GENERAL

Mebel ulgamynda Türkmen-Türk hyzmatdaşlygy

«Feta Egitim Araçları» – bu Türkiýe respublikasynyň mebel kärhanasy. Kärhananyň düýp merkezi Ankara şäherinde. Emma Türkiýäniň beýleki uly şäherlerinde hem onuň birnäçe bölümleri hereket edýär. Geliň, bu baradaky maglumaty şol kärhananyň Stambul şäherindäki “Ýelken” bölüminiň müdiri Bilal Güçeriň öz gürrüň bermeginde diňläliň:

        – 1998-nji ýylda «Feta Egitim Araçları»  kärhanamyzyň düýbi tutuldy. Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän kärhanamyz, esasan, bilim ulgamyna degişli bolan edaralary mebel bilen üpjün edýär. Täze gurlan okuw mekdepleriniň we  çagalar baglarynyň içki şertlerinde doly talabalaýyk derejede mebelleri, enjamlary gurnaýarys. Häzirki wagta çenli kärhanamyzyň önümleri dünýäniň 40-dan gowrak  döwletlerine eksport edildi. 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Bu ýerde «Aýbölek» mebel hususy kärhanasy bilen iş salyşýarys. Ol biziň esasy hyzmatdaşymyzyň biri. Çünki kähalat okuw mekdeplerini we çagalar baglaryny mebeller bilen doly üpjün edip ýetişmedik ýagdaýymyzda  bir-birek bilen arkalaşýarys. Geljekde bolsa, hyzmatdaşlygymyzyň has-da berkejekdigine berk ynanýaryn!

Ýazga geçiren

Aýbölek ABDYÝEWA,

«Atawatan Türkmenistan» halkara

Žurnalynyň habarçysy.

Ýene-de okaň

Turkmenistan and Türkiye discuss cooperation on a migration

Meeting between the Consul General of Turkmenistan with the Governor of Istanbul

Ambassador of Turkmenistan participated in the Inauguration Ceremony of the President of the Portuguese Republic

Meeting with Charles Michel, Minister of State of Belgium, at the Turkmenistan Embassy

The Embassy of the Republic of Iraq has started functioning Ashgabat