GENERAL

Söz mülkünde köşgi eýwan berk eden

XV asyr pars-täjik klassyky edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň biri bolan Abdyrahman Nureddin ibn Ahmet Jamy 1414-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Horasanyň Jam welaýatynyň Harjert obasynda dini taglymatçynyň maşgalasynda dünýä inýär. Jamynyň kakasy Nyzametdin, atasy Şemsetdin Deşti ilki Yspyhanyň Deşt diýen ýerinde ýaşap, soň Jam welaýatyna göçüp gelýär. Ol filologiýa, filosofiýa, astronomiýa, taryh, matematika, saz we başga birnäçe ylymlary doly  özleşdirýär.

Abdyrahman Jamy 50 ýaşynda Sagdetdin Kaşgarynyň agtygy Muhammet Ekberiň gyzyna öýlenipdir. Olaryň 4 ogly bolup, ogullarynyň üçüsi ýaşlykda aradan çykypdyr. Şahyryň 3-nji ogly, ýagny, Zyýaeddin Ýusup Jamynyň ýeke-täk arkadaýanjy, göz guwanjy bolupdyr. Şahyr öz ogluna ýüzlenip, gysgajyk hekaýalaryň üsti bilen ynsana ýaraşykly gylyk-häsiýet, ahlak päkligi, dogruçyllyk, jomartlyk ýaly öwüt-nesihatlary beripdir. Şahyryň “Jamy” tahallusyny almagynyň iki sebäbi bar.

Birinji sebäbi, onuň Jam welaýatynda doglanlygy bolsa, ikinji sebäbi şahyryň Şyhul-yslam Ahmet Jamy atly ussadyna uly hormat goýanlygy bilen baglanşyklydyr. Bu hakda şahyryň özi: “Dogduk mekanym Jam we galamymyň astyndan damýan damjalar Şyhul-yslam Ahmet Jamynyň käsesindendir. Şoňa görä şygyrda meniň Jamy tahallusymyň iki manysy bardyr” diýip ýazýar.

Onuň galamynyň astyndan 1475-nji ýylda “Deňziň syry” we “Ruhuň belentligi” ýaly eserleri çykýar. Ol 1480-1487-nji ýyllarda “Ýedi tagt”, “Baharystan” atly poemalar toplumyny döredýär. Oňa “Tylla zynjyr”, “Leýli-MeŽnun”, “Ýusup-Züleýha”, “Salaman we Absal”, “Takwalaryň dogasy”, “Asylzadalaryň sowgady”, “Isgenderiň paýhas kitaby” giripdir.

Jamynyň döredijiliginde käbir gapma-garşylyklaryň we sopyçylygyň täsiriniň bolmagyna garamazdan, ol esasan ynsana gerek bolan yşk-söýgi, wepalylyk, päk ahlaklylyk, ylym öwrenmeklik, ynsanperwerlik ideýalaryny ündäpdir. Jamydan getirilen şu aşakdaky setirlerde söýginiň güýji şeýle aýdyň beýan edilýär:

Asman aýlanyp bilmän, saklanyp durar,

Hereketsiz Zemin, aýlanyp durar.

Jamynyň şu setirleriniň täsirinde ýazylan aşakdaky iki setiriň üsti bilen, Magtymguly Pyragy söýginiň güýjini şeýle beýan edýär:

 

Zemin jünbüş eýläp, geldi lerzana,

Çöller, düzler çekebilmez bu derdi.

Ýagny, söýginiň täsirine düşen hereketsiz Ýer hem herekete geler, şonda Ýerdäki ähli zatlar – çöller, düzler çydap bilmän lerzana gelip, agdar-düňder bolar. Munuň özi şahyrlaryň ikisiniň-de bu mesele boýunça geomerkezçilik tarapy eýeleýändigini aňladýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy Abdyrahman Jama uly hormat goýupdyr. “Seýran içinde” atly goşgusynda onuň adyny beýleki şahyrlaryň hatarynda ýatlapdyr:

Olarga berdim salamny,

Sordular saglyk kelamy,

Şyh Sagyt, möwla Jamy,

Ol ýedi soltan içinde.

Jamynyň entek özi dirikä, alymlar onuň döredijiligi bilen gyzyklanypdyrlar. Şahyr ölen badyna, onuň şägirdi Abdylgafur Lary -Jamynyň terjimehalyny ýazýar. Nowaýy 1494-nji ýylda Jama bagyşlap “Hamsatul-mutahaýýyryn” kitabyny ýazýar. Şol kitapda ol Jamynyň terjimehalyny, onuň bilen eden gürrüňlerini, duşuşyklaryny beýan edýär. Kitabyň soňunda Nowaýynyň haýyşy boýunça Jamynyň ýazan eserleri, hem-de Jamynyň tabşyrygy boýunça Nowaýynyň döreden 14 sany eseri sanalyp geçilýär. Kitapda Nowaýy: “Eger Ýaradan her bir döwürde adamzada bir ýolbaşçy iberýän bolsa, onda XV asyra şeýle ýolbaşçy Jamy bolup biler” diýip ýazýar. Jamynyň edebi täsiri öz döwrüne juda güýçli bolupdur, hat-da şol döwürde ýazylan köp çeper eserler Jamynyň ady bilen başlanypdyr.

Abdyrahman Jamy 78 ýaşynda erbet sowuklaýar we 1492-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Hyratda aradan çykýar.

 

Orazbibi ORAZOWA,

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika hünäriniň talyby;

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

 

Ýene-de okaň

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?

Turkmenistan and Malaysia Eye Stronger Ties Beyond Energy

The Polytechnic National University of Sciences and Technologies of Bucharest and the Oguz Khan University of Engineering and Technology of Turkmenistan signed a Memorandum of Understanding

Turkmenistan and Malaysia explore agricultural cooperation

The official visit of the President of Turkmenistan to Malaysia has begun

Ata Watan Eserleri

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council