GENERAL

Türkmenistanda doglan kosmonawt kosmos saparyna başlady

Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkonyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-ly kosmonawt Anne Makklain hem-de kanadaly Dawid Sen-Žak topar “Soýuz MS-11” kosmos gämisi bilen älem giňişligine çykdy.

ABŞ-nyň kosmos agentligi NASA we beýleki daşary ýurt metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda “Soýuz-FG” kosmos gämisiniň üstünliksiz amala aşyrylan kosmos saparyndan soňra “Soýuz MS-11” kysymly älem gämisiniň kosmosa çykmagy uly ähmiýete eýe boldy. Bu üstünlikli uçuşdan soňra NASA edarasy “Soýuz MS-11” kosmos gämisiniň ygtybarlydygyna ynandy. Bu topary älem giňişligine çykaran kosmos gämisi Gazagystandaky Baýkonur kosmos bekedinden ugradyldy.

Kosmonawtlar topary halkara kosmos bekedinde 194 gün galyp, birnäçe ugurda synag işlerini alyp bararlar. Ýer şaryndan Aýa hem-de Mars planetasyna syýahat etmegiň mümkinçiliklerini gözlärler. Bu toparyň iň tejribelisi, 4-nji gezek kosmosa çykýan türkmenistanly Oleg Kononenkodyr. Anne Makklainiň hem-de Dawid Sen-Žakyň entek bu ugurda tejribesi ýok. 

Türkmenistanly kosmonawt Oleg Kononenko mundan ozal 3 gezek kosmosa çykyp, umuman kosmosda 533 gün galdy. Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doguldy. Ol soňky gezek Türkmenistanda 2014-nji ýylda bolupdy. Oleg Kononenko birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň fewral aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Oleg Kononenko Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglarynyň biriniň — “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglandy.

Türkmenistanda kosmos pudagynyň ösdürilmegine öz goşandyny goşýar. Ol 2008-nji ýylda kosmos giňişligine amala aşyran ilkinji saparynda Türkmenistanyň döwlet baýdagyny, Prezidentiň tugrasyny we türkmen halysyny älem giňişligine çykarypdy.

 

 

 

Ýene-de okaň

Tourism demand to Türkiye remains to be at top

Ata Watan Eserleri

Turkmen-Language Version of “ASAN Visa” Portal Launched

Afghanistan’s Minister of Mines and Petroleum Meets with Turkmenistan Representatives on TAPI Project

Turkmenistan participated training on remuneration for the Europe and CIS region

Turkmenistan and Türkiye discuss cooperation on a migration

Meeting between the Consul General of Turkmenistan with the Governor of Istanbul