GENERAL

Mosart festiwalynda kompozitoryň unudylan eseri

Ýakynda Salsburg şäherinde dünýä belli kompozitor Mosartyň hormatyna aýdym-saz festiwaly geçirildi. Festiwaly gurnaýjy Rolando Willazon festiwaly «Mosart ýaşaýar» diýip atlandyrdy. Elbetde, festiwalyň esasy maksady kompozitoryň ölmez-ýitmez eserlerini dünýä ýüzünde has giňden wagyz etmekden ybarat.

Nusgawy sazlaryň müňlerçe janköýerini özüne baglan festiwalyň esasy aýratynlyklarynyň biri kompozitoryň 17 ýaşynda ýazan, häzir bolsa bütinleý diýlen ýaly unudylan «Thamos» atly eseriniň sahnalaşdyrylmagy boldy.

Eserde Tharsisiň keşbini ýerine ýetiren sahna ussady Fatma Saidiň aýtmagyna görä, ol güýç we söýgi hakynda. Eseriň kompozitoryň başlangyç döwürleriniň miwesi bolandygyna garamazdan, onda umumadamzat meseleleri gozgalýar.

Thamos ― müsür faraonlarynyň biri. Onuň taryhy keşbi döwrebap mümkinçilikler bilen täzeden dikeldilipdir. Eseri sahnalaşdyranlaryň esasy haýran galýan zatlarynyň biri bolsa, hamana, bu eser 1773-nji ýylda däl-de, biziň döwrümizde ýazylan ýalydygydyr. Ol ähli talaplara laýyk gelýär, tehnologiýany we seýrek gabat gelýän käbir sesleri ulanmaga hem eser doly mümkinçilik berýär.

Käbir hünärmenleriň pikirine görä, «Thamos» Mosartyň başga bir meşhur eseri ― «Jadyly fleýtanyň» ilkinji nusgasydyr.

Ýene-de okaň

Cooperation Discussed on the “Karabakh” and “Akhal-Teke” Horses

The synchronisation of the development of the Baku and Turkmenbashi ports has been discussed

Turkmen School Students Participate in a STEM Olympiad in Astana

National Leader of the Turkmen People Congratulates President of Azerbaijan and Prime Minister of Armenia on Receiving the “Zayed Award for Human Fraternity”

Olympic Council of Asia Signs Host City Contract for the 2029 Asian Winter Games in Almaty

Turkmenistan and UAE to Develop Economic Cooperation Program