Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşiginde eserler kabul edişlik tamamlandy. «Ata Watan Eserleri» döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynda 26 eser bäsleşigiň şertlerine laýyk kabul edildi we saýtymyza ýerleşdirildi. Bäsleşik 15-nji Iýul 2020 senesinde jemlener.
Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edipdi.
Bäsleşik Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär. Bäsleşigimizde ýeňiji bolan 15 eseriň awtoryna jemi 10 500 Türk lirasy möçberinde baýraklar garaşýar.
Ýeňiji kesgitlemegiň şerti
Siz degişli linke girmek bilen, şol eserleri saýtymyzdan okap bilersiňiz, şeýle hem resmi Facebook we Instagram sahypalaryndaky halan eseriňize “haladym” belligini goýup bilersiňiz. Öň yglan edilişi ýaly, ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 50 göterim täsir edýän bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Facebook sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 25 göterim, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Instagram sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 25 göterim täsir edýär.
Eser Türkmen dilinde ýa-da Türk dilinde ýazylandygyna garamazdan saýtymyzyň Türkmen, Türk we Iňlis dili sahypalarynda ýerleşdiriler we “saýtdan okalan sany” hasaplananda şol 3 dildäki “okalan sanynyň” jemi hasaba alnar. Eger “okalan sany” boýunça saýtda görünýän “okalan sany” bilen “Google Analytic” maglumatlary boýunça “okalan sany” deň gelmese onda, “Google Analytic” maglumatlary kabul ediler.
Bäsleşige hödürlenen Eserler
- Mahri Annayeva, Kastamonu Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumanın faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
- Kerim Annaýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – akyl-paýhasyň gönezligi, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Aydana Abdusalamova, İstanbul Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın Faydaları, Facebook linki, Instagram linki
- Dilnäz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Kerwen Rozyýew, Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Dünyadaki en büyük satıcı, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
- Amanbibi Sarıyeva, Ankara Hacı Bayram Veli Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın Faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
- Maysa Annamyradova, Kırşehir Ahi Evran Üniversitesi öğrencisi, Kitap hayatın vazgeçilmez parçası, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
- Jahan Gulamalyýewa, Bahçeşehir Üniversitesi öğrencisi, Kitap ve Sağlık, Makalenin Facebook Linki, Makalenin İnstagram Linki
- Geldimyrat Ataýew, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy…, Makalanyň Facebook link, Makalanyň Instagram linki
- Gurbangeldi Magtymow, Bülent Ejewit adyndaky uniwersitetiň talyby, Kitap okamak – gymmatly hazyna, Makalanyň Facebook link, Makalanyň Instagram linki
- Gülnaz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – ummansyz hazyna, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Maýa Saparkulowa, Alanýa Alaaddin Keýkubat uniwersitetiniň talyby, Kitaplar – uly miras, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Şamyrat Şamyradow, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşymyzyň bezegi, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Rejepnazar Ýediýew, Marmara uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşyň gözbaşy, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Zeýnep Geldimyradowa, Seljuk uniwersitetiniň talyby, Kitap adamyň durmuşyny bezeýän serişde, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Erkin Apbayev, Kırklareli Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak neden önemli?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
- Magtym Jorayev, Ondokuz Mayıs Üniversitesi öğrencisi, Okumak gelişimin anahtarıdır, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
- Gunça Jorayewa, Kafkas uniwersitetiniň talyby, “Kitap – Jemşidiň jamy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň Instagram linki
- Döwlet Mälikgulyýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, “Bir Kitap” atly adamyň hekaýasy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň Instagram linki
- Gunça Açılova, Kırşehir Ahı Evran üniversitesi öğrencisi, Kitaplar olmasaydı ne olurdu?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
- Jemile Galpakowa, 19-njy Maý uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Dövletgeldi Myradov, Erciyes Üniversitesinin öğrencisi, Kitap Okumanın Önemini Ezberi Bozan Anlatım, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Gülşat Davıdova, Karamanoğlu Mehmetbey Üniversitesi Öğrencisi, Kitap bizim dostumuzdur, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Gülşirin Davıdova, Celal Bayar Üniversitesi Yüksek Lisans öğrencisi, Çok Okumak Değil, Doğru Okumak Önemidir, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Mahym Rahadova, Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak zaman yolculuğu yapmaktır, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Nuray Garabayeva, Ankara Üniversitesi öğrencisi, Kitap içerisinde yeni dünyalar taşır, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
Ýeňijilere Pul Baýraklary Garaşýar: Jemi 10.500 Türk Lirasy
Bäsleşigiň şertlerine görä, birinji bolan eseriň awtoryna 2000 Türk lirasy möçberinde pul baýragy garaşýar. Pul baýraklary ýeňijiniň öz adyna açylan bank hasabyna Türk lirasy görnüşinde geçiriler. Ýaryş öňem belläp geçişimiz ýaly Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.
1-nji orun: 2000 Türk Lirasy
2-nji orun : 1500 Türk Lirasy
3-nji orun : 1000 Türk lirasy
4-nji orun :500 Türk Lirasy
5-nji orun :500 Türk Lirasy
6-njy orun :500 Türk Lirasy
7-nji orun :500 Türk Lirasy
8-nji orun :500 Türk Lirasy
9-njy orun :500 Türk Lirasy
10-njy orun :500 Türk Lirasy
11-nji orun : 500 Türk Lirasy
12-nji orun : 500 Türk Lirasy
13-nji orun : 500 Türk Lirasy
14-nji orun : 500 Türk Lirasy
15-nji orun : 500 Türk Lirasy
Saýtdan “okalan sany”
Saýtdan okalan sanynyň ortaçasy hasaplananda 50.000 gezek okalanda 100 bal bolýar. Ýagny her 500 gezek okalan sany 1 bala deň gelýär.
Instragram hasabyndan “ halanan sany”
Instagram hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Eger haýsyda bolsa bir eseriň Instagramda “halanan sany” 1000 gezekden geçen bolsa 1:10 möçberi täzeden kesgitlenilýär. Mysal üçin Instagram hasabymyzda bir eser 600 gezek halanan bolsa, 600/10=60 bal alar.
Facebook hasabyndan “halanan sany”
Facebook hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Eger haýsyda bolsa bir eseriň Facebook hasabynda “halanan sany” 1000 gezekden geçen bolsa 1:10 möçberi täzeden kesgitlenilýär. Mysal üçin Facebook hasabymyzda bir eser 400 gezek halanan bolsa, 400/10=40 bal alar.
Mysallara ýüzleneliň:
A belgili eser saýtymyzdan 55 bal alan bolsa , Instagram hasabymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 450 gezek “halanan” bolsa) we Facebook hasabymyzdan 35 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 350 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(55*50/100)+(45*25/100)+(35*25/100)= 27.5+11.25+8.75=47.5 bal
B belgili eser saýtymyzdan 45 bal alan bolsa, Instagram hasabymyzdan 53 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 530 gezek “halanan” bolsa) we Facebook hasabymyzdan 47 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 470 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(45*50/100)+(53*25/100)+(47*25/100)= 22.5+13.25+11.75=46.5 bal
C belgili eser saýtymyzdan 48 bal alan bolsa, Instagram hasabymyzdan 67 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 670 gezek “halanan” bolsa) we Facebook hasabymyzdan 80 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 800 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(48*50/100)+(67*25/100)+(80*25/100)= 24.00+16.75+20.00=60.75 bal
Bu ýagdaýda, C belgili eser 60.75 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 47,5 bal bilen ikinji orny we B belgili eser bolsa 46.5 bal bilen 3-nji orny eýeleýär.