GENERAL

Üstünlik gazanmagyň ýollary

Islendik üstünlikli adamyň durmuşunda kynçylyk bolýar, egerde ol adam kynçylygy ýeňip geçse onda ol üstünlikli adam bolýar. Eger-de ol kynçylygy ýeňip bilmese, kynçylyga döz gelip bilmese, onda ol üstünlikli  bolup bilmeýär. Üstünlikli  bolmak üçin fiziki we ruhy taýdan  berk bolmaly. Şonda biz üstünlikli adama öwrülýäris. Adamlar her gün iýýän iýmitine we günde meşgullanýan işlerine üns bermeli.

Üstünlikli adamlaryň köpsi säher bilen turmaga endik edýärler. Wagtly—wagtynda ukyňy almak ömriňi uzaltýandygy barada ençeme makalalary, ony subut edýän ylmy işleri bilýänsiňiz. Ýaşy 100-den geçen adamlaryň günortana çenli ýatýany ýokdyr. Bu diýdigi olar ukysyny doly almaýar diýdigi däl. Doly derejede dynçyňy almak güýç toplamaga, nerw dartgynlygyndan, ýürek kesellerinden goraýar. Eger uzak ýaşamak isleseňiz wagtly-wagtynda ukyňyzy almaly!

Her bir üstünlikli adamlaryň esasy üstünlik gazanmagy onuň ertirlik etmegindedir. Ir bilen turup ertirlik edinenimizde we sport bilen meşgullananymyzda biziň şol günimiziň üstünlikli geçýär. Biz dowamly, yzygider şol bir wagtda turup,sport bilen meşgullansak, ertirlik edinsek onda biz bütinleý üstünlikli adama öwrülýäris, hem-de bütin ömrümiziň dowamynda fiziki we ruhy taýdan biz gaty sagat adamlar bolýarys.

Ertirlik-adama şol gün üçin esasy iýmitdir. Şonuň üçin edinýän ertirligimiz ýokumly bolmaly. Esasan hem däneli, doragly, ýumurtgaly ýa-da etli ertirlikler edinmeli. Ertirlik edinenimizde ýagly bolmadyk naharlary edinmeli. Ýumurtgadan taýýarlanýan gowrulan, gaýnadylan, heýgenek edinmek ertirlik üçin örän ýokumlydyr.

Eger biz ertirlik mazalyja doýsak onda bize ertirlik bilen günortanlyk naharynyň arasynda garbanmak zerur bolmaz. Ertirlikde esasan gök önümlerden hem peýdalanmak bolýar. Haçan-da biz dogry iýmitlenmek diýenmizde ilki bilen pikirimize süle ýarmasy gelýär. Biziň organizimimiz üçin iýýän iýmitimiz dürli-dürli bolmaly, naharlanmagyň yzygiderligini we tertibini saklamaly şonda biziň organizmleriň dürli  witaminler bilen baýlaşýar.Eger-de ertirlik edinenimizde  biziň ýanymyzda  iň ýakyn adamlarymyz bolanda biz bütinleý bagtly adamlar.

Sport bilen meşgullananymyzda esasan oglanlaryň saýlamaly sporty;söweş sungaty, ýeňil atletika, futbol, agyr atletika, alpinizim, basketbol, woleýbol.

Gyzlar üçin bolsa sport tanslary, gimnastika, figuralaýyn typmak,suwda ýüzmek, tennis, atçylyk sporty, basketbol, ýeňil atletika bilen meşgullanamyzda  amatly. Siziň şu güniňiziň nähili boljagy özüňize  bagly.

Günortanlyk nahary esasan suwuk bolmaly meselem çorba bolmaly. Içdäaçarlar üçin ter bakja önümlerinden edilen içdäaçarlary almak bolýar. Onda başgada kelem, käşir, hyýar, pomidor, salat ýapragy bularyň hemmesi günortanlyk nahary üçin  ýokumlydur.

Agşamlyk naharlary esasan hem buglanan tagamlar, hamyr önümlerini, et we balyk önümlerini iýmek maslahat berilmeýär. Agşamlyk nahary uklamazdan 2-3 sagat öň iýmeli. Eger-de siz agşamlyk naharyndan soň hem garbanmak isleseňiz  onda size kefir ýa-da başgada süýt önümlerini maslahat berilýär.Emma ony ýatmazdan öň içmek maslahat berilmeýär.Biz şol ýagdaýda iýmitlenemizde biz rahat, ynjalyksyz uka gidýäris we ruhy we fiziki taýdan berk bolýarys, ruhy we fiziki taýdan berk bolsak  onda biz hem üstünlikli adamdyrys.

Islendik adamyň  ýanynda maşgalasy bolsa, şol maşgala agzalary oňa ynansa, her işde-de oňa kömek etseler,maslahat berse şol adam beýleki adamlara meňzemeýär  her işde-de üstünlikli bolýar. Meselem; ene-ata çagasyna  bir iş aýdanda buýruk şekilinde bermeli däl ilki bilen şol işi aýdandan soň çagada şol işi edip boljakdygy barada çaganyň ýüreginde ynam döretmeli soň şol işi etmäne kömek etmeli. Onsoň şol çaga başga bir  iş edende gorky döremeýär ol diňe ynam bilen öňe gidýär. Ondan başgada şol işi edende hiç zady elden gitmejegini, hiç zadyň üýtgemejegini aýtmaly. Şonda çaga iş edende gorky duýgusyndan daşda bolýar.

Adam durmuşda hemişe ynamly bolmaly . Islendik zatda-da meselem; oň biz ol işi edip görmedik bolsak ‘’Men şol işi hökman edäýmeli ‘’diýen düşünjäni öňümizde goýmaly we şol işe doly ünsimizi bermeli, şol işi edip boljakdygyna doly ynanmaly. Durmuşda hemişe geçirimli bolmaly .Ýenede aýtjak zadym sabyrly  hem-de edýän işiňi oýlanşyp ýagny ‘’ Ýedi ölçäp bir kes’’ diýen nakyla uýmalydyr. Gahar-gazapdan daşda bolmaly ‘’gahar gelende akyl gidýär‘’ diýip ata-babalarymyz ýöne ýere aýtýan däldir. Men şu zatlaryň ählisini edýän  adamy iň üstünlikli adam diýip bilýärin, ol hakykatdan hem üstünlikli adam bolýar.

’’Şu ýokardakylary ýerine ýetirýän islendik adam durmuş kynçylyklaryň  öňünde ýeňilmez’’ diýip oýlaýan

Goý, meniň ýazan şu zatlarymy okap durmuşumyzda peýdalanýan bolsaňyz we ol sizi üstünlige ýetiren bolsa bu ýazan  zatlarymdan netije çykaran bolsaňyz men örän şat.

Göwher TAÝJANOWA, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 15-nji orta mekdebiň 8-nji okuwçysy.

Ýene-de okaň

Days of Turkmen Cinema in Georgia

Pakistan’s economic situation has improved: credit goes to Prime Minister and his team says Turkmenistan’s Ambassador

From Bukhara to Turkmenabat: strengthening interregional ties between Uzbekistan and Turkmenistan

Meeting with the Special Envoy on Afghanistan Affairs of the China

Foreign ministers of Turkmenistan and UAE met in Abu Dhabi

Artificial Intelligence: Magtymguly Fragi received education comparable to Harvard, Oxford, and Cambridge