СОБЫТИЯ

Akmyrat Rejepow : «Ol şirwan perdäňe, galsana bagşy!»

Dessançy bagşy diýilse, Aşyk Aýdyň piriň mekany ýurdumyzyň demirgazyk sebiti Daşoguz welaýaty göz öňüňe gelýär. Ýedi aşygyň goluna gazma dutaryny aldyran, Görogla gyratynyň üstünde bäş keleme söz sözleden dessançylyk sungatynyň giňden ýaýran Daşoguz topragynda bu ugry köňül hemrasyna öwren dessançy bagşylar az däl. Olaryň halypa-şägirtlik mekdebinden ugur alyp ýetişdirýän zehinli şägirtleri milli sungatymyzy dowam etmäge mynasyp goşant goşýarlar. “Ata kesbi — ogla halal” diýlişi ýaly, çagalygyndan kakasynyň dutarda ýerine ýetiren aýdymlaryny diňläp kemala gelen şeýle ýaş zehinleriň biri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Akmyrat Rejepow. Dessançylyk sungatyna köňül beren Akmyrat halypalardan tälim alyp bu ugurda öz ussatlygyny görkezýär. Biz onuň bilen sungat älemine gelşi, bagşyçylyk ýolunyň aýratynlyklary dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk:

— “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly, atamyň dessançylyk sungatyna söýgüsi uludy. Atam il içinde toýlara çykyp aýdym aýtmadygam bolsa, öýde dutarda aýdym aýdardy. Onuň dost-ýarlarynyň aglabasy diýen ýaly bagşylardy. Olar köplenç öýümizde myhmançylykda bolardylar. Kakam atamyň ýanynda aýdym aýdanda sazyny çalyp bererdi. Arasynda özi-de aýdym aýdardy. Atam obamyzdaky toýlarda kethuda bolup toýa gelen bagşylaryň hemmesini öýe myhman alyp gaýdar eken. Olara hezzet-hormat edip, çaý başynda bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlaryny diňläp, özi-de aýdyma goşulyp hiňlenmegi gowy görerdi. Men o wagtlar kiçiräkdim. Kakam hem çagalygyndan atamyň aýdymlaryny diňläp, sungata söýgüsi artýar. Bu ugurdan okuwyny dowam etdirýär. Gubadag etrabynyň medeniýet öýüniň birleşen dessançy bagşylar toparynda birnäçe ýyl zähmet çekýär. Soňra obamyzyň orta mekdebinde aýdym-saz mugallymy bolup işledi. Öýümiz medeniýet öýüne ýakyn bolansoň kakam ýany bilen köplenç günortan naharyna bagşy-sazandalary alyp gelerdi. Çaý-nahardan soňra aýdym aýdyp, saz çalardylar. Olaryň arasynda kakamyň halypa mugallymlary-da, il içinde tanalýan, ussatlyga ýeten şägirtler-de bardy. Menem 6-7 ýaşlaryndaky oglanjykdym. Halypa bagşylaryň dessanlardan parçalary gaty ussatlyk bilen ýerine ýetirişlerini  diňläp, olaryň zehinine haýran galardym. Öz ýanymdan dessançy bagşy bolup, kakamyň kesbini dowam etmegi arzuw ederdim.

 — Onda size çagalykda halypalaryň bir däl-de, birnäçesini görmek bagty miýesser eden eken-dä!

— Hawa, olaryň köpüsi pederleriniň kesbini mynasyp dowam edip ussatlyga ýeten halypalardy. Kakamyň ýanyna halk arasynda Çuwal bagşy diýlip tanalýan Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň ogly Jumaguly Magtymgulyýew, Türkmenistanyň halk artisti Ilaman Annaýewiň ogly Begmyrat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Durdybaý Gurbanow, Hudaýberen Baýramow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrow, Wepa Nurmuhammedow, Bazar Gurbandurdyýew, gyjakçylar Şyhmyrat Jumaýew, Geldigylyç Arazgylyjow dagy ýygy-ýygydan gelerdiler. Olar kakam bilen döredijilik, dostluk gatnaşyklarynda bolup baýramçylyk dabaralaryna bile giderdiler, ençeme toýlary bile sowdular.

Dessançy bagşy bolup ýetişmegiňizde maşgalaňyzyň orny uly eken.

 — Kakam toýlara köplenç ýany bilen menem alyp giderdi. O mahallar saz çalyp, aýdym aýtmak maňa ýadam bolsa, kakamyň aýdýan aýdymlaryny höwes bilen diňlärdim. Kakam aýdym-saza söýgimiň uludygyny bilip, maňa kiçijik dutar ýasadyp sowgat berdi. Dutaryň perdesine basyp, kakuwyny kakyp bilmesem-de, ony elimden düşürmeýärdim. Çagalar daşda-içde oýnawajy bilen başagaý wagty dutaryň gudraty meni özüne imrindiripdi. Dutaryň ýanyndan özbaşyma aýdyma hiňlenerdim. Kakam biz kiçikäk köplenç boş wagtlary aýdym aýdyp bererdi. Şonda dutaryň jadylaýjy owazyndan ganyp bilmän diňleýärdim. Ejem hem aýdym-sazdan daşda däl. Aýdymyň sözlerini ýalňyşsam derrew bilýär-de, dogry ýerine ýetirmedigimi aýdýar. Aýdymyň sözlerini kitaby açyp yzarlap görseň, ejemiň aýdany dogry bolup çykýar.

 — Dessançy bagşylaryň mekanynyň Daşoguz welaýaty hasaplanylmagyna siziň garaýşyňyz nähili?

— Bu ýerde ýaşap geçen aşyk-magşuklaryň ençemesi dessanlara giren. Olaryň görkezen gahrymançylyklary, edermenlikleri hakyndaky wakalar şu ýerde ýaşaýan iliň dilinde galyp, bagşylar tarapyndan dessan edilip aýdylyp biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şonuň üçin dessançylyk sungaty bu sebite giňden ýaýran. Çagalykdan bäri halypalaryň aýdyp beren dessanlary gulagymyzdan gidenok. Heniz mekdebe-de barmankak dessanlaryň köpüsini bilýärdik.

— Ilkinji sapar dutarda aýdym ýerine ýetireniňizde nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

— Kakam ýany bilen toýlara alyp gidende, aýdymlaryň sözlerini öwrenip başladym. Bir gezek garyndaşlarymyzyň biri toý etdi. Toýa gitmänkäk kakam maňa: “ Toýda senem birki sany aýdym aýdaý, sözlerini öwrendiň-ä” diýdi. Menem kakamyň teklibine begenip, “Mekanym” atly aýdyma taýýarlanyp, şol toýda ilkinji gezek ýerine ýetirdim. Ol aýdymda kän gaýnaw bolmansoň gaty kyn düşmedi. Aýdymdan soňra toýa gelen märekäniň berekellamy ýetireni, kakamyň guwanyp: “Berekella, oglum, tüweleme!” diýip başymy sypanda begenip oturyşym şu günki ýaly ýadymda. Şondan soňra aýdym aýtmaga höwesim öňküden-de artdy. Bilýän aýdymlarymyň sanyny köpeldip ugradym. Käwagt kakamyň ýanyndan toýa gidip bilmesem gaty gynanýardym.

Orta mekdepde aýdym-saz sapagyna söýgim uludy. Okuwymdan daşgary ol ýerde hereket edýän aýdym-saz gurnagyna gatnaýardym. Mekdebimizde baýramçylyk dabarasy geçirilse mugallymymyz maňa hökman aýdym aýtdyrardy. Aýdym-saz mugallymymyzyň goşmaça sapaklaryna-da höwes bilen barýardym. Mekdebimiziň adyndan etrapda geçirilýän çärelerde çykyş ederdim. 6-njy synpda okaýarkam kakamdan birküç sany saz öwrenip ilkinji sapar dutar çaldym. Kakam aýdym-sazy ýekelikde däl-de, deň-duşlarymyň arasyna goşulyp öwrensem, halypa-mugallymlara gatnap, olardan tälim alsam, kämilleşip, gözýetimimiň giňeljekdigini aýtdy. 7-nji synpda çagalar sungat mekdebiniň dessançy bagşy bölümine gatnap başladym. Bu ýerde halypa mugallymlarym Begenç Gutlyýewden, dessançylar toparynyň ýolbaşçysy Wepa Nurmuhammedowdan aýdym-saz, dessançylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrendim. Öň aýdym-sazyň dünýäsinde ýaşap ýöremsoň halypalardan öwrenmek maňa o diýen kyn düşmedi. Sungat mekdebiniň bagşyçylyk ugrundan okamaga barsam-da, soňlugy bilen gyjakçy hem bolup gitdim. Gyjak çalmagy halypa mugallymym Sapargeldi Ysmaýylowdan, galyberse-de, dutarda aýdym aýdanymda ýanymdaky gyjakçynyň eliniň hereketlerine seredip öwrendim. Bu ýerde okaýarkam welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp ýeňiji bolmak miýesser etdi.

 — Çagalar sungat mekdebinde okaýarkaňyz nähili aýdymlary aýdýardyňyz?

 — Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Bellidir”, “Ýoluksa”, başga-da nusgawy şahyrlaryň goşgularyna aýdymlary aýdýardym. Bu ýerde dessanlaryň birnäçesinden hem aýdymlary öwrendim. “Hüýrlukga-Hemra” dessanyndan aýdymlary, “Ýusup-Ahmet” dessanyndan birnäçe muhannesleri, “Kemal ýarym”, “Hajygolak” atly aýdymlary öwrendim. Bu aýdymlary köplenç toýlarda ýerine ýetirýärdim. Orta mekdebi tamamlap harby gulluga gitdim. Ol ýerde hereket edýän aýdym-saz toparynda bagşy bolup, baýramçylyk dabaralarynda aýdymlarym bilen çykyş edýärdim. Soňra teleradioýaýlymlarda, aýratynam “Türkmen owazy” teleýaýlymynda gepleşiklere gatnaşyp, dessanlar, aýdym-sazlar bilen ýygy-ýygydan çykyş edip başladym.

 — Häzirki wagtda teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak hünärinden bilim alýarsyňyz. Bagşyçylyk bilen alyp baryjylygy birlikde alyp gitmegiňiziň sungatyňyza täsiri nähili?

— 2019-njy ýylda başlangyç hünär okuw mekdebine okuwa girdim. Alyp baryjy bolmak üçin dil baýlygy hökman gerek. Bu dessançy bagşy üçin hem zerur. Bu ugurlar biri-biriniň üstüni ýetirensoň, döredijiligimiň kämilleşmegine ýardam berýär. Çagalykdan kakamyň ýanyna gelýän halypa bagşylaryň çeper dile baýlygy, köp dessanlary ýatdan bilmekleri, dutar-gyjaga ussatlyk bilen erk etmekleri meni haýran galdyrýardy. Munuň üçin köp zähmetiň gerekdigine özüm bagşyçylyga ymykly girişemsoň hasam oňat göz ýetirdim.  Kakam çaga wagtym hem häzirem ýalta bolmazlygy, sesiňi aýap, yzygiderli üstünde işläp durmagy maslahat berýär. Kakam maňa hemişe: “Kämilligiň çägi ýok. Men indi öwrenip boldum diýmeli däl. Öz sesiň, aýdymlaryň üstünde arman-ýadaman türgenleşmeli” diýýär. Bu maslahatlar maňa sungat ýolunda goltgy berýär, täze güýç bilen işlemäge, döretmäge kalbymda hyjuw döredýär.

Okuwymdan daşgary teleradioýalymlarda aýdym-sazlarym bilen yzygiderli çykyş edýärin. Nesip bolsa, geljekde teleradioýaýlymda bagşy-sazandalar bilen gepleşik alyp barmagy, bu ugurdan okuwymy dowam etmegi maksat edinýärin.

 — Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde halypalaryňyzyň bagşyçylyk sungaty baradaky maslahatlaryndan ýatlasaňyz.

 — Çagalar sazçylyk mekdebinden daşgary Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzowdan dessançylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrendim. Halypanyň öýüne baryp, çalýan sazlaryny, gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini diňleýärdim. Dessançylyk sungatynyň taryhy, bagşyçylyk ýolunda yz galdyran ussatlar, işleşen bagşy-sazandalary hakynda halypam täsirli gürrüňleri bererdi. Halypamyň şägirtlerine hormaty uludy. Öýüne baranyňda gadyr bilen garşylardy. Hemişe “Oglum” diýip ýüzlenerdi, gaty pespäldi. Il içinde sylagly bagşylaryň biridi. Halypam bilen boş wagtlary çaý başynda aýdym-sazlaryň üstünde türgenleşerdik. Ol aýdymlaryň sözlerini ýoýman ýerine ýetirmegi ündärdi. Hemişe: “Sabyrly bolgun! Sabyrlylyk adamy, onda-da il adamsy bolan bagşyny bezeýän häsiýetleriň iň naýbaşysydyr” diýerdi. Halypamyň iň esasy belleýän zady ilki bilen sazy ezberlik bilen gowy çalmakdy. Ol: “Saz ýerine düşse, soň aýdymyň sözlerem geler durar” diýerdi. Şonuň üçin köplenç ilki aýdymyň sazyny gowy öwredip, soň sözlerine geçerdi.

 — Bagşyçylyk sungaty uly jogapkärçiligi talap edýär. Bagşy hem-ä dutaryna, hem-de sesine birlikde erk edip, aýdymlary şirinligi bilen diňleýjä ýetirmegi başarmaly. Aýratynam dessan aýtmak üçin ses belentligi, sözleri doly hem-de dogry, çalt aýtmak ukyby gerek. Şulary özüňizde nähili kämilleşdirýärsiňiz?

— Toýlarda aýdym aýdanyňda pes äheňdäki halk aýdymlaryndan başlanýar. Ilki sesiňi ýumşadyp, orta çeküwe, has gyzanyňdan soňra aram çeküwe, soňra şirwan perdä galyp aýdylýar. Sebäbi birden şirwan perdä galyp bolanok. Muhannes ýagny pes çeküwdäki aýdymlary ýerine ýetireniňden soňra dessan aýtmaga girişilýär. Şonda bagşynyň sesine hiç hili agram düşmeýär. Halypalarymyzdan gelýän belli-belli şirwan perdede aýdylýan aýdymlar bar. “Ogulmeňli”, “Ärsarynyň gyzy”, “Babagammar”, “Tylla seniň yşkyňdan”, “Kemal ýarym” ýaly aýdymlar şeýle aýdymlara degişli. Toý-baýramlarda, köplenç, şu aýdymlary ýerine ýetirip bermegimizi haýyş edýärler. Biz hem başardygymyzdan ýerine ýetirýäris.

Dessan aýdanyňda diňe onuň aýdymyny ýerine ýetirmek ýeterlik däl. Dessanlardaky gahrymanlaryň keşbine girmegi başarmaly. Ynha, “Görogly” şadessanyndan şahalary ýerine ýetireniňde mert, batyr, gaýduwsyz gerçek ýigit halkyň göz öňüne geler ýaly edip aýtmaly. Bu bolsa uly jogapkärçiligi talap edýär. Munuň üçin dessançy bagşa ezber el, saldamly ses, dil baýlygy zerur.

Dessançylyk sungaty dil baýlygyny talap edensoň wagt tapdygym taryhy eserleri, dessanlary okaýaryn. Olary okadygyňça döredijilik hakynda täze pikirler döreýär. Sazandalarymyz bilen aýdymlaryň üstünde işläp otyrkak käwagt joşup özüm hem goşgy ýazýan wagtlarym bolýar.

 — Häzirki wagtda nähili aýdymlaryň üstünde işleýärsiňiz?

— Şu günlerde “Görogly” şadessanynyň birnäçe şahalarynyň üstünde işleýärin. Nesip bolsa ýakyn günlerde diňleýjilere ýetirmegi maksat edinýärin.

 — Siz “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynda surata düşürilen

“Ýürek ýylysy” atly telefilmde keşp janlandyrdyňyz. Keşp döretmek dessançy bagşyda nähili duýgulary döredýär?

— 2019-njy ýylda Arazbike Jumaýewanyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen bu telefilmde maňa aşyk ýigidiň keşbini janlandyrmak miýesser etdi. Artistlik sungaty bagşy-sazanda, onda-da, dessançy bagşa iň zerur zatlaryň biri bolandygy üçin bolsa gerek, telefilmde keşp janlandyrmak maňa kyn düşmedi.  Sebäbi ýaňy hem belläp geçişim ýaly, dessanlardaky gahrymanlar nähili keşpde bolsalar-da, onuň sözlerini diňleýjiniň gözüniň öňünde janlanar ýaly edip aýtmaly. Şonuň üçin biz dessan aýdanymyzda-da özümizi keşp janlandyrýan ýaly duýýarys. Başardygymyzdan keşbe girmäge jan edip ýerine ýetirýäris. Teatrlarymyzda-da dessanlardan oýunlar goýlanda bize kiçiräk keşpleri ynanýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda sahnalaşdyrylan “Görogly” şadessanynyň “Harmandäli” şahasyndan Kerem janyň keşbini, “Leýli-Mejnun” dessanyndan Mejnunyň keşbini janlandyrmak nesip etdi.

Sungatyň birnäçe görnüşinde çykyş etmek täze döredijilik gözleglerine atarýar.  Häzirem başardygymdan täze keşpleriň, aýdym-sazlaryň, döwrebap dessanlarymyzyň üstünde işleýärin. Sebäbi biziň ýurdumyzda sungatyň ähli görnüşleri bilen gyzyklanmaga, döredijilik ukybyňy artdyrmaga uly-uly mümkinçilikler döredilýär.

Biz sizi dessançy bagşy diýip tanaýarys. Muňa garamazdan, siz estrada-da öz ukybyňyzy görkezýärsiňiz. Aýdym-saz sungatynyň bu iki görnüşiniň aýratynlygy dogrusynda ony ýerine ýetirýäniň özünden eşitmek täsirli.

— Çagalykdan halk aýdym-sazlaryny, dessanlary diňläp ulalamsoňmy bagşyçylyk sungaty maňa has ýakyn. Halk aýdym-sazlarynyň owazy ýüregimde ýaşaýar. Şonuň üçin özümi başga kärde göz öňüme-de getirip bilemok. Bagşyçylyga söýgimiň uludygyny bilensoňlarmy, ýa-da, köplenç, dessan aýdýanym üçinmi, maňa “dessan” diýip ýüzlenýärler.

Döredijiligimiň esasy bölegini halk aýdymlary, dessanlar eýelese-de, estrada aýdymlaryny hem toý-baýramlarymyzda başardygymdan ýerine ýetirýärin. Dessançylyk sungaty ýogyn sesi talap edýär, estrada aýdymlaryna bolsa mylaýym ses gerek. Şularyň ikisini-de birlikde alyp gitmek irginsiz zähmeti talap edýär. Bir günüň dowamynda ikisini hem ýerine ýetirmek biraz kyn düşýär. Şonuň üçin haýsy hem bolsa birini yzygiderli aýtsaň diňleýjä-de, ýerine ýetirýäne-de oňaýly bolýar.

Üstünlige ýetmek-de başarnyk esasy zatmy?

– “Ýigide müň dürli hünär hem az” diýlişi ýaly, halkymyzyň nesil terbiýesinde çagalaryň ylymly-bilimli, işbaşarjaň şahsyýetler bolup ýetişmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmen maşgalasynda çagalara ata-ene özleriniň zähmeti, başarnygy bilen ýol görkezýär. Başarnyk bolmasa üstünlige ýetip bolmaýar. “Altyn alma, alkyş al” diýlişi ýaly, çeken zähmetiň ýerine düşse, eden işiňe sagbolsun alsaň üstünlige ýetmek diýip düşünýärin.

 — Akmyrat halkymyzyň gadymdan bäri dowam edip gelýän milli bagşyçylyk sungatynyň dowamat-dowam bolmagyna mynasyp goşandyňyzy goşmakda size  geljekde-de uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, döredijiligiňiziň hemişe ylhamdan paýly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Bäş keleme söz aýdyp, belent perdeden gopýan dutaryň şirin mukamy bilen sazlaşýan joşgunly owazlaryňyz belentden-belent ýaňlansyn.  

Sagboluň! Gahryman Arkadagymyz biz ýaşlar üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biz — ýaş dessançy bagşylar geljekde halypalardan miras galan aýdym-sazlarymyz, dessanlarymyz bilen milli sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýmakda öz goşandymyzy goşarys diýip ynandyrasym gelýär. Milli medeniýetimize, sungatymyza belent sarpa goýýan, bagşyçylyk sungatynyň täze nesliniň kemala gelmegine giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

 Söhbetdeş bolan  Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Слово Года: Выиграйте 1000 манатов с Makul Sözlük

Начался прием заявок на участие в фестивале teknofest в турецкой республике северного кипра (трск)

Актуальные темы встречи Министра образования Туркменистана с главой представительства ЮНИСЕФ

Откройте для себя анталью, следуя по стопам санта-клауса

Ata Watan Eserleri

ООН Признала деревню ормана в анталье одним из лучших туристических направлений

Ашхабад инициирует создание формата «Центральная Азия + АCEAH»