Hytaýyň işewürlik edebi dünýäniň iň gadymy işewürlik edepleriniň biri hasaplanylýar. Ol Hytaýyň syýasy we ykdysady medeniýetiniň esasy bölegi hökmünde b.e. öň I müňýyllygyň ortalarynda öz arasynda bäsleşýän onlarça patyşalyklaryň bolan döwründe, entäk bitewi Hytaý imperiýasynyň kemala gelmegine ýüzýyllyklar barka emele gelipdir.
Şonuň üçinem ol iň durnukly däp hasaplanyp, şu günki günde «hytaý milleti» ady bilen gelip çykyşy boýunça dürli-dürli halklary birikdirýän bitewülik bolup durýar.
Ine, şol saklanmaly işewürlik edebinde özüňi alyp barmagyň hytaý düzgünleri hemişe daşyndan seretseň bildirmeýänligine garamazdan, ol bir şekile getirilendir. Eger-de ýapon sypaýyçylygy öz köp sanly baş egmeleri we berk urp-adatlary bilen şol bada göze ilýän bolsa, hytaý işewürlik edebi hiç birinde-de ýalňyşlyga ýol berilmeýän ýüzlerçe böleklere bölünen «ownujak» jikme-jiklige esaslanýar. Elbetde, bu günki günde käbir düzgünleriň resmi derejesi mundan on ýyllyklar ozalkylary bilen deňeşdirilende, has ýönekeý we çeýedir. Ýöne şonda-da içki urp-adatlar berkligine galýar.
Saklanylmaga esaslanýan däp bolan hytaý endikleri diňe bir özüňi alyp barmagyň görnüşleri bilen däl-de, umumy konfusian medeniýeti bilen bagly. Konfusiýiň «li» sözünde jemlenýän urp-adatlaryň, däp-dessurlaryň berjaý edilmegine, umuman, özüňi dogry alyp barmaklyga uly üns bermegi ýöne ýerden däldir. Hytaýça «li — 礼okalşy – lÇ sypaýyçylyk» diýmekdir. Bu sözüň aňyrsynda hytaýlylarda «limao — 礼貌lÇmào – edehät» ýa-da «urp-adatlara laýyklykda daşky görnüş» diýlip düşünilmeklik ýatyr.
Özüňi alyp barmagyň hakyky hytaý düzgünleri «hoşamaýlygyň» astynda gizlenen ýasamalyk däldir. Olar dogabitdi medeniýetiň derejesinde, adamlaryň içinde gizlenen. Medeniýet diýlip hytaýça — asmanyň täsin habarlaryny kabul etmek we olara adamzadyň düşünmekligini girizmek ukybyna düşünilýär. Şonuň üçinem «Medeniýet» (wenhua — 文化 – wénhuà) sözüniň özüni «asman hatlaryna üýtgeşme girizmek» diýlip terjime edilmegi tötänlik däldir. Onuň täsin ýa-da geň eşidilmegi mümkin. Ýöne her bir halk däp-dessurlara, şol sanda endiklere (geýinmek we geplemek endigi, iýip-içmek…), ululary sarpalamak, kiçiler hakda alada etmek, myhman garşylamak (daşary ýurtdan gelen myhmanlar hem), ýaly mukaddes garaýyşlar jemlenen medeniýetli bolmakdaky edepleri bilen iş salyşýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Bu ýerde hiç hili tötänlik ýokdur. Bu ýerde hemme zat mukaddes däp bilen baglanyşyklydyr.
Dünýäniň köp dillerinde «hytaý sypaýyçylygy» ýa-da «hytaý mylaýymlylygy» düşünjesi urp-adatlar bilen baglanyşykly we köp sanly şertlilikler bilen baglanyşykly çendenaşa myhmansöýerliligi aňladýar. Umuman, bu göz öňüne getirme zatlaryň hakykat ýüzündäkisinden gaty bir uzaklaşdyrman aýtsak, meselem: işewürlik ýa-da dynç alyş maksady bilen Hytaýda bolan islendik adam ony güler ýüz bilen garşy alandyklaryny, restoranlarda dürli-dümen naharlary hödür edendiklerini, haýsy ýadygärlikleri görkezendiklerini we haýsy amatly myhmanhanada ýerleşdirendiklerini uly begenç bilen aýdyp berer. Elbetde, ol «hytaýlylar» bilen nädip dostlaşandygyny, täze hyzmatdaş tapynandygyny hem aýdar. Umuman, Hytaý gymmat bolmadyk, emma ýakymly amatlylygyň we gadyrlylygyň duýgusyny galdyrýar. Köp sanly ýewropalylar «Hytaýa garaşly» bolup galýar hem-de gaýta-gaýta bu ýere gelmek isleýär.
Ýene-de Hytaý sypaýyçylygynyň düzgünlerinde hytaýça «sypaýyçylyk», «keti — 客气 – kèqi» diýen söz bilen hem aňladylýar. Bu sözüň sözme-söz terjimesi «myhmanlaryň ruhy», «myhmanlary kabul etmegiň ruhy» diýmekdir. Söhbetdeşiniň özüni «daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek ruhunda» alyp barýandygyny aýratyn bellemek bilen hytaýly onuň sypaýyçylygyna ýa-da hoşamaý sözüne: «Siz örän sypaýyçylykly!» («ni taý keti le» — ä½ å¤ªå®¢æ°”äº†– nÇtài kèqi le) diýip jogap berer. «Keti» sözüniň ilki başdaky manysy — «myhmanlaryň ruhy», «myhmansöýerlilik ýagdaýy» diýmegi aňlatsa-da, sypaýyçylykly jogap hökmünde hem ulanyşa giripdir.
Bu halkda gepleşmek, özüňi alyp barmak edebiniň däbi ýakynlaryň «özüňkilerden başlap», özüňden uly-kiçä, işdeş ýagdaýy (başlyk-işgär), işewürlik ýagdaýynda biri-birine käbir umumylyklary gabat gelýän meselem: Ýapon, Koreý halky bilen, has daşgyn bolan ýurduň adamlary bilen berk düzgüne eýerip, biri-birinden düýpli tapawutlanýar. Ýurtlaryň arasyndaky işewürlik edebiniň gatnaşyklary hem şu aýdylanlara esaslanýar.
Biziň türkmen adatlarymyza mahsus myhmançylyga barlanda «eliň boş barylmaýan» edebi hem bu halka-da mahsusdyr. Ýöne bir milletiň wekili başga bir milletiň öýüne myhmançylyga barsa, onda gelen başga ýurduň adamsy — myhman baran öýüniň ýagny «halkyň» ruhuna giren adatlardan habarly bolsa gowy. (Ol gelen myhman hakynda gowy pikiri oýarýar hem-de «göwün syndyrmadan gorap» sylanyşykly gatnaşygyň hamala aýdaly, bärik gelmezden ozal bu milletiň halaýan, halamaýan zatlaryna seljeriş berip gelendigiňiz, olarda: «Tüweleme, biziň adatlarymyz bilen tanyşlygyňyz gaty gowy» diýen gowy pikiri oýarmaga esas bolup, iki taraplaýyn gatnaşyklaryň dowamly bolmagyna sebäp bolýar).
Hytaýlylara myhmançylyga geleniňizde iri azyk dükanlarynda satylýan hurma, şetdaly, erik, kiwi ýaly şekere basylan miweleriň birnäçe gutusy elmydama gowy sowgat bolar. Bu getirilen mysallar işewürlik ýagdaýynda saklanylmaly garaýyşlara esaslanýar.
Bu ýerde ýene bir zady: Hytaýlylar üçin sowgat funksional bolmalydygyny – bu sowgadyň iň dogry görnüşidigini ýatdan çykarmaly däldir. Olar üçin adaty görnüşde bezelen elektrik çäýnek, küldan, gymmat bahaly awtoruçka gowy sowgat hasaplanylýar.
Edaraňyzyň logotipi ýerleşdirilen ruçka, şeýle logotipli tabak, ýazuw stolunyň üstünde goýulýan abzallar ýaly adaty işewürlik toplumlary standart we ýerlikli sowgat bolup durýar. Bu zatlar Hytaýda öndürilse-de, siziň logotipiňiz olary başga hile geçirer. Sowgady gyzyl kagyza dolap, daşyndan zolak bilen daňmak hasda göwnejaý hasaplanylýar.
Ýöne köne hytaýly dostuňyzy ýa-da obada ýaşaýan uşu ýa-da fyn-şueý boýunça uly ýaşly ussady görmäge barsaňyz, ýyly jemper, ýyly ellik, şarf – boýunsa, gowy köýnek bu ýerde has laýyk bolar. Şuňa meňzeş geýimler Hytaýlylaryň özarasynda sowgat berilýär.
Hat-sowat öwreden ussat kalligraf — hatdatçyny, şonuň ýalyda hytaý aşhanasynyň, uşunyň syrlaryny öwreden ýa-da onuň görkezen parasatlylygy üçin olara hoşallyk bildirmek isleseňiz onda «gyzyl bukja» (hoňbao — 红包 – hóng bÄo) berip bolar.
Bu hoşallygyň adaty nyşany. Gyzyl bukja (islendik uniwermagyň kanselýariýa bölüminde satylýar) öz garamagyňyz boýunça köp bolmadyk pul goýulýar. «Gyzyl bukja» – adamyň özüne däl, onuň wekilçilik edýän mekdebine ýa-da däbine bolan sowgatdyr. Bu-da biziň halkymyzda bar zat. Iş babatda öwreden halypaňa minnetdarlyk hökmünde onuň «eli boş goýulmaýar».
Owadan, emma funksional bolmadyk sowgatlar: albomlar, şäheriň keşbi görünýän gutlag ýazylýan hatlar berilmese gowy. Esasanam Hytaýda betbagtçylygyň ýa-da ölümiň nyşany hökmünde hasaplanylýan sowgatlar: kesilen gül, (has-da ölümiň reňki – ak reňkli kesilen gül) berilmeli däl. Sary we mawy reňkli güller hem şonuň mysalyndadyr. Şeýle-de hiç hili uçly zatlary, mysal üçin sowuk ýarag daşy bezelen görnüşli pyçaklary şeýle-de wagtyň örän çalt geçýänini adama ýatladýan sagady bermeli däldir.
Hytaýda işewürlik edebiniň düýp esaslarynyň ýene biri hasaplanylýan iň esasy zat — adamlarda saňa bolan ynamy ýitirmezlikdir. Şonuň üçinem «ýüz», «miýenzi — é¢å– miànzi» düşünjesi hytaý durmuş edebinde möhüm orun eýeleýär. «Ýüzüň» manysyny düşünmezden hytaý işewürlik däpleriniň aglabasyna, umuman, tutuş hytaý edebine düşünmek mümkin däl. Olarda «Ýüz» — adamyň durmuş kadalaryna laýyklygyna jemgyýetiň baha berişi hasaplanylýar. Bu ynsanyň durmuş derejesi, jemgyýetiň daşky kadalaryna laýyk gelmek ukybydyr. (Ol durmuş kadalary tutuş Hytaý taryhynyň dowamynda emele gelen çuň däplere esaslanýar we ene süýdi bilen diýlen ýaly sosiallaşma prosesinde hytaýlylaryň aňyna girendir).
Ynamy ýitirdigiň jemgyýeti düzýän adamlaryň — toparyň daşynda galdygyň. Onuň netijesinde derejäňi, gatnaşyklaryňy, goldawy, umuman, kadaly durmuşyňy ýitiren adam bolýarsyň.
«Miýenzi» hytaýça islendik närsäniň, mysal üçin görkezgijiň ýa-da güldanyň ýüz tarapyny aňladýar. Bu biziň görýän zadymyz. Şu nukdaýnazardan zatlaryň daşky görnüşi kemsiz adaty bolmaly, ýöne şonuň bilen birlikde «döwük ýerler» ýa-da «näziklik» bolup biler, ýöne esasy zat — daşyndan durmuş kadalaryna laýyk gelmeklikdir. Bedeniň bölegi hökmünde ýüz hytaýça birneme başgaça, ýagny «liýen — 脸 – liÇŽn» diýip aňladylýar. Şonuň üçinem «miýenzi» — bu adamyň durmuş kadalaşdyryjy — özüni alyp barşy bolup durýar.
Hytaý — köp adamly ýurt. Bu ýerde ýeke galmak, adamlardan dynç almak asla mümkin däl. Bu taryhda-da şeýledi. Şu nukdaýnazardan «miýenziniň» barlygy hytaýlylara belli bir derejede özüni howpsuz duýmaga, daşky düzgünleri bozmazdan içki dünýäni saklamaklyga ýardam edýär. «Ýüzüň» bolmagy hünär ukyp-başarnyklaryň bolmagyndan, belli bir närsäni jikme-jik bilmekden hem möhüm hasaplanylýar. Sebäbi ol ilkinji nobatda durmuş derejäňi, ynamdarlygyňy, ynanyp bolýandygyny aňladýar. Ikinji nobatda bolsa — haýsy hünärden başçykarýanlygyň durýar. Ýagny hemra edinen käriň. Hytaý jemgyýetinde ýaşamak üçin gerek bolan işewürlik, şahsy, hojalyk gatnaşyklary, baýlygyň ýa-da başarnygyň saýasynda däl-de, adama bolan ynamyň, ýagny «ýüzüň» saýasynda ýola goýulýar.
Gatnaşyk, garaýyş guansi —关系 – guÄnxi Hytaý üçin islendik özara gatnaşyklaryň esasydyr. Olaryň üsti bilen işewürlik alnyp barylýar, nika baglaşylýar, haryt satyn alynýar we satylýar, geleşikler resmileşdirilýär hem-de ýatyrylýar. Bu söz «ýüz» (ynamy) döredýär. Guansi adamyň jemgyýetdäki ähmiýetini görkezýär.
Ýene-de Hytaýyň işewürlik gatnaşyklaryň saklamaklygyň edebi däbinde «Hytaý dilini öwrenmelimi?» diýen sorag ýüze çykyp biler. Oňa «Elbetde öwrenilse gowy» diýen jogaby berip bolar. Hytaý bilen işleşmegi maksat edinilýän bolsa, esasanam geljekgi diplomatlaryň hytaý dilini gowy bilmegi, gürrüňsiz, bu ýurt bilen bagly gatnaşygyň jebisleşmegine, iki taraplaýyn işewürligniň ilerlemegine has hem kömek eder.
Hytaýça gürleşip bilmeýän adaty daşary ýurtly olar üçin «deňziň aňyrsyndan gelen dost» ýaly bolup görünýär. Çet ýurtly adam laowaý —è€å¤– – lÇŽowài hasaplanylýar.
Köplenç hytaý hyzmatdaş bilen diňe araçynyň — terjimeçiniň üsti bilen gepleşilinýär. Ol ýurtlar bilen gatnaşykda ýola goýlan zat. Elbetde, terjimäniň dowamynda ol ýa-da beýleki ujypsyz aýratynlyklar ýitip bilner. Munuň bilen ylalaşmak ýalňyş pikir hasaplanylmaýar.
Eger dil öwrenmäge wagt ýetmeýän bolsa, onda «Köp sanly daşary ýurtlularyň edişi ýaly hytaýça birnäçe adaty aňlatmalary öwrenilse näme?» diýen sorag hem ýüze çykyp biler. Ýöne bu ýerde Hytaýa degişli inçelikleri bardygyny ýatdan çykarmaly däldir. Esasy şolary bilmeli. Hakykatdan hem birnäçe adaty aňlatmalary öwrenmeli, özem olary kemsiz aýtmagy öwrenmeli. Meselem: zaýdiýen — å†è§ – zàijiàn, «Hoş sag boluň!» ýa-da edilen kömege siýesiýe — 谢谢 – xièxie «Taňryýalkasyn, minnetdar!» ýaly hytaý sözlerini ýoýman aýtmany öwrenmeli. Ýoýulyp hytaý dilinde aýdylan bir söz hytaýlyda haýran galyjylyk duýgusyny oýaryp biler. Bu bir dilden başy çykmaýan adam üçin uly bir ýalňyşlyk hasaplanybam duranok. Ýöne şonda-da hytaý sözlerini hytaýlylaryň edil özleriniň aýdyşy ýaly aýdylsa, şol bir äheňde, hatda ýüz-gözüň görnüşi hem şolaryňka laýyk gelse gowy. Goý, 3-4 sany gündelik aňlatmalary öwrenilsin, ýöne olar bir kemsiz aýdylsyn. Edil biziň hem şular ýaly türkmen diliniň birnäçe sözlerini daşary ýurtlularyň öwrenip, aýdyşyny eşidenimizde begenişimiz ýaly olar hem bizden yhlas bilen öwrenen hytaý sözlerine garaşýarlar. Şol sözlere jogap hökmünde: «Siz hytaýça örän gowy gürleýäňiz!» diýen jümläni hökman eşidersiňiz. Bu hytaý medeniýetine beýleki daşary ýurtlulardan birneme çuňrak aralaşandygyňyzy, hytaý medeniýetine hakyky sylag-hormaty goýandygyňyzy aňladar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde mekdeplerden başlap, ýurdumyzyň käbir ýokary okuw jaýlarynda hytaý dili boýunça sapaklar ýola goýuldy. Şol sanda ýapon dili hem öwredilýär. Bu bolsa dünýä bilen aýakdaş gidýän döwrümiziň giň dünýä garaýyşlylygyndan ruhlanyp, şu günüň nukdaýnazaryndan gelejegi kesgitleýär. Onda-da ýaşlara orun berilýär. Esasy maksat bolsa — bu dilleri bilýän neslimiz has hem ygtybarly boljak gatnaşyklary gurmakda dürli pudaklar boýunça gerekli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynamyň barlygydyr. Şol sanda döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçilikler esasynda türkmen ýaşlarynyň Hytaýda bilim alýanlygy hem buýsandyrjydyr.
Şeýle işjeňlik şerti bu ýurtlary ähli taraplaýyn taryhy, medeniýeti… babatynda, şol sanda bize ýakyn gelýän däp-dessurlaryny öwrenmäge-de, giň ýol açylandygyna-da şaýatlyk edýär.
Esasan bu işlerde dilleri bilmeklik ilkinji şert bolup, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak täze bir nesliň kemala gelýän döwründe batly gadamlaryň şowlulygy duýulýar. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!
Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.