Binagärlik obýektiniň gurluşyk pasporty hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2022-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran 28-iş belgili bilen tassyklanan Gurluşyk Pasporty hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň websaýtynda halk köpçüligine ýetirildi.
Gurluşyk Pasporty Näme?
Gurluşyk pasporty welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şähergurluşyk çäk kadastr ulgamynda maglumatlar binýadyny ýöretmek üçin zerur resminamalary we maglumatlary özünde jemleýän resminamadyr.
Gurluşyk Pasporty taslama-çenlik resminamalary döwlet seljerişinden geçen we bellenilen tertipde tassyklanylan obýektleriň (hususy ýaşaýyş jaýlaryndan gaýry täze gurulýan, durky täzelenýän, giňeldilýän, desganyň) gurluşygyna rugsatnama berilmegi üçin resmileşdirilýär.
Gurluşyk Pasporty haýsy edarada resmileşdirilýär?
Gurluşyk pasportynyň resmileşdirilmegi, tassyklanylmagy we bellige alynmagy buýrujynyň (gurujynyň) ýüztutmasy boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň Binagärlik müdirlikleri tarapyndan şu Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.
Ýüztutma haçan we kim amala aşyrýar?
Ýüztutma obýektiň taslama-çenlik resminamalarynyň tassyklanylan pursatyndan 10 (on) iş gününden gijä galman berilmelidir. Ýüztutma erkin görnüşde düzülýär. Ýüztutmany buýrujy (gurujy) amala aşyrmalydyr.
Buýrujy (gurujy) gurluşygy barada kabul edilen çözgüde laýyklykda, her bir obýekt boýunça aýratynlykda gurluşyk pasportyny resmileşdirmek üçin ýüztutma bermelidir.
Ýüztutma buýrujynyň (gurujynyň) ynanylan wekiliň üsti bilen berilse, görkezilen ýüztutmanyň ýanyna buýrujy (gurujy) tarapyndan şeýle şahsa berlen ynanç haty hem goşulýar.
Ýüztutma haýsy resminamalar goşulmalydyr?
Ýüztutma, gurluşyk pasportyny resmileşdirmek üçin berilýän resminamalar we ýüztutmada görkezilýän maglumatlary tassyklaýan şu aşakdaky resminamalar kagyz görnüşde iki nusgada we elektron göterijide goşulýar:
1) gurluşyk-gurnama işlerini amala aşyrmak üçin esas (Türkmenistanyň Prezidentiniň karary ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň buýrugy ýa-da welaýat (Aşgabat) şäher häkiminiň karary ýa-da etrap (şäher) häkiminiň karary);
2) gurluşyk üçin ýer bölegini bölüp bermek, eýeçilige, peýdalanmaga ýa-da kärendesine bermek barada hem-de degişli hukuklaryň döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan degişli resminamalaryň nusgalary;
3) binagärlik-meýilnamalaşdyryş ýumşy, obýektiň inženerçilik üpjünçiligi boýunça tehniki şertleri we taslamalaşdyrmak üçin ýumuş (mundan beýläk – taslamak üçin başlangyç maglumatlar);
4) taslama gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin inžener-geologiýa gözlegleriniň bellenen tertipde ylalaşylan tehniki hasabatyna laýyklykda, topragyň häsiýetiniň, ýerasty suwlaryň derejesi we howply geologik hadysalar barada netijeleri we hödürnamalary;
5) taslama-çenlik resminamalaryny işläp düzüji baş (kömekçi) potratçy edarasy barada maglumat; (ady, salgysy);
6) welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) baş binagäri tarapyndan ylalaşylan obýektiň şertli taslama belligi, bölüji oklary we abadanlaşdyrylyşy görkezilen baş meýilnamasy;
7) bölünip berlen ýer böleginiň çägindäki obýektiň ähli inžener ulgamlary görkezilen baş meýilnamasy;
8) obýektiň bellenilen tertipde ylalaşylan eskiz taslamasy (baş meýilnamasy, fasadlary, gat meýilnamalary);
9) gurluşyk işleriniň potratçysy (kömekçi potratçysy) barada maglumat (ady, salgysy);
10) taslama-çenlik resminamalaryna geçirilen döwlet seljerişiniň jemleýji netijenamasynyň nusgasy.
Ýüztutma haýsy dilde bolmalydyr?
Ýüztutma we oňa goşulýan resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde düzülýär. Ýüztutma goşulýan resminamalar daşary ýurt dillerinde düzülen ýagdaýynda, olaryň döwlet diline kanunçylykda bellenen tertipde tassyklanan terjimesi goşulýar.