SIZDEN GELENLER

Nebitgaz senagaty toplumlaýyn ösdürilýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen berkarar döwletimizde şu günler emele gelen ýokary ruhubelentlik esasynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda nebitgaz pudagynda hem görnetin ösüşler gazanylýar.

Eziz Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Şu belent wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu maksatnamada tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has netijeli ulanmak, tebigy baýlyklaryň gorlaryny artdyrmak, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmakda uly işler alnyp barylýar.

Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň ýokary depginini üpjün etmekde nebitgaz senagatynyň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipedir. Şunda ekologiýa, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Konstitusyýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň öň ýanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň “Ekerem” buraw işleri müdirligi Uzynada känindäki taslama çuňlugy 6750 metr bolan 77-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap bu guýynyň 6692-6706 metr çuňlugyndan tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny aldylar. Bu hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň üstünlikleri bilen ruhlanýan ýurdumyzyň nebitçileriniň gazanýan üstünlikleri buýsandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatyna berýän yzygiderli aladasy netijesinde daşary ýurtlardan satyn alýan iň bir kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylarymyz şu günler has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy maksat edinip, gaýratly zähmet çekýärler. Kämil buraw desgalary has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga ýakyndan ýardam berýär.

Şeýle hem ýurdumyzda nebitgaz serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly dürli önümçilik toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Balkan welaýatynda ýerleşen Gyýanly polimer zawodynda izobutan önümçiligi boýunça desga gurlar. Izobutan tebigy gazdan öndürilip, nebiti gaýtadan işlemekde giňden peýdalanylýar. Bu bolsa Türkmenistanda uglewodorod çig malyndan ýokary goşulan bahaly önümleriň önümçiligini giňeltmäge ýardam eder. Ýokary oktan sany mynasybetli izobutan içerki ot alyş hereketlendirijileri üçin ýangyjyň düzüm bölegi hökmünde peýdalanylýar. Izobutanyň ýene-de bir möhüm aýratynlyklarynyň biri — ozon gatlagyny zaýalamaýar.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberijileriň esasylarynyň hatarynda durýar. Eziz Diýarymyz çäk taýdan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary göz öňünde tutulanda, Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlary hem-de beýleki dürli ugurlar boýunça tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Bu gün Garaşsyz Diýarymyz dünýäniň onlarça ýurdy, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi hem-de durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy şol hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ýörelgelerini düzýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika ulgamyndaky bilelikdäki köpýyllyk işiniň dowamynda toplanan oňyn tejribesini, türkmen «mawy ýangyjyny» dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmäge hem-de gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary görkezmek bolar.

Bahar Owganowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ uly mugallymy.

 

 

 

Sanly reforma – milli ykdysadyýetimiziň ösüşli ýollary

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany