GENERAL

Owganystanda metjidiň düýbini tutmak dabarasy boldy

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidiň gurluşygynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Owganystana bardy.

Şunuň bilen birlikde, metjidiň düýbüniň tutulýan güni Akina demir ýoluna ýene 10 km gurmaklyk üçin ikinji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi. Bu çärä hem iki ýurduň demir ýol pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda iki döwletiň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň birinji tapgyry gurlup ulanmaga berildi.

Türkmenistan goňşy owgan döwletine yzygiderli ynsanperwerlik kömegini berýär. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky 2018–2020-nji ýyllar üçin medeni-ynsanperwer ugry boýunça degişli maksatnamanyň esasynda bu metjid gurular. Onuň gurulmagy türkmen tarapynyň hasabyna amala aşyrylar hem-de nobatdaky dostluk nyşany bolar.

Metjidiň düýbini tutmak dabarasyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň häkimi Nakibullah Gaýyk we bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary şeýle hem türkmenistanly we owganystanly dini işler boýunça wekiller we ýaşulular hem-de beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlap we bu metjidi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

A book of condolences opened at the Azerbaijani Embassy in Turkmenistan

Russia and Pakistan to launch freight rail link through Central Asia

Ata Watan Eserleri

China-Kazakhstan-Turkmenistan-Iran Corridor Sees 31% Traffic Growth

Win 1000 Manats for the Word of the Year: Presented by Makul Sözlük

New Building of Kazakhstan’s Consulate Opens in Turkmenbashi

Turkmen-Japanese Economic Cooperation Deepens in Green Energy and Sustainable Infrastructure