara ýadawlykdan saplanar ýaly dynç almak ýa-da gezelenje gitmek maslahat berilýär. Şeýle mümkinçilikleri bolmadyk halatynda mizanlar özleriniň höwes edýän güýmenjeleri bilen meşgullansalar, özüne serenjam berseler has bähbitli bolar. Ýaşaýyş jaýynda hem iş ýerlerinde tämizlik hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin hepde amatlydyr.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Öňümizdäki hepde akraplar üçin dürli ugurdan hünärini, bilimini artdyrmak, kärhanalarda önümçilik tejribelerini geçmek ýaly mümkinçilikler dörär. Işgär akraplara hepdäniň başynda kyn ýumuş buýrulmagy ahmal. Ondan ýüz öwürmeli däl. Bar bolan ukyp-başarnygyňyzy, gujur-gaýratyňyzy jemläp, işiňizi birkemsiz bitiriň. Siziň yhlasyňyz ýerine düşer, girdejiňizem, abraýyňyzam artar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Geljek hepde kowuslar başyny başlajak işini mazaly pikirlenip etmelidirler. Gerek bolsa, degişli hünärmenler bilen pikir alşyp, olaryň maslahatlaryna eýermelidirler. Kowuslar işine täzeçe usul bilen çemeleşip, uly sepgitlere ýeterler. Hepdäniň dowamynda kowuslara garaşylmadyk düşewünt hem nesip eder. Ýagny, olar öň bitirip, hasaplaşylmadyk işiniň hakyny almaklary ahmal.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Hepde jediler üçin örän şowly geçer, edeni ugruna bolar. Jediler toý-dabaralara gatnaşyp täze tanyşlyklary açarlar. Bu tanyşlyklaryň netijesinde jedilere iş ugrundan bähbitli teklipleriň hödürlenmegi ahmal. Aýyň ikinji ýarymynda jedilere goşmaça iş mümkinçiligi döräp, maddy ýagdaýy gowulanar. Jedilere puluny tygşytlamak maslahat berilýär.

Daluw (gowa 21.01. — 20.02)

Maksadaokgunly daluwlaryň arzuwlary hasyl bolup, olaryň pikirleri köpçülik tarapyndan goldanar. Geljek hepde olaryň girdejili iş tapynmagy ahmal. Daluwlara maşgalasyna has ünsli bolmak maslahat berilýär. Olar bilen gezelençlere, sergilere gitmek, şäherýaka dynç alyş meýdançalaryna seýil etmek peýdaly bolar, onuň barşynda täze pikirler hem dörär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Geljek hepde hutlara töwekgellik etmän, hemme zady «Ýedi ölçäp, bir kes­mek», pul bi­len bag­ly iş­le­ri­ni hem bi­raz so­ňa goý­mak maslahat berilýär. Ýöne goşmaça girdejili işden ýüz öwürmän, mümkin boldugyndan razylaşyň, onuň soňlugy bilen siziň esasy işiňize öwrülmegi ahmal. Öňümizdäki hepde olar üçin göwün beren ýarlaryna ýüregini açmaga şowly pursatdyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

 

Ýene-de okaň

Туркменские фигуристы завоевали медали на турнире Global Skating Academy Trophy в Ташкенте

Туркменистан примет участие в зимних Азиатских играх

Туркменская делегация приняла участие в форуме Erasmus+ в Ташкенте 

Малайзия заявила о готовности к реализации с Туркменией энергетических проектов

Гурбангулы Бердымухамедов поздравил президента Азербайджана

Спортивный вуз Туркменистана принят в Международную ассоциацию университетов физической культуры и спорта