СОБЫТИЯ

Arkalaşan dag aşar : Ot almaga gelen ýaly

Arada goňşylarymyzyň biri gelip, köp aýak çekmän, turmak bilen boldy. Men oňa nägilelik bilen:

-Munyň-a, goňşy, “Ot almaga gelen ýaly” bolaýdy-la. Ine-gana oturyp çaýlaşmalydy-da – diýdim.

Goňşy çykyp gidensoň, agtygym gyzyklandy:

-Ata, “Ot almaga gelen ýaly” diýdiň welin, men oňa düşünmedim. Onuň näme manysy bar?

Agtygymyň bu soragy maňa ata-babalarymyzyň nesilme-nesil gelýän arkalaşygy barada söhbet açmaga itergi berdi. Ötenlerimiziň ynsanperwer däp-dessury, edim-gylymy, pähim-paýhasy…goý, nesillerimize sapak, görelde bolsun. Uruş ýyllarynyň oglany bolan biz hem pederlerimiziň gytçylygy, kynçylgy, hor-homsulygy ýeňmek üçin bir-birlerine ýardam berip, gün-güzeran gören agyr ykbalynyň bir ujyny başymyzdan geçiripdik. Ol çökder günler indi gaýtalanmasyn. Ýöne türkmen arkalaşygy welin asyrdan-asyrlara, nesilden-nesillere uzap gitsin. Ol türkmeniň öz başyny çarap bilýän, hupbatlaryň öňünde baş egmeýän halk hökmünde şu günlere getiren naýbaşy edähetleriniň biridir.

Uruş ýyllarynda, onuň yz ýanynda hem hiç bir öýde otlyçöp ýokdy. Diňe çakmak dapyna bil baglanýardy, ony çakyşdyryp uçgun aljak bolmagam iňňe bilen guýy gazandan enaýy däldi. Eýdip-beýdip uçgun alaýanyňda-da, ony tutaşdyrmakçy bolýan samanyňa, çöplemäňe düşürmek hyllallady. Başga bir çykalga-da bardy. Ol-da ýakan odunyň közüni öçürmän, öz küli bilen gömüp goýmakdy. Ýakýanyň sazagyň omçasynyň közi bolmasa, her bir ot ertire galmaýardy, köle dönýärdi. Şunda haýsy goňşyň gapysynda sazak bardygyny anyklap, köz dilegçiligi bilen şonuňka barmalydy. Ol mahallar hemme öýüň içersinde pilçe ýa şol mysaly taýýar duran zat barmy? Dogry, käbir öz gününi özünden görjek bolup dyrjaşyp ýören janypkeş öýlerde durmuşdyr zähmet gurallary ýok däldi. Hemme adam deňmi näme?! Howlukmazlykdanmy, biagyrylykdanmy ýa-da bialaçlykdanmy, garaz, käbir öý bikeleri minneti geýip ýören köýnekleriniň eteginden çekýärdiler. Säher bilen dilege baran öýleriniň adamlary bilen aýak üstünden salamlaşaga-da, gum guýan köýnekleriniň etegine iküç sany közi goýup, öýlerine bakan eňýärdiler. Eglener ýaly däl, köýnek ýanjak. Şu günüň gözi bilen seretseň, bu bir hili gelşiksizlik, medeniýetsizlik. Emma ol keýpine däl-de, alaçsyzlykdan edilýän işdi. Döwründe bialaç bendeler üçin ýeke-täk çykalgady. Şeýlelikde, “Ot almaga gelen ýaly” diýen jümläniň manysynyň közli öý bikesiniň çalt yzyna dolanýanlygyndan gelip çykan bolmagy ähtimal.

“Dile geldi, bile geldi” diýipdirler, türkmen arkalaşygy barda başga-da aýdara gep-gürrüň kän. “Geçmişini bilmedigiň, geljegi bolmaz” diýlen pähim bar. Goý, ajaýyp ýurtda, ajaýyp zamanada  ýaşaýan bagty çüwen çagalarymyz, agtyklarymyz, degre-daşymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde şu günki bolçulykly, bagtyýar, erkana durmuşda gaýgysyz gülüp-oýnap ýörendikleriniň gadyr-gymmatyny bilsinler. Hormatly Prezidentimize baky minnetdar bolsunlar. Biziň çagalygymyz welin… Hawa, ol döwürde bir degirmen, bir soky, bir elek tutuş hatara ýetýärdi. Birek-birekden çäýnek-käse, çemçe-çanak, gazan-tagan… arkalaşyg-a beýle-de dursun, öýe myhman gelende , ýorgan-düşek hem alynýardy. Bir öý janly soýsa, şonuň gowurdagy, gowurmasy goňşy-golama dadyrylýardy, ýagny goňşokara edilýärdi. Kellebaşaýagyň çorbasyna bolsa dogan-garyndaş, daş-töwerek çagyrylyp, şatlanylyşyp, gülşülip, gaýgy-gamy unudyp oturylardy. “Bir doýmak – çala baýamak” diýipdirler-ä ata-babalarymyz. Ýogsam goýun soýan bendäniň gün-güzerany beýlekilerden enaýy däldi. Iýlip-içilip saga-sola giden eti öz maşgalasynda haýyrlanan bolsalar, olara, gör, näçe günlük huruş boljakdy. Emma türkmen beýtmeýär. “Arkalaşan dag aşar”, “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýýär. Hatarda bir maşgala düýe sagsa, onuň çal-süýdi sorap gelen ähli goňşy-golama derman deýin dadyrylýardy, boş goýberilmezdi.

Men Daşoguz tarapdan getirilýän ak jöweni görenimde, häli-häzirem maňlaýyma togap edesim gelýär. Çünki, bizi açlykdan alyp çykan şol enaýy ak jöwendi. Ýogsam onuň ýokumlylygy beýleki däneli ekinlerden pes. Men muny himiýa-biologiýa ugurdan ýokary bilimim bolany üçin ynamly aýdýaryn. Etde, tüwide, bugdaýda bolýan belok diýilýän ýokumly madda jöwende ýok diýen ýaly. Onuň unundan hamyr ýugurmak baryp ýatan görgüdi. Pytraýardy. Jöwenden zagara, köje, ýarma, bulamak, gowurga ýaly iýmit tapyp ýören adam hergiz özüne açdyryn diýermi?! Şol ýyllar jöwenem keýigiň şahyndady. Ol zamanda oba ilatyna aýda paý edilip arpa, süle unlary berilýärdi. Ýöne ol 10-15 günden aňry geçmeýärdi. Gözüňi Hywa argyşa giden kerwene dikmelidi. Pul-a hiç kimde ýokdy. Argyşa gidýänlere jöwene çalşar ýaly dolak, çaryk, ellik-jorap, ham, deri, keçe… berip, ýüklär ýaly düýe tirkemeseň, duluňa jöwenli çuwallar düşmeýärdi. Goňşy-golama, il-günüňe, obadaşlaryňa bil baglamakdan başga alaç ýokdy. “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýleni, ýek-tük barly bendeler goňşularyny goldaýardylar. Özüň dok ýaşap, goňşyň aç ýatyp-turmasyny görmek türkmene, ynsaba, şerigata ýaraşýan zat däl ahbetin. Mal iýmleýän çopanlar ogryn-dogryn künjaradyr kepegem süýşürýärdiler. Ol mal iýmlerini bişirip, gün gören maşgalalar barmak basyp sanardan kändi.

Hawa, türkmen arkalaşykly, jomart, çydamly, mert millet. Beýik Biribar hem şeýle halka eçilýär. Biziň ummasyz ýerasty, ýerüsti baýlyklarymyzyň barlygy şu gymmatlygymyz üçin bolaýmasyn?! Ozal ot tutaşdyryp bilmän kösenen obalylarymyz indi köşk ýaly kaşaň jaýlarda “mawy ýangyjyň” hözirini görýärler. Goý, köne agyr durmuş, öňki gözgyny ýaşaýyş rowaýat deýin taryhda galsyn. Biz bolsa, nesip bolsa, hormatly döwlet Baştutanymyzyň saýasynda mundanam has gowy, has eşretli durmuşyň hözirini göreris.

 

Ýene-de okaň

Туркменские фигуристы завоевали медали на турнире Global Skating Academy Trophy в Ташкенте

Туркменистан примет участие в зимних Азиатских играх

Туркменская делегация приняла участие в форуме Erasmus+ в Ташкенте 

Малайзия заявила о готовности к реализации с Туркменией энергетических проектов

Гурбангулы Бердымухамедов поздравил президента Азербайджана

Спортивный вуз Туркменистана принят в Международную ассоциацию университетов физической культуры и спорта