GENERAL

Owgan halkyna doganlyk goldawy

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Owganystan Yslam Respublikasynda Rabatkaşaň-Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Türkmen-owgan dostlugynyň ýyl ýazgysynyň taryhynda ajaýyp sahypany açan täze elektrik geçiriji ulgam goňşy ýurduň dürli welaýatlaryna elektrik energiýasyny goşmaça iberýän ilkinji desga boldy. 

Mälim bolşy ýaly, Ymamnazar-Andhoý hem-de Serhetabat-Hyrat  halkara elektrik geçiriji ulgamlar boýunça goňşy ýurda eýýäm türkmen elektrik energiýasynyň millionlarça kilowat-sagady ugradyldy. Onuň netijesimde owganly sarp edijileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, täze önümçilikleri hem-de iş orunlaryny açmak üçin şertler döredi.

 Owganystan Yslam Respublikasynyň Bathyz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň hakydasynda hemişelik galjak, kuwwaty 110 kilowoltlyk elektroirijisiniň işe girizilmegi ugrunda tagallary eden Türkmenistanyň hormatly Prezidentine owgan halky çäksiz hoşaldyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

The Galkynysh Group presents a spectacular performance at Circus Sea Breeze in Baku

Afghanistan and Turkmenistan Discuss Accelerating Land Acquisition for TAPI Project

National Leader of the Turkmen People to Visit China Tomorrow

Polyglot Influencer Yuji Beleza with Millions of Followers to Participate in Turkmenistan Event

Opportunity for Turkmen students to study in Italy on scholarships

Tourism demand to Türkiye remains to be at top

Ata Watan Eserleri