СОБЫТИЯ

Toýguly Jepbarow :Kalba siňýän aýdymlar

  Günler günlerden, döwür döwürden, ömür ömürden, zehin zehinden… zyýada. Edil şonuň ýaly, owaz owazdan zyýada. Muňa biz her aýdymçynyň özboluşly owazyny diňlänimizde-de şaýat bolýarys. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ýüreklerde orun almagyna, adynyň döwürler aşmagyna sebäp bolýan zat onuň başgalaryňka meňzemeýän özboluşly owazy. Şol owazy hem akyldar şahyryň: «Taraşlap şaglatgyn, köňle geleniň…» diýşi ýaly, kalbyňda sünnäläp, irginsiz zähmet hem yhlas siňdirip, halka ýetirmek gerek. Şeýle zehin, yhlas ussat halypalaryň döredijilik dünýäsinden eriş-argaç bolup geçýär. Olaryň tebigy zehini bilen yhlasly zähmetiniň netijesinde döreýän şirin labyzly eserler aňymyzda hem kalbymyzda ebedilik ýaňlanýar. Şeýle bolansoň  halypalaryň aýdymlary könelmeýärem, garramaýaram. Gaýta, üstünden ýyllar geçdigiçe, täze röwüşe, öwüşgine eýe bolýar.

    Daglardan akýan çeşmeler ýaly arassa, özboluşly heňe ýugrulan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirýän, türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň döredijilik mekdebini geçen halypa aýdymçy Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow hem şeýle ussatlara degişli. Biz halypa aýdymçy bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk:

 — Toýguly aga, zehiniň adamyň özi bilen bile dünýä gelýändigi hakynda köp eşidýäris. Ýöne onuň ýüze çykmagyna bir zat sebäp bolmaly. Siziň aýdym-saz sungatyna gelmegiňize näme sebäp boldy?

— Özümi bilelim bäri, kalbym aýdym-sazyň aşygy. Çagalykdan kakamyň gargy tüýdükde çalan sazlaryny, onuň gapdaly bilen ýerine ýetiren ýanama aýdymlaryny diňläp ulaldym. 4 ýaşymdakam ýarawsyzlyk tapynyp hassahana girdim. Ýanymda kakam boldy. Gutulyşyp başlamsoň, kakama: «Aýdym aýdyp beräý!» diýdim. Özelenip oturamsoň kakam aýdyma hiňlenip başlady. Menem gözümi ýumup, diňläp ýatyryn. Birdenem aýdymyň sesi kesildi welin, gözümi ýalpa açsam, kakam etmesiz iş eden ýaly ýüzüni aşak salyp dur. Seretsem, otagymyzyň gapysynyň agzynda hassahananyň lukmanlary, şepagat uýalary barysy üýşüp, aýdyp diňläp duran ekenler. Olar: «Kakaňa ýene-de aýdym aýtdyr» diýdiler. Kakam bu sapar aýtmady. Şu wakadan soňra mende aýdym aýtmaga höwes döredi.

Çagalyk ýyllarymda käbir öýde dutar bar diýäýmeseň, saz guraly ýokdy. Mekdep döwrümde gurnaga gatnanymda, şeýle-de okuwçylaryň arasynda çykyş edenimde sazsyz aýdymlary aýdardyk. Obada biri gyzamyk getirse, onuň tiz gutulmagy üçin aýdym-saz diňledilerdi. Menem gyzamyk getiren çagalaryň ýanyna äkidip, aýdym aýtdyrardylar. Ilkinji ýerine ýetiren aýdymymyň ady «Güljan» atly halk aýdymydy. Ony 7 ýaşymda gargy tüýdügiň ýanynda obamyzda gyzamyk çykaran çagalaryň arasynda aýdypdym. 5-nji synpda okaýarkam, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli etrap boýunça gözden geçirilişde Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň şahyr Gara Seýitliýewiň «Şahyrym» atly goşgusyna döreden aýdymy bilen çykyş etdim.

 — Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz halk aýdymy eken. Häzirem aýdym-saz repertuaryňyzyň  ählisini diýen ýaly halk aýdymlary eýeleýär. Oňa söýgiňiz aňyrdan eken-dä!

— Hawa, aslynda halk aýdymlaryna belent söýgi, hormat biziň süňňümizde, ruhumyzda bar. Şonuň üçin bolsa gerek, dutaryň kirşine kakyldygy, kalbymyzyň gozgalaň tapyp, jümşüldäp gidýäni. Özümi bilelim bäri, gulagymyzyň ganan zady halk aýdymlar. Jejirs obamyzyň gözel tebigatyndan, dag göwsüni ýaryp çykýan süýji suwly çeşmeleriň şirin sesinden ylham alyp, halypalaryň aýdymlaryny diňläp, şol aýdymlara hiňlenip ulaldym. Agalarymyň biriniň öýünde plastinka aýtdyrylýan enjam bardy. Olara günde-günaşa diýen ýaly aýdym diňlemäge barýardym.

Orta mekdebi tamamlap, Serdar etrabynyň medeniýet öýüniň çeper höwesjeňler gurnagyna gatnadym. Soňra Türkmenbaşy şäherindäki Ýörite lukmançylyk orta mekdebine okuwa girdim. Okuwda hereket edýän aýdym-saz gurnagyna gatnap, mandalina çalýardym. Şol döwürde Türkmenbaşyda ýerli teleýaýlym hereket edýärdi. Ol ýerde okuwymyň daşyndan mandalina saz guralyny çalyp, aýdymlarym bilen yzygiderli çykyş edýärdim.

 — Talyp döwrüňiz nähili aýdymlary ýerine ýetirýärdiňiz?

 

— Halypa aýdymçylar Aýdogdy Gurbanowyň «Aýna», Myrat Diwanaýewiň «Keýpim kök» diýen aýdymlaryny aýdýardym.

1966-njy ýylda lukmançylyk mekdebini tamamlap, Serdar etrap hassahanasynyň tiz kömek bölüminde işe başladym. Işden boş wagtlarymda etrap medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaýardym. Şol döwürde bu ýerde «Sähra mukamlary» atly aýdym-saz topary döredildi. Menem bu toparyň işjeň agzasy boldum. Bu aýdym-saz topary ýurdumyzda geçirilýän festiwallara yzygiderli gatnaşýardy. 1970-nji ýylda meni etrabymyzyň Medeniýet bölümine işe çagyrdylar. Şondan köp wagt geçmänkä-de, Medeniýet bölümindäki medeniýet öýüniň direktory wezipesine bellediler.

1973-nji ýylda işimiň daşyndan häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetine gaýybana okuwa girdim. 1975-nji ýylda geçirilen «Ýaşlaryň owazy» atly telebäsleşige gatnaşyp, kompozitor Çary Nurymowyň şahyr Ata Atajanowyň sözlerine döreden «Niçik söz tapaýyn, nähili aýdym?!» atly aýdymy ýerine ýetirip, ýeňiji boldum. Halypa kompozitor bu aýdymy menden öň hiç kimiň ýerine ýetirmändigini aýdyp, aýdym-saz ugrundan öz maslahatlaryny berdi. Soňra-da birnäçe gezek Çary Nurymow bilen ýakyndan duşuşmak, aýdym-saz sungaty hakynda gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. 1976-njy ýylda Beýik Ýeňşiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýene-de şol bäsleşikde kompozitor Gurbandurdy Çaryýewiň şahyr Muhammetmyrat Kömekowyň goşgusyna döreden «Agam nirede?» atly aýdymy ýerine ýetirip, ýeňiji boldum. Soňra 1977-nji ýylda birnäçe döwletleriň gatnaşmagynda geçirilen Zähmetkeşler döredijiliginiň ilkinji aýdym-saz festiwalynyň jemleýji konsertinde çykyş edip ýeňiji bolmak miýesser etdi.

1987-nji ýylda Türkmen döwlet filarmoniýasynyň «Lälezar» aýdym-saz toparyna işe bardym. Bu ýerde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurban Gummanow bilen bile işleşdik. Olar bilen ýurdumyzyň çäklerinde döredijilik saparlarynda bolduk. Filarmoniýada işleýärkäm 1989-njy ýylda geçirilen «Alagaýyşly» atly festiwala gatnaşyp ýeňiji boldum. Soňra öz ugrumdan işe geçdim. Şonda-da aýdym-sazdan çetleşmedim. 1994-nji ýylda maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň dakylmagy, 2001-nji ýylda «Gaýrat», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna», 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen sylaglanmagym döredijilik ylhamymy joşdurdy.  Aýdym-saza bolan çäksiz söýgim meni ýene-de Serdar şäher medeniýet merkezine işe getirdi. 2013-nji ýylda durmuşymda iň bagtly pursatlaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada eýe bolmagym kalbymy öňküden-de joşduryp, aýdymly ykbalymy galkyndyrdy.

 — Toýguly aga, size türkmen aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň ençemesini görüp, olar bilen döredijilik gatnaşygynda bolmak nesip edendir. Işleşen halypalaryňyz dogrusynda-da aýdaýsaňyz!

 — «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, milli aýdym-saz sungatymyzyň gözbaşy aňyrdan gaýdýar. Häzirki günlerimize çenli ençeme menzil ýol aşyp, halkymyzyň ýüregine ornap belentden ýaňlanýan milli aýdym-sazlarymyz halypalaryň zehin-yhlasyndan döredi. Olary geljek nesillere ýetirmek biz — aýdymçylaryň mukaddes borjy. Döredijilik ýolumda ýokarda adyny agzan halypalarymdan başga-da, kompozitorlar Rejep Rejepow, Rejep Gutlyýew, Çary Abdyllaýew, Suhan Tüýliýew, Atda Çaryýew bilen işleşip, birnäçe aýdymlary döretdik.

Halypa bagşylar Nurberdi Gulow, Aşyrmämmet Dawudow, sazanda, gyjakçy Esger Möwlamow, şeýle-de Mämmet Hallymämmedow, Baýramdurdy Garaýew, Nurmämmet Pirmämmedow, Garaja Gurbandurdyýew, Ata Gurbanow bilen ýakyn döredijilik gatnaşygynda bolup, olar bilen maslahatlaşýardym, aýdymlaryny estrada geçirip, täzeçe öwüşginde ýerine ýetirdim. Halk aýdymlaryny estradada ýerine ýetirmekde halypalar Annaberdi Atdanow, Öwezgeldi Tekäýew, Saparmyrat Babaýew bilen maslahatlaşyp, işleşýärdik. Häli-häzirem halypalaryň sungat ýolunda beren maslahatlary, täsirli gürrüňleri, ýerine ýetiren aýdymlarynyň owazy gulagymdan gidenok. Olar biziň üçin gaýtalanmajak mekdep boldy. Häzirki wagtda ýerine ýetirýän aýdymlarymyň sazlaryny özüm döredýärin. Muny men halypalaryň şägirtlerine bildiren ynamynyň, yhlasynyň miwesi diýip düşünýärin.

 — Halypalaryňyzyň beren maslahatlaryndan ýatlaýsaňyz!

— Halypamyz Nurberdi Gulow: «Aýdym aýdanyňda şeýle kämil derejede aýtgyn, senden soň şol aýdymy hiç kimem seniňki ýaly edip aýdyp bilmesin» diýerdi.

 — Aýdymlaryňyz milli äheňi bilen tapawutlanýar. Bu aýratyn-da nusgawy şahyrlaryň goşgularyna aýdýan aýdymlaryňyza hasam mahsus.

 

 — «Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz» diýlişi ýaly, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularynda milliligiň özeni bar. Nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularynyň her biriniň özboluşly taryhy bar. Olar durşy bilen millilige ýugrulan. Şol milliligiň miwesi aýratynam halk aýdymlarynda jemlenýär. Aýdyma saz ýazanymda halk aýdymlarynyň ýerine ýetiriliş usulyndan ugur alýaryn. Bu bolsa aýdymlaryma millilik öwüşginini berýär.

1975-nji ýylda «Saýatly Hemra» dessanyndan «Nä tilär menden?!» atly aýdymy döretdim. Bu aýdymyň sazy aýdyma ýazan sazlarymyň ilkinjisi. Ol häli-häzire çenli diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlap «Gözüm düşdi», «Bilmezmiň?!» atly goşgularyna aýdym döretdim. Mundan başga-da Gurbandurdy Zeliliniň «Halym perişan», Mämmetweli Keminäniň «Ogulbike» atly goşgularyna döreden aýdymlarym hem ýerine düşen aýdymlar.

Nämeden ylham alýarsyňyz?

— Halypalaryň aýdymlaryny diňlemekden hem-de aýdym aýtmakdan. Sebäbi

halk aýdym-sazlaryndan ganyp bolanok, olary näçe diňledigiňçe kalbyňa ylham, joşgun gelýär.

 — Şägirtleriňiz dogrusynda-da aýdaýsaňyz.

— Ilkinji şägirdim oglum Gulberdi. Çagalykdan aýdym-saza höwesi uly bolan Gulberdi bu günki gün ile belli aýdymçy boldy. Ondan başga-da şägirtlerim «Ýaňlan diýarym — 2017» telebäsleşiginiň ýeňijisi Hemra Nuryýew, Röwşen Baýrammämmedow, Ylýas Gurbanmyradow, Durdynazar Toýtarow, Güýç Hajyýew, Myrat Halatow, Şazada Nazarow  dagy aýdym-saz sungatynda ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Olaryň ýaşdygyna garamazdan, halkymyzyň arasynda giňden tanalýanlary bar. Şägirtlerimiň gazanýan döredijilik üstünlikleri aýdym-saz sungatyna söýgimi öňküden-de artdyrýar.

— Toýguly aga, «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, hakykatdanam ogluňyz Gulberdi Jepbarow ýoluňyzy mynasyp dowam edýän şägirdiňiz.  Ol aýdymlaryňyza ikinji ömri bagyşlaýar.

  — Hawa, oglum, Gulberdi aýdymlarymyň köpüsi ýerine ýetirýär. Oglumyň sesiniň meniň sesime meňzeýändigini aýdýarlar. Onuň aýdymlarynyň halkyň söýgüsini gazanmagy meni begendirýär.

— Maşgalaňyzda Gulberdiden başga-da sungata köňül bereni barmy?

— Çagalarymyň  hemmesiniň aýdym-saza söýgisi uly. Ogullarym Çagalar sungat mekdebiniň dutar bölümini tamamlady. Gulberdiden başgasy aýdym-saz ugrundan gitmese-de, hersi saýlap alan ugurlarynda abraýly zähmet çekýärler. Gol doly maşgalamda 23 agtygym bar. Olardan Ýazberdi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlady. Ýanýoldaşym Ogultuwak halyçy. Onuň sungatyma hormaty, söýgüsi uly. Ogultuwak aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi.

 — Ýaş zehinlere berjek maslahatlaryňyz.

 — Hemişe irginsiz gözlegde bolmaly. Köpräk okamaly. Aýdymlaryň sözlerini eşidip aýtmaly däl-de, goşgusyny okap, öwrenip, sözleriň manysyny ýoýman aýtmaly. Ýerine ýetirýän aýdymlaryň sözleri öz ýüregiňe jaýly ornaşanda, diňleýjileriň ýüreginde ýaşaýar.

 — Nähili dynç alýarsyňyz?

— Aýdym aýtsam ýürekden dynç alýaryn. Galyberse-de, wagt tapdygym, teleradioýaýlymlarda halypalaryň aýdan aýdymlary goýberilse sypdyrman diňleýärin.

 — Döwrebap äheňdäki aýdymlaryňyzy haýsy şahyrlaryň goşgularyna döredýärsiňiz?

— Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Özüň melhem Arkadag», Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Bedewler», şahyrlar Seýdaly Babaýewiň «Arkadag», «Jan Watanym Türkmenistan», «Akhana atlanyp Arkadag gelýär», Hojaberdi Baýramowyň «Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», Amangeldi Amanowyň «Garagum derýam», «Ýanardag», «Daglar», «O ýyllar», «Nirede sen», «Sada ýar», Bibisara Hojanazarowanyň «Söýüp, söýlüp ýaşasaň», «Ýatla meni», Gunça Arazjanowanyň «Dutarym», Goçmyrat Gurbanmyradowyň sözlerine «Myhman gelseň Balkana» atly goşgularyna aýdymlary döretdim.

 — Siziň adyňyz tutulsa, ilki bilen »Garagum derýam» atly aýdymyňyz ýada düşýär. Bu meşhur aýdymyňyzyň döreýşi barada gürrüň beräýseňiz.

— Bir gezek şahyr Amangeldi Amanow bilen «Suw damjasy — altyn dänesi» baýramçylygyna bagyşlap aýdym döretmegi maslahatlaşdyk. Aradan bir gün geçensoň, Amangeldi goşgyny elime berdi. Ony okanymdan, heňi döredi. Çeşme suwy ýaly akgynly aýdylýan bu aýdymy halkymyz söýüp diňleýär.

 — Şumahal nähili aýdymyň üstünde işleýärsiňiz?

— Häzir şahyr Goçmyrat Gurbanmyradowyň sözlerine «Gara gözleriň» atly aýdymy işleýärin. Bu aýdymy ýakyn günlerde diňleýjilere ýetirmegi maksat edinýärin.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýürek arzuwlaryňyzy paýlaşaýsaňyz!

Milli medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatymyzyň owazasyny arşa galdyrýan, halypa-şägirtlik mekdebini goldaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

 — Toýguly aga, döredijilik ýoluňyz, aýdym-saz sungaty hakynda beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Hemişe ajaýyp aýdymlaryňyz belentden ýaňlansyn!

— Sag boluň!

 Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

 

Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva ile reportaj

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen Sanatçısı Çınara ile reportaj

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

Zehinli  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Начался официальный визит Президента Туркменистана в Малайзию

Посол РФ рассказал о готовности документа о создании российско-туркменского вуза

Брифинг в Посольстве России в Туркменистане: Посол Иван Волынкин рассказал о динамике двусторонних отношений с Туркменистаном

Студенты туркменского вуза посетили головной офис ADNOC в Абу-Даби

Новогодние концерты с участием зарубежных звезд в Ашхабаде

Азиатский банк развития поддержит Туркменистан в переходе к возобновляемым источникам энергии с фокусом на солнечную энергетику и «зеленые» города