GENERAL

Halkara gaz söwdasy :2019

Geçen ýyl tebigy gazyň halkara söwdasynda hem ösüşli ýyl boldy. Bugün  halk köpçüligine ýetirilen “BP Statistical Review of World Energy 2019” maglumatnamasynda bellenişine görä, geçen ýyl 1 trillion kubmetre ýakyn möçberde tebigy gaz halkara söwdanyň elementi boldy. Şonda, halkara tebigy gaz söwdasy 2017-nji ýyla garanyňda 4,3 göterim ösdi. Soňky döwürde LNG diýlip atlandyrylýan suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasynyň yzygiderli artýandygyna garamazdan, turbageçirijiler bilen tebigy gaz söwdasy öňdeligi eýeleýär. Has takygy geçen ýyl halkara tebigy gaz söwdasynyň 54,3 göterimi turbageçirijiler bilen, 45,7 göterimi bolsa LNG görnüşinde amala aşyrylypdyr. Şonda turbageçiriler bilen satylan tebigy gazyň möçberi  512 milliard kubmetre barabar bolsa, bu görkeziji LNG-de 431 milliard kubmetre barabar.

Halkara tebigy gaz söwdasynda öňdeligi Russiýa eýeleýär. Bu ýurt geçen ýyl  jemi 247,9 milliard kubmetr tebigy gaz satypdyr. Russiýanyň halkara söwdasynda esasy bölek turbageçirijileriň paýyna düşýär. Ol jemi 223 milliard kubmetre barabar. Russiýa geçen ýyl 24,9 milliard kubmetr tebigy gazy LNG görnüşinde satypdyr.  Russiýanyň tebigy gaz importy bolsa, 25,2 milliard kubmetre barabar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary geçen ýyl jemi 79,5 milliard kubmetr tebigy gaz import eden bolsa, 96,1 milliard kubmetr tebigy gaz eksport edipdir.

Sanawda üns çekýän ýurtlaryň biri Hytaýdyr. Türkmenistandan alýan tebigy gaz importyny yzygiderli artdyrýan Hytaýyň gaz importy geçen ýyl jemi 30 göterimden gowrak artypdyr we ýyllyk 121,3 milliard kubmetre barabar bolupdyr. Şonda Hytaýyň satyn alan tebigy gazynyň 73,5 milliard kubmetri LNG görnüşinde, 47,9 milliard kubmetri bolsa turbageçirijiler bilen gelipdir. Hytaý geçen ýyl turbageçirijiler bilen satyn alan tebigy gazynyň möçberini 20 göterim artdyrypdyr. Hytaýyň turbageçiriçiler bilen satyn alan tebigy gazynyň 70 göterimi Türkmenistan tarapyndan üpjün edildi. Bu bolsa, Türkmenistanyň dünýäniň iň uly energiýa bazary bolan Hytaý bilen üstünlikli energiýa hyzmatdaşlygyny ýola goýandygyny görkezýär.  Türkmen tebigy gazyna uly gyzyklanma bildirýän Hindistan geçen ýyl jemi 30,6 milliard metrkub tebigy gaz satyn alypdyr we bu gaz söwdasy LNG görnüşinde amala aşyrylypdyr.

Dr.Döwran Orazgylyjow

turkmenlawyer@turkmenlawyer.com

Ýene-de okaň

Turkmenistan at the Beijing+30 Conference: achievements and plans in the field of gender equality

SCAFFOLD: A New Teaching Methodology for Turkmen Educators

Russian Railways is ready to create a mobile medical complex for Turkmenistan

Turkmengaz Chairman met with Minister of Energy and Natural Resources of Türkiye in Istanbul

Days of Turkmen Cinema in Georgia

Pakistan’s economic situation has improved: credit goes to Prime Minister and his team says Turkmenistan’s Ambassador