ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gurbanmyrat Baýjykow: hoş sözden başlanan söhbet

Birek-birege hoş söz aýdyp göwnüni galkyndyrmak gör, nähili ýakymly. Tüýs halypa şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň:

«Adamyň bir mätäç zady —  Hoş sözdür,

Hoş söz aýdyň — depesine täç bolar… » diýeni. Käte sähelçe öwgüli sözlerem kalbyňa ganat berip ylham guşuňy asmana göterýä. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy

Gurbanmyrat Baýjykowyňam döredijiligim bilen bagly aýdan öwgüli sözleri hem-ä göwnümi göterdi hemem şu makalanyň ýazylmagyna sebäp boldy. Ol:

— Arada kärdeşlerimiz bolup internetden «Atawatan Türkmenistan» žurnalynyň «Ýakymly ýatlamalar» rubrikasynda çap edilen: «Şygryýetiň täsin owazy» atly makalany okadyk. Şahyr gelneje Dürnabat Aşyrowa ikiňiz halypamyz Salyh Aýdogdyýew — Ozan şahyr hakynda ýazypsyňyz. Köp sag boluň! Manyly gowy ýazylypdyr. Diýseň begendik. Makalany gaýta-gaýta okadyk. Türkmenistanyň Halk artisti Orazmyrat Annanepesowyň ogly bagşy dostum Gurbanmyrat Annanepesow bilen özara pikirimizi paýlaşdyk. «Ozan halypa bilen näçe ýyl bäri bile duz iýip döredijilik gatnaşykda bolup ýörüs. Halypamyzyň döredijiligi hakynda ilki ýazmaly adamlar-a ikimizdik welin» diýip özümizi gaty oňaýsyz duýduk. Men oňa 2022-nji ýylyň hasabyna Ozan halypamyzyň sözlerine, öz ýerine ýetirmeginde aýdan iki ýüzden gowrak aýdymynyň gyjakçysy boldum. Halypamyzyň döreden şol aýdymlarynyň ykbalyny bilýän. Goşgularynyň birnäçesine saz döretdim. Sen bolsa onuň aýdymlarynyň köpüsini aýdyp ýörsüň. Şonda-da halypany indi öwrenmeli bolduk» diýip özara gürrüň etdik.

Aslynda pikiriňi kagyza geçirmek aňsat iş däl. Dogrusy, haňk-huňkurak ýazylsa-ha Ozan halypanyň göwnem ýetesi ýok. Özem bir mahal metbugatda baş redaktor bolansoň, ýekeje harp ýalňyş bolsa-da derrew gözüne ilýä. Onuň öte talapkär, ynjyk häsiýeti bar. Şeýle ýagdaýyny bilemizsoň çekinýäsem. Onda-da döredijiligi barada bilýänlerimizi il-güne ýetiresimiz-ä gelýä» diýip pikirini aýtdy.

Gyzykly gürrüňler gözläp ýören zadym, jigim. Aýt bakaly diňläli — diýdim.

— Gelneje, Türkmenistanyň Halk artisti Akmyrat Çaryýewiň sazyna Salyh aganyň döreden «Mähirli» atly aýdymynyň döreýşi hakynda bilýäňizmi?— diýip sowal berdi. Gürrüň berseňiz bilerin, ýöne men bildigim okyjylaryň eşitdigi biläý — diýdim. Ol:

— Akmyrat halypanyň 1973-nji ýylda Balkan welaýatynda iş sapary wagtynda döreden «Mähirli» atly sazyny milli bagşyçylyk sungatymyzyň sütün halypalarynyň biri Sahy Jepbarow diýseň söýer eken. Ol:

— «Mähirli» diýseň halky saz bolupdyr, ady ýaly özem mähirli hem  owadan. Emma şu saza siňip, sazlaşyp duran goşgy welin entegä ýok. Eger bolan bolsa men bu aýdymy naýbaşy aýdymym hökmünde ile ýaýardym» diýip,  şol sazyň aýdym bolmagyny çyny bilen isläpdir. Muny eşiden şahyrlaň birnäçesiniň synanyşandygyna garamazdan «Mähirliniň»  mähri bilen sazlaşyp bilýän aýdym döremändir. Ahyry wagtyň geçmegi bilen «Mähirliniň» yşkyna Türkmenistanyň Halk artisti Mäne Garaýewem düşüpdir. Ol:

— «Eger haçandyr bir wagt «Mähirlä» sazlaşyp biljek, kybapdaş goşgy dörejek bolsa, ony diňe şahyr Salyh Aýdogdyýew döredip biler»  — diýip,  ynam bilen aýdypdyr.

Salyh aga bilen hemişe dost-doganlyk gatnaşygyny saklaýan Akmyrat Çaryýew bir gün öýüne myhmançylyga gelende oňa Mäne halypanyň aýdanlary barada gürrüň berýär-de, ondan şol ägirtleriň arzuwyny amala aşyrmagyny haýyş edýär. Ol bolsa şol wagt Arçman şypahanasyna dynç alşa gitmegiň aladasynda bolup ýören eken. Emma döredijilik üçin jan aýamaýan halypamyz — Salyh Aýdogdyýew özüne ynanylan bu işiň ýeňil däldigini bilse-de,  Akmyrat Çaryýewden «Mähirliniň» sazyny çalmagy az-kem öwrenýär-de, ýola rowana bolýar. Arçman şypahanasynda Ozan halypa Pürli Saryýewiň ýeke-täk şägirdi, ökde sazanda Çary Sähetmyradow (Çary suwçy) gabat gelýär. Şonuň ýardamy bilen sazy doly çalyp, öwrenen Salyh Aýdogdyýew 1996-njy ýylyň 1-nji iýulynda  Arçman şypahanasynda «Mähirliniň» goşgusyny döredýär. Şeýlelik bilenem iki ägirdiň bir ajaýyp sungat eseri emele gelýär. Muňa ýitigini tapan ýaly begenen Mäne Garaýew bolsa, bu aýdymy ilkinji bolup ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda — Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe halk aýdym derejesindäki, sungatyň sütünleriniň söýeni «Mähirli» atly aýdymy «Türkmen owazy» teleýaýlymynda agamTürkmenistanyň at gazanan bagşysy Şadurdy Baýjykowyň ýerine ýetirmeginde şekilli görnüşde, zehinli estrada aýdymçy Döwlet Nurmuhammedowyň we başga-da ençeme aýdymçylaryň aýtmagynda gaýta-gaýta ýaňlanyp dur. Şadurdy bagşy «Mähirlini» Ozan şahyryň döredişi ýaly bäş bent görnüşinde aýdym edip aýdýar.

Ajap mukam saz içinde

Näz göründi Mähirli.

Boýdaş topar gyz içinde

Uz göründi mähirli.

 

Gülki paýlap gülşen baga,

Saýyl kyldy jennet çaga,

Gyş göwün geldi tobaga,

Ýaz göründi mähirli.

 

Ylla telbe etdi oýny,

Dide daglap ýürek teýni,

Owsunanda marly goýny,

Töz göründi mähirli.

 

Gül—Bilbiliň serwinäzi,

Aşyga magşuk çyrazy,

Ýodada messana yzy,

Toz göründi mähirli.

 

Ozan, söwer ýar yşgynda,

Şemsi—kamar bäs keşbinde,

 

Saz—söhbet gurdum  köşgünde,

Baz göründi mähirli.

Adamzat kowmuny öz mährine bendi edýän  «Mähirlini» dutarçy bagşy Gurbanmyrat Annanepesowyň (kel bagşynyň) sazandarlyk etmeginde Ozan halypamyzyň öz aýtmagynda diňlemek bolsa meniň üçin hasam ýakymly. Her gezek teleýaýlymlarda Ozan halypamyzyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlananda buýsançly başymyz göge ýetýär. Ylaýta-da «Mähirliniň» tutuş türkmeniň mähri siňen aýdym bolup ýaňlanmagyna, bu aýdymyň ýyl geçdik saýyn juwanlaşmasyny dowam edýändigine begenjimiň çägi ýok — diýip gürrüň berdi.

Şol günüň ertesi teleýaýlymda «Mähirli», onuň ertesi güni «Gojalar» aýdymy şekilli görnüşde diňledim. Bir gün geçdi welinem ýene-de Ozan şahyryň sözlerine gül Watanymyzyň waspy ýetirilýän aýdym ýaňlanyp dur. Onsoň derrew Gurbanmyrat Baýjykowa jaň etdim-de:

— Jigim, tüweleme halypaňyzyň aýdymlary-ha teleýaýlymlary bezäp dur. «Gojalar goşgusyna döredilen şekilli aýdymam tüýs häzirki döwrümiziň ajaýyp keşbini şöhlelendirýä» diýip gürrüň gozgadym-da, oňa Ozan halypaňyz bilen haçandan bäri gatnaşýaňyz? Edil şu pursatda halypaňyzdan nämeler öwrendiňiz? — diýip soralsa nämeler aýdyp bererdiňiz? — diýip sowal berdim. Ol:

— Men Ahal welaýatynyň Börme obasyndan. 2018-nji ýylda şahyr Geldi Bäşiýewiň ogly Muhammet kakam meni Ozan halypanyň öýüne eltip tanyşdyrdy hemem ondan maňa halypalyk etmegini haýyş etdi. Şeýlelik bilen häzirki güne çenli halypamdan kän zatlar öwrendim. Bagşylaryň ýany bilen olara gyjakda sazandarlyk etmek üçin toý-meýlislere köp gidýäris. Halypamyzdan ilki bilen milli bagşyçylyk sungatymyzyň türkmençilik girim-çykym düzgünlerini öwrenendigimi aýdasym gelýär. Meşhur bagşy Mäne Garaýew toýda aýdym aýtmaly bolanda «Jelil» atly aýdymdan başlaýan eken. Jelil gudraty güýçli keremli Allanyň bir ady. Mäne bagşy sungatyň gudratly güýjüne beýik Taňrynyň medet bermegini ýagşy dileg edip, il-günüň arzuwlap ýeten toý-meýlisiniň abraý bilen sag-aman toýlanmagyny arzuwlap yrym edýän eken. Halypamyz bize-de şonuň ýaly gürrüňleri aýdyp türkmençiligiň her bir ugurdaky girim-çykym düzgün kadalaryny düşündirýär. Halkymyzyň türkmençilik däpleriniň edep kadalarynyň Taňry salamyndan başlanýandygy üçin toýlarda çykyş etmeli bolanymyzda ilki bilen Ozan halypamyzyň halk heňlerine sazlaşyp duran «Taňry salamy» atly goşgusyna aýdymyndan başlaýas. Soňra ýene halypamyzyň «Hakyň kelamy» goşgusyny «Biläni», «Asy gul menem» goşgusyny «Pelek ömrüm», «Ýaradan Jepbar» atly goşgusyny «Daglar heý» atly halk heňlerine sanap aýdylýan aýdymlar bilen dowam edip girişýäris. Ozan halypanyň «Döwletim meniň» atly goşgusyna agam Şadurdy Baýjykowyň Türkmenistanyň Halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň sazyna aýdýan aýdymy hem şowly çykan aýdymlaryň biri. Bu aýdymy diňleýjiler diýseň gowy kabul etdiler.

Ozan halypanyň ýene bir aýratynlygy onuň ýatkeşligi juda güýçli. Halypa ynha, şeýleräk saz döretdim, şoňa bir laýyk geljek goşgy bolaýsa diýdigiň: «Kitap tekjesiniň gatyndaky pylan kitaby getir» diýip salgy berýär-de, pylanynjy sahypasyndaky pylan goşga sanap gör» diýýär welin, goşgy hakykatdanam şol saz bilen bile dörän ýaly gabat gelýär duruberýär. Men onuň diňe bir goşgulary hakynda gyzyklanyp oňamok. Salyh aganyň kyssa eserlerem gaty täsirli. Dürli ýyllarda ýazan kitaplaryna tanymal adamlar diýseň täsirli teswirler ýazyp, onuň edebi döredijiligine ýokary baha bilen syn beripdirler. Şolary okanyňda-da onuň köptaraply zehinine göz ýetirmek kyn däl — diýdi. Sazanda ýigidiň aýdan bu gürrüňleri: «Wiý, ýogsa-da, Ozan aganyň döredijiligine syn beren halypalar kimler-kä? Olar onuň eserlerine nähili baha berdilerkä?» diýen pikir döretdi. Onsoň olar barada gyzyklandym.

Şahyr Gurban Çöliýewiň 1996-njy ýylda Ozan şahyryň ilkinji proza ýygyndysy bolan «Şemiň agysy» kitabyna ýazan teswirinde şeýle baha berilýär.

«Çeper pelsepä ýugrulan şygyrlaryny şirin saza goşup, ussatlarça ýerine ýetirýän, Ozan edebi tahallusy bilen segseninji ýyllaryň başyna edebiýat sährasyna gadam goýan Salyh Aýdogdyýew özboluşly şahyr-ýazyjy.Onuň dilem özboluşly, pelsepesem. Bu barada Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarow:

«Salyh Aýdogdyýewiň şygyr äleminde taplanyşy, biziň klassyk edebiýatymyzyň juda uly ussatlygy talap edýän formasynda döwrümiziň ruhy keşbini söz sungatynyň güýji arkaly özboluşly suratlandyryşy bu däbiň täzeden çuňluklara aralaşjakdygyndan habar berýär» diýip oňa ýazan ak patasynda uly baha berýär. Döwürleriň hemmesinde-de adamzat aňynyň idän göwher genji bolan ynsanlyk—ahlak Ozanyň baş temasy. Ol durmuşyň haýsy bir tarapyna ýüzlense-de, içki syryny siňdiren setirlerinden päk ahlak dömüp, ör boýuna galýar. Şahyryň liriki gahrymany hemişe arassa ahlagyň, mukaddesligiň muşdagy. Şonuň üçinem Salyhyň şygyrlary şat göwünleriň ýarany, gamgyn göwünleriň açary.

Ondan gowrak goşgular ýygyndysynyň, «Ynsap ata» atly dessanyň awtory Salyh Aýdogdyýew proza äleminde-de öz güýjüni synap gördi. Eliňizdäki çaklaň kitaba şahyryň ýene-de «Söweşjeň postda» gazetinde redaktor bolup işlän ýyllarynda döreden powestleridir hekaýalary, piesasy girzildi. Kitapdaky eserleri okan okyjy Salyhyň hemmetaraplaýyn ýiti zehinli ýazyjydygyna göz ýetirer. Kitap bilen ady bir «Şemiň agysy» powestini awtor durgunlyk ýyllarynda giňden ýaýran anonimçilik nogsanlyklaryny açyp görkezmäge bagyşlapdyr. Eser ynandyryjy wakalaryň berk kompozisiýasynda öz beýanyny tapýar. Täsirli beýan edişi okyjyny durmuşda hakyky gabat gelýän töhmet belasynyň kartinalaryna örkleýär. Başda belleýşimiz ýaly, ahlak meselesi Salyh Aýdogdyýewiň baş temasy. Maşgala sütüni, onuň berkligi, päkizelik, söýgi, ynsanyň ömür manysy ýaly durmuşyň ruhy hamyrmaýasyny düzýän meseleleri işlemäge zehinli ýazyjynyň bu temada kitaba girizilen üç powestiniň hem gozgaýan derdi bir meňzeş. «Bular ýetimmi?!» powestinde bu wawaly mesele gahrymanlaryň obrazlary arkaly beýan edilýär. Ine, ýazyjynyň maşgala binýadyny örän berk saklamalydygy baradaky ündewiniň teswirnamasy. «Men saňa düşünemok» powestinde bolsa maşgalanyň bozulmagyna bolelin durmuşyny göternip bilmeýän Weli sebäp bolýar. Eseriň ahyrynda «akyl öýünde» edilen köp oýlardan soň, ýalňyşan azaşan yzyny tapýar. Eserde Gültäjiň ejesi Ogultäç daýzanyň obrazy öz çagasynyň bagty barada dogry pikirlenýän, päk göwünli mährem enäniň keşbinde janlanýar. Ýazyjynyň moral temada ýazan iň täsirli eseri «Gözýaş» powestidir. Eserde beýan edilýän wakalar ýetim galan oglanyň öz dilinden aýdylýar. Powesti okanyňda, ynsanyň arassa ahlagynyň nähili gözel zatdygyna has doly göz ýetirýärsiň. Adyndan belli bolşy ýaly, awtoryň kitaba girizilen «Dost wepasy» dramasy dostluk temasyna bagyşlanypdyr. Eserde Peleňiň aş dosty, Annagyň öz aýby açylandan soňky edýän bimany hereketleri, dostluga dogry düşünmek barada gürrüň gozgalýar. Diňe öz bähbidine arap, düýbi gowşak tutulan dostlugyň çüýrän daragt ýaly ir-u-giç ýykyljakdygy ikuçsuz. Bu — eseriň baş ideýasy. Ýygynda girizilen eserlerde personažlaryň obrazlary öz içgepletmelerinde, ýazyjynyň pikir ýordumlarynda açylýar. Adam häsiýetleriniň yzarlanyşy, wakalaryň sepleşmeginiň berkligi, eseriň diliniň şirinligi bilen utgaşyp, okyjyny özüne çekýär — diýlip beýan edilipdir.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Durdymuhammet Nuralyýew 1984-nji ýylda Salyh Aýdogdyýewiň «Şamçyrag» atly goşgular ýygyndysyna ynha, şeýle syn ýazypdyr. Ol: «Poeziýa meýdanyna örän geň ykbally zehinler gelýär. Meniň gürrüňini etjek bolýan şahyrym hem biçak täsin ykbally, hertaraply zehin. Ol ozaly bilen haýsydyr bir moda öwrülip giden şahyrlaryň hataryna girmeýär. Turuwbaşdan özüne Ozan lakamyny saýlap alan, wagty nazarda tutanyňda iki-üç ýylyň içinde rusça, türkmençe goşgular ýygyndylaryny çap etmage ýetişen, Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi, düýp hünäri inžener-gurluşykçy, ýaşy edil kyrkyň bosagasyndaky Salyh Aýdogdyýew özboluşly, şahyrana ugry saýlap bilipdir. Jemgyýetçilik tertibiniň sakçysy, Içeri işler gullugynyň podpolkownigi Salyh Aýdogdyýewiň özboluşly şahyrana ugry barada näçe gürrüň etseň mümkinçilik bar. Şoňa görä onuň döredijiligi barada okyjy köpçüligine giňräk maglumat beresim geldi. Men onuň adyna metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan duş gelýärdim, aýdymlaryny diňleýärdim. Ol indi mazaly öz ýoluny tapan şahyr. Oňa kämillik gol bulaýar. Ýazan eserlerinden çen tutanyňda Salyh Aýdogdyýew her gün işleýän, öndümli şahyr. Onuň öz gulluk wezipesi boýunça-da halk köpçüliginiň ahlak päkliginiň goragynda durýanlygy üçin esasy şygyr köplügi ahlak, ruhy arassalyk, ynsanperwerlik meselelerine gönükdirilendir. Şahyryň döredijilik gerimini saldarlap göreniňde bary-ýogy on ýyla ýeter-ýetmez wagtyň içinde dört sany kollektiw ýygyndyda, alty sany özbaşdak kitapda çap bolan eserleri hem onuň tematikasynyň barha giňelýändigini tassyklaýar. Onuň rusça onlarça goşgulary «Weçerniý Aşgabat», «Türkmenskaýa iskra», «Na boýewom postu» gazetlerinde, dürli žurnallarda çykypdyr. Bularyň içinde liriki şygyrlaram, poemalaram bar. Türkmen dilinde gündelik metbugatda çapdan çykan goşgulary sanardan köp. Öndümli işleýän şahyryň çagalar hakynda ýazan ýörite goşgularyna, kompozitorlar Rejep Gutlyýewiň, Aman Gowşudowyň döreden aýdymlary ýaş hem joşgunly şahyryň gözetiminden, öz döredijiligine jogapkärli garaýandygyndan söz açýar. Adatça döredýän adamyň şahsy biografiýasy, işi, okuw-tälim terbiýesi önüp-ösen sredasy onuň eserlerine hökman täsir edýär. Şu nukdaý nazardan Salyhyň geçen durmuş ýoluna ser salýaryn. Ol täsin wakalardan, dürli hünärli iş başgançaklaryndan doly. Durmuş we döredijilik utgaşanda çeper eserler ynamly ýazylýar, okyjyda uly täsir galdyrýar. Şahyryň öz hasabyna çapdan çykarylan iki sany rusça («Ilkinji aýdym», «Şahyrana sözler») atly kitabynyňam terjimeleriniň şowly çykandygyny, rejelenişiniň oňatdygyny, awtoryň suraty bilen bile gowy bezelen görnüşinde çap edilendigini bellemek gerek. Bu hili faktlaryň örän uly ähmiýeti bar. Dörediji adamyň ruhy kuwwatyny ýokary götermekde, onuň aktiwligini artdyrmakda şeýle neşirler ullakan rol oýnaýar. Ýöne bir zady hem aýtmak gerek. Şeýle neşirleriň haýsy hem bolsa birinde şahyr hakda gysgarak sözbaşy ýazylan bolsa hem ýerine düşerdi. Elbetde, «Halas et», «Aşyklaryň aýdymy» ýaly özbaşdak kitaplara girip ýetişmedik başga-da öwüt-ündew mazmunly ajaýyp şygyrlar Salyh Aýdogdyýewde örän kän. «Heňe ýanama», «Hormat», «Dagdan», «Musulman», «Keramatdyr», «Çar ýana baksam», «Ýaman» ýaly goşgular şolaryň hilindendir. Dogrusy, olaryň ýek-ýarymyny mysal almazlyk mümkin däl.  Iň gowusy «Çar ýana baksam» goşgusyndan iki bent almak bilen çäkleneliň. Sebäbi şu mysal aljak bentlerimiz diňe durmuş süýjüligi bilen tapawutlanman, şahyryň hususy ylham çeşmeleridir.

Ses geler gum gerşinden,

Al-asmanyň arşyndan,

Ylhamym gül-gülüşinden,

Alýan çar ýana baksam…

 

Daşym bazygär pany,

Çyndan köp ýalan sany,

Ozan, durmuş çuň many,

Bilýän çar ýana baksam.

Ýene-de bir göze görnüp duran aýratynlygy Salyh her bir goşgusynyň astynda onuň ýazylan gününi, aýyny,ýylyny ýazmagy unudanok. Bu örän gowy endik. Sebäbi şahyryň ösüş ewolýusiýasyny yzarlamak üçin şeýtmek gerek. Şol senelere gözüň düşende Ozan şahyryň gün-günden pajarlap ösüp başlanyny duýýaryn.

Salyhyň goşgularynyň köpüsi tüýs aýdym üçin niýetlenipdir. Ony özüm diňläbem gördüm, radioda-da ýygy-ýygydan eşidýäris. Şeýle özboluşly alamatlary özünde jemläp bilýän şahyr okyjy köpçüliginiň arasynda-da giňden tanalýar hem ykrar edilýär. Ol şahyr üçin uly sowgatdyr. Salyhyň goşgularynda aç-açanlyk, paş edijilik, gönümellik, güýçli. Bular şahyra durmuşa içgin aralaşmaga örän köp kömek edýär. Döredijiligi tebigy hem köptaraply bolansoň şahyr barada ýazmagam pikir ýöretmegem ýeňil. Şonuň üçin Ozan şahyra täze üstünlikler arzuw edýäris!» diýip, ol: «1994-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Döwlet sirkinde şahyryň döredijilik agşamy geçirilip, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 2000-den gowrak adam gatnaşyp, şahyra döredijilik üstünligini arzuw etmek bilen bilelikde, oňa «Türkmenistanyň Halk ýazyjysy» diýen hormatly adyň berilmegini arzuw etdiler. Belki, halkyň dilegi kabul bolsun!» diýip teswirini jemläpdir.

Berdi Kerbabaýew adyndaky baýragyň eýesi, dosent Kakajan Durdyýew 1996-njy ýylda Ozan şahyryň «Ynsap ata» atly dessanyna ýazan synynda:

         «Döwrüň özgerip, ösüşiniň anyk alamatlary bolan möhüm taryhy hadysalar, wakalar, ýagdaýlar, pursatlar, edebiýatyň mazmuny hem çeperçilik täleýine häli-şindi täsir edip durýar. Şöhlelenmäniň hususy aýratynlygyna laýyklykda durmuş atly beýik hakykat söz sungatynda özboluşly beýanyny tapýar. Şahyr, Salyň Aýdogdyýew ýazyjylarmyzyň arasynda ilkinji bolup häzirki zaman ösen tehniki ylmyna baglanan, täze aň ösüşini başdan geçirýän okyjynyň kabul edip biljek milli öwüşginli «Ynsap ata» atly dessanyny döretdi. Munuň özi şahyryň gadymy edebi çeşmelerinden hem-de häzirki zaman şygryýet akabasyndan ganandygyna şaýatlyk edýär. Ol öz döredijiligine milli poeziýamyzyň gözbaşyny, many mazmunyny, şahyrana usullaryny çelgi edip alýar. Hut şoňa görä-de, zehinli awtoryň şygyrlary türkmeniň ruhuna örän sazlaşykly gelýär. Diýmek, Salyh Aýdogdyýew dessan ýazmaga taýýarlykly gelen zehin. Ol «Ynsap ata» eserinde şol žanryň (dessan žanrynyň) hut şu güne-de hyzmat etmek mümkinçiliklerini açdy. Dessanda kyssadyr goşgynyň gatyşdyrylyp, gezekleşdirilip berilmeginden başga-da, ozaly bilen şertlilik aňrybaş derejede berjaý edilýär. «Ynsap ata» dessanyndaky şertlilik gadymdan gelýän Haýyr hem şer hakyndaky abstrakt häsiýetli pelsepe (filosofik) düşünjeleriniň anyk adam sypatyna salynmagy bilen, başgaça aýdylsa, ol düşünjeleriň adamlaşdyrylan çeper obrazlar derejesinde suratlandyrylmagy bilen baglydyr. Öňki dessanlarda çeper obrazlar köplenç hyýalat bilen bezelýärdi. Bu dessanda mümkingadar durmuş hakykatyndan ugur alnypdyr. Öňki dessanlarda köplenç ýagdaýda gahrymanlaryň psihologik derňewine ähmiýet berilmeýän bolsa, «Ynsap ata» dessanyndaky gahrymanlaryň oýlanmalary, ökünmeleri, gynançlary, begençleri zerur pursatlarda ýanjalyp beýan edilýär. Başgarak aýdylsa, psihologik ahwallar, ynsap, ýürege baryp direýän terpenmeler habar berilmeýär-de, gahrymanlaryň hereketleri, sözleri arkaly, awtoryň özüniň häsiýetlendirmeleri arkaly mälim edilýär. Aýdogdy ozan gahrymanlar hakynda çugdamlap hekaýat etmek bilen, dessana bitewilik, şol bir wagtda hem ynandyryjylyk häsiýeti berýär. Aýdogdy ozan — awtoryň birmahal dünýäden öten atasy. Emma ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen şahyr agtygynyň kalbynda ýaşap ýör. Ýöne munuň özi ýakyn-ýanyňa, mähremiňi ýatlap, diňe şoňa bagyşlap, ýazmaklyk däl. Ondan edebi taýdan umumylaşdyrylan Ata obrazy orta çykarylýar. Ol obraz Ýagşylygy hem Ýamanlygy, Haýry hem Şeri seljermäge hemaýat edýän obraz hökmünde röwşen atýar. Mahlasy, dessan Haýyr bilen Şeriň barlyşyksyz söweşinden ybaratdyr. Ýagşylygyň dabaralanmagyndan, ýamanlygyň bolsa ýan bermeginden düzülendir. Şoňa görä-de «Ynsap ata» dessany umumadamzat bähbitli ideýany örboýuna galdyrýar. Biz «dessan» diýilende ony diňe edebiýatymyzyň taryhy çemeleşmelerinden gözleýärdik. Şahyr Salyh Aýdogdyýew bolsa öz «Ynsap atasy» bilen şu günki gün hem dessany ýazyp bojakdygyny subut etdi» diýip ynamly aýdýar.

«Magaryf» neşirýatynyň baş redaktory, ýazyjy Rejepmyrat Durdyýew bolsa, Ozan şahyryň «Umman ata» rowaýatlar poemalary hakynda şeýle syn beripdir. Ol 1996-njy ýylda ýazan bu synyny okyjylara ýüzlenmek bilen:

— Hormatly jigim! Belki sen eliňdäki kitabyň awtory Salyh Aýdogdyýewi — Ozany ýakyndan tanaýansyň. Belki-de, ol entek seniň üçin näbelli adamdyr. Her niçik, onuň ajaýyp şahyrdygy-ha saňa aýandyr. Sebabi onuň döreden kitaplary, megerem, seniň kitap tekjäňi bezeýändir. Dükanlarda-da onuň kitaplaryna gabat gelýänsiň. Gazet-žurnallaryň sahypalarynda-da şygyrlaryny okaýansyň, radioda goşgulary, aýdymlary häli-şindi ýaňlanyp durandyr, «Mawy ekranda»ýygy-ýygydan onuň mährem keşbini synlaýansyň, çykyşlaryna tomaşa edýänsiň. Mahlasy, Salyh daýyňyzyň ady dillerde, eserleri ellerde.

Elbetde, bizde zehinli şahyrlar kän. Ýöne olardn saýlanaýmak kyn. Tapawutlanmak üçin bolsa sende Hudaý beren zehin gerek, öz galamdaşlaryňa meňzemeýän öz ýol-ýodaň zerur, öz eserleriň bilen halkyň, Watanyň ýüreginiň gürsüldisini diňlemegi başarmaly, şoňa görä sazlaşykly gopmany eýgermeli. Siziň Salyh daýyňyz bolsa turuwbaşdan şu döredijilik synaglaryndan geçen şahyr.

Onuň Türkmeniň ruhundan birjigem daşlaşmadyk şygyrlarynda Türkmeniň ýüregi gürsüldäp urdy, Türkmeniň gany joşgunly akdy, Türkmeniň pähim-paýhasy güberçekläp galdy. Emma bir döwürlerde millilige ýeňil garan, Türkmeniň ruhuna gyýa göz bilen seredip, bize ýat bolan edebiýatlaryň çaňyna bulaşyp ýören käbir «intelligentsumaklar» Salyhy äsgermejek boldular, «köneçil» diýip, edebiýatdan çyr-çytyr daşlaşdyrmaga çalyşdylar. Ýöne Salyh agramly häsiýeti ýaly öz agramly ýoluna wepaly bolup galdy. Ol Magtymguly atamyzyň dilini, onuň ussatlygyny, pähim-paýhas gerimini öwrenmesini dowam etdirdi. Zehinli şahyryň Watan, türkmen halky, onuň Garaşsyzlygy hakda şygyrlarynyň toplum-toplum döremegi onuň döredijilik dünýäsiniň çüňlugyndan gözbaş alýar. Onuň dünýä hakdaky pelsepe şygyrlary-da, durmuşy goşgulary-da deňiz ýaly giň, dag kimin belent. Geliň, şu taýda Salyh daýyňyzyň döredijiligi hakdaky gürrüňimize birje puryja dyngy bereliň-de, onuň durmuş ýoluna ser salalyň. Men Salyh daýyňyz bilen ýegre dost. Bizi tanyşdyran, dostlaşdyran bolsa edebiýat, döredijilik.

Bir gezek edarada iş bilen gara başyma gaý bolup otyrkam milisioner geýimli, kapitan çinli, gara gözleri dogum bilen ýanyp duran syratly ýigit gapydan salam berip girdi. Men onuň salamyny alyp, oňa oturmaga ýer mürehet edemsoň, ol:

—Agam, işiňize päsgel beräýen-ä däldirin-dä hernä? – diýip, sypaýçylyga saldy.

—Ýok, ýok bizlik hyzmat bolsa aýdyberiň.

Ýigit elindäki gazetiň arasyndan dört-bäş sany kagyz çykaryp, öňümde emaý bilen goýdy-da ejaply gürledi:

—Kärim milisioner bolsa-da kä wagt goşgy ýazaýmam bar. Şular göwnüňizden tursa ýaşlaryň ýygyndysynda ýerleşdiräýseňiz!..

—Bolup bilýär. Bagyşlaň, adyňyz?

—Salyh…, Aýdogdyýew…

Ol döwürde ol at gazet-žurnallarda belli bolup ugrapdy. Salyhyň ýazýan goşgulary edebiýata täze bir güýjüň gelendigini aňladýardy.

—Wiý, siz, Salyh Aýdogdyýewmi? Gaty gowy. Biziňem gözlegimiz siz ýaly zehinli  ýaşlar-da. Goşgularyňyzy goýup gidäýiň. Okarys.

Salyhyň goşgularyny menem, beýleki redaktorlaram üns bilen okadylar. Barymyzyňam göwnümizden turdy. Şeýdibem ýaş awtoryň ilkinji goşgularyny ýygynda ýerleşdirdik. Dörediji adam hem ynjyk hem-de kiçigöwünli bolýar. Sähelçe hemaýata-da ol monça bolýar, döredijilik joşguny, höwesi artýar.

Şunuň ýaly-da: biziň neşirýatymyzyň şeýle kömegine Salyh az begenmedik bolsa gerek. Şondan soň ol yzyny üzmän çagalar üçinem  eserler döredip başlady. Soňra olary toplap, neşirýata getirdi. Bizem «Wepa hakda, dost hakda» ady bilen onuň çagalara niýetlän ilkinji kitabyny ýaş okyjylara sowgat etdik. Aýlar aýlandy, ýyllar dolandy. Alyslara uçýan guşlar deýin Salyh Aýdogdyýewiň döredijiligi-de belentliklere galdy. Bu mukaddes kämillige gol beren ýigit gitdigiçe adykdy. Birdenem onuň «Ozan» ady türkmen iline ýaýrap gitdi. Bu at näme? «Ozan» diýip öz ýazýan şygyrynyň sazynam düzýän, aýdymyny-da aýdýan şahyra aýdylar. Diýmek, islän şahyryň Ozan bolup biläýenok. Bu hem Hudaýyň beren zehini. Salyh daýyňyz bolsa dutarda saz çalmaga-da, aýdym aýtmaga-da,  hut özi saz bilen aýdym döretmäge-de ezber. Haçan öýüne myhmançylyga barsaň, şirmaýy darakly dutar onuň berdaşly gollaryndadyr. Saz çalar, aýdym aýdar, saňa hezil berer. Asyl ol goşgyny-da dutaryň başynda döredýän eken. Men muňa kän gezekler şaýat boldum. Ýüpek tarlar dürli owazlar çykarar, şonda şahyryň hem şahyr kalbyndan dürdäne setirler çogup çykar. Şonuň üçin bolsa gerek, Salyhyň goşgy setirleri dutardan çykýan owaz ýaly sazlaşykly, göýä olarda her hili heňler ýaňlanyp duran ýaly. Goşgy ýazmak, kyssa döretmek, aýdym-sazy dünýä indermek — bularyň hersi bir är kişiniň işi ahyryn. Şeýle döredijilik ýüküniň daşyndan Salyh Aýdogdyýew döwletimiziň jogapkärli bir işini-de alyp barýar. Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň gorag uprawleniýäsiniň naçalnigi, milisiýanyň podpolkownigi. Gördüňizmi, Salyh daýyňyzyzyň işi ýeňil däl eken. Ol Watanymyzyň emläginiň, halkymyzyň asudalygynyň goragçysy. Bu ugurdan ýyllar boýy tejribe toplap milisiýanyň dürli işlerinde bişişdi.Ýigitde dogum bolsa, yhlas bolsa, zähmetsöýerlik bolsa, iş gaýra duruberer eken. Salyh daýyňyzam öz zorlugy, zähmetsöýerligi bilen baran ýerinde özüne abraý aldy, hormat gazandy.

«Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýleni. Ol tüýs şu nakyla laýyk ýigit. Şahyr, kyssaçy, sazanda, bagşy, kompazitor, milisioner… Şularyň bary Salyhyň yhlas bilen ele alan hünärleri. Ýöne onuň asly käri gurluşykçydy. O nähili gurluşykçy bolýarmyş diýýäňmi?! Ynha, bu şeýle. Salyh bir wagtlar Aşgabadyň politehniki institutynyň inžener-gurluşukçylary taýýarlaýan fakultetini tamamlady. Instituty gutaransoň, kerpiç örüji, ussanyň kömekçisi, ussa, prorab, inžener… ine, onuň zähmet ýolundaky berjaý eden  hünärleri. Ol zähmet ýolunda Watanymyzyň gurluşyklaryna az goşant goşmady. Bir gün Salyhy şäheriň ýaşlar guramasyna çagyrýarlar-da:

— Sen işden soň edýän družinaçylygyňda adamlaryň hukugyny goramaga ukybyň artykmaçdygyny görkezdiň. Hukuk goraýjy organlara bolsa sen ýaly edenli ýigitler gerek. Seni milisiýanyň işine iberäýsek nädýär? — diýýärler.

Garaşylmadyk teklip ýaş ýigidi barbada aljyratjak ýaly etdi. Emma ol tiz özüni ele aldy-da:

— «Il oňlasa, atyňy soý» diýipdirler. Maňa halkyma Watanymyň niresinde hyzmat etsemem tapawudy ýok — diýip, jogap berdi. Şol günden soňam Salyh daýyňyz milisiýanyň lybasyny geýdi, hukuk goraýjy boldy. Şondan soň ol şol hormatly käriň eýesi boldy. Siziň Salyh daýyňyz täsin adam. Ol durmuşda müzzermegi, kynçylygyň öňünde ýegşermegi, ygrarynda durmazlygy halanok. Ýetimçilik, agyr zähmetler ony durmuş ýolunda  läliksiretmändir. Şeýle-de bolsa, ol şahandaz ýigit. Onuň kalbyňy heýjana getiriji joşgunly gülküsi bar. Ýöne seniň gynanan ýeriňde senden beter gamlanýar. Ol mydama toýuňa-ýasyňa durmuşyň ähli meselelerine işjeňlik bilen hemaýat edýär. Salyhyň dynç almaga wagty juda çäkli. Ýöne ol azajyk wagt tapsa-da atlary synlamagy gowy görýär. Keýik böküşli, ýyldyrym çapyşly, almagöz bakyşly ahal-teke atlary ony joşa getirýär. Aşgabadyň aýlawyndaky her at çapyşygy onuň üçin taýsyz baýramçylyga öwrülýär. Şonuň üçinem türkmen bedewiniň gözelligi, hüý-häsiýeti Salyhyň şygyrlarynyň içine siňip gidipdir. Şahyryň «Türkmen bedewi» diýen poemasy onuň türkmen atlaryna bolan söýgüsiniň nähilidigini subut etdi. «Atdyr-ýigidiň gaýraty». Ana, ata-baba gelýän şol söz Salyhyň zandyna guýulypdyr. Atlar onuň çagalyk arzuwy. Durmuş çelgisi. Kyn günlerinde Salyh atlary synlap, özüne teselli berýärdi. Şolaryň ýyndamlygy ony öz maksatlaryna iterýärdi. Onuň bedew münüp, at çapyp, aýlawlary baglasy gelýärdi emma… adamda arzuw kän. Durmuşda göwün eden arzuw-islegleriň barysyny wysal etmek mümkin däl. Salyhyň hem çapyksuwar bolmak, atçynas, seýis bolmak islegleri ýetimçiligiň, eklenjiň, durmuş kynçylyklarynyň derdeserleri bilen durmuşa geçmän galdy. Ýöne onuň bagtly maşgalasyndaky nowbahar ogly Şaweli şol hyýaly janly hakykata öwürdi.

Kiçijikliginden ata yhlas eden ýigit döwletimiziň tanymal çapyksuwarlarynyň biri bolup ýetişdi.  (Ol oba hojalyk institutynda okaýar). Oglunyň aýlawda bedew üstünde öňdeligi bermän barşyny görüp, Salyh öz arzuwlarynyň ganatlanandygyna göz ýetirýär. Siziň Salyh daýyňyzyň ýene bir oňat häsiýeti bar. Ol dost gadyryny bilýär. Onuň adamçylygy, hoşamaýlygy, açykgöwünligi derrew seni biygtyýar özüne çekýär. Şol sebäpdenem bir tanşan onuň bilen derrew dostlaşyp gidiberýär. Saý-sebäp bilenmi, ýa gezelenje bararsyňmy, onuň öýi dostlaryndan doludyr. Ýazyjylar, şahyrlar, bagşylar, aýdymçylar, artistler… ýene-ýene dürli kärdäki adamlar mähir bilen Salyhyň daşyny gallaşyp oturandyrlar.

Bir ýola köne dostumyňka baranymda olarda meşhur sazanda Akmyrat Çaryýew bar eken. Halypa sazanda Salyhyň «Enemiz» atly goşgusyna bir saz döreden eken. Ol:

— Ozanyň goşgulary aýdymyň, sazyň hemrasy. Olary okap, ýöne saz düzübermeli — diýdi. Halypa sazanda mamla. Hakykatdanam Salyh — Ozan beýikleriň, ussatlaryň, halypalaryň bahasyna mynasyp şahyr. Garaşsyzlygyň saýasynda onuň döredijiligi barha rowaçlanýar. Häzir ol Gökdepe galasy baradaky romanynyň üstünde işlap ýör. Gadyrdan jigim! Senem Watanymyzyň bäş ýyllygyna mynasyp sowgatlar taýýarlansyň. Şahyr, Salyh Aýdogdyýew — Ozan bolsa, bu şanly senä özüniň ynha, seniň eliňdäki şu «Umman ata» atly kitabyny sowgat getirdi. Ozanyň saňa ýörite niýetläp çykaran bu kitaby erteki, rowaýat, poemalardan ybarat. Bu kitaby okap, sen ýene, Ozanyň täsin dünýäsine syýahat edersiň. Bu «dünýäde» sen ynsançylygyň, pähim-paýhasyň, edermenligiň, batyrlygyň, wepalylygyň çeşmelerinden ganarsyň» diýýär. Halypalaryň biri-biriniňkiden täsirli teswirlerini hezil edip okap çykdym. Olary okyjylara ýetirmäge howlukdym. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Ata Ulugberdiýew Salyh Aýdogdyýewiň 1996-njy ýylda Türkmenistanyň YA «Ylym» neşirýatynda çap bolan «Serwer» atly goşgular ýygyndysyna ýazan teswirinde öz pikirini şeýle beýan edipdir.

— Il arasynda: «Ýurda döwlet  geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen gürrüň bar. Hakykatdan hem türkmen halky durmuşynda uly hyzmatlary bitirýän edebiýat we sungat işgärlerine ýokary baha berip gelipdir. Biziň gürrüňini etjek bolýan ýazyjymyz bir däl, birnäçe hünärleriň eýesi. Ol tertip-düzgün goraýjy, şahyr we sazanda, umuman alanyňda bolsa, bu häsiýetleri özünde jemleýän Ozan — Salyh Aýdogdyýewdir. Häzirki zaman türkmen edebiýatynda Ozan lakamyny  alyp, esasy hem halky ozany janlandyrmak, oňa mynasyp bolmak saly gowşaklaryň işi däl.  Türkmen okyjylary Salyh Aýdogdyýewi hakyky Ozan diýip tanaýar. «Halk aýtsa galp aýtmaz». Onuň sebäpleri bolsa şeýle  şahandaz, zehinli şahyryň döredijiliginde ýatyr. Şahyryň döredijilik ylhamynyň näderejede gaýnaýandygyny kitaplarynyň sany hem aýdyp dur. Olaryň her biriniň özboluşly many, çeperçilik ulgamyny çözlemek edebi tankydyň işi. Ýöne şeýle-de bolsa «Toýdan topukça» nakylyna eýerip, şahyryň gözel goşgularynyň orta atýan meselelerine garap geçmekçi. Her bir dörediji döwrüniň keşbini özüniň döredijiligine siňdirýär. Bu kanuny ýagdaý Salyh Aýdogdyýewiň döredijiliginden hem sowa geçmeýär. Ol döwrüniň şatlygyna goşulyp, gynanjyna hakyky graždanlyk duýgusy bilen gyýylýar. Onuň poeziýasynyň graždanlyk pafosy Garaşsyzlygyň jarçysy hökmünde orta çykýar. Salyh Aýdogdyýewiň şygyrlary onuň Garaşsyz ýurdunyň geljekki ýagty günlerine joşgunly kalby bilen guwanýar. Türkmen halkynyň Garaşsyzlyk almagy bilen ulus-iliň göwni täzelenip, ata-baba gelýän ýol-ýörelgäni tutmak mümkinçiligi açyldy. Bu uly teşnelik Salyh Aýdogdyýewiň goşgularynda giňişleýin suratlandyrylýar. Munuň özi şahyryň dini, dünýewi temalardaky goşgularynyň täze, özboluşly ýaňlanmagyna sebäp bolan hadysalaryň biridir. Dogrusy, şahyr Salyh Aýdogdyýew häzirki zaman şahyrlarmyzdan tapawutlylykda, dini häsiýetli eserleri döretmäge köp ýykgyn edýär. Munuň özi şahyryň özboluşly ýoly bolmak bilen birlikde onuň ýazyjy hökmünde okyjylaryň, döwrüň täsin urgusyny, talabyny örän gowy duýup bilýändiginiň alamatydyr. Şahyryň häzirki zamanda ýazan «Muhammet» atly goşgusy diňe bir onuň dini temadaky eserleriniň gözbaşy bolman, eýsem indiki ýazyljak şygyrlaryň hem naýbaşysy bolup ýaňlanýar. Onda Muhammet pygamberiň ömür ýoly şygyr üsti bilen berilýär. Dünýä barlygynyň ýüze çykyşy suratlandyrylýar.

Biribaryň sahawaty jahana kerem bolup,

Nurdan ýaratdy ynsany özüçe Resul bilip,

Kuran gönderdi goluna, zaman erada kylyp,

Hyra dagy Hakdan perman «Wahý» ingeç sena gelip,

Bismilla, aýat-surany okap gördi Muhammet.

 

Arşdan inen keramatly kelam gatyny açyp,

Ygtykat etdi Möwlama, dilinden dürler saçyp,

Taňry parzyn ile ýaýdy, dünýe eşterden geçip,

Wagyz-nesihat söýledi, äleme serpaý eçip,

Kyrkynda Pygamber olup gadam urdy Muhammet.

Salyh Aýdogdyýewiň dini, dünýewi häsiýetli goşgularynyň söýlüp okalmagynyň, aýdyma öwrülmeginiň düýp sebäpleri birnäçe. Emma olaryň ählisi hem onuň goşgularynyň ideýasynyň häzirki zamanyň mysalynda çeper düşündirilip geçilmegindedir. Şahyr klassyky äheňde goşgy düzülişini ezberlik bilen ele alypdyr. Bu ýakynlyk diňe bir forma, tema babatda däl-de, eýsem çeperçilik serişdeleriň ulanylyşy babatynda hem şeýledir. Munuň özi dowam edip gelýän edebi prosesi häzirkizamanlaşdyrmak bilen, milli aýratynlygy ösdürmäge bolan ymtylyşlaryň biridir. Bu ugurda şahyryň halky äheňdäki «Ýazygym meniň», «Ygrarym», «Yhlasym», «Kanagat», «Garrar», «Käş içinde», «Dünýä sen», «Ýandym», «Galar», «Toba» ýaly goşgularyny mysal getirmek bolar. Şahyr beýik maksatlara ýetmek üçin öňi bilen, tobanyň ondan soň hem kanagatyň, sabryň zerurdygyny şirin goşgulary arkaly açyp görkezýär. Ozanyň şirin, akgynly goşgulary diňe bir mana baýlygy bilen däl-de, eýsem obrazlylygy, şahyrana çeperçiligi arkaly hem ünsüňi çekýär. Ol haýsy mesele hakynda gürrüň gozgasa hem real durmuşdan daşlaşmaýar, gaýta oňa siňip, iň bir peýdaly zatlary adama bagyş etmegi ündeýär. Ol ynsanyň ýadygär goýjak zadynyň gözel bolmagyny isleýär.

Zehin dörär iş kynynda,

Taýy ýörär at yzynda,

Çeper enäniň gyzynda,

Edep, keşde göli galar.

Şeýle ajaýyp suratlandyrma bilen manynyň birligi diňe bir şygryň däl, ideýanyň gözelligini arşa göterýär. Şeýle häsiýetdäki goşgular bu ýygyndyda bir däl, birnäçe.

Olaryň hatarynda bolsa «Degmez», «Joşgunym», «Ökünme», «Deňdir», «Bentler», «Intizar» ýaly goşgularyň birnäçesini ýatlamak gerek.

Biziň zamanamyzda-da söz sungatynyň ata-baba gelýän däplerini ezberlik bilen ýöredýän adamlar kän. Halk, umman bolany üçin, Ozan ýaly zehinleri döredip dur. Biz, okyjylar milli häsiýetimize laýyk gelýän goşgulara juda mätäç. Şonuň üçin

hem halkyň jümmüşinden dömüp çykýan zehinleriň hyzmatyna, zähmetine mynasyp baha bermelidiris. Sebäbi Ozan ýaly söz ussatlary hem öz eken daragtynyň hözirini görmelidir. Çünki halkyň hyzmatyndaky şygyrlar dirilik çeşmesidir. Biz muňa buýsanmalydyrys — diýýän bolsa, Taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Gurbandurdy Ataýew Salyh aganyň Saýlanan eserler şygyrlar ýygyndysynyň I tomuna 2018-nji ýylda şeýle syn ýazypdyr. Ol:

— Gadyrly adamlar eger makul bilseňiz, iki jahan serweri-külli musulmanyň beýik mertebeli ynsany Muhammet pygamberimiziň ýaşan ýaşyny, ýagny Pygamber ýaş toýuny toýlaýan görnükli-ezber şahyrymyz Salyh Aýdogdy oglunyň — Ozanyň hormatyna çyn ýürekden çykýan joşgunly sözlerimi aýdasym gelýär. Salyh Aýdogdy özüniň ömür – döredijilik ýolunda Watana, türkmen halkyna güýç – kuwwatyny gaýgyrman hyzmat edip bilýän edermen adamlaryň hatarynda, gelejekki nesiller üçin hoşniýetli ýadygär sowgat galdyrjak zehinleriň biri. Salyhyň nepis goşgularyny okanyňda, onuň entek ýaşlyk döwründe bu durmuşyň ajysyny-süýjüsini, ýagşysyny-ýamanyny seljermäge yhlas edýän hyjuwyň, akyl-paýhasyň alamatlaryny görmek bolýar diýsek ýalňyşdygymyz däldir. Belki, ýokardaky aýdylan mysallar onuň nusgawy eserler döredýän şahyr bolup ýetişmegine badalga bolandyr. Dogabitdi-guýmagursak şahyrymyzyň nusgawy edebiýatyň dilinde çuňňur mazmunly, labyzly, sazlaşykly, giň göwrümli, aňyýet ylmyndan habarly, tymsallara ýugrulan, söz baýlygy bilen ýazylan goşgularyny okadygyňça okasyň gelýär we her bir setirde getirilýän ajaýyp, gözel jümleler seniň akyl-paýhasyňy, ruhy dünýäňi baýlaşdyryp, belende göterýär. Ozan şahyryň ylham çeşmesinden dörän goşgularyň, aýdym-sazlaryň halkyň arasynda uly höwes bilen diňlenýändigi hem muňa aýdyň mysaldyr. Ezber şahyrymyzyň şygryýet dünýäsine aralaşsaň, ol seni özüne maýyl edýär hem-de janköýer, muşdak hataryna goşýar. Mysal üçin «Garagum çölüm» atly goşgusynda Hydyr gören türkmen sährasynyň gözelligini, uly bir romandaky ýaly taryplap başarmagynyň özi-de aýratyn täsinlikdir. Çünki, bu goşguda çölümiziň gözel tebigatyny, haýwanat dünýäsini, ekologiýasyny, çarwalaryň özboluşly durmuş buýsanjyny beýan etmek her kime başartmaýar. Bu babatda, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň Ozanyň «Garagum çölüm» atly goşgusy hakynda aýdan sözüni ýatlasym gelýär. Ol özüniň bir çykyşynda «Biziň ömrümiziň köp bölegini garagum çölünde ýaşap, ol hakda uly göwrümli eser-roman ýazyp, doly suratlandyryp bilmedik gözelligimizi, Ozan şahyr bir goşgusynda çuňňur mazmunly çeper suratlandyrmagy başarypdyr» diýip, onuň ezber şahyrdygyna uly baha beripdir. Şahyryň beýleki, ýagny «Gökdepe galsy», «Bäherden ili», «Durun obasy», «Gelin gelýär», «Türkmen ýigidi», «Halas et», «Bolsa» atly goşgulary-da bir-birinden peslär ýaly däl. Eýse, ençeme çaýlar sowadylyp ýazylandygy köplere äşgär zyýada goşgularyň awtory Ozan şahyryň dürli ylymlardan sowatly (taryh, etnografiýa, edebiýat, sungat, filosofiýa-aňyýet we başg.) habarlydygyny subut edýär.  Şahyryň giň göwrümli düşünjeliligi, jemgyýetde bolup geçýän hadysalara duýgudaşlygy duýulýar. Köp şahyrlar belli bir mowzuga (tematika) ýykgyn edýän bolsalar, Ozanyň ugry-ýoly has başgaçadyr we aýratyn tapawutlanýandyr. Şahyr drama, powest, poema ýaly eserler ýazmagy başarýan zehindir. Olary okasaň Ozana dramaturg, ýazyjy ýa-da şahyr diýjegiňem bileňok. Biziň geçmiş taryhymyzda, gündogar we dünýä medeniýetiniň pajarlap ösmegine egsilmez goşant goşan ylym ussatlarymyz, beýik akyldarlardyr meşhur şahyrlarmyz: Ibn Sina, Omar Haýýam, Seljuklaryň iň soňky soltany Soltan Sanjaryň söýgüli şahyry mäneli Enweri, Abu Seýdiň (Mäne Babanyň), Abdyrahman Jamynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Magtymguly Pyragynyň we başgalaryň ajaýyp eserleri ençeme asyrlary başdan geçirendigine garamazdan öz gymmatyny ýitirmän häzir-de halkyň arasynda uly höwes bilen okalýar we okalar. Şu nukdaý nazardan  ugur alsak, söýgüli şahyrymyz Ozanyň dürdäne goşgulary türkmen halkynyň aňynda mäkäm ornaşyp, uly söýgä mynasyp bolup, baky ýaşajakdygyna ynanýaryn. Galyberse-de ajaýyp şahyrymyzyň ylham çeşmesinden gaýnap çykýan eserleriň jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň ösmeginde uly ähmiýeti bolup, ýaşlarmyzy Watana, beýik halkymyza  we ýurt Baştutanymyza wepaly ynsanlar edip ýetişdirmekde saldamly goşandynyň boljakdygy äşgär hakykatdyr. Inim!Siziň geljekde-de galamyňyzyň ýiti bolup, döredijilik işiňizde uly üstünlik gazanmagyňyzy, ömrüňiziň meniňki ýaly, ondanam uzak bolmagyny, maşgala abadançylygyny, agtyk-çowluklaryňa guwanyp, ýanýoldaşyň bilen, goşa garrap ýaşamaklygyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin! — diýip, ýagşy dilegleri bilen besläp, şahyryň şygyrlaryna öz pikirini aýdýar. Makalany tamamlap öz-özüm begendim. Sazanda Gurbanmyrat Baýjykowa jaň edip: «Halypaňyz hakynda täze bir makala ýazmagyma siz sebäp bolduňyz, sag bolsuny men size aýtmaly boldum. Başga aýtjak zadyňyz bolsa-ha, ýene makalama goşýan» — diýdim. Ol: — Golaýlap gelýän Täze ýylymyzyň başynda halypamyzyň doglan güni. Şoňa sowgat hökmünde onuň dürli ýyllarda alan Döwlet sylaglaryny surata düşürip atdaşym Gurbanmyrat bilen kompýuterde otkrytka taýýarladyk. Şony makalaňyzyň ýanynda ýerleşdirip bolmazmy? — diýip haýyş etdi. Maşgala bitinligi bilen, jan saglykda uzak ýaşaň, Ozan aga!

Akgül Saparowa.

      

    

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri