ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Rahym Esenow: taryhy eserleriň ussady

Arada ýazyjy-şahyrlaryň arhiw suratlaryny synlap otyrdym. Ýüze golaý halypalaryň suratlarynyň arasynda iki-üç sanysyndan galany bakyýete göç eden eken. Dogrusy, olaryň atlaryny eşitsem-de, köpüsini tanamadym. Suratlaryň arasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, žurnalist, belli publisist, jemgyýetçilik işgäri Rahym Esenowyňam suraty gabat geldi. Ýazyjynyň ýaş wagtyndaky suraty bolansoň, ony bada-bat tanadym. Mekdep döwrümizde okuw kitabymyzda gören keşbimdi. Suraty elime alyp durşuma «Rahym aga-ha, ýüze golaý ýaşan bolmaly. Bende ýaňyrak ýogaldy. Bolsa, bir ýyl töweregi wagt geçendir» diýip içimi gepletdim. Onsoň internetden onuň maglumatyny gözledim. Ol 1927-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde doglupdyr. 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde-de ýogalan eken. Magtymguly atamyzyň:

«Her näçe ýaşasaň ýeriň ýüzünde,

Adam ogly bäş gün duza myhmandyr» diýen setirleri ýadyma düşüp, ömür hakda oýlandyrdy. Birden otagdaş kärdeşimiň aýdan gürrüňi hakydama geldi. Ol: «Segsen ýaş töweregindäki daýym ýogaldy. Aýatyna barsam merhumyň baş ujunda, gözüni ýaşlap ýazyjy Rahym Esen otyr eken. Gujagynda-da hasasy, ýaşuly gaty garrapdyr. Özem daýymyň gowy görüşýän dosty eken. Gaýta-gaýta daýymyň ýüzüni açyp seredýär-de pessaýja ses bilen başyny ýaýkap: «Aý, «swoloç, swoloç» nädäýdiň sen meni. Entek meň gezegimdi ahyry, oňarmadyň. Senden öň men gitmelidim-ä» diýip, şol bir sözüni gaýtalap otyr welin, güljegimem bilmedim, aglajagymam. Onuň agy gatyşykly ses bilen aýdýan sögünçli sözlerem ýüregimi gyýym-gyýym etdi. Rahym aga daýymy gaty gowy görýän eken» diýip telim günläp ýatlady.

Adam garran mahaly ýüregi ýukalyp çaga ýaly bolýandyr-da. Žurnalist, şahyr Aşyrguly Baýryýew ýogalanda-da aýatyna baranlar: «Rahym aganyň hasasyna söýenip durşuna gözýaşyny saklap bilmän aglap durşy göz öňümizde galdy» diýip ýatlaýarlar. Ýatlamalara berlip durşuma ýazyjynyň terjimehaly bilen gyzyklanyp, arhiw maglumatlary gözlemäge girişdim. 1989-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan edebiýat 6-njy klas üçin okuw kitaby — hrestomatiýada Rahym aganyň suraty bilen terjimehaly bar eken. Ol gullukçy maşgalasynda doglupdyr. Ýazyjy häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini tamamlapdyr. Türkmen radiosynyň, «Prawda» gazetiniň Türkmenistan boýunça habarçysy, birnäçe ýyl Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipelerde işläpdir. 1979-njy ýyldan ol Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen jemgyýetiniň Prezidiumynyň başlygy bolubam ençeme ýyl işläpdir. Ýazyjy edebiýata žurnalistikadan gelipdir. Ol, esasan, rus dilinde ýazýardy. Onuň ilkinji oçerkler we hekaýalar ýygyndysy 1962-nji ýylda çap bolýar. Rahym Esenowyň eserleri merkezi gazet-žurnallarda yzygiderli çap edilip başlanýar. Bu bolsa oňa bütinsoýuz derejede şöhrat getirýär —  diýlip maglumat berilýär. Rahym aganyň kitaplaryny özümem okapdym. Uly halypalaryň biri, Baýram Jütdiýewiň ýazyjy Rahym Esenowyň «Jahanda uruş barýarka», «Sary dominonyň kölegeleri», «Säherdäki salgymlar trilogiýa», «Dünýede sen bar», «Tepbedi okalan» atly kitaplaryny terjime edendigini bilýän. Şol sebäpli Baýram aga jaň edip, Rahym aga hakyndaky ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol: «Rahym aga halkymyza dik durup hyzmat eden adam. «Prawda» gazetiniň Türkmenistan boýunça habarçysy bolubam on ýyl işledi. Onuň ýaly kän ýyl işlän türkmen ýazyjylaryndan başga ýokdur. Rahym Esen dünýede hem bagtly hem iň betbagt adam. Bagtly diýmegimiň sebäbi, oňa daş atanlaryň ählisi ondan öň gitdiler. Bet bagt diýmegimiň sebäbi ol öýli-işikli iki ogluny özünden öň jaýlady. Onuň eserleriniň tomluklary ýurdumyzyň döwlet arhiwinde bar» diýdi-de: «Şu pursat onuň «Dünýede sen bar» atly eseri ýadyma düşdi. Şol eseriň wakasyny tolgunman ýatlamak mümkin däl. Eseriň gahrymany — ak saçly enä: «Seniň ogluň dönük» diýýärler. Şonda ene: «Meň oglum, hiç haçan dönük bolup bilmez» diýip ynamly aýdýar. Gaýratly, dogumly zenan eken. Ol eýrana, owgana gidýän kerwene goşulyp ogluny gözlemäge gidýär. Barsa dönük diýilýän adam enäniň ogly bilen atdaş bolup çykýar» diýip, Baýram aganyň bogazyny dolduryp hamsygyp gürrüň berşi, telefonyň jaňynda-da gaty täsir etdi. Onuň agy gatyşykly sesi eser diýlen zady ýöne bir okap çykmak däl-de, onuň dünýäsinde ýaşap düşünmekdigi hakynda oýlandyrdy.

Soňra hekaýaçy ýazyjy Öwezmyrat aga jaň edip, Ýerbendi halypa, ýazyjy Rahym Esenow barada nämeler bilýäňiz?— diýip soradym. Ol: «Rahym Esen ýatlanmaga, ýazylmaga mynasyp ýazyjydyr. Ol hemişe: «Edebiýata çynyňyz bilen geliň. Eser ýazanyňyzda kalbyňyz arassa bolsun. Edebiýata başarnygyňyz bolmasa golaýlaşmaň» diýerdi. Onuň «Sary dominonyň kölegeleri» atly eseri ýadyma düşýär. O hili eser ýazmak üçin bütin türkmen razwetkasyna düşünmeli. Ol şeýle ýoluň mekdebini geçmedik bolsa onuň ýaly eser ýazmak mümkin däl. Onuň köp eseri serhet bilen bagly. Rahym aganyň ylahydan berlen zehini bardy. Ol dünýä çuňňur düşünýärdi. Onuň Anatoliý Şalaşow bilen bilelikde ýazan «Turanyň nalasy» atly eseri bar. Şol ýazyjy bilen Rahym aga oglan wagtymyz obamyza gelipdi. Şonda olaryň her haýsy oba dükanymyzdan 2-3 kilo bally süýji satyn alyp oglanlara paýlady. Maňa-da bir gysym süýji beripdiler. Bizem o wagtlar çaga bolamyzsoň begendik. Şonda Rahym aga: «Çagalaryň ýylgyrşyndan çagalygymy gözläp geldim» diýipdi. Ol kişiniň begenjini görmekden lezzet alýardy. Onda-da özgeleriň begenjine özüniň sebäp bolmagyny görmek onuň üçin bagtdy. Onuň eserlerinde duýgy güýçli ösen. O döwrüň ýazyjylary süňňi edebiýata ýugrulandy. Ol adamlar ýöne adam däldi. Dünýä giňişleýin akyl ýetirýän adamlardy. Ýaşlara «Gowşak zat ýazmaň» diýip sargyt ederdiler. Özlerem gowşak ýazylan eserlerden utanardylar» diýip gürrüň berdi.

Rahym aga hakynda belki, Allaýar aga-da käbir zatlar aýtmagy mümkin — diýip, halypa şahyr Allaýar Çüriýewe-de jaň etdim. Ol: — Bir gezek «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna täze ýazan goşgularymy eltmek üçin baranymda redaksiýada Rahym Esen otyr eken. Ol saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Sen meniň garyndaşym hakda makala ýazypsyň, köp sag bol!» diýdi. O nähili garyndaşyňyz hakynda ýazypdyryn? — diýip oňa sowal bilen ýüzlendim. «Aýtakow hakynda»  diýdi. Bu hakynda «Ýüregiň emri bilen» atly kitabym bar. 1995-1996-njy ýyllarda Rahym aga meni gözläpdir. Şo wagtlar «Oktýabr ýalkymy gazetinde» Aýtakow hakynda ýazan kitabymdan bölekleýin çap edilipdi. Makalam «Turkmenskaýa iskra» gazetinde-de rus dilinde çap bolupdy. Rahym aganyň özi rusça ýazansoň: «Maňa şol makalanyň rusçasy gerek» diýdi. Onuň ýaly zehinli ýazyjynyň döredijiligim hakynda gowy baha bermegi begendirdi. Şonda men onuň Nedirbaý Aýtakow bilen garyndaşdygyny özünden eşitdim. Onuň Garabogaz köli hakynda käbir meseleler dogrusynda ýazan «Çüýremek» atly eseri bar, belli «Baýram han» atly romanyň awtory. Umuman, Rahym Esenowyň edebiýat meýdanynda bitiren işleri az däl — diýip gürrüň berdi. Soňra-da, «Ýalňyşmasam 1974-nji ýyldady, Türkmenistanyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde baýramçylyk dabarasy geçirilýärdi. Şol mahallar Rahym aga Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygydy. Dabara Moskwadan delegasiýa bilen gelen bir topar ýazyjylaram gatnaşýardy. Birden ýazyjylaryň biri Rahym aganyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Şonda Rahym aga dabara gutarmanka şol ýerden çykyp gitdi. Soň görüp otursak şol wagt ýazyjynyň oglunyň ýogaldy habary gelen eken. Rahym aga bilen bagly şeýleräk ýatlamalar ýadymda galypdyr. Ýaşymyz ulalansoň köp zatlar ýadymyza-da düşenok, ýöne ol barada eger saglyk ýagdaýy gowy bolsa, inisi Emil Magtymowiç Rahymow kän zatlar aýdyp biler. Öz-ä ýaşuly adamdyr» diýip salgy berdi.

Emil aganyň telefon belgisini tapyp jaň etdim. Ýöne onuň hiç zat gürrüň berip bilmejegine gözüm ýetdi. Telefon jaňynda demini zordan sojap alýan ýaşuly adam, lukman bejergisinde ýatandygyny düşündirdi. Biynjalyk eder ýaly ýagdaýy ýok eken. Onsoň ýene-de arhiw maglumatlara ýüzlenmeli bolduk. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1977-nji ýylyň 5-nji fewral sanynda ýazyjynyň 50 ýaş ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň iberen gutlagy bar eken.  Maglumatlar meňzeş gaýtalanmaz ýaly gutlagdan käbir sözlemleri aldyk:

«Hormatly Rahym Magtymowiç! Edebiýat meýdanynda öz ýoluňy tapmak, halka ak ýürekden hyzmat etmek ähli ýazyjylaryň jana-jan borjudyr. Siziň  bu hormatly käre baş goşanyňyza onçakly köp wagt geçenok. Bolsa-da, Siz özüňiziň «Ýeriň hojaýyny», «Owgan depderi», «Turanyň nalasy», «Janly çöl», «Dirileriň howandary» ýaly ajaýyp romanlardyr powestleriňiz, oçerklerdir publisistik makalalaryňyz bilen türkmen hem beýleki doganlyk halklaryň talapkär okyjylarynyň ynamyny ödediňiz. Aýratyn hem tebigaty goramak barada ýazan eserleriňiz Siziň döredijiligiňiziň hamyrmaýasy bolup durýar. Siziň öz eserleriňiz üçin Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň laureaty diýen hormatly ada hem-de birnäçe hökümet sylaglaryna mynasyp bolmagyňyz hem şu diýenlerimize doly güwä geçýär. Onsoňam Siz diňe bir zehinli ýazyjy bolman, eýsem partiýamyzyň we döwletimiziň ynam bildiren wezipelerinde-de ak ýürek bilen, hakyky kommunistik düşünje bilen işleýän kommunist ýazyjysyňyz. Ynha, bu gün Siziň 50 ýaşyňyz doldy. Şu mynasybetli öz kärdeşleriňiz Sizi uly-uly döredijilik üstünliklerini, berkden-berk jan saglygy arzuw etmek bilen, ýarym asyrlyk ýubileý toýuňyzy hem tüýs ýürekden gutlaýarlar» diýip beýan edilipdir. Gutlagyň aşak ýüzünde Ikar Pasewýewiň «Häzirki zamanyň sene ýazgysy» atly göwrümli  makalasy bar eken. Makala maňa has-da ýarady. Sebäbi Rahym aganyň döredijiligi barada kän zatlary bilmäge kömek etdi. Makala okap başlanymdan özüne çekdi. Ol şeýle başlanýar: «Arada men Aşgabadyň täze gurluşyklarynyň birinde bolanymda, şeýle bir waka gabat geldim. Arakesme mahalydy. Orta ýaşan bir gurluşykçynyň alawlap duran oduň başynda çöýunyp, gatykly çüýşäniň agzyndan owurtlap, myssyjak bulka iýip durşuna, okap duran kitabyndan gözüni aýryp bilmän duranyny gördüm. Men ondan bir zatlar soramakçy boldum. Ol okap duran setirlerini barmagy bilen basyp, başyny galdyrdy. Men onuň ünsüniň sowlanyna juda gynanýandygyny aňyp,  ony eglemedim-de, diňe şol kitabyň kimiňkidigini anyklap oňdum. Ol Rahym Esenowyň «Daň säheriniň öň ýanyndaky salgymlar» diýen romany eken. Gurluşykçy özüniň alňasaýandygyny, sebäbi ýene birnäçe adamyň garaşýandygyny, kitaby tutuş brigada bolup okaýandyklaryny aýtdy. Moskwa neşirýatlarynyň birinde täzeräk çapdan çykarylanam bolsa, eýýäm kitabyň daşy mazaly sürtülip ugrapdyr. Şu zeýilli daşy göwşüllän kitaplar hemişe gözüme yssy görünýär. Şeýle eserleri kitaphanada-da nobata durup okaýarlar» diýip, awtor soňra-da bu kitap hakynda öz pikirini gysgaça beýan edipdir. Ol: «Romanyň esasynda hakyky taryhy waka ýatyr. Baş gahryman Aşyr Taganowyň prototipi gowgaly ýyllarda duşmanyň tylynda örän hatarly hem jogapkärli tabşyryklary ýerine ýetiren razwetkaçydyr. Kitap rewolýusion söweşleriň çylşyrymly döwürlerinde gahrymanyň kemala gelşi we onuň ýaşlyk ýyllaryny suratlandyrýar.Ýiti hem baý sýužet gurluşy, wakalaryň ynandyryjy beýan edilişi hem-de onuň tüýs halkylygy romanyň juda gyzykly çykmagyna hemaýat edipdir. Bu kitap birdenkä peýda bolmady. Rahym Esenow bu eseri ýazmaga öňräk girişipdi. Ol ep-esli wagtlap Türkmenistanda bolan rewolýusion söweşleriň taryhyny öwrendi. Yhlas bilen Aşgabadyň, Bakuwyň, Daşkendiň we Moskwanyň arhiwlerini dördi. Awtoryň kandidatlyk dissertasiýasy hem şu tema bilen baglydyr. Rahym Esenow bu romanyna faktlary toplamagyny togtatman, dissertasion işini ýazdy hem ony üstünlikli gorady. Onuň «Mysl» neşirýatynda çykan «Zakaspi bolşewikleriniň podpolýesi» diýen kitaby-da şu tema bagyşlanypdy. Ýazyjyny ýene bir tema aýratyn tolgundyrýar. Olam rewolýusiýanyň ýeňip gazananlaryny Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda-da gorap saklamak temasydyr. Rahym Esenowyň özüne şol söweşlere gatnaşmak miýesser gelmedi. Ol urşuň ahyrlarynda goşun hataryna çagyryldy. Şeýle-de bolsa, şol gazaply ýyllaryň wakalary ony diýseň tolgundyrýardy. Rahym Esenow türkmen halkynyň taryhyna kän ýüzlenýär. Alty ýyl mundan ozal onuň Anatoliý Şalaşow bilen bilelikde ýazan «Turanyň nalasy» romanynyň birinji, biraz soň ýanynda bolsa ikinji kitaby peýda boldy. Kitaplary «Türkmenistan» neşirýatynda çap boldy. Golaýda bolsa bu romany Moskwada neşir edildi. Bu romanam ýiti sýužetli, gyzykly eserleriň biridir. Rahym Esenow ençeme tanymal adamlar bilen işleşdi uly-uly duşuşyklara bile gatnaşdy. Rahym Esenow türkmen publisistikasyny Bütinsoýuz arenasyna çykardy. Täzelikleriň metbugat agentligi onuň respublikamyzyň durmuşyndan söhbet açýan «Bahara syýahat» kitaby daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edildi. Publisistika, dokumental we taryhy proza ýaly çylşyrymly hem möhüm žanrlarda işlemek bilen Esenow özüni özboluşly ýazyjy hökmünde tanatdy. Onuň eserleriniň çuňňur lirizme hem hyjuwa ýugrulandygy barada görnükli ýazyjylar Wadim Kožewnikow, Lazar Karelin, Abdylla Myradow we beýlekiler öz synlarynda nygtap geçdiler. Rahym Esenow Türkmenistan Ýazyjylarynyň VI-VII gurultaýlarynyň aralygynda respublikamyzyň ýazyjylar guramasynada ýolbaşçylyk etmek bilen, türkmen sowet edebiýatynyň has-da rowaçlanmagyna uly goşant goşdy. Ol Parahatçylygy goramagyň respublikan komitetiniň başlygy, Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-synyň çleni, respublikamyzyň Ýokary Sowetiniň deputaty hökmünde uly jemgyýetçilik işini alyp barýar» diýip awtor anyk maglumatlar bilen ýazypdyr. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1987-nji ýylyň 15-nji maý sanynda gazetiň birinji sahypasynda suratçy Omar Sähetgylyjowyň Rahym aganyň Narbaý Hudaýberenow (Özbegistan), Pawel Ulýaşkow (Moskwa), Aleksandr Mihaýlow, Dmitriý Moldawskiý (Leningrad), Nafýa Jusoýty (Gruziýa) dagy bilen uly maslahatda düşüren suraty bar eken. Garaz metbugat sahypalarynda Rahym Esenow hakynda maglumatlar az däl eken. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1987-nji ýylyň 22-nji maý sanynda «Edebiýat tankydynyň derwaýys wezipeleri» atly uly göwrümli makalada bir topar kärdeşleri bilen ýazan çykyşynda Rahym Esenow pikirini şeýle beýan edipdir. «Ene dilimiz hakynda aladalanmak bilen birlikde bilimleriň hem progresiň ýagty dünýäsine gönükdirýän rus dilini yzygiderli, has düýpli öwrenmegi-de ýatdan çykarmaly däldiris. Onsoňam, özümiz bilen doganlyk maşgalada ýaşaýan, şatlygymyzy, gaýgymyzy deň paýlaşýan galamdaş rus doganlarymyzy-da dostlarça köteklemek isleýärin. Olar respublikamyzda ujypsyz, ýöne ömürboýy ýaşap, türkmen halkyna bagyşlanan ençeme eserler döredip, şonda-da öz doganlarynyň dilini öwrenmelidir öýtmediler. Dogry, olaryň arasynda türkmen dilini bilýänleri-de bar, ýöne barmak basyp sanaýmaly. Her bir dili bilmek uly baýlyk, aýratynam ýazyjy üçin. Dil bilmek edebiýatçynyň dünýägaraýşyny giňeldýär, onuň gahrymanlary baý hem koloritli bolýar. Şonuň bilen-de edebiýat ösüş gazanýar. Respublikamyzda ýaşaýan rus ýazyjylary türkmen dilini bilseler, öz galamdaşlarynyň eserlerini sözme-söz terjimeden rusça geçirmän, asyl nusgadan terjime edip, türkmen sowet edebiýatynyň mundan buýana-da ösmegine önjeýli goşant goşup bilerdiler»… Ýazyjynyň aýratyn şu sözlerini mysal hökmünde göçürip almagymyň öz sebäbi bar. Onuň gönümellik bilen öz pikirini erkin aýdýan ýazyjydygyny aýdasym geldi. Sebäbi onuň bilen käbir baýramçylyk çärelerinde guralan duşuşyklara gatnaşmak maňa miýesser edipdi. Ol diňe özgäniň däl, öz ýalňyşlyklaryny-da mertlerçe boýun alýan ýazyjy eken. Bir gezek ýoldaşyma Aman atly işgäri şu wakany gürrüň beripdir. Ol: «Meşhur kinorežissýor Alty Garlyýew «Aýgytly ädim» kinosyny surata düşürýärkä oňa ak eşek gerek bolupdyr. Şonda onuň kömekçisi mamamyň ýanyna gelip: «Uýam, hojalygyňyzda ak eşegiňiziň bardygyny eşidip geldik. Alty aga täze kino surata düşürýär, şoňa ak eşek gerek boldy. Gaýrat edip, ýardam etseňiz» diýip haýyş edipdir. Mamam pahyr: «Alta kino gerek bolsa, maňa-da mallaryma ot daşamaga gerek, eşek berip biljek däl. Baryňda Alta aýdaýyň» diýip olaryň möhümini bitirmän ugradypdyr. Onsoň mamamlaň öýüne Alty aganyň özi gelip, uly ýük ulagyň üstüni bededen dolduryp getirýär-de: «Ynha, mallaryňyza oty özüm getirendirin, gaýrat edip indi bir, eşegiňizi bereweriň! Näçe gün eşegiňizi saklasak her gününe-de elli manatdan pul töläris» diýip, mamamyň ak eşegine-de kino gahrymanlarynyň biri ýaly pul töläpdir» diýip aýdan gürrüňini ýatlanymyzda, Rahym aga: «Bu bara-da meniň uly ýalňyşlygym bar. Bir mahal Alty Garlyýewi kino surata düşürende döwletiň harajadyny öz peýdasyna ulanypdyr» diýip tankytladym, ýöne men şol hereketimiň nädogrudygyna soň akyl ýetirdim. Ilhalar, kämil kinolary surata düşürjek bolsaň çykdaýjysy kän gerek eken» diýip öz ýalňyşlygyny sypaýyçylyksyz aýdyp bilýär. Rahym aga ýogalmazynyň 2-3 ýyl öň ýanlaryndady öýdýän, anyk ýadymda däl. Ol üç sany uruş weterany bilen 9-njy Maý ýeňiş güni mynasybetli guralan dabara gatnaşmaga geldi. Zaldaky diňleýjilerimizem 4-nji synp okuwçylardan uly däldi. Şonda Rahym aga dabarany gurnaýjylara: «Siz, nähili adamlap? Men aňyrdan gelenimde diňleýjilerim uly ýaşly adamlardyr öýdüp, ululara laýyk çykyş etmek üçin taýýarlanyp geldim. «Çagalaryň öňünde çykyş etmeli» diýen bolsaňyz, men onda başgaça taýýarlanardym ahyry» diýip käýineni ýadymda. «Ýazyjynyň şol käýinji ählimiz üçinem sapak boldy» diýşip, şondaky dabara gatnaşan kärdeşler bilen häli-häzirem ýatlaýas. Soň-soňlar bir ýerde çykyş etmeli bolsak öňi bilen diňleýjilerimiz hakynda gyzyklanýas. Halypalar uly mekdep. Şol gezekki taýýarlanan çykyşlarda eli hasaly golundan söýget berip zordan ýöredilip gelnen uruş weteranlarynyň arasynda çykyş etmek üçin maňa-da söz nobatyny berdiler. Köp gürläp, olary ýadadar ýaly däldi. Onda-da çekine-çekine başardygymdan söz sözledim. Edermen uruş weteranlary, mähriban okuwçylar, hormatly mugallymlar! Ähliňizi şu günki Ýeňiş baýramynyň dabarasynda hoş gördük. Sizi baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu pursat hoş owazly aýdymçy Öwezgeldi Tekäýewiň:

«Assadan ädip barýar,

Ýetmişden kädip barýar,

Nätjek azalyp barýar,

Uruş weteranlary» diýip, aýdan hoş owazly aýdymy gulagymda ýaňlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

«Gara daşdan gara gyly saýlan göz,

Çöňňeler görejiň göze myhmandyr» diýen setirleri ýadyma düşdi. Bu elbetde, hemmämize degişli tebigatyň kanuny. Ähli zat deňiňden geçip dur. Owadanlygam, ýaşlygam, dogum-gaýratyňam, wezipäňem… Diňe, halkyň öňünde bitiren hyzmatyň, miras galdyrjak ýagşy işleriň ýatlamalary ebedilik galýar. Watan üçin janyny orta goýan gerçeklerimiziň gahrymançylykly ýollary bakydyr, şuny hiç haçan unutmaly däldiris» diýenimde, halypa ýazyjy ýylgyryp baş atdy. Dabaradan soň hoşlaşyp, weteranlarymyzy ýola saldyk. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň ýörite getiren ýeňil ulagyna mündirip uruş weteranlarymyzy öýlerine ugratdyk. Şonda ýeňil ulagyň öňünde oturan Rahym aganyň hoşallyk bilen ulagyň aýnasyndan ellerini salgap sagbollaşyp gideni häzirem göz öňümde. Halypa ýazyjyny şonda iň soňky gezek görşüm boldy. Imany hemra bolsun!

 Akgül SAPAROWA.

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri