Sungata köňül beren : Öwezmämmet Galandarow

Teatr. Artist. Tomaşaçy. Sungatda aýratyn orny eýeleýän bu sözleri biri-biri bilen dramaturgyň ýazan pýesasy esasynda reŽissýoryň sahnada goýýan spektakly baglanyşdyrýar. Haçan-da, spektakl şowly bolanda teatr sahnasy bagtyýar pursatlaryň şaýady bolýar. Onuň esasy sebäpkärleriniň biri-de reŽissýordyr.

    Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň reŽissýory Öwezmämmet Galandarowyň hem sahnalaşdyrýan spektakllary tomaşaçylaryň göwnünden turýar. Şol spektakllaryň aglabasynyň pýesasy hem hut şu ýerde döreýär. Biz Öwezmämmet Galandarow bilen teatr sungaty hem-de şu günlerde tomaşaçylara görkezilýän sahna eserleri dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk.

  — Sungata ykbalyny baglaýan ynsanlaryň adatça bu ugra höwesi çagalykdan döreýär. Bu siziň sungata gelşiňiz babatynda-da şeýlemi?   

— Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýärdi. Men 4-nji synpda okaýardym. Biziň mekdebimiz hem baýramçylyga taýýarlyk görmäge girişipdi. Bir zenan mugallym gelip, täze ýyla bagyşlap, şowhunly çykyş taýýarlaýandygyny, munuň üçin zehinli çagalary saýlaýandygyny aýdyp bizi gözden geçirip başlady. Gezek maňa ýetdi. Mugallym tans etdirdi, çapak çarpdyrdy, aýdym aýtdyryp gördi, garaz, synp ýolbaşçymyza «Şu oglan gerek» diýip, adymy belläp aldy. Taýýarlyga başladyk. Şol wagtlar sahnada nädip çykyş edip bilenime, soň-soňlar özümem haýran galýaryn.  Degişme sahnaly çykyşymda, dogrusyny aýtsam, näme oýnanymyz, kim bilen oýnanym ýadyma düşenok. Ýöne okuwçylaryň çykyş wagtyndaky gülküleri ýadymda galypdyr.

Ykbalyňyzy sungata baglamagyňyzda maşgalaňyzyň orny uly bolsa gerek!

— Biziň maşgalamyz sungat maşgalasy. Maşgalamyzdakylaryň köpüsiniň aýdym-sazdan oňat başy çykýar. Atam bagşy bolmasa-da, dutarda aýdym aýdýan eken.   Kakam Esenmämmet Galandarow 8-nji synpdan başlap, inisi Agamämmet bilen toýlarda saz çalyp, aýdym aýdyp, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirip başlaýarlar. Deň-duşlarynyň arasyndan tebigy zehini bilen tapawutlanan kakam Marynyň döwlet filarmoniýasynda köp ýyllap zähmet çekeninden soňra, 1988-nji ýylda şol ýerde «Satira we ýumor» atly maşgala ansamblyny döretdi. Şondan iki-üç ýyl geçensoň, men ansamblda mekdepden daşgary gysgajyk sahna oýunlarynda keşp janlandyryp başladym. Ilki-ilkiler sahna çykanymda aýagym titräp, utanjyma gyzaryp, tomaşaçylara seredip bilmän, aşak bakyp durardym. Her gün diýen ýaly oba medeniýet öýlerinde agşamky konsert bilen çykyş edýärdik. Çykyşdan öň: «Tanyş-bilişlerden ýa mekdebimizden biri görse, üstümden güler. Nädip çykyşdan boýun gaçyryp bolarka?» diýen pikirler kelläme gelýärdi. Muny aňan ýaly bir gün kakam bilen agam: «Sahnada çykyş edeniňde: «Bäh, bu oglanyň ot ýalyjakdygyny, tüweleme, duranja bir zehin» diýdirip bilseň, hiç kim hiç haçan üstüňden gülmez. Eger sahna çykyp, oýun oýnap bilmeseň, ana şonda, hakykatdanam, zat başarmaýanlygyň üstünden gülerler» diýdiler. Şondan soňra her bir ynanylan keşbe hyjuw bilen ýapyşdym. Indi, sahna çykmaga ýaýdanyp duran halyma, sahnadan gaýdasym gelmese näme?!

Teatr sungatyna bolan söýgim meni 1994-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna getirdi.

  — Teatryň sahnasynda ilkinji sahnalaşdyran spektakllaryňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

— 3-nji ýyl talyp döwrüm A.Allakowyň «Melhem mekany» oýnuny, onuň yz ýanyndan A.Çehowyň hekaýalary esasynda ýazan diplom işim bolan  «Syryny ite ynan» oýnuny Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrdym. Okuwymy tamamlap, bu teatrda işe başlanymda, dramaturg B.Gurbanowyň «Dost-dostuň aýnasydyr» atly spektaklyny sahnalaşdyrdym. Soňra H.Bäşimowyň «Ynsabyň yzasy», G.Muhtarowyň «Altyn balyk» spektakllaryny tomaşaçylara ýetirdim. 2001-nji ýylda ilkinji ýazan «Bildiriş» atly komediýamy sahnalaşdyranymdan soňra, drama eserlerini ýazmaklyga ymykly girişdim. «Möjek we tilki», «Böwenjik», «Kim bagtly?», «Gar sowgady», «Gudratly sungat», «Oguz gerçegi» atly sahna eserlerini dürli ýyllarda ýazyp, bu teatrda sahnalaşdyrdym.

   — Iş otagyňyzdaky kitap tekjeleriniň dolulygyna görä, siz şu wagta çenli köp eser bilen tanyşansyňyz. Ýazyjylaryň arasynda eserlerini söýüp okaýanyňyz haýsy?

— Aslynda okaýan kitabyň seni gyzyklandyrmasa, ýa ýüregiňde oňa söýgiň bolmasa, eser soňuna çenli tamamlanman galýar. Ilkinji okan eserim bäşinji synpdakam Çary Aşyrowyň «Edermenler» hekaýasy boldy. Ol kiçijik gyzyl daşly kitapdy. Şondan soňra mende edebiýata uly söýgi döredi. Beki Seýtäkowyň «Doganlar», Hydyr Derýaýewiň «Ykbal», Aman Kekilowyň «Söýgi» romanlary, garaz, hekaýalardyr powestleriň sany köpeliberdi. 8-9-njy synplardaky geçjek sapaklarymyzyň eserlerini men eýýäm okap dynypdym. Şonuň üçin ýokary synplarda men daşary ýurt edebiýaty bilen gyzyklanyp başladym.

Talyplyk döwrümden bäri A.Çehowyň eserleri meni geň galdyrýar. Bir döwürler onuň eserlerini okap, täsirinden çykyp bilmän: «Menem şunça ýazaryn» diýip, elime kagyz, galam alyp, soň näme ýazjagymy bilmän, uzak wagtlap oýa batyp oturanym, ýazan zadymy okap, utanyp gyzaranym hiç ýadymdan çykanok. Okyjyda şeýle höwes döredip bilmegiň özi ussatlyk. Juda sada dilde, düşnükli eser ýazmak üçin köp «kelläni döwmelidigine» soň düşünip galdym.

Halypam Türkmenistanyň halk artisti Durdymämmet Oraýew türkmen hem dünýä edebiýatynyň eserlerini köp okamagy sargaýardy. Edebiýaty mekdep döwründen bäri halasam-da, talyplyk ýyllarymda halypamyň maslahaty bilen has içgin okamagy endik edindim.

Käbir kitaplar bar, eliňe alanyňdan derrew okap aňyrsyna çykýarsyň. Ýöne sende uly täsir galdyranok. Käbirini bolsa gaýtalap okabam ýadaňok.

—  Halypaňyzyň döredijiligiňizde tutýan orny barada aýdaýsaňyz!

— Halypam Türkmenistanyň halk artisti, professor Durdymämmet Oraýew okuwa başlan günümizden «Ýa käşir gopar, ýa öküz öler» diýen nakyly köp gaýtalardy. Ýaş bolanymyzdanmy, bu nakylyň manysy barada näçe oýlansak hem düşünip bilmän gezerdik. Soň-soňlar görüp otursam onuň: «Bir işe ýapyşsaň, ony goparman goýmaly däl» diýdigi eken. Halypamyz köplenç aýlawly geplärdi, gaty üşükli bolaýmasaň, her bir aýdan zadyna düşünäýmek kyndy.  Birnäçe ýyldan bäri teatrda spektakl sahnalaşdyryp ýörün, emma her oýun sahnalaşdyryp orta gürpüne ýetenimde: «Näme üçin men şu spektakly goýup ýörün. Başga oýun goýanymda bolanokmy? Ine, orta gürpüne-de geldiň, heý, gyzykly ýerini bir görýäňmi?! Şu oýuny taşlaga-da, başgasyny goýup başlanymda näme?» diýip oýlanýaryn. Bir-iki gün şeýleräk bolandan soň, ylhamym joşup: «Men bu oýuna başladymmy, hökman soňuna çenli goýaýmaly!” diýip, halypamyň nakylyndan ugur alyp, bilimi berk guşap, täze hyjuw bilen işe başlan gezeklerim az bolmandy. Halypam juda erjel hem-de galjaň adamdy. Hiç zähmetden gaçmazdy. Talyby düşünmeýän zadyny sorasa, şoňa wagt tapyp, ýa-da belli bir wagt belläp, tä soragyna jogap berip, düşündirýänçä, gününiň bar işini şol edinerdi. Halypam gaty talapkärdi. Sapaga gelip gözüň içine bir sereder welin, taýýarmyň, dälmiň derrew bilip durandyr. Diňe okamaly, ondan daşgary kiçiräk etýudlar, hekaýalar ýazmaly. Romanlary, powestleri, pýesalary okanyňdan soňra derňäp, onuň many-mazmunyny aýdyp bermeli. Halypanyň reŽissura sapagy bar güni galdyrap duransyň. Ol ýowuz däldi. Ol beýik adamkärçilikli ynsandy. Dogruçyllygy halardy. Sapaklaryna taýyn däl bolsaň, aldap sypjak gümanyň ýok. Mertlik bilen boýun alyp, indiki sapaga-da artykmajy bilen taýýarlyk görüp barsaň bagyşlaýardy. Onuň talabedijiligi güýçli bolansoň, gije-gündiz okaýardym. Institutda okuwa başlanymyzda, halypamyň ilkinji sapakda aýdan sözleri hiç ýadymdan çykanok: «Ilki adam boluň! Eger, azajygam bolsa zehin berlen bolsa, reŽissýoram bolarsyňyz!» diýipdi.

Biz her ýarymýyllykda türkmen we daşary ýurt dramaturglarynyň eserlerinden hem-de şolaryň esasynda öz ýazan pýesalarymyzdan sahna böleklerini taýýarlap, halypanyň öňünden geçmelidik. Ol: «Batyrgaý ýapyşyň! Siziň diňe şu ýerde ýalňyşmaga hakyňyz bar. Işe başlanyňyzdan soň ýalňyşmaga hakyňyz ýokdur» diýip köp aýdardy, biziň durmuşda ýalňyşmagymyzy islänokdy. Okuwda ýalňyşsaň, daýanara halypaň bar. Ol seni mydama goldamaga, dogry ýola gönükdirmäge taýyn. Durmuşda ýalňyşsaň welin, oňa özüňden başga jogap berjek ýok. Halypam bize ähli babatda görelde mekdebi boldy. Beren sapaklary, ajaýyp maslahatlary üçin halypama minnetdarlygymyň çägi ýok.

«Halypa» sözüni eşidenimde, mydama öz halypam ýadyma düşýär. Halypamyň bize tälim berşini ýatlanymda, men bu sözüň «H» harpyna bir mynasypmykam diýip oýlanýaryn. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýilýär. Häli-häzir-ä ozdurdyk diýip biljek däl. Öwrenmeli zatlarymy öwrenenlerim bilen deňeşdirenimde, ummandan ýekeje damja ýaly. Halypalarymdan öwrenenlerimi, iş tejribämi ýaş artistler bilen paýlaşýaryn. Sahnadaky waka oýun bolsa-da, keşbi çynyň bilen döretmeli. Yhlas bilen maňlaý deriňi dökmeseň, tomaşaçyny ynandyrmak başartmaýar. Artist dürli ýaşdaky adamlaryň häsiýetlerini, durmuş ýoluny, ykbal öwrümlerini hemişe ýiti nazar bilen synlap gezmeli. Sahna bir umman ýaly, ýüzüp bilýän kenara ýetýär, ýüzüp bilmedigem orta ýolda galyberýär. Ata-babalarymyz: «Boljak oglan başdan belli» diýýär. Ýaş artistler babatda aýdanyňda-da şeýle. Meniň hem olara ündeýän zatlarym şular.

Taryhy spektakllaryňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

— 2004-nji ýylda sahnalaşdyran «Oguz toýy» atly spektaklymyň pýesasyny «Gorkut ata» şadessanynyň «Gaňly goja ogly Hantöreli» boýy esasynda ýazdym. Munda Gaňly goja ogly Hantörelini öýermekçi bolýar. Hantöreli her ordadaky gyzlara göwniýetmezçilik bilen bakyp, bu golaýda özüne mynasyp gyz ýok hasaplaýar. Tarabuzan hanynyň «Bugany, bugrany, arslany öldürene gyzymy berjek» diýen şertini eşidip, onuň ýurduna baryp, ur-tut buga bilen söweşe girýär. Hantöreli bugadan asgyn gelip, özüniň ters geplänine puşman edip, toba gelýär-de, bugany ýeňmek üçin Alladan medet dileýär. Netijede, Hantöreli Tarabuzan hanynyň ähli şertini berjaý edýär. Tarabuzan hany olaryň toýuny tutjak bolanda, Hantöreli ene-atasyny görmän, toý tutmajagyny aýdyp, oguz iline dönýär. Ol ene-atasyny görensoň, han gyzy Serwijana öýlenýär. Gaňly goja gerdek gurup, oguza ýaň salyp, kyrk günläp toý toýlaýar.

2018-nji ýylda ýurdumyzyň teatr işgärleri «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalyna hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda sahnalaşdyran eserleri bilen gatnaşdylar. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu eseriniň «Sarahs bilen Änewiň aralygynda» atly bölümi boýunça sahnalaşdyran «Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen spektaklymyz bilen teatr festiwalyna gatnaşdyk. Bu spektaklda dünýä belli serkerde Aleksandr Makedonskiniň goşunynyň pederlerimiziň gaýduwsyzlygyna, edermenligine göz ýetirip, bu mukaddes topraga aýak basmakdan el çekmegi bilen baglanyşykly wakalar, taryhyň milli ruhy eriş-argaç bolup geçýär. Spektaklda baş gahrymanlaryň keşplerini Amansoltan Nepesowa, Rejepgeldi Nazgurbanow, Myratberdi Sätiýew, Orazgeldi Igdirow janlandyrdy. Bu spektaklyň pýesasy teatr festiwalynda «Iň gowy drama eseri üçin» diýen baýraga mynasyp boldy.

Döredijilikde nämeden ylham alýarsyňyz?

— Döredijilikde ylham bolmasa, onuň ornuny zähmetem, zehinem tutup bilmeýär. Haçan-da, ylham, zähmet, zehin sazlaşanda halkyň göwnünden turýan ajaýyp eserler döreýär. Şeýle eserleriň ömri-de uzak bolýar.

Gözellikler hem-de hoş habar döredijilik adamsyny joşdurýar. Bir ajaýyp eseri okanymdan soňra, adamlara täsir etjek spektakllary sahnalaşdyrmak höwesi döreýär.

Maşgalaňyzda çagalaryňyzyň sungata söýgüsi nähili?

Oglum Pirmämmet Galandarow Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetiniň «Drama reŽissýory» hünäriniň ikinji ýyl talyby. Gyzym Şazemin 11-nji synpyň okuwçysy. Okuwyndan daşgary Çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar.

 — ReŽissýor bolmadyk bolsaňyz…

— Onda haýsy käre eýe boljagymy göz öňüme-de getirip bilemok, ýöne haýsy kärde işlesemem, kämillige ymtylardym. Köp çagalarda bolşy ýaly, menem çagakam dürli hünärlere höwes edýärdim. Ilkinji gezek ýeralmany gowrup, bişirip görenimden soňra, mende aşpez bolmak höwesi döredi. Mekdepde Täze ýyl agşamyna taýýarlyk görenimizde, çykyşlaryň arasynda saz çalyp kompozitor bolmak, surat çekmek boýunça bäsleşikde birinji orny eýeläp suratkeş bolmagy höwes etdim, garaz, bularyň hemmesinden reŽissýoryň azda-kände başy çykmaly bolansoň şeýle bolan bolmaly. (Ýylgyrýar).

  — Artist bolup keşp janlandyrasyňyz gelýärmi?

— Ýok, reŽissýor bolup keşp janlandyrasym gelýär. Sebäbi halypalarymyň içinde reŽissýor bolup keşp janlandyranlaryň keşbi janlandyryşlary adaty artistleriňkiden düýbünden başgaça. Olar döredýän keşplerine öz döredijiligini hem artykmajy bilen goşýarlar. Artist döretjek keşbini reŽissýoryň özünden talap edip durmagyna endik edýär. ReŽissýor bolsa spektaklyň döremegini özünden talap edýär.

Teatr — sungatyň ähli görnüşleriniň jemlenen ojagy. Munda ýazyjynyň, dramaturgyň, artistiň, aýdymçynyň, kompozitoryň, suratkeşiň, heýkeltaraşyň… zähmetem bar. Sungatyň ähli görnüşi bir ojaga jemlenip spektakl döreýär.

  — Sahnalaşdyran spektakllaryňyzdan birini we şondan bir keşbi saýla diýseler haýsyny saýlardyňyz?

Bu juda kyn sowal. Elbetde, çagadan: «Ejeňi gowy görýäňmi, ýa kakaňy?» diýip soralandan aňsadrak. «Oguz toýy» spektaklyndaky Hantöreliniň keşbini saýlardym. Sebäbi ol hiç gyza göwni ýetmän, iň soňunda hiç kimiň biri-birinden artyk ýa-da kem däldigine düşünýär.

  — Sahnada nähili eserler goýulsa gowy?

— Elbetde, kämil eserler. Tomaşaçynyň depesinden dabanyna çenli sandyradyp biljek, şol bir spektakly azyndan bäş sapar görmäge höwes döredip biljek eser sahnalaşdyrylsa gowy. Ýaňy işe başlan mahallarym, yzly-yzyna oýun goýubersem, gorum gutaryp, goýara zadam galmaz öýdüp, howsala düşerdim. Asyl görüp otursam, näçe köp işledigiňçe, goruň köpelýän eken.

Tomaşaçylar spektakldan öz soraglaryna jogap tapsalar, çeken zähmetiň ýerine düşdügi bolýar, sebäbi teatrda durmuşy kesesinden synlap bolýar. Tomaşaçylaryň teatra bolan söýgüsini artdyrmak üçin bolsa, olaryň göresi gelýän oýunlaryny sahnalaşdyrmaly. Sungat halkdan üzňe bolup bilmeýär.

 — Teatryňyzda sahnalaşdyrylýan spektakllarda millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygy öz ornuny tapýar.

 

— Biziň sahnalaşdyrýan spektakllarymyzyň ählisinde-de halkymyzyň milli

ruhuny, bagtyýarlyk döwrümiziň beren bagtyny açyp görkezip, ýaşlarda watansöýüjiligi, şöhratly taryhymyza hormaty artdyrmagy maksat edinýäris.

Tomaşaçylara ýetiren «Wadasyna wepalym» atly spektaklymyzdaky wakalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçýär. Bu spektakl ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açyp, Hazaryň jana şypaly kenarynyň gözelligi ajaýyp duýgular bilen sazlaşýar.  «Ak alaňlaryň aýdymy» spektaklda bolsa, ýer astyndan nebit agtarýan burawçylaryň durmuşy bilen baglanyşykly wakalar beýan edilmek bilen ýaşlaryň halal zähmet çekmegi ündelýär. «Bagtyýarlyk döwrüniň goşa toýy» spektaklymyzda oba ýaşlarynyň durmuşyndan söz açylýar. Bu sahna oýnunda kärendesine ýer alyp, pagta, galla öndürmek bilen ýere maňlaý derini siňdirmekde, gurluşyk desgalarynyň işini alyp barmakda, köpçülikleýin çäreleri guramagy ýola goýmakda işjeň gatnaşýan ýaşlaryň durmuşy görkezilýär. Spektaklda baş keşpleri Arslan Hojagurbanow, Gülsoltan Arazgeldiýewa, şeýle-de Ogulgözel Gurbanowa ýerine ýetirýär. «Saňa düşdi nazarym» spektaklynda Yşk mülküniň şasy Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanyny ýazyşy we ol dessandaky wakalar hakynda söhbet açylýar.  Şeýle hem teatrymyzda Gowşutgeldi Daňatarowyň «Asuda ummanyň sergin şemaly» pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektaklymyzy tomaşalara ýetirdik. Bu spektaklda ýaşlaryň saýlan hünärini ele alyp, durmuşda öz ornuny tapmagy, ene-atasyna wepaly perzentler bolup ýetişmegi dogrusynda beýan edilip, halkymyzyň milli toý däp-dessurlary bilen baglanyşykly wakalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçýär.

Teatrymyzyň sahnasynda körpe tomaşaçylar üçin hem birnäçe spektakllary sahnalaşdyrýarys. Türkmen halk ertekisi esasynda ýazylyp sahnalaşdyran «Aldarköse» atly spektaklymyza, şeýle-de, Aýmämmet Işangulyýewiň «Batyr towşanjyk», «Kör garga» atly sahna oýunlaryna çagalar uly höwes bilen tomaşa edýärler.

Iň täze sahnalaşdyran spektaklyňyz?

— 2019-njy ýylda sahnalaşdyran  «Rowaç menzilleriň mukamy» atly spektakl. Bu sahna eserinde bagtyýar ýaşlaryň ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän kärhanalarda zähmet çekişi, olaryň öz kärine bolan söýgisiniň, birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklarynyň netijesinde ýüreklerinde beslän arzuwlaryna ýetmekleri dogrusynda beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen Gyýanlydaky Polimer zawodynyň öndürýän önümleriniň Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üsti arkaly daşary döwletlere eksporta ugradylyşy hakda sahna eseriniň wakalarynda beýan edilýär. Bu eseriň üsti bilen döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanýandygy açylyp görkezilýär.

  — Şu günlerde işleýän pýesaňyz?

— «Marguş rowaýaty» hem-de «Jelaletdin Meňburun» atly pýesalaryň üstünde işleýärin.

Saglygyňyzy nähili berkidýärsiňiz?

— Başardygymdan sport maşklaryny ýerine ýetirýärin, arassa howada gezelenç edýärin. Saglygymy has berkidýän pursadymy döredijilik pursatlarym hasaplaýaryn.

Spektaklyň öň ýanynda artist sahna çykmak üçin özüni nähili taýýarlaýar? Oýun tamamlansoň, artistiň öz dünýäsine gaýdyp gelmekligine näçeräk wagt gerek?

— Artist spektakldan öň egin-eşigini geýmeli, grimlenmeli. Grim stolunyň başynda oturyp, janlandyrjak keşbiniň dünýäsine girmeli. Ol tutuş spektaklyň dowamynda şol keşpde ýaşamaly.

Türkmen teatr sungatynyň ilkinji kerpijini goýanlaryň biri Aman Gulmämmedow W.Şekspiriň «Otello» spektaklynda Otellonyň keşbini uly ussatlyk bilen janlandyrýar. Aman Gulmämmedow bu spektaklda çykyş edenden soňra, öýüne gaýdyp gelende körpeje ogly oňa:

— Kaka, haçan balyk tutmaga gideris? — diýende, ol:

— Haçan-da, men Otellodan kakaňa öwrülemde — diýip, jogap berýär.

Görşümiz ýaly, zehinli artistlere spektakldan soň özüňe gelmek üçin ýeterlik wagt gerek bolýar.

Täze ýyl duýgularyňyzy, arzuwlaryňyzy paýlaşaýsaňyz!

Edil çagalar ýaly begenip, şatlanyp, uly umyt, arzuwlar bilen garşylaýaryn. Uly adam bolanyňda-da, ýüregiň töründe Aýazbabadan nähilidir bir sowgada garaşýarsyň. Sebäbi biziň hemmämiz çagalygyň ajaýyp duýgularyna az pursatlyk hem bolsa, dolanmagyň höwesinde.

Täze ýylda-da nesip bolsa, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanjak täze-täze eserleri sahnalaşdyrarys. Türkmen teatr sungatynyň belent sepgitleri nazarlamagyna ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Täze — 2020-nji ýylyňyz düşümli bolsun!

Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!  Biz size teatr sungatynyň täze-täze döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna mynasyp goşant goşmakda  alyp barýan işleriňizde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny, halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolýan ajaýyp sahna eserleriňiziň täze ýylda-da dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Baýramyňyz gutly bolsun!

— Sag boluň!

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

 

Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň hemaýätkärliginde gurnalan ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

ReŽissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council

Turkmenistan have been published in the six UN languages as official documents of the General Assembly

Turkmenistan hosts Turkmen-Iran Business Forum and Iran Agrofood Exhibition

Turkmenistan and Japan signed new agreements

Turkmen-American Business Forum held in Ashgabat

Current issues of cooperation discussed with Minister of Energy of Iran

11 Turkmen universities featured in UI GreenMetric 2024 Global Ranking

The Foreign Ministers of Turkmenistan and Afghanistan visited the TAPI construction site

While the spectacle of the gladiators dazzle on screen, don’t miss the chance to delve into their fascinating true history in Anatolia.

Historical Discovery in St. Nicholas Church: Sarcophagus Found

Best Romantic Holidays to Ring in New Year in İstanbul!

Ata Watan Eserleri

Representatives of the Embassy of Turkmenistan in India held meetings at universities in Hyderabad and Pune cities of India

Turkmenistan and Switzerland abolish visa requirements for holders of service and diplomatic passports

Ata Watan Eserleri

City of Arkadag Recognized at ESQR’s Quality Choice Prize 2024 Ceremony in Vienna

President Serdar Berdimuhamedov outlines priorities of Turkmenistan’s foreign policy for 2025

Kazakhstan and Turkmenistan Discuss Resumption of Air Services

Afghanistan and Turkmenistan renewed electricity agreement for 2025

President of Turkmenistan received Iranian delegation

Turkmenistan and the European Union: Strengthening Partnership in Education and Research

Talks Held Between the International University for the Humanities and Development and University of Bucharest