Tirkiş Amangeldiýew: Ýüregimde aýdym bar

Aýdym-saz ynsanlara ruhy lezzet paýlaýar. Hut şonuň üçinem biz hemişe şirin sazlaryň, owadan aýdymlaryň aşygy. Hoş owazlary diňlänimizde aýdym-saza bolan söýgimiz öňküdenden-de artýar. Diňleýjilere owadan aýdymlary bilen ruhy lezzet paýlaýan bilbil owazly aýdymçylar ýurdumyzda sanardan köp. Mylaýym heňli, ajaýyp aýdymlary bilen aýdym-saz muşdaklaryny begendirýän aýdymçylaryň biri, heniz ýaşdygyna garamazdan diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başaran ýaş zehinli aýdymçy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeni miras” fakultetiniň “Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Tirkiş Amangeldiýew. Biz onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk:

 — Tirkiş, her bir ýoluň başlangyjy bolýar. Edil şonuň ýaly, sungat ýolunyň-da. Bu ýola girmek üçin hökman kalbyňda ylahy ylham bolmaly. Siziň muňa garaýşyňyz nähili, hem-de, aýdym-saza bolan höwesiňiziň başlangyjy nireden gaýdýar?

— Sungat ýoly tebigy zehini, zähmeti, erjelligi, irginsiz gözlegi…talap edýär. Halkyň göwnünden turjak aýdymam, şygyram, umuman sungat eserleriniň islendigi zehin bilen zähmet sazlaşanda döreýär.

Mende aýdym-saza bolan höwes has kiçikäm döredi. Heniz 2-3 ýaşymdakam obamyzda toý bolýan sesini eşitdigim, ejeme şol toýa gideli diýýänimi häzirem maşgalamyz ýatlaýar. Öýmüzem obanyň başynda bolansoň, gelnalyjy  geçse bize görnerdi. Şol gün meniň bar derdim öýdäkilerden birini meni toýa alyp gitmäge yrmakdy. Dostlarym bilen daşarda oýun oýnasak, hökman özaramyzda toý eden bolýardyk. Olar-a sazanda bolýardy, menem toýuň aýdymçysy. Ýöne çagakam gaty çekinjeňligim sebäpli, oýnumyzy biri gördügi, derrew toýy ýatyrýardyk. Garaz, çagalykdan saýlanmankam aýdym-saza köňül berenimi özümem duýmandyryn. Mekdebe baranymdan soňra 3-nji synpa çenli gurnaga gatnap dutar çalmagy öwrendim.

Çagalykda halypa tutundyňyzmy?

— Hawa, maňa mekdep döwrümden bäri Ýusup Mahmudow halypalyk edýär. Onuň: “Aýdymçy boljak bolsaň çekinjeňligi golaýyňa-da getirme!” diýeni ýadymda. Halypamyň şol sözlerinden soňra ýuwaş-ýuwaş çekinjeňlik häsiýetimden daşlaşdym. Ol maňa çagalygymdan aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwretdi. Häzirem täze aýdym işlejek bolsam halypam bilen hökman maslahatlaşýaryn.

Aýdym aýtmaga has içgin haçan girişdiňiz?

— Orta mekdebi tamamlap Watan gullugyna gitdim. Ol ýerde hereket edýän aýdym-saz toparyna gatnaşyp aýdym aýdyp başladym. Ilkinji ýerine ýetiren “Aşgabat” atly aýdymym hem şol ýerde döredi. Watan gullugyndan gelenimden soňra, halypam Ýusup Mahmudow bilen birnäçe aýdymlary işledik. Aýdym-saz sungatyna bolan söýgim durmuşymda täze sahypany açdy oturyberdi. Nesibäm çekip, 2015-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby boldum.

Bu ýylam talyplygyňyzyň soňky ýyly. Talyplyk durmuşyňyzyň döredijilik üstünliklerini ýatlaýsaňyz!

— Talyplygyň her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu bilim ojagy bize sungatyň inçe syrlaryny ussat halypa mugallymlardan öwrenmek bagtyny berdi. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurbandurdy Gurbanowdan, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Orazgeldi Gabyşowdan aýdym-saz sungatyndan tälim aldym.

Talyplyk ýyllarymyň iň ýatdan çykmajak bagtly pursadyny “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň badalga almagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň öňünde çykyş edenimde başdan geçirdim. Şol bagtly pursada meniň diňe talyplyk durmuşymyň däl, eýsem, ömrümiň iň bagtly pursady diýibiljek.

Siziň ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzyň äheňinde millilik bilen döwrebaplygyň  özboluşly sazlaşygyny duýmak bolýar. Şundan görnüşine görä, döredijiligiňize halk aýdymlary ýakyn bolmaly!

Aslynda men halk aýdymlary ýerine ýetirmegi halaýaryn. “Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz” diýilýär. Türkmen aýdym-saz sungatynyň aňyrsynda-da milli äheň, milliligimize buýsanç duýgusy bar. Muňa halk aýdym-sazlarymyzyň ussatlary halypa bagşylarymyzyň, türkmen estradasynyň ägirtleriniň islendiginiň ýerine ýetiren aýdymlaryny diňlanimizde-de şaýat bolýarys. Halypalaryň her biriniň sungatda goýan özboluşly ýoly, biz ýaş aýdymçylara döredijilik mekdebi bolup durýar. Şonuň üçin hem aýdymlarymyzyň her birini milli ruhda döredip bilsek armanymyz ýok. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar.  Aýdymlarymyň ählisini milli öwüşginde döretmäge çalyşýaryn. “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirilen “Düşdi nazarym” atly türkmen halk aýdymy, “Läle kakýar”, “Söýmezdim başda” atly estrada aýdymlarym milli öwüşgini bilen diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Biz siziň ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzyň şekilli görnüşlerine “Türkmen owazy” teleýaýlymynda köp gabat gelýäris. Diýmek, aýdymlaryňyzyň aglabasy şekile geçirilendir.

— “Türkmen owazy” teleýaýlymy açylany bäri biz ýaş aýdymçylara öz döredijiligimizi halka ýaýmaga giň mümkinçilikler döredi. Bu teleýaýlym tarapyndan “Jan Watan Türkmenistan”, “Söýgi gülleri”, “Maýyl etdi”, “Söwer ýar”, “Gel ýarym!” şeýle-de täzeçe öwüşginde işlän “Gel janym!”, “Bäri gel!” atly aýdymlarym şekile geçirildi.

-Has şowly çykan aýdymlaryňyz?

— “Gel, ezizim!”, “Ýar gelýär”, “Söýmezdim başda” atly aýdymlaryma diňleýjiler köp isleg bildirýär.

Her bir aýdymçy öz sesine mahsus aýdymlary saýlaýar. Siziň  aýdymlaryňyzyň aglabasy ortatap äheňde. Siz muňa döredijilik aýratynlygyňyz hökmünde garaýarsyňyzmy, ýa-da, şeýle äheňdäki aýdymlar size ýakynmy?

— Halypam: “Aýdymyň goşgusyna üns ber” diýýärdi. Islendik äheňdäki aýdymyň ilki bilen goşgusy, galyberse-de sazy ýerine düşmeli. Aýdymyň sözleri ýürekden çykanda, hoş owazlar bilen sazlaşyp, diňleýjileriň ýüreklerine ornaýar.

Bu babatda siziň aýratyn işleşýän şahyr, kompozitoryňyz barmy?

 — Aýdymlarymyň sözlerini şahyr Annameret Gurbanow bilen, sazlaryny kompozitorlar Süleýman Garabaýew, Orazgeldi Baýçyýew, Berdimyrat Ataberdiýew, Kowus Gylyjow, Baýram Allannurow bilen işleşýärin.

Siz aýdym aýtmakdan daşgary kino sungatynda hem ukybyňyzy görkezýärsiňiz!

— Hawa, “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan Täze ýyl mynasybetli surata düşürilýän gysga metraŽly filmleriň birnäçesinde keşp janlandyrmak miýesser etdi. Ýakynda bolsa tomaşaçylara görkezilen “Bagtyň başagaýlygy” atly kinofilmde surata düşdüm.

Gowy görýän çeper filmiňiz haýsy?

— “Sessiz söýgi” atly hindi çeper filmini gowy görýärin.

 — Haýsy aýdymçylaryň aýdymlaryny diňlemek size ýakyn?

— Türkmenistanyň at gazanan artistleri Hajy Ýazmämmedowyň, Dörtguly Esenowyň aýdymlaryny gowy görüp diňleýärin.

Ýakyn günlerde diňleýjilere nähili aýdymyňyz garaşýar?

— “Sowuk gijeler” atly täze aýdymy işläp taýyn etdim. Ýakyn günlerde “Türkmen owazy” teleýaýlymynda we “Owaz” radioýaýlymynda diňleýjilere ýetiriler.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýürek arzuwlaryňyzy beýan edäýseňiz!

Bize aýdym aýtmakda, saz çalmakda, şygyr döretmekde nusgalyk mekdep bolup duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç alsyn! Biz ýaş aýdymçylar nesip bolsa geljekde-de täze aýdymlarymyz bilen diňleýjileri begendireris.

«Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň söhbetdeşlik üçin teklibini kabul edendigiňize sag bol aýdýaryn. Mahmal owazyňyz belentden ýaňlansyn!

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

 

 Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

 

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva Sahnelerin Sevilen Sesi

Türkmen Sanatçısı Çınara : Ülkem ile gurur duyuyorum

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

ReŽissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification

Minister: Türkiye considers transit of Turkmen gas through Azerbaijan possible

The international tennis tournament “Ashgabat Open 2024” started in Ashgabat

British Delegation Visits Turkmenistan to Strengthen Educational Ties

Turkmenistan Invites ECO to Transport Conference

Delegation of Turkmenistan participates COP 29 Conference

International Attention Turns to Ashgabat as ITTC-2024 Prepares to Open

Turkmenistan Showcases Investment Potential at Global Forum in Abu Dhabi

Korea pledges $3 million to support climate action in Central Asia

Russia to define the operator for the shipping line between the Astrakhan port of Olya and the port of Turkmenbashi

UNHCR applauds Turkmenistan for resolving statelessness

Foreign Ministers of Turkmenistan and Japan discuss preparations for Central Asia-Japan Summit

Turkmenistan’s oil and gas sector is represented at the global energy exhibition and conference ADIPEC-2024 in Abu Dhabi

Foreign Ministry: Turkmenistan holds a leading position in the eradication of statelessness

Delegation of Turkmenistan held a meeting at the EXIM Bank of the United States in Washington

Iran Agro Food Exhibition to Be Held in Ashgabat

The leadership of Turkmenistan congratulated Trump on his election as President of the United States

Turkmenistan Aims to Add Mud Volcanoes to UNESCO World Heritage List