«Türkmenistan» gazeti
- Ykdysady habarlar: «Täze önümleriň hyrydary ýetik». Hojaberdi Baýramow. Bu makalada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasynyň işleri barada aýdylýar.
- Sport we syýahatçylyk habarlary: «Ýolötenli ýaşlara sport serpaýy». Welmuhammet Galandarow.
- Jemgyýetçilik habarlar: «Ylmyň miwesi, medeniýetiň güli». Ogulgözel Rejebowa, filosofiýa ylymlarynyň doktory. Makalanyň mazmuny: Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne alýar. Şu ýylyň GDA-da Kitap ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa ýaş nesli çeper edebiýata çekmäge, kitap sergilerini guramaga gönükdirilen medeni, aň-bilim çärelerini geçirmäge bagyşlanan işleriň amala aşyrylmagydyr.
- Bilim ulgamyndaky habarlar: «Almatydan baýrakly dolandylar». Şamyrat Muhammetgurbanow. Bu habarda ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça geçirilen 15-nji halkara Žautykow bäsleşigine gatnaşan mekdep okuwçylarymyzyň gazanan ýeňişleri barada bellenilipdir.
«Nesil» gazeti
- Sport we syýahatçylyk habarlary: «Şeýle bolsa, ylga! Ylgaw barada…». Seýran Seýitmämmedow, Serdar etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
- Jemgyýetçilik habarlar: «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde serhetçi serkerdeleriň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Terbiýe – düzgün-nyzamyň gözbaşy» atly geçirilýän çeper-döredijilik bäsleşik».
«Seniň ýaşyňda». Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.
- Çeper döredijilik: «Goşgular: Seň dünýäňe döneýin, Watanym Türkmenistan; Telwasym sen; Sen çeşmä gel, gara gözlim; A… ». Mämmetgurban Mämmetgurbanow.
- Medeni habarlar: «Suratlara siňen ömür». Ýagşygül Annagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik aklademiýasynyň «Jemgyýeti öwreniş» kafedrasynyň müdiri.
«Orakly ilde iş ýatmaz». Perman Halmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň aspiranty.
«Watan» gazeti
- Ykdysady habarlar: «Täze tehnikalar gelip gowuşdy». «Watan» gazetiniň öz habarçysy.
- Oba-hojalyk ulgamyndaky habarlar: «Arkadagyň oba özgertmeleri». Zamira Babanazarowa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
- Jemgyýetçilik habarlar: «Arşa galýan Watanymyz». Abdylla Annaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň başlygy.
«Watan mukaddesdir». Ogulmaral Sapargeldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, kapitan.
«Aşgabat» gazeti
1. Ykdysady habarlar: «Jahana nur çaýýan Diýar». Jumanazar Garajaýew, «Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.
2. Çeper döredijilik: «Şadiwanyň şuglasy», «Gadymy hem täsin kitaplar», «Meşhurlaryň durmuşyndan». Şamyrat Muhammetgurbanow. Goşgy: «Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat». Muhammet Bekgiýew, «Rowaç – ylham nury». Meýlis Ballyýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmeni.
3. Sport we syýahatçylyk habarlary: «Türkmen sporty äleme dolýar». Narly Nuryýew. Bu habarda ýakynda Hindistan Respublikasynyň paýtagty Deli şäherinde dünýäniň onlarça döwletinden 700-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda sportuň taekwon-do görnüşi boýunça IV halkara ýaryşynda ildeşlerimiziň gazanan ýeňşi barada aýdylýar.