Azyk howpsuzlygynda “öndürilen senesiniň” ähmiýeti

Biz köplenç islendik bir markete ýa-da dükana baryp azyk önümlerini almakçy bolan mahalymyz ilki bilen önümiň “öndürilen senesine” seredip ondan soňra satyn alýarys. Eýsem-de azyk önümlerinde “öndürilen ýa-da gaplanan seneleri” näme üçin goýulýar? Bu senelerden soň azyk önümlerini peýdalanmak zyýanlymy? Biz bu makalamyzda iýmit howpsuzlygynda “öndürilen senesiniň” ähmiýeti bilen bagly gyzyklandyrýan käbir maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

“Ýaramlylyk möhleti” haçan tamamlanýar?

Ilki bilen islendik azygy satyn alanymyzda “ýaramlylyk möhletine” seretmek zerurdyr. Çünki käbir azyk önümlerinde “ýaramlylyk möhleti” öndürilen gününden başlap hereket edýän bolsa, beýlekilerde iýmitiň gabynyň açylan gününden hereket edip başlaýar. Onsoňam iýmitiň “ýaramlylyk möhleti” saklanyş şertine hem bagly bolup durýar. Soňky ýyllarda her bir kärhana haryt paýlaýan dükanynda özüniň haryt nyşany bilen belgilenen sowadyjy goýýandygy mälim bolsa gerek. Şol sowadyja diňe şol haryt nyşanly önümler ýerleşdirilýär. Sebäbi sowadyjy ýörite kärhananyň öndürýän önüminiň talap edýän temperaturasy bilen sazlanan. Ýene-de bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, her bir alyjy azygyň nähili şertlerde saklanýandygy, “öndürilen senesi” bilen tanyş bolmalydyr.

Azykda “öndürilen senesi” nirede ýerleşdirilmeli?

Bu düzgün her bir döwletde üýtgäp biler. Ýöne azygyň “öndürilen senesi” düşnükli hem-de göze görünýän ýerde ýerleşdirmeli. Onuň üçin esasan hem gaplaryň (konteýnrleriň) gapagynyň üsti, QR kodunyň gapdaly, gabyň göterijisinde (gulpynda) we beýleki amatly ýerlerde ýerleşdirilip bilner. Azygyň “öndürilen senesi” ýazgysy ak, açyk ýaşyl we açyk sary reňklerde bolsa, alyjylaryň tiz tapmagyna ýardam edýär. Üns beren bolsaňyz, marketlerde önümiň bahasy hem  ak, açyk ýaşyl we açyk sary reňklerdäki kagyzlara ýazylýandyr. Sebäbi bu reňkler göze-gelüwligi bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. “Öndürilen senesi” pozulmaýan syýa bilen ýazylmalydyr. Çünki olaryň käbiri doňdurylan halatynda ýa-da beýleki ýagdaýlarda pozulma ähtimallygy bar.

“Öndürilen senesi” eksport önümlerinde nähili?

“Öndürilen senesi” harplar bilen ýazylanda eksport önümlerinde esasan ýörgünli iňlis, rus ýaly daşary ýurt dilleri ulanylýar. Ýa-da bolmasa sanlar bilen belgilenýär. Bu ýagdaý hemmeleriň aýdyň düşünmegine ýardam edýär.

“Açyk sene” we “Ýapyk sene” barada düşünje

Biz islendik azyk harydy satyn alanymyzda “öndürilen senesini ýa-da gaplanan senesini” barlap,  alýan halatymyz az bolmaýar. Şonda ähli müşderiler tarapyndan düşünäýjek, “güni, aýy, ýyly” görkezilen senä biznes dilinde “Açyk sene” diýlip atlandyrylýar. Biz harydyň gabyna syn eden bolsaňyz, öndürilen senesinden başga-da nätanyş, hiç kimiň düşünmejek sanlar ýa-da harplarda durýan “gizlin ýazga” gabat gelýäris. Bu ýazga bolsa “ýapyk sene” diýip atlandyrýarlar. “Ýapyk sene” esasan kärhana tarapyndan ulanylýan önümiň haçan öndürilendigini aňladýan gizlin kod bolup durýar. “açyk sene” bilen “ýapyk sene” adatça bir-birine golaý ýerleşýär. (Ýagny, bir peçatda ikisi bilen basylýar).

Azyk howpsuzlygy we gözegçilik gullugynyň (FSIS) ygtyýaryndaky et, guş we ýumurtga önümleri üçin seneler dogry, ýalňyşmaýan we FSIS düzgünlerine laýyklykda bellenilen şertlerde meýletin ulanylyp bilner. Munuň ýerine ýetirilmegi üçin bir senenama senesi aýyň hem gününi görkezmeli. Tekstde durnukly we doňdurylan önümler bolsa, ýyl hem görkezilmelidir.

Özümizden hem gerek

Aslynda saglygymyz özümize gerek. Öz saglygymyzy özümiz goramaly. Şonuň üçin her birimiz islendik bir azyk önüminiň “ýaramlylyk möhleti” we “saklanyş şertleri bilen” tanşyp, satyn almak maslahat berilýär. Bu her bir müşderiniň öz saglygy üçin edäýmeli zatlarynyň biridir. Kähalatlar gyssanyp ýa-da ýaltanyp “ýaramlylyk möhleti” bilen tanyşmaýarys. Soňra birden alan azygymyz biraz zaýa çykan halatynda hem gaharlanmaga başlaýarys. Bu ýagdaý belli bir derejesi satyjy bilen öndürijiniň ünsli bolmagyny talap edýän hem bolsa, belli bir böleginiň alyjynyňda ünsli bolmagynyň zerurdygyny äşgär edýär.

“Az iýseň arassa, köp iýseň hassa” diýlişi ýaly islendik bir önümi az hem bolsa ter wagty iýmek zerurdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Çaryguly HANJAÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

Национальный павильон Туркменистана на EXPO-2025 посетили более 2 миллионов человек

Творческая группа Туркменистана примет участие в Международном кинофестивале «Коркут ата»

Празднование Дня Независимости Туркменистана на Турецком фестивале в Сан-Франциско

Туркменский учёный из Стэнфордского университета Вахидуллах Тач: «Makul Словарь» — это уникальный мост между поколениями и диаспорой».

Культурный вечер в Брюсселе в честь Дня независимости Туркменистана

В Брюсселе открыт «Туркменский уголок» в пространстве COMET

Туркменистан и Астрахань форсируют совместные транспортно-логистические проекты

Туркменистан принимает участие во Всемирной конференции ЮНЕСКО

Туркменистан принял участие в заседание Совета глав правительств СНГ

Очередное заседание Совета глав правительств СНГ планируется провести в Туркменистане

Туркменистан принимает участие в III играх стран СНГ в Азербайджане

Культурный Центр Исламской Республики Ирана в Туркменистане объявляет вакансию

Церемония открытия III Игр стран СНГ прошла в азербайджанской Гяндже

Президент Туркменистана встретился с главой Toyo Engineering в Ашхабаде

Президент Туркменистана встретился с руководителем компании «IGNFI»

Председатель парламента Туркменистана посетит Россию в октябре

Тегеран отпраздновал День Независимости Туркменистана красочной церемонией

Ata Watan Eserleri

В Ашхабаде прошли скачки в честь 34-й Независимости Туркменистана

Поздравление Посла России в Туркменистане И.К.Волынкина по случаю 34-летия независимости Туркменистана

Президент Туркменистана принял участие в торжествах в честь Дня независимости

Ata Watan Eserleri