“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Saýlanan Teswirler” ady bilen täze baýrakly taslama başlaýar. Täze taslama indi däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginden tapawutly bolup, ol belli bir mowzukda şol ugurda has içgin hem-de täsirli makalalar toplumyny beýan edip bilýän döredijilik işgärleriniň, hünärmenleriň, bilermenleriň gatnaşmagynda geçiriler.
Bu Taslama şanly Garaşsyzlyk Baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýär. Taslama “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň täze applikasiýasy “Atavatan Türkmenistan” applikasiýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär. Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze applikasiýany gök ýazylan ýere basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys. Bellemeli zat, häzirki döwürde döredijilik toparymyz tarapyndan yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi hem dowam edýär. Sizi “Söýgi-durmuşyň özeni” mowzugy bilen yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigine hem gatnaşmaga çagyrýarys.
Täze taslamamyzyň ilkinji tapgyrynda hormatly Prezidentimiziň täze kitaby – “Türkmeniň Döwletlilik Ýörelgesi” eseri esasy mowzuk bolup çykyş edýär. Bu taslamada milli Liderimiziň täze kitabyny has içgin seljerip, şonuň esasynda makalalar bilen gatnaşmak esasy talap edilýän ugurlaryň biri bolar.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze neşirde halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada parasatly oý-pikirler beýan edilip, milli dessurlarymyza, olaryň eziz Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berilýär. Ajaýyp eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda taryhy çeşmeleri, toplanan maglumatlary ylmy esasda öwrenip, rejeläp, has-da kämilleşdirip jemläpdir. Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Taslama gatnaşmak isleýän döredijilik işgärleri türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän kitaby seljerip, makalasyny hödürläp biler. Goşgy kabul edilmeýär.
Eserleri saylananteswirler@gmail.com salgysyna ibermeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 62 88 02 63
Gelen eserler www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seljeriler we iň gowy 12 eseriň awtory ýeňiji hökmünde saýlanar.
Taslamanyň möhleti:
- Taslama boýunça eserler 09.09.2020 senesinden kabul edilip başlanýar
- Eserler 2020-nji ýylyň 24-nji sentýabryna çenli kabul ediler.
- Saýlanan eserler 2020-nji ýylyň 25-njy sentýabrynda, milli baýramymyz – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda yglan ediler.
- Saýlanan 12 eserler her gün 1 eser görnüşinde saýtymyza ýerleşdiriler.
- Ýeňijilere baýrak gowşurmagyň senesi goşmaça habar berler.
Taslamanyň şertleri:
- Taslama hödürlenen eseriň awtory özi baradaky maglumatlary (ady, familiýasy; öý salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri) takyk görkezmelidir. Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir.
- Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr. Hödürlenjek eserlerde söz çäklerine üns bermegiňizi haýyş edýäris.
- Ýeňijilere pul baýraklary Aşgabat şäherinde gowşurylar.
- Saýlanan 12 eseriň her bir awtoryna 250 manat möçberinde pul baýragy berler.
Bulary hem okaň!
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” :Tanyşdyrylyş dabaralary
Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi
Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy
Hormatly okyjylarymyz!
Siz şeýle hem, saýtymyza ýerleşdirilen habarlardan gyzgyny bilen “habardar” bolmak üçin biziň aşakda görkezilen jemgyýetçilik torlardaky hasabymyzy yzarlaň!
Resmi hasaplarymyz:
Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!
Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň