WORLD

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň beýik maksatlary

Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi. Bu jemgyýetiň döredilmeginiň maksady Türkiýe Respublikasyndaky türkmenistanlylaryň arasyndaky jebisligi hem-de raýdaşlygy has-da berkitmekden ybaratdyr.

Bu jemgyýet özüniň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasyny Stambul şäherindäki Bahçeşehir uniwersitetinde amala aşyryldy. Şol çärede edilen çykyşlarda bu raýdaşlyk jemgyýetiniň Türkiýedäki türkmenistanlylaryň Türkiýäniň kanunçylyk namalaryna laýyklykda ýaşamagy, bilim almagy we işlemegi üçin iş alyp barjakdygy mälim edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy “Bir millet – iki döwlet” şygary esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýär. 1991-nji ýylda özbaşdak döwlet bolan Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biri hem-de Türkmenistanda özüniň diplomatik wekilhanasyny, ýagny, ilçihanasyny açan döwlet Türkiýe Respublikasydyr. Häzirki döwürde iki doganlyk ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Her ýyl Türkmenistandan ýaşlaryň köp sanlysy bilim almak üçin Türkiýe Respublikasyna gidýärler. Her iki ýurduň işewürleriniň arasynda gönüden-göni gatnaşyklar ýola goýuldy.

Okgunly ösüş depginine eýe bolan türkmen türk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi, doganlyk ýurtdaky türkmenistanlylaryň arasyndaky jebisligiň pugtalandyrylmagy, dürli medeni we ynsanperwer ugurlarda çäreler geçirip, özara gatnaşyklaryň berkidilmegi ýaly ýörelgelerden ugur alýan Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti özüniň iş meýilnamalary esasynda ilkinji çärelerini gurnamaga girişdi.

JEMGYÝETIÑ DÖREDILMEGI GIÑ SESLENME DÖRETDI

Bu jemgyýetiň döredilmegi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döretdi. Jemgyýetiň alyp barýan işleri baradaky habarlar “www.atavatan-turkmenistan.com” we www.turkmenhabargullugy.com saýtlarynda yzygiderli çap edilýär.

Mundan başga-da jemgyýetiň döredilendigi baradaky habarlar Türkiýäniň Söwda ministrliginiň www.ticaret.gov.tr resmi internet sahypasynda giň orun berildi. Şeýle hem diplomatiýa ugurly makalalary yzygiderli çap edýän  www.diplomatikgozlem.com internet sahypasy jemgyýetiň ilkinji çäresi bolan futbol bäsleşigini okyjylary ýetirdi. Futbol bäsleşigi bilen baglanyşykly makalalar toplumy Türkiýäniň Telereadio kompaniýasynyň (TRT) resmi sahypalarynda orun berlip, onuň “TRT Avaz” teleýaýlymynda futbol bäsleşigi barada gepleşik berildi.

Şeýle hem “TRT Avaz” teleýaýlymy Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen söhbetdeşlik gurap, ony hem giň teletomaşaçylar köpçüligine hödürledi.

JEMGYÝETIÑ ILKINJI ÇÄRESI – FUTBOL BÄSLEŞIGI

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredilenden soňra geçen gysga wagtdan soňra özüniň ilkinji çäresini gurady. Ol hem “Atawatan Kubogy” ugrunda futbol bäsleşigi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli geçirilen futbol bäsleşigine Türkiýe Respublikasyndaky türkmenistanlylar uly gyzyklanma bildirip, özara 16 toparça döredildi. Şonuň esasynda geçirilen bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly boldy. Bu ýaryşyň netijesinde “Wodnik” topary ýeňiji boldy. Bäsleşikde baýrakly orunlary eýelän toparlara pul sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.

JEMGYÝETIÑ ÝOLBAŞÇYSY BILEN SÖHBETDEŞLIK

Türkiýäniň Telereadio kompaniýasynyň (TRT) “TRT Avaz” teleýaýlymy Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Dr.Döwran Orazgylyjow bilen söhbetdeşlik gurady. Dr. Orazgylyjow söhbetdeşlikde bu jemgyýetiň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ynsanperwer köprüsi boljakdygyny belläp, özüniň talyplyk ýyllarynyň bu doganlyk ýurtda geçendigini, Türkiýäniň keseki bir ýurt däldigini, jemgyýet döretmek bilen türkmenistanlylaryň arasynda ylym-bilim, sport, sungat we beýleki ugurlarda dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge maksat edinýändiklerini belledi.

TÜRKIÝÄNIÑ BEÝIK MILLET MEJLISINDE DUŞUŞYK

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde duşuşyklar geçirdiler. Bu ýerde Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir, baş sekretar Ibrahim Aýdyn, agzalary Bedri Ýaşar we Ekrem Çelebi bilen özara pikir alyşmalar boldy. Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir Türkmenistanyň doganlyk ýurtdygyny, özara gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

ILÇI TARAPYNDAN KABUL EDILDI

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Av.Döwran Orazgylyjow Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapujy bilen duşuşdy. Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda jemgyýetiň aly barýan işleri barada gürrüň edildi. Ilçi Mustafa Kapujy jemgyýetiň doganlyk ýurtlar – Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz oňyn täsirlerini ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatik wezipesini tamamlan Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuja jemgyýetiň adyndan türkmen halkynyň milli saz guraly dutar sowgat edildi.

JEMGYÝET INTERNETIÑ JEMGYÝETÇILIK TORUNDA

Şu ýylyň noýabr aýynda döredilen Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri internetdäki jemgyýetçilik torlary arkaly hem köpçülige ýetirilýär. “Facebook”, “İnstagram”, “Twitter” ýaly jemgyýetçilik torlarynda jemgyýetiň döredilmegi hem-de onuň futbol bäsleşigi baradaky makalalar toplumyny ýüz müňlerçe adam okap maglumat almak mümkinçiligine eýe boldular.

Jemgyýetiň ýolbaşçylary bilen bir hatarda onuň agzalary hem öz şahsy jemgyýetçilik tory arkaly bu habarlary tarapdarlaryna ýetirýärler. Mysal üçin, “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň “Facebook” jemgyýetçilik torunda Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti baradaky habarlary 115 müň gezek, futbol bäsleşigi bolsa 165 müň gezek okalypdyr.

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki duşuşygy türkiýeli parlament wekilleriniň şahsy jemgyýetçilik tory arkaly köp sanly syýasatçynyň hem-de beýleki gatlagyň wekilleriniň ünsüni çekipdir.

Ýene-de okaň

While the spectacle of the gladiators dazzle on screen, don’t miss the chance to delve into their fascinating true history in Anatolia.

Historical Discovery in St. Nicholas Church: Sarcophagus Found

Best Romantic Holidays to Ring in New Year in İstanbul!

Ata Watan Eserleri

Representatives of the Embassy of Turkmenistan in India held meetings at universities in Hyderabad and Pune cities of India

Turkmenistan and the European Union: Strengthening Partnership in Education and Research

Talks Held Between the International University for the Humanities and Development and University of Bucharest