GENERAL

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2019-njy ýyl bilen gutladylar we berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda hem-de türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Prezidentler şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mizemez dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, onuň özara hormat goýmak we netijeli häsiýetini nygtadylar. Ozal gazanylan, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen ylalaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat, ulag, aragatnaşyk ulgamynda, obasenagat toplumynda we beýleki birnäçe ugurlarda, iki ýurduň we tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän täze giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew şeýle hem netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şol gatnaşyklar bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar şeýle hem gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp sebit we ählumumy meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara gatnaşyklara hem-de birek-biregi goldamak ýörelgesine ygrarlydygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki halkyň taryhy-medeni umumylygyna, köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi ýene-de bir gezek ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Ýene-de okaň

Turkmenistan Airlines will launch a new Incheon-Ashgabat-Istanbul flight from July 14

Ata Watan Eserleri

Turkmen Foreign Minister Holds Talks with Counterparts on LLDC3 Preparations

Turkmenistan Celebrates Wheat Harvest Goal Achievement: Over 1.4 Million Tons Collected Through Dedication and Modern Technology Turkmenistan Celebrates Wheat Harvest Goal Achievement: Over 1.4 Million Tons Collected

UN Hosts Press Briefing on Upcoming Third Conference for Landlocked Developing Countries in Turkmenistan

Turkmenistan and the UN Sign Agreement to Host International LLDC3 Conference

The Embassy of Turkmenistan Participated in Asian Culture Festival in Ploiesti