GENERAL

Internette täze elýeterli mümkinçilik

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler.

 

Tizligi 256 Kbit/s deň bolan Internet bir aýda 135 manat (ozal 190 manat) bahasy boýunça, 512 Kbit/s çenli 50 manat (ozal 250 manat) bahasy boýunça 2048 Kbit/s çenli 250 manat bahasy (ozal hyzmat edilmeýärdi) boýunça elýeterli bolar.

 

Oba ilaty üçin tizligi 256 Kbit/s çenli bolan limitsiz Internete birikme çäräniň dowamynda bir aýda 75 manat bahasy boýunça amala aşyrylar. Munuň özi Türkmenistanyň alys künjeklerinde Internetden peýdalanýanlaryň sanyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň çäginde olaryň geografiki gerimini giňeltmek boýunça öňde goýan wezipeler bilen baglylykda aýratyn möhüm bolup durýar.

 

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, ýurdumyzda bütindünýä ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany yzygiderli artýar. Mysal üçin, 2017-nji ýylyň sentýabrynda ADSL tehnologiýasy boýunça Internet ulgamyna birikdirilen raýatlaryň sany 2016-njy ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdireniňde 2,3 esse ýa-da 230 göterim artdy. Munuň özi pudak düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy enjamlaryň we innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda Internetiň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän köpşahaly aragatnaşyk ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigini görkezýär.

 

Türkmenistanda Internet hyzmatlaryny hödürlemekden başga-da, bütindünýä ulgamyna elýeterliligi bolan okuw mekdepleriniň sany artýar. Bilim bermegiň döwrebap usullaryny peýdalanmak bilen, okatmaga mümkinçilik berýän kompýuter, multimediýa enjamlary bilen okuw edaralarynyň üpjün edilmegi ýaşlara bilim bermek hem-de dünýä ölçeglerine laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak işini guramak üçin uly mümkinçilikleri açýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda Internede ählumumy elýeterliligiň bolmagy ykdysadyýeti ösdürmäge mümkinçilik berer. Degişli aragatnaşyk enjamlary maglumatlaryň örän köp sanlysyny ýaýratmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa biziň durmuşymyzda we işimizde düýpli öwrülişige getirer. Adamlar Internet arkaly alan maglumatlaryny has oýlanyşykly çözgütleri kabul etmek, öz durmuşyna hem-de daş-töwereginde bolup geçýän wakalara has düýpli düşünmek üçin peýdalanarlar. Mundan başga-da, Internete enjamlaryň birikdirilmegi netijesinde adamlaryň zähmetini talap edýän gözegçilik, dolandyryş we abatlaýyş işleri awtomatlaşdyrylar.

 

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmentelekom” kärhanasynyň hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamynyň Internet üçin bahalary azaltmak boýunça geçirýän bu çäresi Türkmenistanda telekommunikasiýa pudagyny ösdürmekde, her bir raýatyň ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmekde, dünýäniň maglumatlar giňişligine goşulmak arkaly ilatyň gözýetimini giňeltmekde täze ädim bolar.

Çeşme : TDH

 

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 

Resmi Line Hesabımız

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Ýene-de okaň

Ministers of Foreign Affairs of Turkmenistan and Kazakhstan discussed issues of bilateral agenda

The delegation of Chinese Foreign Ministry held a series of meetings in Ashgabat

Diplomatic World and the Embassy of Turkmenistan in Belgium: working together to promote neutrality and peaceful politics

Turkmenistan’s voice in Belgium: the importance of neutrality in the modern world

Turkmenistan’s oil and gas complex held talks with ADNOC and Petronas companies

Rich Cultural Heritage of Turkmenistan presented at the exhibition in Islamabad