GENERAL

Iň uly elktrouçar

Şu günler PariŽde geçirilýän Le-BurŽe (The International Paris Air Show at Le Bourget) halkara howa-kosmiki sergisinde Ysraýylyň «Eviation» kompaniýasy dünýäde iň uly elektrouçar bilen tanyşdyrdy.Uçar «Alice» diýlip atlandyrylýar.

Uçaryň tejribe taslamasynda «Siemens» kompaniýasynda öndürilen elektrodwigatel ornaşdyryldy. Uçarda bir wagtyň özünde 9 ýolagçy asman giňişligine göterilip bilýär. Agyrlygy 3 müň 800 kilogram bolan uçaryň 60 göterimini korpus bilen akkumulýator emele getirýär. Täze uçar, ortaça 444 km/sagat tizlik bilen 700 metr belentlikde uçup bilýär.

«Eviation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Omer Bar-Ýohaýniçiň aýtmagyna görä, häzir ähli işler hususy inwestrlaryň kömegi bilen alnyp barylýar. Täze uçar kompaniýa arzan düşmez, munuň üçin azyndan 200 million dollar gerek bolar. Onuň aýtmagyna görä, ähli işler ýerbe-ýer bolsa, uçaryň 2021-nji ýylda önümçilige goýberilmegi mümkin.

 

Ýene-de okaň

Ashgabat Hosts “Wings of Friendship Run” to Celebrate Europe Day

Turkmenistan and Azerbaijan discuss cooperation in education

“Makul Language Handbook” Included in the Catalog of the U.S. Library of Congress

Türkiye’s Kaçkar Mountains Take the Global Stage with International Events

Preparations for the first Central Asia-Republic of Korea Summit discussed in Seoul

Deputy Minister of Science and Education of Azerbaijan visited Ashgabat