Aýdym-saz dünýäde islendik adamyň kalbynyň islegi, ykbalyna we ruhy dünýäsine täsir edýän jadyly güýçdür. «Aýdym adamyň göwün syrdaşy» diýlip ýöne ýere diýlenok. Sebäbi ynsan şat gününde-de, kynçylykly pursatda-da aýdyma hiňlenenini duýman galýar. Aýdym bu setir bilen sazyň sazlaşykly ýerine ýetirilmegindäki, ynsanlaryň göwün guşuny ganatlandyryjy eser diýsek ýalňyşmarys. Çünki aýdymçy bagşylarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýän aýdym-sazyň dürli görnüşleri wasp ediji we içki dünýäňi beýan ediji gudrat hökmünde seredilýär. Şeýle gudratly dünýäde öz döredijiligi, aýdymlary bilen halkymyzyň söýgüsini gazanyp, birnäçe toýdur baýramlarymyzyň bezeg beren ýaş aýdymçy ýigidimiz Han Pälwanow. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşigiň folklor-etnografiýa studiýasynyň aýdym-saz toparynyň ýokary derejeli artisti wezipesinde zähmet çekýän ýaş aýdymçymyz özüniň sungat ýolundaky zehini bilen halkyň kalbynda halk we estrada aýdymlary bilen orun almagy başardy. Şol mynasybetli-de Han Pälwanowyň sungat ýoluna başlaýşyny, ol baradaky gyzyklanýan sowallarymyza beren jogaplaryny «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyza ýerleşdirip, okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.
Han ilki bilen saýtymyzyň çakylygyny kabul edip, söhbetdeşligimize gatnaşanyň üçin köp sagboluň!
Her bir ugurda ilkinji basgançak basylyp, soň menzillere rowan bolunýar. Söhbetdeşligimiziň girişini sungat ýoluna ilkinji ädimleriňiz baradaky gürrüňleriňiz bilen başlaýsak.
Aýdym-saza başlan köp sungat işgärlerinde bu ugra bolan höwes kiçi wagtyndan başlaýar. Men hem heniz çagalar bagyna gatnaýarkam aýdym aýtmaga höwesli bolupdyryn. Her bir geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna teleýaýlym arkaly seredip, aýdym aýtmaga höweslenerdim. Çagalykdaky arzuwym meni sungat ýolunyň wekili bolmagyma mümkinçilik berdi. Soňra ýörite sazçylyk mekdep internadynda (RMŞ) okap, sungat ugrundan bilimimi artdyryp başladym. Ol ýerde men dutar çalmagyň, dutarda aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrendim. Dutar saz guraly mälim bolşy ýaly, halkymyzyň gadymy we milli saz gurallarynyň biri. Bu saz guraly arkaly dost-doganlyk, parahatçylyk duýgulary beýan edilenligine taryh şaýat. Şükür bagşynyň nusgalyk bolan keşbini, onuň sungatdaky ussatlygyny beýan edýän çeper filmi her gezek görenimde dutarçylyk sungatyna, ondan çykýan hiç bir milletde gaýtalanmaýan owazyny diňläniňde göwnüm has-da joşýar we elime dutar alyp, çalmaga başlanymyda duýmany galýaryn. Şeýle höwesli pursatlardan nusga alyp men hem durmuşymy sungada baagladym we häzirki wagtda-da bu ýolda döredijilikli zähmetlerim bilen halkymyza hyzmat edip gelýärin.
Halypa-şägirt gatnaşyklary.
Halypa – şägirtlik ýolunda mähriban Arkadagymyz biz medeniýet we sungat işgärlerine görelde mekdebi bolýar. Ýurdumyzda gurulýan medeniýet öýleriniň, merkezleriniň ähmiýeti örän uly bolup, ol ýerde milli mirasymyz halypalarymyz tarapyndan içkin öwredilýär.
Meň aýdym-saz älemine gadam basyp, bu ugurda üstünlige ýetmegim üçin ähli işleriň özeni bolan ynsan bu meniň kakam Türkmenistanyň halk artisti Pälwan Hamydow. Kakamyň durmuşynyň bir bölegi bolan sungat meniň hem ykbal ýolumyň çyragyna öwrüldi. Ata kesbi, ogla halal. Bu jümle ata-babalarymyzdan miras galanam bolsa, häzirki günlerde-de hyzmatyny ýitirmäni halk arasynda ýaşaýar we hakykat ýüzünde häzirlerem dowam edýär. Kakam maňa bu ugurda aýdym-saz äleminiň jadylaýjy sungatdygy we oňa öz wepalylygyň, zehiniň, beýik adamkärçiligiň, pespälligiň bilen jogap bermelidigi barada çagalygymdan nygtardy. Kakamyň bu öwütleri meniň hemişe gulagymda ýaňlanyp durýar we ýanhemram hökmünde her bir ädimimde ulanýaryn.
Aslynda abraýly menzillere ýetmek, üstünlikleri gazanmak üçin her bir ulgamda halypanyň orny örän uly bolup durýar, aýratynda medeniýetde, sungatda. Her bir başlangyjyň abraýly pellehanasyna diňe halypalaryň we zehiniň, ýadawsyz zähmetiň kömegi bilen ýetip bolýar.
Sungatda gazanan üstünlikleriňiz.
Aslynda meniň üstünligim şu ugry saýlap almagym we bu ugurda kämilleşmegim. Ýokarda belleýşim ýaly, kakamyň saýlan kär ugrundan gözbaş alan sungatym arkaly men köpçülige öz başarnygymy aýdymlarymyň üsti bilen görkezdim we birnäçe bäsleşiklere, festiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Bu bolsa meni ýene-de geljekdäki üstünliklerimiň amala aşmagyna ruhlandyrdy. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Merjen däneleri» atly çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi boldum. Ol ýerde men «Körpe nesil bagtyýar» atly estarada aýdymym bilen çykyş etdim. Çaga wagtym bu bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolmagym meniň dowamly çykyş etmegime, täze aýdymlar bilen başga-da birnäçe bäsleşiklere gatnaşmagyma ýol açdy. 2011-2016-njy ýyllar aralygynda Aşgabat şäherimizdäki M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bagşyçylyk sungaty boýunça ýokary bilim aldym. Bu ýerde sebite we dünýä belli halypalar maňa saýlan ugrum boýunça sapaklary berdiler we bagşyçylygyň inçe syrly dünýäsi bilen tanyşdyrdylar. Bu bolsa meniň durmuşdaky gazanan üstünliklerimiň beýigi we dowamy boldy. 2019-njy ýylda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň garamagynda her ýyl geçirilýän «Ýaşlar baýragynyň» ýeňijileri boldum. Bu üstünlikli sahypalar meniň döredijilikde yzygiderli täzelikleri döretmegime, täze –täze aýdymlarym bilen halkymyza hyzmat etmeklige höweslendirdi we borçlandyrdy.
Şowlulyk getiren aýdymlaryňyz.
Şowlulyk getiren aýdymlarymyň arasynda «Gumly gelin» aýdymyny aýtman geçmezlik mümkin däl. Çünki kiçi wagtym maşgala baýramçylygynda ilkinji şu aýdymy aýdyp, çykyş edipdim we bu aýdym şowly aýdymlarymyň başlangyjy hökmünde garaýaryn. Ondan soňra birnäçe halk aýdymlaryň üstünde işläp, dürli baýramçylyklarda yzygiderli çykyş edip durdum. Şowlulyk getiren aýdymlarymyň içinde «Mežnun eýledi» halk aýdymy. Bu aýdymy «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň döredijilik işgärleri bilen şekile geçirip, ýaýlyma hödürledim we «Türkmen owazy» teleýaýlymy tarapyndan halk köpçüligine ýetirildi.
Halaýan reňkiňiz.
Aslynda men açyk reňkleri gowy görýärin. Çünki açyk reňklerde ýagtylyk, ýaşlyk ýaşaýar. Ol bolsa adamyň ruhy dünýäsini juwan edip, ruhubelent halda bolmagyna mümkinçilik berýär. Biz aýdymçylar öz ruhy dünýämiz bilen bile diňleýjilerimiziň, tomaşaçylarymyzyň ruhuny hem täsir etmeli. Ýöne eşik saýlanymda doýgun reňklere köp ähmiýet berýärin. Otaglara reňk saýlanymda bolsa açyk ýaşyl (salatowy) reňki köp ulanýaryn.
Halaýan paslyňyz.
Ýaz pasly meniň halaýan we döredijilik etmeklige höweslenýän paslym. Özüm ýaz paslynda dogulanymdanmy bilemok, bahar paslynyň mylaýym howasy, ýakymly şemaly meniň şähdimi açýar. Köplenç daşarda gezim etmek wagtyny saýlanymda bahar paslyny saýlaýaryn. Maşgalam, dostlarym bilen bu pasylda daşarda dynç almagy gowy görýärin.
Han eger-de Siz aýdymçy bolmadyk bolsaňyz haýsy käri durmuş hemraňyz ederdiňiz?
Men çagalygymdan bäri gören zadym, pursadym aýdym-saz. Kakam bagşy hem sazanda bolansoň kakamyň her bir hereketi meň üçin gymmatlydy, ýanymdan pikir edip, meniň hem kakama meňzäsim gelerdi. Şonuň üçin aýdymçy, bagşy bolmadyk bolanymda-da ykbalymy medeniýet-sungatdan aýra tutmazdym, sazanda bolmagy saýlardym.
Gyzyklanýan we meşgullanýan sport görnüşleriňiz.
Teleýaýlymlar arkaly gyzyklanyp seredýän sport görnüşim boks. Boş wagtlarym meşgullanýan sport görnüşim bolsa futbol. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler bar, her gurulan täze jaýlaryň ýanynda ulular we çagalar üçin sport meýdançalar gurulýar we ol ýerde boş wagtlaryňy netijeli peýdalanmaklyga mümkinçilik berilýär. Biz hem dostlarymyz bilen işden boş wagtyk futbol oýnaýarys we bu ýagdaý yzygiderli dowam edýär.
Özüňizde halamaýan häsiýetleriňiz.
Ýaltalygy halamok. Käwagty käbir işimi ertir etsemem bolar diýip sowuksala garaýan. Bu sowuksalalyk köp ýerde maňa päsgel berýär. Şonuň üçin bu häsiýetimi köp ýagdaýda ulanmazlyga çalyşýaryn.
Geljekdäki arzuwlaryňyz, maksatlaryňyz.
Geljekde maksat goýmazdan hiç bir ugurda öňegidişlik bolmaýar. Döredijilik adamsy mydama geljege özboluşly bir göz bilen seredýär. Ol serediş bolsa onuň ýoluna ýolbelet, maksatlaryna tarap ymtylşyny, ynamyny artdyrýar. Sungat ýolundaky maksatlarym täze aýdymlary işläp halk köpçüligine ýetirip, halkyň söýgüsini gazanmak, kyblama mynasyp perzent bolmak. Häzirki wagtda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myratgeldi Baýramberdiýewiň sazyna, Döwlet Gurbangeldiýewiň sözlerine «Lukman gyzyň gaşynda» atly aýdymyň üstünde işläp otyrys. Nesip bolsa tiz günlerde teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halkymyza ýetireris.Türkmen medeniýetini, sunagtyny arşa çykaran, ýaş hünärmenleriň öz ugurlaryndan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Goý, eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Täze 2021-nji ýyl hem ählimize düşümli, rysgally ýyllaryň biri biri bolsun!
Han beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin saýtymyzyň adyndan köp sagbolsunlary aýdýarys. Bagşy sesiň mundan beýläkde halkymyzyň toý-baýramlarynda beletden ýaňlanmagyny arzuw edýäris.
Täze ýylyňyz gutly, düşümli, sungat ýolunda belent mertebeleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Şahsy maglumatlary:
Doglan güni, aýy, ýyly: 22.03.1995ý.
Doglan ýeri: Aşgabat şäher Bagyr obasy.
Işleýän ýeri: Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşigiň folklor-etnografiýa studiýasynyň aýdym-saz toparynyň ýokary derejeli artisti.
Maşgalaly, 2 ogly bar.
Söhbetdeş bolan Şaperi OTUZOWA.
Beýleki Söhbetdeşliklerimiz:
Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä
Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…
Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi
Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!
Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa
Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda