ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Nury Halmämmedow: saz bilen ýaşaýan ömür

Halypa ýazyjy Öwezmyrat Ýerbendi bilen her hepde diýen ýaly hal-ahwal soraşyp jaňlaşýarys. Iki-üç günlükde-de jaň etdi. Men oňa kompozitor Nury Halmämmedow hakynda makala ýazyp oturandygymy, biraz soňrak özüm jaň aýlajakdygymy aýtdym. Ol: «Dur onda, bir zat aýtjak. Amerikada ýaşan wagtlarym giçlik dynç alyş meýdança kän barýardym. Şonda Kasamoto atly ýapon ýigidi her gün diýen ýaly dynç alyş meýdançada oturyp skripkada ýewropa ýurtlarynyň sazlaryny çalýardy. Onuň çalýan sazlarynyň arasynda aýratyn bir saz ýüregime has ýakymly täsir edýärdi. Ol sazyň haýsy sazdygynam bilemok, ýöne nämüçindir diňlänimde türkmen topragyny küýseýärdim. Bir gün ondan şol sazyň haýsy halkyň sazydygyny soradym. Ol: «Men bu sazyň adyny, haýsy halkyň sazydygyny bilemok, ýöne gyz doganym skripka saz guralyny çalýar. Ol Moskwada geçirilen halkara saz dabarasyna baranda şu sazy öwrenipdir, menem doganymdan öwrendim» diýdi. Soň nesip çekip dogduk Watanyma dolanyp gelemsoň, tele-radioýaýlymlarda häli-şindi ýaňlanyp duran şol sazyň halk heňine Nury Halmämmedowyň döreden «Nar agajy» sazydygyny bildim. Şondan soň bu barada «Uly dünýäniň dili» atly hekaýa ýazdym. Sebäbi saz sungaty haýsy halkyňky bolanda-da hemmä düşnükli» diýip, jahankeşde ýazyjy gürrüň berdi. Onuň bu gürrüňi Nury Halmämmedow hakyndaky ýatlamalar bilen sepleşip, söhbedimiziň uzaga çekeninem duýmadyk.


Arada Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Öwezmyrat Gandymow hakynda makala ýazanymda ol maňa 1995-nji ýylda neşir edilen «Kompozitor Nury Halmämmedow» atly kitaby sowgat berdi. Şol kitapda kompozitoryň terjimehalyna degişli maglumatlar kän eken. Sazşynas ýaşuly kitaby sowgat berende: «Irde-giçde Nury Halmämmet hakynda-da makala ýazsaň öwrenmäge gollanma bolar» diýdi. Şonda oňa: — Öwezmyrat aga, Nury Halmämmedow hakynda öz ýatlamalaryňyzam bardyr-a? — diýdim. Ol: «Ýazyjy Oraz Ýagmyr Nury Halmämmet hakynda kitap ýazdy. Şol kitabynda ol birnäçe tanymal sungat wekilleriniň Nury Halmämmet barada aýdan sözlerini aýratyn sahypada ýerleşdiripdir. Meniňem: «Nury Halmämmet kinoda sazy hemaýatçydan baş gahryman derejesine ýokary göteren ussatdyr» diýen jümlämi kitabyna girizdi» diýip ol gürrüňini dowam etdi. — Nury Halmämmet çagalary RMŞ-da okaýan wagtlary iş ýerime kän gelerdi. Olaryň okuw sapagy gutarýança ýanymda küşt oýnap güýmenerdi. Nury bilen ençeme gezek Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň ýygnaklaryna gatnaşdyk. 1991-nji ýylda Gazagystanyň Almaty şäherinde «Gündogar halklarynyň häzirki zaman saz medeniýetiniň ýagdaýy we ösüşi» atly Halkara konferensiýa geçirildi. Konferensiýa Mongoliýadan, Eýrandan, Hindistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we başga-da kän döwletlerden wekiller gatnaşdy. Şonda Türkmenistandan giden topar bilen menem gatnaşdym. Şol uly konferensiýany simfoniki orkestriň sazy bilen açmak üçin ýörite topar düzüldi. Şoňa-da sekiz döwletiň simfoniki orkestriniň eseri hödürlendi. Şol eserleriň arasyndan bolsa, iň gowy bir eser saýlanylmalydy. Şonda ýurdumyzdan baran delegasiýa Türkmenistandan Nury Halmämmedowyň «Türkmenistan» atly simfoniki eseri bilen konferensiýany açmak barada netijä gelnendigi hakynda gije habar berdiler. Ertesi irden Kurmangazy adyndaky Gazagystanyň döwlet konserwatoriýasynyň zalyna barsak, şeýlebir kän tomaşaçy ýygnanypdyr eken. Açylyş dabarada Nury Halmämmedowyň eseri ýaňlanyp başlady. Ähli gatnaşyjylar tä saz tamamlanýança ör turup, el çarpyp diňlediler. O mahallar Nury diňe Türkmenistanda tanalýardy. Dabara tamamlanansoň, tomaşaçylaryň arasyndan: «Bu saz eserini döreden haýsy ýurduň kompozitory, azerbaýjan kompozitorynyň eserimi?» diýip hat-da ýanymyza gelip gyzyklananlary boldy. «Şeýle güýçli eser haçan ýazyldy? Ol eseri ýazan haýsy kompozitor?» diýip soradylar. Uly tolgunma bilen buýsandyk. Şol pursadyň şatlygy hiç haçan ýatdan çykmajak duýgy bagyşlady» diýip gürrüň berdi. Soňra-da ol: «Nury Halmämmet bilen bagly diýseň täsin ýatlamany zehinli dirižýor Muhammetnazar Mommadowam maňa gürrüň berdi. Gowusy, onuň özüni diňleseň has täsirli bolar» diýip, onuň telefon belgisini berdi. Onsoň Muhammetnazar mugallymyň iş ýerine ýörite bardym. Şonda ol şahsy arhiwindäki suratlary öňümde goýdy. Ajaýyp aýdym-sazlary bilen ýüreklerde ýaşap ýören halypalar bilen düşülen suratlar sowal baryny gozgady. Ilki bilen onuň Türkmenistanyň halk artistleri Nury Halmämmedow hem-de Atageldi Garýagdyýew bilen üç bolup düşen suraty hakynda soradym. Ol: — 1981-1983-nji ýyllarda dirižýorluk hünärim boýunça Moskwadaky ýokary kämilleşdiriş institutynda okuw tejribelik geçýärdim. Bir gezek meşhur kompozitor Nury Halmämmedow öz eserlerini ýazgy etdirmek üçin Moskwa bardy. O döwürde häzirki ýaly şert ýokdugy sebäpli Moskwada ýazgy edilýärdi. Şonda ýazgy edip durka SSSR-iň halk artisti, Lenin adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Ýuriý Siilansew türkmen kompozitorlarynyň eserlerini öz orkestri bilen plastinka üçin ýazgy etdi. Ol ilki bilen Çary Nurymowyň, Aman Agajykowyň, Rejep Gutlyýewiň eserlerini derrew ýazgy etdi. Soňra Nury Halmämmedowyň eserlerini ýazgy etmäge girişdi. Nurynyň «Geler» romansyny ýazgy edip başlandan, birden kalbyna täze bir güýç joşgun beren ýaly gyzyklanyp, «Eseriň şu ýerini şeýleräk alaly, bu ýerini beýleräk alsak has gowy boljak» diýen ýaly janygyp, ýazgyny sünnälenip gaýalan keşdäniň gaýma iňňesinde gaýalyşy ýaly çemeleşdi. Ol Nurynyň «Soňy dagy» eserinem edil «Geler» romansy ýaly gaýta-gaýta üns berip, ýazgy etdi. Ýazgy edip bolan dessine-de, zalda oturan tomaşaçylara tarap öwrülip: «Araňyzda Türkmenistandan adam barmy?» diýip sorady. Zalda Atageldi Garýagdyýew dagymyz otyrdyk. Oturan ýerimizden baş atdyk. Ol ýene: «Nury Halmämmedowam barmy?» diýdi. Nury agraslyk bilen ýerinden turdy welin: «Ýanyma geliň!» diýip çagyrdy. Şonda ol: «Moskwaly kompozitorlarymyzam Siziň ýazan eserleriňiziň ýekeje biri ýaly eser ýazan bolsalar, bütin ömrüne başyny dik tutup gezerdi. Sen hakyky kompozitor» diýip gujaklady. Elbetde, bu sözler onuň bir özüniň şahsy pikiri, ýöne özge ýurtda, ýokary derejeli ussat sungat wekiliniň şeýle uly hormat bilen milli sungatymyzyň wekiliniň adyna aýdan sözleri ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ynha, Nury Halmämmet, Atageldi Garýagdy üçimiziň şol gezek bile düşen suratymyz. Megerem, şu surat Nurynyň iň soňky düşen suraty bolmagy ahmal. Sebäbi ol uzaklaşman dünýeden gaýtdy» diýip gamgyn halda ýüzüni aşak salyp dymdy. Şol pursat halk arasynda «Beýik üçlük» diýip at alan ussatlaryň döredijiligine degişli aýdymlar gulagymda ýaňlanyp başlady. Birdenem Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Atageldi Garýagdyýewiň Nury Halmämmedowyň şahyr Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döreden «Dostlaryma» atly aýdymy ýadyma düşdi. Bu aýdymy Atageldi aga megerem, hiç wagt şo gezekkisi ýaly aýdan däl bolsa gerek. Şol sapar ol aýdymy Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli guralan «Mukamy arşdadyr meşhur ägirdiň» atly dabara gatnaşanymda kompozitoryň dogduk obasy Magtymguly etrabynyň Daýna obasyndaky heýkeliniň öňünde durup diňledim. Mundan bäş ýyl öň, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Nury Halmämmedowyň hormatyna guralan şol dabara tanymal medeniýet, sungat wekilleri, kompozitoryň obadaşlary, hossarlary, dost-ýarlary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Atageldi aga şeýlebir tolgunma bilen aýdym aýtdy welin, dag tebigatynyň gözellikleri oňa joşgun berýän ýalydy. Ýakymly owazy daglara siňip, daglar owaza öwrülen ýalydy. Annaberdi Atdanow, Baba Annanow, Gurbannazar Ezizow, Artyk Jallyýew, Nury Halmämmedow Alty Garlyýew ýaly sungat läheňleriniň keşplerini göz öňümde janlandyrdy. Şonda Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew ýörite kompozitoryň keşbi şekillendirilen ýadygärlik sowgat taýýarlap, dabara gatnaşyjylara toý sowgady hökmünde paýlady. Halkymyzyň milli sungatymyza goýýan beýik söýgüsiniň beýany hökmünde berlen şol sowgady şahsy iş otagymdaky kitap tekjämde agam Aşyrberdi Kürtüň suratynyň ýanynda goýdum. Munuňam öz sebäbi bar. Maşgalamyz bolup paýtagta göçüp geläýen ýyllarymyz özbaşdak jaýymyz bolmansoň, agamyň öýünde ýaşamaly bolduk. Köplenç teleýaýlymda Nury Halmämmedowyň aýdym-sazlary ýaňlansa agam: «Wah, şo gezek gaty ýalňyşdym-da. Nury jan maňa «Kafe gel, oturaly» diýip çagyrdy. Bir iş çykyp gidip bilmän galdym. Uzak wagt geçmänem ol dünýesini täzeledi. Belki, ol şonda baran bolsam, kim bilýär bir zatlar aýtjak bolandyr» diýip gözlerini ýaşlap ýatlaýardy. Öz ýanymdan Aşyr kakam: «Nury jan» diýýär welin, Nury Halmämmedowam garyndaşlarymyzyň biridir öýdýärdim. Asyl ol halkymyzyň beýik şahsyýetleriniň biri ekenä.


Ykbal nesibe çekip metbugat işgäri bolup işläp ýörenime eslije ýyl boldy. Gazet-žurnallaryň habarçysy bolamsoň, ençeme tanymal adamlar bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Haýran galýan. Şol söhbetdeşliklerde Nury Halmämmedowy ýatlap geçmedik döredijilik işgärleri az-azdyr. Ol ýatlamalary bolsa, hakyda sandygymda gymmatly miras hökmünde saklap ýörün. Bir gezek gürrüňdeşlikde şahyr Bahargül Kerimowa: «Ykbal meni geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Türkmenistanyň Kompozitorlar Soýuzynyň gapysyndan getirdi. Şo döwürler Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň gaýybana bölüminde okaýardym. Saz sungatynyň wekilleri bilen işleýändigime begenýärdim. Kompozitorlar Weli Muhadow, Nury Muhadow, Nury Halmämmedow, Weli Ahmedow, Gurban Kulyýew, Aman Agajykow, Çary Nurymow, Durdy Nuryýew, Rejep Rejebow, Kakabaý Annanepesow… garaz saz ýazýan kompozitorlaryň köpüsi şo ýere ýygnanardylar. Şahyr Kerim Gurbannepesow köplenç Aşyr Kulyýewiň ýanyna gelerdi. Görüp otursam onuň «Gumdan tapylan ýürek» poemasyna Aşyr Kulyýew saz ýazyp, şol wagtky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda sahnalaşdyrmak üçin bilelikde işleýän ekenler. Kerim aganyň käte täze ýazan goşgusyny okap bermesi bardy. Şol gün Nury Halmämmedowam geldi. Olar döredijilik maslahaty geçirilýän otagdan çykdylar. Şonda Kerim aga maňa tarap seretdi-de: — Bahargül, sen näme bize çaý demläp berýäňde gaçýaň? Senem goşgy ýazýan ekeniň-ä. Şu günki «Edebiýat we sungat» gezetinde goşgular toplumyňyzy gördüm. Ýazyber, ýazyber. Köpräk ýaz! Höwri köp bolsun! — diýeninden Nury Halmämmedow: — Bahargül, sen jigim, saz döredýänleriň jümmüşinde işleseňem, goşgy ýazýanyňy bildirmän işläp ýörsüň. Gaýtam, her kompozitora bir goşgyňy berip, talap edip dursaň bolmaýarmy?! Edil häzir bahar pasly. Bahar hakda, ene hakda maňa iki sany goşgyňy ber. Nesip bolsa, men gowy saz dörederin — diýdi. Kompozitor Nury Halmämmedowyň özüniň goşgymy sorandygyna gaty begendim. Göwnüm guş bolup uçdy. Onsoň ol goşgulary taýyn edip oňa derrew gowşurdym.Ýöne şondan soň ençeme aýlar geçdi. Men bolsa, şeýle beýik kompozitordan goşgyma saz ýazandygyny ýa-da ýazmandygyny soramaga çekinýärdim. Ahyry bir gün ol salam berip gapydan girdi-de:
— Bahargül sen meni bagyşla! Özüm senden sorap alybam saz ýazmaga mümkinçilik tapmadym. Sebäbi häzir men uly eseriň üstünde işläp ýörün. Men bu goşgularyňy Rejepden haýyş ederin — diýdi. Edil şol wagtam gapydan kompozitor Rejep Rejebow geldi. Ol şo döwürler Moskwanyň konserwatoriýasynda okaýan eken. — Tüýs wagtynda geldiň Rejep jan. Men ynha, Bahargülden ötünç sorap otyryn. Özüm onuň goşgularyny haýyş edip alsam-da ýumuş bitmedi. Indi sen, men bolup gaýrat etmeseň uýamyzy öýkelederis — diýip, eplenen ýerleri ýyrtylara gelen goşgulary jübüsinden çykaryp Rejebe uzatdy. — Sen diýdiň gutardy, Nury jan! — diýip, Rejep iki goşgynam aldy. Ol uzaga çekdirmän bu goşgularyň ikisine-de saz döretdi. Begenjimiň çägi bolmady. Munuň üçin häzirem kompozitorlaryň ikisine-de alkyşlarym egsiler ýaly däl. Käte Nury Halmämmedowyň bile işleşen döwrümizdäki aýdan «Her bir halk diňe bir dok hem baý ýaşamaly däl-de, eýsem baky ýaşamalydyr» diýen jümlesini ýatlaýaryn — diýdi. Kompozitoryň şol sözleri ilkinji nobatda öz ömrüne degişli ýaly bolup dur. Sebäbi ol ölmez-ýitmez eserleri bilen ömrüne bakylyk bagyşlady. Şeýle ajaýyp eserleri döreden şahsyýetler bolsa, ýüreklerde ýaşaýar.


«Meşhur kompozitor Nury Halmämmedow ýigit wagty bir aýdym ýazypdyr. Saz ýokary çeküwde eken. Kompozitoryň ýüz tutup gören aýdymçylarynyň hiç biri bu aýdymy ýerine ýetirmäge töwekgellik edip bilmändir. Ahyry Nura: «Sen bu sazyňy, gitde, Annagül Annagulyýewa görkez! Belki, şol başarar» diýip maslahat beripdirler. Kompozitor maslahaty kabul edip olaryň öýlerine baryp, oňa näme maksat bilen barandygyny aýdýar. Soňra-da pianinonyň başyna geçip ýazan sazyny çalmaga başlaýar. Şol pursadam Annagül Annagulyýewanyň ýan ýoldaşy meşhur kinorežissýor Alty Garlyýew gapydan girýär. Şeýlelik bilen ýaş kompozitor bilen belli kinorežissýor tanyşlyk açypdyr. Soňundanam ol aýaly bilen Nurynyň ýazan sazyny diňläpdirler. Şonda onuň eseri Alty aga ýaran bolmaly. Ol ýerinden turup kompozitoryň ýanyna gelipdirde: — Inim, sen at aýagynyň dükürdisine meňzedip, saz düzüp bilermiň? — diýipdir. Yzyndanam pianinonyň üstüne iki eli bilen urup, at toýnagynyň sesine meňzedip kakuw edip görkezipdir. — Synanyşyp göreýin… — diýip Nury Halmämmedow baş atypdyr. — Haý, näbileýin?— diýip, Alty Garlyýew uludan demini alypdyr. Onuň ýaş kompozitora ynamsyzlyk etmeginiň ýeterlik sebäpleri bardy. Režissýor şol döwürde «Aýgytly ädim» filmi surata düşürýärdi. Filmiň bir bölegine-de at aýagynyň dükürdisine meňzeş saz eserini gözleýärdi. Hat-da tanymal kompozitorlara çenli muňa milt edip bilmeýärdiler. Ynha, hiç kimiň tanamaýan ýaş kompozitory welin, «Synanyşyp göreýin» diýip durdy. Şundan birnäçe wagt geçen soň, Nury Halmämmedow Alty Garlyýewiň haýyş edişi ýaly saz eserini ýazyp gelipdir» diýip, ýazyjy Çary Geldimyradow «Gören-eşidenlerimden habar bersem…» atly kitabynda ýazypdyr. Kompozitor hakynda dürli ýyllarda dürli neşirlerde ýazylan makalalar sanardan kän. Olardan has täsirli ýazylanlary welin, hiç ýadyňdan çykmaýar. Ynha, oňa bir mysal. Bir mahal Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýewiňiň «Saz äleminiň parlak ýyldyzy» atly makalasyny okanym ýadyma düşýär. Şol makalasynda Suhan mugallym Nury Halmämmedowyň döreden eserleriniň aýratynlyklaryny şeýle bir täsirli beýan edipdir.
«Ol balet, simfonik, wokal-simfonik, kamera-instrumental, kamera wokal eserleriniň, kino sazlarynyň ençemesini döretdi. Onuň eserlerindäki esasy aýratynlyk — öz halkynyň içki dünýäsini, filosofiýasyny we psihologiýasyny açyp görkezýän millilik. Nury Halmämmedow romantik häsiýetdäki we mazmundaky eserleri döretdi. Ol eserlerinde polifoniýanyň tilsimlerini, esasan bolsa, gomofoniýanyň (heňi akkordlar bilen sazlaşdyrmagyň) usullaryny ulandy. Onuň akkordlary aýratynlykda owazlananda, olaryň biri-biri bilen sepleşen yzygiderliklerinde peýda bolýan sazlaşyklar gözelligi, terligi, islegliligi bilen tapawutlanýar.Türkmen dutarynyň saz keşbi onuň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol beýik türkmen kompozitory Daňatar Öwezowyň «Dutaryň owazy» kantatasynda tapan dutar fakturasyny öz fortepiano we simfonik sazlarynda şahyranalyk bilen ösdürmegi başardy. Muňa kompozitoryň fortepiano üçin «Dutaryň owazy» eserini, simfonik sazlaryndan simfonik şekillerini,1-nji simfoniýasyny, «Şükür bagşy» kinofilminiň sazyny we başgalary mysal getirmek bolar. Nury Halmämmedow partituralaryny simfonik orkestriň adaty düzümi üçin ýazan hem bolsa, milli sazymyzyň ruhuny, saz gurallarymyzyň keşbini orkestriň heniz äşgär edilmedik serişdeleri arkaly ussatlarça beýan etdi. Kompozitoryň orkestrde arfa saz guralyny ulanyşy hem aýratyn hormata mynasyp» diýip uly baha berýär. Suhan mugallym kärdeşi Nury Halmämmedowy ýakyndan gören halypa. Ol şeýle beýik kompozitor bilen tanyşlygyny-da şol makalasynda şeýle beýan edipdir. «Entek çagakak Nury Halmämmedowyň aýdymlaryny kän aýdardyk, sazlaryny akkordeonda çalardyk. Şol ýyllar ekrana çykan «Aýgytly ädim» kinofilmini bolsa, Türkmenistanyň oba şäherlerinde görmän galan ýok bolsa gerek. Köpimiz bu ajaýyp filme öwran-öwran tomaşa etdik. Ýetginjeklik höwesi bilen «Artygyň aýdymyny» aýtdyk. Nury Halmämmedowy ilkinji gezek Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk orta mekdebinde okaýarkam ýüzbe-ýüz gördüm. Ussat bilen ýakyndan tanyşlygym 1981-nji ýylyň martynda başlandy. Şol ýyl sungat institutyny tamamlaýardym. Diplom işimi ýazmaga şert döredip, Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşmesi meni Russiýanyň Iwanowo welaýatynda ýerleşýän «Kompozitorlaryň «Iwanowo» döredijilik öýüne» bir aýlyk iberipdi. Baranymdan 2-3 gün geçensoň, bu ýere Nury Halmämmedow hem geldi. Şol pursat kompozitorlar naharhananyň öňünde gürrüňleşip durdular. Azam Salyýew atly täjik kompozitory Nury Halmämmedowyň özüni öň görmän ekeni. Ol «Aýgytly ädimiň» sazyny ýazan kompozitory tanansoň, Nuryny täzeden gujaklady we «Daşkendiň konserwatoriýasynda okaýarkak, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýanlar «Artygyň aýdymyny», aýratynam aýdymyň gaýtalamasyny hezil edip aýdýardylar» diýip ýatlady.
Nury Halmämmedow entek P.I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda okaýarka döreden birnäçe aýdymlaryndan başga-da, skiripka hem fortepiano üçin sonatasy, fortepiano üçin «Tema we onuň wariasiýalary», «Saňa» ýaly ençeme eserleri onuň zehininiň kämilleşendigini äşgär edýär. Şol ýyllar onuň döreden sazlarynyň naýbaşylarynyň biri hem fortepiano üçin «Dutaryň owazy» eseridi. Ol konserwatoriýany üstünlikli tamamlap, soňra aspirantura girmekçi bolanda, oňa dünýä meşhur kompozitor Aram Haçaturýanyň duşup: «Sen öz zehin kämilligiň bilen aspiranturany bireýýäm gutardyň. Indi saňa okuw nämä gerek?» diýenini Nury Halmämmedowyň özi maňa gürrüň beripdi» diýip ýazypdyr. Ol: «Nury Halmämmedowyň döredijiliginiň ýene bir gol ýaýradan şahasy onuň aýdym-romanslarydyr. Kompozitoryň «Haýrana galar», «Aşgabat», «Iki agaç» ýaly halkyň söýgüsini gazanan onlarça estrada aýdymlaryndan başga-da, Magtymgulynyň, Mollanepesiň şygyrlaryna döreden wokal toplumlary çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Ol türkmen kompozitorlarynyň içinde ilkinji bolup, daşary ýurt şahyrlaryň goşgularyna göwrümli eserlerini ýazdy. Onuň S. Ýeseniniň şygyrlaryna «Pars äheňleri» wokal toplumyny asyl nusgasynda ýazmagyny, nemes şahyry G. Geýnäniň goşgularynyň rusça terjimesine «Ynsan ýürekleri» wokal toplumlaryny döretmegini batyrgaý ädilen ädimler hökmünde görkezip bolar. Aýratyn hem Nury Halmämmedowa simfonik orkestr üçin döreden eserleri uly şöhrat getirdi. Kompozitor simfonik žanrynda iki sany iri eser döredip, olarda-da öz möhürini goýmaga ýetişdi. Onuň konserwatoriýany gutaran ýyly döreden bäş bölümden ybarat «Türkmenistan» atly simfonik şekilleri barada meşhur rus sungaty öwreniji alymy I.Wyzgo-Iwanowanyň sözleri bilen aýtsaň: «Eser 60-njy ýyllarda döredilen türkmen simfonik sazlarynyň iň aýdyň hem özboluşly nusgalarynyň biri. Onda türkmen milli sazynyň ruhy simfonik saz görnüşinde orkestriň içinden eriş-argaç bolup geçýär». Kompozitoryň 1967- nji ýylda döreden 1-nji simfoniýasynda lirikadan gelen inçe duýgular çuň mazmuna eýe bolýar. Simfoniýanyň 3 bölüminiň hersi özboluşly dünýä. 1-nji we 2-nji bölümlerdäki dürli öwüşgin çaýylan liriki duýgular 3-nji bölümde şatlyga, toý dabarasyna getirýär. Bu bölümde türkmeniň uludan tutan toýy öz beýanyny tapýar. Kompozitoryň kino filmlere ýazan sazlaryny hem simfonik orkestr ýerine ýetirýär. Ol 25-den gowrak filme saz ýazdy. Kompozitoryň ömrüniň soňky ýyllary ýazyp ýetişen iri eserleriniň biri hem «Aýgytly ädim» baletiniň sazy boldy. Ol Iwanowoda bile bolan saparymyz şol baletiň sazynyň üstünde işleýärdi. Baletde adybir kinofilmiň sazyndan bölekleri hem ulanýan eken. Men oňa: «Nury däde, baletde «Artygyň aýdymynyň» sazy bolarmy?» diýenimde, «Men öz diňleýjilerimiň göwnüne degip bilmerin ahyry» diýip, bir zatlary pikir edýän ýaly dymyp oturdy. Dogrusy, men onuň näme diýjek bolýanyna düşünmedim. Soňra ol pikiriniň yzyny dowam edip: «Teatra gelen tomaşaçylar baletde «Artygyň aýdymynyň» sazyny eşitmeseler, ýeňsesini tüňňerdip gitmezmi?» diýip degişdi. «Men ony «Artygyň goragy» diýip aldym» diýip degişdi». Ynha, şeýle ajaýyp ýatlamalarda milli saz sungatymyzda uly yz goýan Nury Halmämmedow bilen bagly aýdylýan gürrüňleriň her biriniň özboluşly aýratynlygy bar. Olary okanyňda, diňläniňde kompozitor hakynda kän zatlary bilmäge ýardam edýär. Halkymyz özüne hyzmat eden ogul-gyzlaryny unutmaýar. Saz äleminde bitiren hyzmatlary üçin meşhur kompozitoryň ýaşan köçesine ady dakylyp, şol köçede onuň heýkeli oturdyldy. «Aşgabadyň 3-nji çagalar sazçylyk mekdebi Nury Halmämmedowyň adyny göterýär. Şu günler bolsa Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçirilýär. Munuň özi zehinli kompozitora goýulýan beýik mertebedir.

Akgül Saparowa.

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri